22:45 Men dünýäniñ aşygy | |
MEN DÜNÝÄNIŇ AŞYGY
Durmuşyň gurluşyna haýran galaýmaly. Haýryň ýanynda şer, şowlulygyň ýanynda şowsuzlyk, kynçylygyň ýanynda ejizlik, ýagşylygyň ýanynda ýamanlyk, sabyrlylygyň ýanynda bisabyrlylyk, şatlygyň ýanynda gussa hem gahar-gazap bar. Haçan-da ynsan ýagşy gylyk-häsiýetleriň tarapyny tutanda, hakyky adamkärçilikli ynsanlygyna galýar. Bu gün köňül ýaýlamyň müň öwüşginli duýgularyna gark bolup oturyşyma, dünýe hakynda çuňňur oýa batanymy duýman galdym. Kalbymyň pursatlar dünýäsine dolanmadygyna ep-esli wagt bolupdyr. Oý-hyýallarymyň älem ummanynyň ýekeje damjasyça ýokdugyna düşünsemem, hatda dünýäniň gözüne ilmeýän hem bolsam, ol meniň üçin daglardan beýik belentlik, uç-gyraksyz ýalazy meýdan, müň owazly sowala beslenen asman, müşki-anbary tebigatyň çar künjüne ýaýylan hoşboýluk, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ruhy giňişlik. Ol näşüküre «şükürli bol», hyýallaryndan azaşana «oý-pikirli bol» diýip seslenýän seda. Dünýä sagyňdan gözleseň çepiňden çykýan, soluňdan yzlasaň, depäňden bakýan yşky peýkerdir. Bu peýkere kimler aşyk bolup akylyndan jyda düşdi. Ol bir görseň mähribanlyk, birde-de gazap durşy bilen. Üstünden ýeke ýola ýaşap ötülýän ýönekeý giňişlik ýaly görünse-de, içine düşeniňden soň, enter-pelegiňi aýlaman, müň synagyndan geçirmän seni özünden daşlaşdyraýmaýar. Kimlerden bize miras galan, eý, köne dünýä, gadymy heňňam. Men seni tanajak bolup, serede-serede gözlerimiň nury gitdi. Tanap bilmedim. Men saňa ýaranjak bolup, egbarlaý-egbarlaý dyzlarymyň ysgyny gaçdy. Ýaranyp bilmedim. Men senden jyda düşerin öýdüp gorkup, gözlerimiň owasyny ýaşlara doldurdym. Daglardan däli siller akdy. Barybir, olam bolmady. Owalbaşdaky ýaradylan kanunyňa görä sen hemişe öz peýwagtyňa. Sen şol kanagatyň bilen beýik, dünýä! Şahyryň: «Kim diýipdir pany diýip jahana, ýaşanyňa juda degýär bu dünýä» diýen setirlerine diň salýaryn. Şeýle-de öz-özüme bu barlykda owadan ýaşasyň gelýän bolsa, dünýe bilen dostlaş, sen gülüp baksaň, ol saňa yşky jebir sütemleriňden uçmah döredip berer diýip göwünlik berýärin. Köşeşme, göwnüm, çyrpyn, tolkun, güwwülde! Däli tolkunlaryň güwwüldäp asmana göterilsin! Goý, älemdäki ähli yşky-muhabbetlere dahylly bol! Sowallar... Akylyňy haýran ediji oýlar... Başym aýlanýar. Aslynda, başym däl, daşymdan dünýä aýlanýar. Gowusy mundan artyk dünýäniň hikmetini gözlemäýin. Ony menden öňküler hem tapyp bilmändirler. Men şu güne çenli ötegçi ykballaryň içinde ýaşap bir hakykata göz ýetirdim. Dünýäni pany saýsaň ol — pany, bakylyk saýsaň hem aňyrsyna göz ýetmeýän giňişlik. Onuň panymy ýa bakylykdygyny wagt aýdar. Berlen täleýime gümra bolup ýaşabereýin. Çünki dünýe hakdaky oý-pikirler pürepür doldurylan meýli bada çalymdaş. Onda arassa, tämiz, ynsaply, lebizli, ygrarly, dogry ýaşamagy öwrenmeli. Ana, şonda az salymam bolsa dünýäniň ýadynda galarsyň. Düşnüksiz pikirlere ulaşma, ýat gülleriň pürçüklerine çolaşma, dünýäniň yşkyna düşüp, munda diňe söýüp hem söýlüp ýaşa, köňlüm! Çünki dünýäni söýseň hem oňa özüňi söýdürmäni başarsaň, ol mydama seniňki bolar. Gunça NAZAROWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |