22:52 Kitap bilimleriň açary | |
KİTAP - BİLİMLERİÑ AÇARY
"Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz". Örän jaýdar aýdylan sözler. Hakykatdan hem ynsanyñ iñ ýakyn hemrasy, syrdaşy kitapdyr. Kitap okaýan, kitap okamaga endik edinen her bir ynsan bu dünýäde näme maksatly ýaşaýandygyna anyk göz ýetirýär. Kitap geljegi, geçmişi hem şu güni birleşdirip bilýän ýeke-täk jadyly güýçdür. Kitap ynsanyñ kalbyny ýumşadyp, adamda ynsanperwer we ahlak häsiýetleri terbiýeleýär. Taryhy çeşmelere ser salsak, heniz kagyz ýok wagty hem daş kitaplaryň bolandygy barada maglumatlara gabat gelýäris. Ýurdumyzda we onuň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylardaky keramikanyň ýüzüne ýazylan ýazgylar bu pikiri subut edýär. Baryp gadym döwürde Wawilondan tapylan keramikanyň ýüzüne ýazylan «Gylgamyş (Gilgameş) hakyndaky rowaýat», otparazlar döwründe ýaşan pederlerimiziň bize daşyň ýüzüne ýazyp galdyran Awesta kitabyndan bölekler, Margianadan tapylan ýazuw ýadygärlikleri munuñ aýdyñ mysalydyr. Kitap ynsany özüni tanamaga kömek edyar. Kitap okaýan adam, okan kitaplarynyň kömegi bilen haýsy ugurdan zehinlidiklerine akyl ýetirip, üstünlik gazanmagy başarýar. Diýmek, durmuşda üstünlik gazanmagyň esasy şerti kitaplar bilen dost bolmakdyr. Rowaýatlaryñ birinde aýdylmagyna görä, bir ýaşulynyñ üç sany ogly bar eken. Ol ýaşuly bir gün sanalgysy dolup dünýäden gaýdýar. Ölmeziniñ öñ ýanynda ol ogullaryna: "Men size mal-mülk miras galdyryp bilmedim,ýöne kitaplarym sizi hazynanyñ üstünden elter. Siz şol kitaplary okañ. Eger-de bir sorag ýüze çyksa pylan dostum size maslabat berer" diýip wesýet edýär. Ogullary kakasyndan miras galan kitaplary okap çykyarlar. Emma ol kitaplarda hiç hili hazyna hakda maglumat ýok eken. Olar ahyry şol kakalarynyñ dostunyñ ýanyna maslahata barýarlar. Olar: "Kakam bize şol kitaplar sizi hazynañ üstünden elter diyipdi. Emma biz hiç hili hazyna tapmadyk. Siz kömek edäýseñiz diýip geldik " diýip, olar näme maksat bilen gelendiklerini aýdypdyrlar. Dosty oglanlara garap: "Näçe sany kitap bar" diýip sorapdyr. Olar: "Üç tekje kitap bar" diýip jogap beripdirler. Onsoñ kakalarynyñ dosty olaryñ hersine bir tekje kitaby okap, öwrenip, ýat tutmagy maslahat berip goyberipdir. Oglanlar gelip şol maslahata eýerip, kitaplary okapdyrlar, öwrenipdirler. Wagtyñ geçmegi bilen oglanlaryñ her biri bir käriñ ussady bolupdyr. Kakalaryndan miras galan üç tekje kitap olary hazynanyñ ýagny, bilimiñ üstünden eltipdir. Elbetde , bu rowaýat, emma her bir rowayatyñ añyrsynda hakykat ýatyr. Bu rowaýatyñ netijesi: Kitap bilimleriñ açarydyr. Türkmen halky kitaby eý gören halk. Muny Nurmyrat Saryhanowyñ "Kitap" hekaýasynyñ üsti bilen hem göz ýetirmek bolyar. Türkmen edebiýatynyñ synmaz sütüni Magtymguly Pyragy hem "Kitap okan gullar magnydan dokdur" diýip, kitap okan ynsanlary arzylapdyr. Kitabyñ giñ dünýägarýyşly, çuñ düşünjeli ynsanlary kemala getirmekde ähmiýeti biçak uludyr. Kitapsyz geçirilen her günüñi ýaşadym hasap etmek bolmaz. Çünki kitap okamadyk günüñ kalbyñ poslap başlaýar. Kitap okamaýan ynsan ruhy göýdüklikden ejir çekýär. Şonuñ üçin kitap hemme ynsanyñ syrdaşyna öwrülmelidir. Kadyr ANNASÄHEDOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |