23:17

Kitaba söýgi

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 156 | Добавил: Demirgazykly | Теги: Rüstem Ataýew | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Şirhan  
49
Mmmbäh...nätdiňäý?! Hiç kimiň aýtmadyk, hiç kimiň kellesine gelmejek zady aýtdyňow tüweleme. Dowamly bolsun:-)

0
2 kungfuu  
1292
Pes. Gaty pes. Ýalňyşy köp. Redaktirlenmändir.
Awtor goýýan zatlarynyň niresine üns berýäkä?!

0
3 Yusup  
50
"Şonuň üçin geliň tekjelerimizi öýlerimizi kitap bilen bezäliň!"

Bir döwür goňşum şäherden jaý aldy. Orsýete göçüp barýan ors maşgalaň jaýy. Gowy mebeli bar eken diýip oba getirdi. Serwant bn kitap tekje. 100 golaý daşy galyň owadan ors kitaplar. Ol wagtlar dolangy hajanhana kagyzlary ýokdy. Kitaplary hajathana ulanars diýip getiripdir. Biri maslahat beripdir. Kitaplara degme, goý öýüňi bezesin. Gelen "Bäh, bu kitap okaýar eken" diýer. Şeýdip kitaplar "halas" boldy. Şu wagtam dur şol kitaplar, iň bolmanda 70-80 -nä galandyr. Şol hojalykda kitap gatyny açýan ýok.

Şolar ýaly, öýüňi kitapdan dolduranyň bilen kitap okaldygy däl. Kän şeýtýänler.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Mende edil şol barada hekaýa bardy, gowy ýada saldyňyz. Agşam gelenimde goýaryn.

0
5 Bagabat  
43
Mundan 10-15 ýyl ozal bir tanşym bardy.
Hemişe özüniň çensiz-çaksyz kitaphonlygy, kitaby juda kän okandygy bilen öwünmegi halardy. Özüniň kitapkeşliginiň subutnamasy hökmünde-de dürli-dürli meşhur ýazyjylaryň, şahyrlaryň, filosoflaryň, alymlaryň ýazanlaryndan jümleler getirerdi. Her gürrüňdeşlikde diýen ýaly ýerine düşse-düşmese olaryň atlaryny agzap: “Pylanyň diýşi ýaly” diýip, haýsydyr bir meşhury öz aýdanyna tassykçy tutunardy.
Onsoň menem her gezek onuň şu häsiýetiniň şaýady bolanymda, Ata Atajanowyň “Seniň tanyşlaryň” atly romanynyň baş gahrymanlarynyň (personažlarynyň) biri ýadyma düşerdi. Bu roman geçen asyryň 70-nji ýyllarynda türkmen alymlary, medeniýet wekilleri hakyndady. Onda öz dissertasiýasyny tabynlygyndaky işgärine hakyny töläp ýazdyryp, ylmy derejesini goran biri hakynda gürrüň berilýärdi. “Döwre görä ýaşamagy oňarýan” bu adam, özüniň hakyky ylym adamsydygyny, intellektual eruditdigini subut etjek bolup, gabat gelen ýerinden senenama (kalendar) okaýardy.
Şol döwrüň diwardan asylýan kalendarlarynyň sahypalarynda, sene sanynyň aşagynda ýa-da ýyrtylyp aýrylýan sahypajygyň ýeňsesinde, haýsam bolsa bir akyldaryň dana sözi, ganatly jümlesi ýerleşdirilýärdi. Onsoň ýaňky alymsumagam özüniň çyn okumyşdygyny sereşlemek üçin dürli oturylyşyklarda, gürrüňdeşliklerde kalendaryň sahypasyndan okan şol tymsalyna ýa-da nakylyna salgylanyp geplemegi halaýardy. Şeýdibem ol özüniň agzaýan/mysal getirýän akyldarynyň tutuş döredijiligini jikme-jik we doly syntgylap öwrenendigini, okandygyny ýaňzydýardy.
Meniň tanşym bolsa, kalendar okaýarmy-okanokmy, biljek däl. Ýöne, köplenç ýalňyş-ýulňuş, seýregem töweregini tozadýan pisint dogrurak, meşhur jümleleri ýygy-ýygydan ulanardy. Nijeme gezegem ol özüniň juda uly göwrümli kitaphanasynyň bardygyny aýdyp öwnerdi. Bir sapar bolsa toýdan gelýärkäk, ýörite öýüne sowlup, maňa özüniň şol kitaphanasyny görkezdem.
Hakykatdan giň otagyň dört diwaram, gapydyr-penjiräniň ýokarysyna çenli aýna gapyly, haşamly kitap tekjelerinden doly. Tekjeleriňem hemmesi akly-gyzylly, owadan-owadan kitaplardan düzüm-düzüm. Barmak sokmaga ýer ýok.
Men şonda: “Bäh, hakykatdanam munuň-a kitaphanasy aňk edýän eken-aý!” diýip içimi hümledipdim. Öz ýanymdanam: “Bäh, şunuň ýaly kitaphanaň bolaýs-aý! Okap-okap kitap azaryndan dynardyň-aý!” diýip, ak bahyllyk bilen ol tanşymyň çüwen nesibesine gözüm gidipdi.
Ýöne, şonda meni bir geň galdyran zat: tanşymyň öý kitaphanasynda duran kitaplaryň hemmesiniň daşky sahaplarynyň iňňeden çykma, lowurdap duran täzejeligi bolupdy. Tekjelere örülen hatar-hatar kitaplaryň arasynda ýekeje-de könesi, jildiniň çamalagy çaşany ýokdy.
“Äý, gurby bolansoň, hemmejesini birbada täpbe-täzeligine satyn alandyr-da!” diýip, men onda-da belki, ak bolsa-da barybir teýi göriplikden emele gelen bolmagy gaty ähtimal, bujagaz geňirgenmämi gursagymdan kowupdym.
Umumy tanyşlarymyzyň içinde hakyky okumyşlaram bar bolansoň, olar käte-käte ýaňky tanşymyzyň ýok ýerinde, onuň ýalňyş sitatalaryny, gepinde tutulan ýerlerini ýatlap, onuň okamasa-da, okansyraýandygyny teýene astyna alardylar. Menem şol tanşymyň hakykatdanam kitaphondygyny gözüm bilen görendigim sebäpli, onuň iň wepaly goragçysyna öwrüldim.
“Biderek gülýäňiz-laý, oglanlar! Ol çypbakaý-çyndanam kitabyň ölemeni-how! Onuň kitaphanasy ýaly kitaphana şumad-a hiçimizde ýok weli, ýene müň ýyldanam bolmaz. Hiç haýsymyzam näçe kitapsöýersirek-de, kitaba şonuňky ýaly pul sarp eden däldiris, etmerisem. Diňe şunuň özi onuň bilen deňeşdireniňde bizi tozana garýar” diýip, şol kitapbaz tanşymyň üstünden henek etjek bolýanlaryň öňüni gabalardym.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
A Atajanowyň romany - "Öz tanyşlaryň".

0
6 Bagabat  
43
Tanşymyň şol saparky kitaphanasyny görkezeninden birki ýyl geçdi. Bir gün saý-sebäp bilen onuň öýüne barmaly boldy. Onsoň ol meni şol kitaply iş otagyna saldy-da, özem, öýünde şol pille aýaly-çagalary ýokdugy sebäpli, çaý demlemek üçin aşhana gitdi. Meniňem çagalykdan kitap görsem durumym ýok. Derrew elime alasym, sahaplaşdyrasym, doly okamaga ýetişmesem-de, iň bolmanda ujundan bir “dadyp” göresim gelip, bagrym gijäp başlaberýär.
Turdum-da, soraşmasam hem: “Äý, özi kitapkeş, beýleki bir kitapkeşiň halyna gowy düşüner-le, soraman ellänimi ýokuş görüp durasy ýok-laý!” diýen pikir bilen, tekjeleň ýanyna baryp, göwnüme ýaran kitaba elimi uzatdym. Şu wagt haýsy kitapdygy anyk ýadyma düşenok welin, ýalňyşmasam, Fransua Rableň “Gargantýua”-sydy öýdýän. Elbetde, öň okanam bolsaň, ýene-de bir nobat, şol kitabyň illýustrasiýalaryny synlasym gelendir-dä.
Kitaby gyrasyndan tutdum-da çekdim welin, näme üçindir onuň bir özi däl-de, tutuş hatary bilen elime geläýdi.
Uw-waý!
Oslagsyzlykdan ýaňa şol topbagy tas elimden gaçyrýardym.
Zordan saklap ýetişdim.
Özem ol topbak kitaby elime aldym welin, näme üçindir ol ýepbe-ýeňiljek.
Ýogsa, bäş-alty sany küt kitapdan ybarat topbak, ýaman agyr bolmal-a.
Özem ol kitaplar biri-birine ýelimlenen ýaly, elimde näçe tagaşyksyz gapyp ýetişenem bolsam, pytrap gitmekden geçen, mizäýinem diýmeýär.
Geňirgenip, men kitap topbagyny düňderdim...
...welin...
Kitap dessesi nirden?
Plastmassadan ýasalyp, daşyna-da hakyky kitaplaryň ýukajyk, zerli kagyzda neşir edilen daşky jiltleriniň suraty ýelmenen mulýažy (ýasama nusgasy) eken-laý.
Men birhili bolup gitdim.
Elimdäki kitap mulýažyny hasyr-husur ýerine saldym-da, çalt-çalt beýleki tekjelerdäki kitaplaram çekişdirip, barlap gördüm.
Hemmesem şol bir zat...
...Tanşyma hiç zat diýmedim.
Şol günem onuň ýanynda kän eglenmän gaýtmak bilen boldum.
Näme üçindir şol bir giden ýasama kitaplaryň arasynda hiç oturyp ynjalygym bolmady.
Göwnüme bolmasa, şol otagda otyrkam, daş-töweregimi jansyz, içini möý sorana çalymdaş, lötsüz, süýeksiz, gabyk-tenler gurşap duran ýaly boldy durdy...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]