23:36

Lew Tolstoý rus rewolýusiýasynyñ aýnasydyr

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 479 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wladimir Lenin | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Bagabat  
43
Aýnasy Tolstoý bolsa, çarçuwasy kimkä? cool

0
2 Bagabat  
43
Lew Tolstoý barada henek:
Lew Tolstoý "Uruş we Parahatçylyk" atly eserini ilkibaşda 8-12 jiltlik mähnet eser görnüşinde ýazmak isläpdir. Ýöne, bir gün gije onuň düýşüne filologiýa fakultetiniň talyplary giripdirler-de, örän gödek görnüşde, beýik ýazyjynyň ömrüne eşitmedik hapa-paýyş sözlerini ulanyp, ondan öz eserini ýarty derejede gysgaltmagy iňňän medeniýetlilik bilen haýyş edipdirler. Şeýdibem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren bu eser bary-ýogy 6 tomluk görnüşe gelipdir. biggrin

0
3 Bagabat  
43
Filologiýa fakultetiniň talyplarynyň biri Lew Tolstoýyň döredijiligi barada sapaga taýýarlyksyz gelipdir welin, onuň nadanlygyna hem ýaltalygyna gahary gelen mugallym:
-Lew Tolstoýy okamadykdan medeniýetli hem bilimli adam çykmaz!-diýipdir.
-Edil beýlede dä bolaýmasyn, ýoldaş mollum!-diýip ikilikçi talyp äwmän-alňasaman garşy çykypdyr:-Mysal üçin, Gomer, Ibn Sina, Haýýam, Puşkin, Lermontow, Dekart, Lomonosow, Deržawin we beýleki müňlerçe beýik adamlaryň Lew Tolstoýdan birje setirem okamandyklaryny men-ä anyk bilýärin. Hä?! biggrin

0
4 Bagabat  
43
Meşhur rus satiraçy ýazyjysy Saltykow-Şedrinden onuň näme üçin Lew Tolstoý ýaly ýazyp bilmeýänligini soranlarynda, ol gaharlanman şeýle jogap beripdir:
-Eger-de menem begzada grafyň maşgalasynda dünýä inip, ömürboýy hiç zadyň aladasyny etmän, 40 müň tanaplyk mülküm bilen müňlerçe daýhan-krepostnaýlarym bolan bolsady, onda menem şeýle uzyn hem äpet zatlary ýazmaga wagt tapardym. Ýöne, esasy gep munda däl. Eger-de Lew Tolstoý gedaý durmuşda ýaşap, bir döwüm çöregi üçin her özüçe bar-ýoga ýallaklap gezmeli bolan bolsady, onda şondan Saltykow-Şedrin çykarmydy? Ine esasy gep nämede? biggrin

0
5 Bagabat  
43
Filologiýa fakultetiniň täze okuwa giren talybyna ýüzlenip mugallym sorapdyr:
-Lew Tolstoý kim? Iň bolmanda şony bir bilýäňmi?!
-Näme-aý, molly-y-ym,-diýip agzynda sakgyjyny "waçjyldadyp", elinde aýfon oýnap oturan "snikers" talyp, süýkdürip, nägile we öýkeli dillenipdir:-Şonam bimmeýändir öýtýäňmiň-aý?! Hä?! Ol-a birki ýyllykda Golliwuda düşürilen "Anna Karenina" atly kinofilmiň ssenariýsini ýazan adam. Özem ady-pamiliýasy-a Lew Tols Toý welin, hytaýly bolamasa... biggrin

0
6 Bagabat  
43
Hötjet hem özdiýenli mekdep mugallymy, janyny ýakan ikilikçi hem ýalta okuwçysyna käýýäp, hatda ony kakasyna çenli aýdyp, zor bilen tutuş tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda olaryň öýlerine gatnap-gatnap, Lew Tolstoýyň "Uruş we Parahatçylyk" eseriniň dört jildinem başdan-aýak okadypdyr. Okuw başlanan güni bolsa, gözlerini çym-gyzyl edip, tüňňerilip duran okuwçysyndan göwnaçyklyk bilen sorapdyr:
-Ýeri, nätdi? Lew Tolstoýy okap ruhy dünýäň çensiz-çaksyz baýlaşandygyny özüňem duýýansyň-la? Hä?! Indi arzuwlaryňam baýlaşandyr. Hany aýt, sen näme arzuw edýärsiň?
-Puşkiniň deregine 37 ýaşynda, heniz "Uruş we Parahatçylygyny" ýazmanka Lew Tolstoýy atyp öldüren bolaýsadylar...-diýip okuwçy çyny bilen hüňürdäpdir. cool

0
7 Bagabat  
43
Söhbet sapagynda filologiýa fakultetiniň talybyndan mugallym Lew Tolstoýyň "Uruş we Parahatçylyk" epopeýasynyň niresini has gowy görendigini soraýar.
-Meniň eýýäm alty-ýedi ýaşymdakam bir demde okap çykan we soňam azyndan ýigrimi sekiz gezek dagy gaýtadan okap çykan bu ajaýyp eserimde iň halaýan ýerlerim,-diýip talyp uly joşgun bilen gepe başlapdyr:-ilki bilen-ä, Anna Kareninanyň Bred Pittden gaçyp Ştirlis bilen begzadalaryň dabarasynda (balda) tans edýän ýeri, soňam Dantesiň ellerine ok-ýaý alyp, Tarzan bilen abraý-mertebe üçin ýekme-ýek söweşde (duelde) atyşýan ýeri. Onsoňam Gawroşyň Jan Walžan hem-de Pýer Bezuhow bilen Berliniň Reýhstagynyň öňünde ok çöpläp, soňam, Reýhstagyň harabasyna "Zdes byl Wasýa" diýip ýazýan ýerleri...
biggrin

0
8 Bagabat  
43
Dalaşgär filologiýa fakultetine okuwa girmek üçin synag tabşyrmaga barýar. Ol eline alan soragnamasyndaky hiç bir sowala jogap berip bilmeýär. Synag alýan mugallym oňa az-kem dözmän, ol aljyraýandyr öýdüp, oňa ýatlamaga kömek bermekçi bolýar:
-Inim, sen Puşkini bilýäňmi?
-Ýok.
-Dostoýewskiýni tanaýaňmy?
-Ýok.
-Lew Tolstoýam tanamaýarsyňmy?
-Ýok...
Garaz, dalaşgär synagdan geçip bilmän, keýpsiz halda daşaryk çykýar. Öz nobatyna garaşyp duran dalaşgärler onuň daşyna hümer bolýarlar.
-Ýeri, nähili?
-Äý,-diýip synagdan ýykylan dalaşgär, lapykeçlik bilen elini salgaýar:-Bilimiňe zat ýok-laý bu taýda. Hemmeje zat tanyş üsti bilen eken-laý. Synag alýançy diňe öz tanyşlarynyň atlaryny tutup: "Tanaýaňmy?" diýip aç-açan sorap dur-laý... biggrin

0
9 Bagabat  
43
Söhbet sapagynda filologiýa fakultetiniň mugallymy sapak aýdýan talybyň diňe ýat tutan zatlaryny sarnaşdyryp, durmagy bilen kanagatlanman, onuň üşügini barlamak üçin oňa oslagsyz sowal berýär:
-Gadyrly talyp, eger-de Lew Tolstoý bilen Fýodor Dostoýewskiý ikisi bilelikde bir eser ýazan bolsalar, ol eseriň ady näme bolardy?
-"Uruş we Tüntawlar"-diýip, talyp sagynman, ýüzüniň ugruna jogap beripdir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]