09:47 MÄNE BABADAN ÜÇ HEKAÝAT | |
Birinji hekaýat
Agyzdan-agza geçip gelen rowaýata görä, ol (Mäne baba) şeýle diýen: «Gurhany Kerimi öwrenýän döwrümde bir gün kakam: «Ertir seniň bilen halypanyň ýanyna gitmeli» diýdi. Men Gurhany Kerimi öwredýän başky mugallymymyň ýanyna baryp: «Ertir meni kakam başga halypanyň ýanyna äkidýär» diýdim. Ol şonda: «Mübärek bolsun» diýip doga etdi we: «Şu pendimi hiç wagt unutma, göz açyp-ýumasy salym Allanyň yşkynda bolmak hem Gün bolup Ýer ýüzüne nur çaýan ýalydyr» diýdi. Soňra şeýle diýen: «Men bu pendi baky hemram edinip, ertesi kakam bilen Hoja ymam Abu Seýit Aýýarynyň ýanyna gitdik. Ol ymam müfti we dilçi mugallymdy. Onuň ýanynda birnäçe wagt galdym we oňa araplaryň jahylyýet döwrüniň goşgularyndan otuz müň beýti ýatdan aýdyp berdim. Soňra şyh Abylkasym Buşer Ýasiniň ýanyna bardym. Ol döwrüniň dana kişileriniň biridi. Men ondan köp zadyň aslyna ýetdim we musulmanlygy şondan öwrendim. Bu iki ymamyň hem gubry Mänededir». Ikinji hekaýat Şyhyň adyndan şeýle rowaýat aýdýarlar: «Bir gün hoja Abu Alynyň ýanyndan gelýärdim. Saragtyň derwezesine ýetäýen ýeriňde bir kül üýşmegi bardy. Görsem, Lukman Mejnun şol külüň üstünde otyr. Ol bir ylym uran adamdy. Şyh maňa köp gezek: «Lukman Allanyň azat eden bendesidir» diýerdi. Soňra şeýle diýdi: «Bir gün Lukmany görmäge gitdim, görsem, ol depe bolup giden külüň üstünde köne possunyny ýamap otyrdy. Men oňa seredenimden, başyny galdyryp şeýle diýdi: «Eý, Abu Sagyt, seni hem possunyň bir ýerine ýamalyk etdim». Soňra ýerinden turup, elimden tutup, Saragtyň hanakasyna getirdi we pir Abylfazly çagyryp, şeýle diýdi: «Eý, Abylfazl, Hak subhan we Tagala bu oglanyň maňlaýyna bir zatlar ýazypdyr, ony saňa tabşyrýan, ýöne oňa gowy seret, çünki seniň bilýän zatlaryň onda ebedilik galar». Üçünji hekaýat Biz Nusaýa baranymyzdan, Bisme obasyna gitmäge küýlendik. Ol oba Nusaýdan iki parsahlykdady we Aly Muhammet Nusaýlynyň mazary şol ýerdedi. Biz oňa zyýarat etdik we şeýle ýagdaýa uçradyk. Biz şol oba baranymyzda, bir goja gassap dükanynda egni possunly otyrdy we öňünde etler asylgy sallanyşyp durdy. Ol biziň ýanymyza gelip salamlaşdy. Ol biziň nirede düşlejegimizi bilmek üçin şägirdini iberen ekeni. Biz metjidiň golaýynda, akar suwuň gyrasynda düşledik. Biz täret kylyp, heniz namazymyzy tamamlamankak, goja gassap iýer-içer ýaly zatlary alyp geldi. Iýlip-içilenden soň ol bize garap: «Bir meseläni sorasym gelýär welin, şony araňyzda çözüp biljek barmy?» diýdi. Töweregimdäkiler meni görkezdiler. Şonda goja şeýle sorag berdi: «Bendelik bilen hakyna tutulany nähili aýyl-saýyl edip bolar?» Biz oňa ylmy-zahyrdan (äşgär, aç-açan ylymdan) jogap berdik. Ol: «Başga diýjek sözüň barmy?!» diýip sorady. Biz dymşyp, oňa seredip otyrdyk. Şonda goja haýbat bilen bize seretdi-de, şeýle diýdi: «Aňyrsyna ýetmän gürleme, sen ylmy-zahyrdan geleniňden soň yzyňa dolanma». Soňra sözüniň üstüni ýetirip, şeýle diýdi: «Azat bolýançaň bende bolup bilmersiň, päliňi düzedip, wagyz edip bilmeseň, zähmetiň miwesine gözüň düşmez we Allatagala seni bagta ýetirmez». TÜRKMENISTANYŇ MILLI MEDENIÝET «MIRAS» MERKEZI TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY TÜRKMENISTAN MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTY Muhammet ibn Münewwer Meýheni "MÄNE BABANYŇ KERAMATLARYNDAN WE HALATLARYNDAN HEKAÝATLAR" kitabyndan alyndy اسرار التوحيد Pars dilinden terjime eden we çapa taýýarlan Ata Saryýew AŞGABAT «MIRAS» 2005 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |