19:02

Keý-Kowusyñ pähimlerinden

KEÝ-KOWUSYÑ PÄHIMLERINDEN

● Bu dünýäde gowy adamlar şire meñzär, ýaman adamlar bolsa, it gylykly bolar. It tapan zadyny şol ýeriñ özünde iýer, şir bolsa awuny başga ýerlere äkidip iýer.

● Eý oglum, dünýäde bolan, bolmadyk ýa-da bolup biläýjek zatlaryñ ählisine adam ogly akyl ýetirip bilýändir. Ol diň Allatagalanyñ işlerine akyl ýetirip bilýän däldir. Başga zada akyl ýetirip bolar...

● Dünýäniñ bar keýpi-sapasy öñ görmedik zatlaryñy görmekde, öñ iýmedik zatlaryñy iýmekde, öñ tapmadyk zatlaryñy tapmakdadyr.

● Akyly bolan perzent hiç haçan ata bilen enesini unutmaz.

● Akyl bilen baýlyk toplap bolar, emma baýlyk bilen akyl toplap bolmaz.

● Kimdir biri bilen jedelleşjek bolsañ, ony dymmak bilen ýeñmelidir, çünki samsyklara berilip bilinjek iñ gowy jogap dymmakdyr.

● Nadan adamy adam saýmagyn, emelsiz alymy hem alym hasap etme.

● Gözden düşmejek bolsañ, çem gelen zada şaýatlyk etjek bolup ýörmegin.

● Her bir işde ortarakda bolgun.

● Syryñ başgalara äşgär bolmasyn diýseñ, başgalaryñ syryny açmagyn.
Категория: Sözler | Просмотров: 473 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Keý-Kowus | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]