23:14 Yhlas | |
YHLAS
Goşgular
Çyrag bolup ykbalyňa, mukaddes ojagyňa, Ýüregimi pena edip, şahandazyň bolmasam. Togap edip, Käbä deňän sahawat-saçagyňa, Mährim gatyp, bu ýollarda arkadagyň bolmasam, Söýme meni mele saçym, kaddy- kamatym üçin. Ýazlaryňy ýazym saýdym, gül-pürçükler beslenip, Ruhubelent çuň kalbyňda owazlanyp, seslenip, Günleriňe asal gatyp, ruhlanyp, höweslenip, Göwün atly toýhanaňda yşk çyragyň bolmasam, Söýme meni sary meňiz roý-alamatym üçin. Ak çabga men, ak nur bolup, ineýin bossanyňa, Müdümi taý bol ummanda, ýüzýän ömür salyma, Yşk siňdirip yhlasymdan çitilen gül haly:ňa Göller bolup, ýüregiňde örkli bagyň bolmasam, Söýme meni näzik ellem – kepder ganatym üçin. Mukamlaryňa teşne men, kak dutaryň taryna Şazadam sen, Aýyň bolup baraýyn huzuryňa, Sen – yhlasym, men - myradyň, dönüp seniň ýaryňa, Aýdymyňa sesim goşup, edil özüň bolmasam, Söýme meni aý jemally, gűl deý syratym üçin. Aýgül PÜRLIÝEWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 2003 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |