10:43 Kompýuterde işlenende berjaý edilmeli düzgünler | |
KOMPÝUTERDE IŞLENENDE BERJAÝ EDILMELI DÜZGÜNLER
Kompýuter otagynda işläniňizde örän ünsli bolmalydyr. • Betbagtçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy we enjamlaryň zaýalanmazlygy üçin aşakdaky düzgünler berjaý edilmelidir: Kompýuter otagyna howlukman, itekleşmän, mebellere we enjamlara degmän diňe mugallymyň rugsat etmegi bilen girmeli. Mugallymyň rugsady bolmasa kompýuterleri işletmek-öçürmek bolmaýar. Tokly simleri we birikdiriji kabelleri ellemeli däl. Monitoryň ekranyna we onuň arka tarapyna el degirmek bolmaýar. Iş ýeriňizde dahylsyz zatlary goýmaň. Kompýuter otagynda işläp oturan wagtyňyz ýeriňizden turmak bolmaýar (kompýuter otagyna başga adam girende-de). Enjamlaryň näsazlyklaryny özbaşdak düzetmäge synanyşmaň; kompýuterde işläniňizde näsazlyklar ýüze çyksa işlemäňizi togtadyp bu barada haýal etmän mugallymy habarly etmeli. Klawiaturada işläniňizde eliňiz gury we arassa bolmaly; klawişlere batly urmaly däl, olary basyp saklamak bolmaýar, klawişlere barmaklaryňyz bilen ýeňiljek basmaly. • Öz saglygyňyza zyýan ýetirmezlik üçin aşakdaky görkezmeleri berjaý etmeli: Kompýuterde işläniňde nädogry otursaňyz biliňizde we boýnuňyzda agyry ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin oturanyňyzda erkin oturyň, bükülmäň, egilmäň we stulda gaýşaryp oturmaň. Aýaklaryňyzy biri birine golaý we pola dik goýuň (aýaklaryňyzy uzatmaň, ýygnamaň). Göwräňiz stoldan 15-16 sm daşlykda ýerleşmeli. Görüş nazaryňyz ekranyň ortasyna ugrukdyrylan bolmaly. Işläniňizde eginleriňiz erkin (gowşak), tirsekleriňiz göwräňize çalaja degmeli. Bilekleriňiz (goşarlaryňyz) klawiaturanyň deňesinde (beýikliginde) bolmaly. Uzak wagtlap dartgynly işlenende adamyň gözi ýadaýar, şonuň üçin her 5 minutdan ekrandan nazaryňyzy sowup, uzakda bolan başga zatlara serediň. Birnäçe gözlegler, penjiräniň golaýynda işlemegiň adamyň rahatlygyna we öndürijiligine oňyn täsir edýändigini subut etdiler. Şeýlelik bilen, 2018-nji ýylda Kornell uniwersitetiniň alymlary tebigy ýagtylygyň gözüň dartylmagyny, ukyny we kellagyryny azaldyp biljekdigini anykladylar. 2021-nji ýylda Londonyň uniwersitet kollejiniň Bartlett binagärlik mekdebi tarapyndan geçirilen gözleg, işgärleriň açyk görnüşli ofislarda ýa-da penjireleriň öňünde goýulan iş stolunyň üstünde işlemek has netijelidigini görkezdi. Şol bir wagtyň özünde hemme zat ofisiň ýerleşişine hem baglydyr. Mysal üçin, penjiräniň ýanynda işgäriň töwereginde köp sanly iş stollary bar bolsa ol hem işiň netijeliligini peseldip biler. Döwlet ÖWLÜÝÄGULYÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |