Köñül nagmasy
(oýlanma)
Bahar ㅡ bu söz bary-ýogy bäş harp hem bolsa, onuñ bagyş edýän arzuw-umytlary, gowulyga bolan ynamy we bagty ummasyzdyr. Bu pasyl gözel, owadan, näzik durky bilen gelýänligi üçin, ony gelne meñzedýärler.
Gelin bir maşgalany gülletse, oña bagt getirse, ýaz pasly bütin barlygy, tebigaty janlandyrýar. Ähli ynsanlaryñ kalbyny şatlyk-gülki bilen doldurýar. Bahar paslynda adamlaryñ hemmesi begenip, tebigatyñ gözelliginden joşgunly ylham alýar. Bahar beýleki pasyllaryñ arasynda täzelenmek, täze döwrüñ başlanmagy, tebigatyñ ýene bir sahypasyny açmagy bilen tapawutlanýar. Ol ynsanlary haýyrly işleri amal etmäge, mähir-muhabbet paýlamaga meýilli edýär.
Ýaz pasly üýtgeşij ruhubelentlik bilen biziñ ýüregimiziñ töründen orun alýar. Zeminiñ üstündäki ähli garlaryñ, buzlaryñ eremegi bilen, hamala adamlaryñ häsiýetlerinde-de ýumşaklyk, mähir-muhabbet has hem artyp başlan ýaly bolýar. Ýaz paslynda bütin gyşyñ dowamynda kalplaryñ töründäki gizlenip galan arzuwlar hem gaýtadan oýanyp başlaýar, daş-töwerekdäki açylan güller hem şol arzuwlaryñ wysal bolmagyna ýardam edýän ýaly duýulýar. Bahar möwsüminde söýgi atly beýik duýgy biziñ bütin bedenimize, ruhumyza ornaşýar. Bu pasyl biziñ üçin ýene bir mümkinçiligi, ýene bir umydy sowgat edýär. Bahar ㅡ bu söýginiñ, aşyklaryb pasly. Her bir söýen ýürek öz göwün beren ynsanynyñ elmydama ýanynda bolmagyny arzuw edýär, şol ynsan bilen bütin ömrüni geçirmek isleýär, bütin dünýäni owadan güller bilen doldurýan öz baharynda galmak isleýär. Bularyñ ählisiniñ sebäbi, göýä, baharyñ göze görünmeýän güýjüniñ, keramatynyñ ýa-da jadysynyñ bardygyny tassyklaýan ýaly!
Goý, her pasyl, her bahar adamlara bagt getirsin, her bir ýürege söýgi bagyş etsin! Güneş, şatlyk, bagt, ýylgyryç baky hemrañyz bolsun!
Mahym HASANOWA.
#esger_2018