19:57

Magtymguly / poema

MAGTYMGULY

Wagtyň serhetini parran böwsüp,
Bize gelip ýetýär aňyň ýylysy.
Türkmeniň kalbyny eýelän gudrat,
Desterhany bilen Magtymgulysy.

Pähim çuňlugyňda kalplar haýrana.
Üç asyra golaý paýhasa baş sen.
Näçe ýaşasaň-da,
tereň lybasda,
"Daýym anbar saçyp", magnyda ýaş sen.

Adamzat kalbyny haýrana goýup,
Deňelen dünýäňden juda beýiksiň.
Geçmişe-geljege nazaryň ýetip
Başyňa welilik täjin geýipsiň,

Beýik Magtymguly-
parasat şasy
"Dana adyň doldy, külli älemge".
Dünýäniň halklary bir supra üýşüp,
Syrly pelsepäňde kereme duşup,
Paýhasyň daşynda aýlanýar sap-sap,
Pendiňe suwsap.

Sünt-Hasar dagynda ýanar ot bolup,
Arşyň kemerine ýeten ýerleriň.
Söze güýç beripsiň,
nakyla çenli,
Ylla gunt düşen deý, dür setirleriň.

Paýhasyna sygan çar küňçli dünýä
Geljegi geçmişden syzan welisiň.
Dana,
jahankeşde,
filosof,
alym
Sen paýhas ýolusyň türkmen ilimiň.

Beýik Magtymguly-
paýhasyň ogly
"Sözüň ýerde galman diýdigiň geldi"-
Mähir paýlap ýürekleriň baryna,
Arkadag jan berdi ylham taryna,
Berkarar döwletli iliň beýgeldi.
Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi,

Beýik parasadyň parlak ýyldyzy,
Owazyň sygardan gursaklar ejiz.
Gözýetmez,
sözýetmez aňyň çäginde,
Agramyň ölçäre gural ýok heniz.

Türkmen ählin jebislige çagyryp,
Asyrlar aýlandy paýhasyň bilen.
Jemşidiň jamyna taý bolan dana
Türkmen dünýä çykdy öz ýoly bilen
Arkadagy-Gahryman ogly bilen

Toýuň gutlap iller gelýär mekana,
Nazar kyl,
bagtyýar Türkmenistana.

Adyň agzalanda söz tamamlanýar,
Diýmek, paýhas siňen aýdyma gezek
berilýär,
onsoňam agras dymylýar,
Birsalym ýer dyrmap, oýlanma gerek.

Asal sözden münber ýasap beýgelen
Jan-jigeri il derdine eýlenen,
Magtymguly-
türkmeniň beýik ogly
Dabaraň şowhuny daglardan aşdy
Ýürekler birleşdi,
köňül birleşdi
Dana Prezidentiň dür paýhasynda
Dünýä bu gün seni täzeden açdy.

Nesil daragtyndan dowama gelýär
Arkadagyň Magtymgula sarpasy.
Hany-manyn dür söze bagş edendir
Bu illeriň kowmy-
ýedi arkasy
Paýhasyň deý,
çuň görünýär asmany-
Gül-gülüstan bagtyýarlyk bossany.

Ömürboýy jebisligi arzuwlap,
Bitewi döwletiň tugun islediň.
„Häkim bolup,
halkyn Gün kibi çoýup,
Röwşen pentleriňe serini goýup,
Berkarar döwleti jar eden Lider
Bagtyýarlyk ýolun döreden Lider
Derhal berjaý kyldy köňül islegiň.

Agzybirlik köňül tugy türkmeniň
Başda täji watanparaz mertleriň
Pasyrdap dur bagtyýarlyk baýdagy
Dünýä çykdy,
ýollar çekdi geljege
Beýik döwrüň almaz kibi paýhasy.

Dünýe dursa baky durjak şygyrlar
Jemagaty birleşmäge çagyrýar.
Dana Magtymguly ynsan ähliniň
Köňli röwşen tapýar,
saňa sygynýar,
Pelsepe çuňlugyň ylham dergähi
Öwütleriň adalatyň mizany.

Paýhasyň deňeldi zere, göwhere,
Her sözüň,
türkmeniň köňül nagşydyr.
Hak nazary düşen ussat-ulugsyň
Sen asman paýhasly Magtymgulysyň.

Soragly dünýäniň aýanyn gören,
Parasat mülkünde tagtyň oglusyň.
Beýikler deňelýär öz paýhasyna,
Arşy-kürsi söýlän Magtymgulysyň.

Aýgül PIRLIÝEWA.
Категория: Poemalar | Просмотров: 386 | Добавил: Mahymm | Теги: Aýgül Pirliýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

"Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024
"Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Hаwеrаn  
245
Şumst işden gaýdyp barýan, şähere barýan miniawtobuslaryñ birine mündüm welin, ulagda ekran bar eken, häzirkizaman aydymçysumaklaryñ biriniñ toyda aydyan aydymlsryndan gioyberyä.... Bagşysumak ak silkme telpekli, donly daşyna toy märekesini uyşurip Magtymgulynyñ "Ayrylsa" diyen aydymyny aydyar (öñ Atabay aydyady). Bir zat ünsüme ildi: aydymyñ "Magtymguly Haky yatlap gan aglar, Şa gedalar akyl huşdan aýrylsa" diyen yerine gelýär welin, märekäniñ yüzünde bu manysyny tirip oñarana edil araplaryñ "Haşr" süresi okalanda seslu aglaýyşlary aglabermeli setirlerdir welin, aydymçynyñ daşyna heşerlenşip duranlarda aydymyñ manysyndan alynyan lezzet dal-de, içginiñ, humaryñ we märekaniñ ozune yallaklamagyna yaş aydymçysumakda doredyan gopbamsylygyndan alyan lezzeti we yeñlesligi duyulyar...

0
2 Gurgencli  
324
Men diýdim bir niçe pendi-nesihat,
Bilseň nesihatdyr, ýogsa — pesihat.


Biz üçin Magtymgulyň goşgulary diňe pesihatda (owadan söz).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]