19:02

Марта Альбертини: «Бабушка никогда не рассказывала нам о Толстом и о России»

Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 200 | Добавил: Haweran | Теги: Larisa Timofeýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Babyşgalaly  
1446
@Hawerаn, caг бол, eтиренин учин! Шубхе эдип сорамадым-ла оны. Йоне, Толстойын небереси тувелеме, коп чагалылыгы халаян экенлер. МОЛОДЕЦ ПАЙЛАШАНЫН УЧИН. ШУЛАР ЯЛЫ МЕШХУР ЯЗЫЖЫЛАРЫН ДОКУМЕНТАЛ ТАРЫХЫНЫ ПАЙЛАШЫП ДУР. ГАТЫ ГЫЗЫКЛЫ МАГЛУМАТЛАР ЭКЕН.

0
2 Bagabat  
43
Lew Tolstoý bilen baglanyşykly waka:

Günlerde bir gün L.Tolstoý, eýýäm ady diňe bir Russiýa däl, dünýä dolan ýazyjy Astrahanda (Hajytarhanda) özüniň dostunyň öýünde myhmançylykda wagty, ol ikisiniň arasynda jedel döräpdir. Tolstoý özüni diňe adyndan däl-de, ýazyş stilinden hatda ýurduň iň gyrak-bujaklarynda-da tanajakdyklaryny nygtapdyr, dosty ilkinji nobatda onuň adynyň meşhurdygyny aýdypdyr.
Ahbetin jedelde olaryň hiç haýsy biri-birine hiç zady subut edip bilmän, synag geçirip görmek barada ylalaşypdyrlar. Lew Tolstoý özüniň heniz neşir edilmedik hekaýasyny ýanyna alyp, dosty bilen bilelikde ýerli gazetiň redaktorynyň ýanyna barypdyrlar. Olaryň ikisem Lew Tolstoýy tanatman, başga at bilen hekaýany gazete çap etdirmek üçin hödürläpdirler.
Redaktor L.Tolstoýy tanamandyr we hekaýa baradaky pikirini ertesi gün aýtjakdygyny habar berip, olardan ertesi gün redaksiýa gelmegi haýyş edipdir. Ertesi gün olar redaksiýa gelenlerinden soň redaktor bir sagatdan gowrak wagtlap şol hekaýany özüniňki ýaly abraýly gazetde çap etmegiň näme üçin mümkin däldigini subut edip beripdir we hekaýanyň ähli kemçiliklerini birme-bir sanap, L.Tolstoýa başarmaýan işi, ýagny, ýazyjylyk bilen meşgullanmazlygy maslahat beripdir :-).

0
3 Bagabat  
43
Lew Tolstoý barada henekler:

Lew Tolstoý “Uruş we Parahatçylyk” atly eserini ilkibaşda 8-12 jiltlik mähnet eser görnüşinde ýazmak isläpdir. Ýöne, bir gün gije onuň düýşüne filologiýa fakultetiniň talyplary giripdirler-de, örän gödek görnüşde, beýik ýazyjynyň ömrüne eşitmedik hapa-paýyş sözlerini ulanyp, ondan öz eserini ýarty derejede gysgaltmagy iňňän medeniýetlilik bilen haýyş edipdirler. Şeýdibem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren bu eser bary-ýogy 6 tomluk görnüşe gelipdir.

0
4 Bagabat  
43
Filologiýa fakultetiniň talyplarynyň biri Lew Tolstoýyň döredijiligi barada sapaga taýýarlyksyz gelipdir welin, onuň nadanlygyna hem ýaltalygyna gahary gelen mugallym:
-Lew Tolstoýy okamadykdan medeniýetli hem bilimli adam çykmaz!-diýipdir.
-Edil beýlede dä bolaýmasyn, ýoldaş mollum!-diýip ikilikçi talyp äwmän-alňasaman garşy çykypdyr:-Mysal üçin, Gomer, Ibn Sina, Haýýam, Puşkin, Lermontow, Dekart, Lomonosow, Deržawin we beýleki müňlerçe beýik adamlaryň Lew Tolstoýdan birje setirem okamandyklaryny men-ä anyk bilýärin. Hä?!

0
5 Bagabat  
43
Meşhur rus satiraçy ýazyjysy Saltykow-Şedrinden onuň näme üçin Lew Tolstoý ýaly ýazyp bilmeýänligini soranlarynda, ol gaharlanman şeýle jogap beripdir:
-Eger-de menem begzada grafyň maşgalasynda dünýä inip, ömürboýy hiç zadyň aladasyny etmän, 40 müň tanaplyk mülküm bilen müňlerçe daýhan-krepostnaýlarym bolan bolsady, onda menem şeýle uzyn hem äpet zatlary ýazmaga wagt tapardym.
Ýöne, esasy gep munda däl.
Eger-de Lew Tolstoý gedaý durmuşda ýaşap, bir döwüm çöregi üçin her özüçe bar-ýoga ýallaklap gezmeli bolan bolsady, onda şondan Saltykow-Şedrin çykarmydy?
Ine esasy gep nämede!

0
6 Bagabat  
43
Filologiýa fakultetiniň täze okuwa giren talybyna ýüzlenip mugallym sorapdyr:
-Lew Tolstoý kim? Iň bolmanda şony bir bilýäňmi?!
-Näme-aý, molly-y-ym,-diýip agzynda sakgyjyny “waçjyldadyp”, elinde aýfon oýnap oturan “snikers” talyp, süýkdürip, nägile we öýkeli dillenipdir:-Şonam bimmeýändir öýtýäňmiň-aý?! Hä?! Ol-a birki ýyllykda Golliwuda düşürilen “Anna Karenina” atly kinofilmiň ssenariýsini ýazan adam. Özem ady-pamiliýasy-a Lew Tols Toý welin, hytaýly bola:masa...

0
7 Bagabat  
43
Hötjet hem özdiýenli mekdep mugallymy, janyny ýakan ikilikçi hem ýalta okuwçysyna käýýäp, hatda ony kakasyna çenli aýdyp, zor bilen tutuş tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda olaryň öýlerine gatnap-gatnap, Lew Tolstoýyň “Uruş we Parahatçylyk” eseriniň dört jildinem başdan-aýak okadypdyr. Okuw başlanan güni bolsa, gözlerini çym-gyzyl edip, tüňňerilip duran okuwçysyndan göwnaçyklyk bilen sorapdyr:
-Ýeri, nätdi? Lew Tolstoýy okap ruhy dünýäň çensiz-çaksyz baýlaşandygyny özüňem duýýansyň-la? Hä?! Indi arzuwlaryňam baýlaşandyr. Hany aýt, sen näme arzuw edýärsiň?
-Puşkiniň deregine 37 ýaşynda, heniz “Uruş we Parahatçylygyny” ýazmanka Lew Tolstoýy atyp öldüren bolaýsadylar...-diýip okuwçy çyny bilen hüňürdäpdir.

0
8 Bagabat  
43
Söhbet sapagynda filologiýa fakultetiniň talybyndan mugallym Lew Tolstoýyň “Uruş we Parahatçylyk” epopeýasynyň niresini has gowy görendigini soraýar.
-Meniň eýýäm alty-ýedi ýaşymdakam bir demde okap çykan we soňam azyndan ýigrimi sekiz gezek dagy gaýtadan okap çykan bu ajaýyp eserimde iň halaýan ýerlerim,-diýip talyp uly joşgun bilen gepe başlapdyr:-ilki bilen-ä, Anna Kareninanyň Bred Pittden gaçyp, Ştirlis bilen begzadalaryň dabarasynda (balda) tans edýän ýeri, soňam Dantesiň eline ok-ýaý alyp, Tarzan bilen abraý-mertebe üçin ýekme-ýek söweşde (duelde) atyşýan ýeri. Onsoňam Gawroşyň Jan Walžan hem-de Pýer Bezuhow bilen Berliniň Reýhstagynyň öňünde ok çöpläp, soňam, Reýhstagyň harabasyna “Zdes byl Wasýa” diýip ýazýan ýerleri...

0
9 Bagabat  
43
Dalaşgär filologiýa fakultetine okuwa girmek üçin synag tabşyrmaga barýar. Ol eline alan soragnamasyndaky hiç bir sowala jogap berip bilmeýär. Synag alýan mugallym oňa az-kem dözmän, ol aljyraýandyr öýdüp, oňa ýatlamaga kömek bermekçi bolýar:
-Inim, sen Puşkini bilýäňmi?
-Ýok.
-Dostoýewskiýni tanaýaňmy?
-Ýok.
-Lew Tolstoýam tanamaýarsyňmy?
-Ýok...
Garaz, dalaşgär synagdan geçip bilmän, keýpsiz halda daşaryk çykýar. Öz nobatyna garaşyp duran dalaşgärler onuň daşyna hümer bolýarlar.
-Ýeri, nähili?
-Äý,-diýip synagdan ýykylan dalaşgär, lapykeçlik bilen elini salgaýar:-Bilimiňe zat ýok-laý, bu taýda. Hemmeje zat tanyş üsti bilen eken-laý. Synag alýançy diňe öz tanyşlarynyň atlaryny tutup: “Tanaýaňmy?” diýip aç-açan sorap dur-laý...

0
10 Bagabat  
43
Söhbet sapagynda filologiýa fakultetiniň mugallymy sapak aýdýan talybyň diňe ýat tutan zatlaryny sarnaşdyryp, durmagy bilen kanagatlanman, onuň üşügini barlamak üçin oňa oslagsyz sowal berýär:
-Gadyrly talyp, eger-de Lew Tolstoý bilen Fýodor Dostoýewskiý ikisi bilelikde bir eser ýazan bolsalar, ol eseriň ady näme bolardy?
-“Uruş we Tüntawlar”-diýip, talyp sagynman, ýüzüniň ugruna jogap beripdir.

0
11 sylapberdimuhamov  
1428
Tolstoý baradaky maglumatlar üýtgeşik eken, sag boluñ, Serdar aga!

0
12 sylapberdimuhamov  
1428
Saltykow Şedriniñ jogaby kaýyl galdyrdy)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]