19:47

Meniň dostum Gurbannazar -2/ dowamy

GÖKDEREDE BAŞLANAN DOSTLUK

Şol ýyllar tomus kanikuly döwründe talyplar Gökdere jülgesinde (öňki Çüli) dynç alýardylar, ol ýerde talyplaryň lageri bardy. Birnäçe talyplar Arçabilde (öňki Pöwrizede, Çülide) dynç alýan çagalar bilen lagerde işleýärdiler. Bu ýerde dynç almak gowudy. Uniwersitetiň hemme fakultetleriniň talyplary bu ýerde tomsuna dynç alýardylar. Esasan-da, Aşgabatda ýaşaýanlar dynç alardylar, welaýatlardan gelip okaýanlar tomsuna öz öýlerine gaýdardylar. 1961-nji ýylyň tomsunda men kursdaşym Mommak bilen şu lagere dynç almaga barypdym. Mommak Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebini gutarypdy, şu mekdebi Gurbannazar Ezizow hem gutarypdyr. Mommak bilen Gurbannazar öňden tanyş ekenler. Men Mommagyň üsti bilen Gurbannazara has ýakynlaşdym.
Talyplaryň dynç alyş lagerinde wagtyň gyzykly geçmegi üçin günde-günaşa haýsam bolsa, bir oýun guralardy, edebi agşamy, aýdym-saz agşamy, sportuň dürli gömüşleri boýunça ýaryşlar geçirilerdi. Ýeke talyp hem bu guralýan agşamlardan, ýaryşlardan çetde durman, hemmesi gatnaşardy. Şu ýerde men Gurbannazar Ezizowyň diňe goşgy ýazmak bilen däl-de, sport bilen hem meşgullanýanyny gördüm. Ol woleýboly gaty gowy oýnaýardy, ylgamakda bolsa, ondan öňe saýlanýan ýokdy. Seredip otursam, Gurbannazar Ezizow 1956-njy ýa-da 1957-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň ýetginjekleriniň arasynda geçirilen ýaryşda birinji ýer alan eken. Küşt oýnamany gaty gowy görýärdi. Küşt barada entek gürrüň ederin, ýöne onuň saza aşykdygyny welin, şu ýerde bilip galdym.
Günleriň birinde Gökderäniň salkyn baglarynyň arasynda gezip ýörkäm, gulagyma hoş owaz eşidildi, klub tarapdan pianinoda çalynýan sazyň owazy özüne tabyn edip barýardy. Men bu gün agşam saz agşamy bolar diýip kluba tarap ýöräp, Aşgabatdan haýsy pianinoçy geldikä, ony görüp galaýyn diýip bardym, görsem, ynha, Gurbannazar saz çalyp otyr. Ol döwür türkmenler pianinony az çalardylar, bu biz üçin geň guraldy.
— Baý-bow, sen-ä sazanda ekeniň, beýle çalýan bolsaň, onda men Aşgabada gidip, öýden gyjagymy getireýin, onsoň goşup çalarys — diýdim.
— Gyjagyň bolsa getiräý, näme ony çalmak üçin alansyň-a, näbileýin-dä, çalyp bilýän bolsaň, ony şunuň ýaly ýere getirmän, nirede çaljak?
Gurbannazar, sen maňa şonda ynanmadyň, meniň türkmeniň iň gadymy saz gurallarynyň biri bolan gyjagy çalyp bilýänligime ynanmadyň, ýadyňdamy? Bu meniň çetime degdi. Men öýkämi daşyma çykarjak bolup durman ýuwdundym. Şolbada awtobusa münüp öýe gaýtdym-da, agşama çenli gyjagymy alyp, Gökderä öwrülip bardym. Indi-indi oýlanýaryn: şol gezek Gurbannazar meniň çetime degmedik - gyjak çalyp bilýändigime ynanmazlyk etmedik bolsa, onda men Gökdereden awtobusly Aşgabada gaýtmazdym. Şol wagt meniň aňymda tenha bir pikir bardy. 0l pikir hem özümiň gyjak çalmakda ussatdygymy Gurbannazara subut etmekdi.

Ýatýan ýerimizde talyplar ýokdy, agşam nahardan soň kimse kino, kimse suwa düşmäge, kimse-de peýwagtyna baglaryň arasynda dynç alýardylar. Men kino gutaryp, adamlar klubdan çykyp başlaýan badyna gyjagymy düzdüm-de, (bu gyjak biziň goňşymyz meşhur Çary Gurbanowyň maňa eden dört kirişli sowgadydy) çalyp başladym. Talyplar şol bada daşyma üýşüberdiler. Gurbannazar bolsa: “Muňa serediň-ä, geň zat, öz-ä türkmençe gürläninden rusça gürlänini kem görenok. Munuň türkmençe saz çalşyn-aý, haçan öwrenip ýörsüň-how?! Indi menem Aşgabada gidip dutarymy alyp gelmesem boljak däl” diýdi.
Ýöne, dutar üçin Gurbannazary Aşgabada ugratmadyk, sebäbi dutar şu ýerde-de bardy. Ana şondan soň Gurbannazar ikimiziň tanyşlygymyz dostluga öwrüldi soňundan ýegre dosta öwrüldik. Günde diýen ýaly ikimiz dutar bilen gyjagyň ýakymly owazyny gözel Gökdere jülgesine doldurardyk.

GURBANNAZAR EZIZOW WE TÜRKMEN MILLI SAZY

Gurbannazaryň saza bolan söýgüsi juda uludy. 0l türkmen mukamlary radioda çalnanda ilkinji şelpelerinden haýsy sazdygyny tanardy. Diňe sazy tanamak däl, eýsem kimiň çalýandygynam bilerdi. Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň çalýan sazlarynyň-a aşygydy. Her saza üýtgeşik, özboluşly garaýyş bardy. Pürli Saryýewiň “Kerem geldi” sazyny durky bilen diňlärdi, emma şol sazandanyň “Aýna” diýen sazyna, Çary Täçmämmedowyň “Daglara bar” sazyna düşünemok diýerdi.
Gurbannazar dutar alyp şelpe kakmany, käbir ýeňil sazlardan çalmany gowy görerdi. Pürli Saryýewiň “Şatlyk” sazyny başdan-aýak bilerdi, ikimiz goşup çalardyk welin, şuňa çaga ýaly begenerdi. Gurbannazaryň saza bolan söýgüsi barada giňişleýin gürrüň etmäge maglumatlar köp. “Gurbannazar we dünýä halklarynyň aýdym-sazlary” diýip, ýene-de köp gürrüň etseňem boljak. Belki, bu barada Gurbannazar bilen gowy gatnaşykda bolan sungatçylar hem ýazar. Ol ylaýta-da, türkmen bagşylaryny gowy görerdi. Magtymguly Garlyýewe — ägirt, Sahy Jepbarowa — beýik diýerdi. Magtymguly Garlynyň aýdymlaryny diňlände “Be, özi bir doýdumyka şu aýdymlaryndan, sered-ä munuň bokurdagyny gaýnadyşyna, ýok-ýok, meniň ýaly muny diňläp bilýän dälsiňiz” — diýibererdi. Sahy Jepbarowa “O, dýadýa Saşapoýot. Derýa, smotri, çto delaýet-a?” diýýärdi. Men Gurbannazara beşirli ady belli Öwlüýäguly bagşyny öýümizde diňlänimi aýdanymda göwni hoş bolup, Öwlüýäguly bagşy barada eşidenligini, emma ony görmedigine gynanýanlygyny aýtdy. Men indi-indiler şol bolan gürrüňleri ýatlap, Gurbannazaryň Öwlüýäguly bagşydan hem habarlydygyna haýran galýaryn. Meniň pikirimçe, ärsary ýolundan aýdym aýdyp, özboluşly uly ýoly goýup giden bagşynyň mirasy häzire çenli ýeterlikli öwrenilenok. Şol bir wagtda-da Gurbannazaryň hemme zada — sungada-da, medeniýede-de, türkmeniň aýdym-sazynyň gadymy ýollaryna-da, umuman aýdylanda, ähli zada gaty uly üns berenligine, onuň ýaşap geçen döwrüniň

talaplaryna garamazdan, olary özbaşdak öwrenenligine seredip, ony beýikleriň hatarynda goýasym gelýär.
Gurbannazaryň öýünde Tuwakgylyç Gurbannyýazow ençeme gezek myhmançylykda bolupdyr. “Şu bagşy-da zehini Taňry tarapyn berlenlerden bolmaly, ýöne muňa az üns berilýär” diýerdi, haçanda men bu bagşyny tanaýanlygymy, ony Kerkide, Gyzylaýakda köp diňlänimi aýdanymda göwni hoş bolardy. “Zenan bagşylara nähili baha berjek” — diýip sorasaň, ol:
— Nurjemal Rejebow anyň, Sülgün Meretgeldiýewanyň, Nabat Nurmuhammedowanyň, Roza Hudaýbergenowanyň gadyryny entek bilerler, howlukma — diýerdi. Ýaş bagşylaryň arasynda Mäne Garaýewi, Oraznepes Döwletnazarowy bellärdi. Bir gün olaryň öýlerinden ördük, şonda Gurbannazar:
— Derýa, ýör, Mänelere gidip, bir-iki aýdym diňläli, senem gyjagyňy al, hezillik bor-ow— diýdi.
Men:
— Gurbannazar, gelşiksiz bolaýmasa, irden bagşynyň öýüne gyjagymy süýräp baryp: ”Hany, bir-iki aýdym aýdyp ber, men gyjakda kowalaýyn” diýsem, nähili bor-aýt? — diýdim.
— Hiç hilem bolmaz, woobşe, şahyr, bagşy, sazanda — bular il adamsy, şonuň üçin olaryň gapylary hemişe açyk bolmaly — diýdi.
Biz ir sagat onlara Mäne Garalara bardyk, görsek, ýeke özi, elinde dutary, öňünde magnitofony, özi aýdym aýdyp berip oturan ekeni. Mäne myhmansöýerlik bilen bizi garşylap, öz öýünde bir-iki aýdym aýdyp berdi. Soň Gurbannazar:
— Görýäňmi, Hudaý maňa ses berdi diýip oturanok, özüni kämilleşdirýär, ine, şeýdip ussat bolunýar — diýdi. Mänelerden soň men Gurbannazara Oraznepes Döwletnazarowlara gideli, men Oraznepesiň ýanynda, Baýjan Işanyň ýanynda käwagtlar gyjak çalýardym — diýdim. Oraznepes öýlerinde ýok ekeni. Şu ýerde Oraznepesiň bir aýdan pikirini ýatlaýyn.
Altmyşynjy ýyllar türkmenleriň arasynda pianino, klamet, truba, dep, akkardeon ýaly gurallar giň ýaýrap başlady, Oraznepesiň ýüreginde türkmen aýdymlarynyň geljegi howsala döredýärdi öýdýän.
Ol maňa:
— Derýa, şu gidişine gitse, ýene 20-30 ýyldan türkmen bagşysy diňlenjegem däl öýdýärin— diýdi.
Men:
— Ýok, Oraznepes, türkmen dünýäde ýaşasa, onuň sungaty ýaşar, esasanam bagşyçylyk sungaty hiç wagt ýitmez — diýdim.
— Hemä şeýle bolsun-da!
Häzir professor Oraznepes Döwietnazarow türkmen konserwatoriýasynda ýaş bagşylara sapak berýär. Meniň ýaňky aýdan sözlerime şu günüň zehinli ýaş bagşylary Parahat Şyhymow bilen Kyýas Durdyýew dagy güwä geçýärler. Ikisem, tüweleme, göz degmesin, geljekde atly-abraýly, ussat bagşy bolar diýdirýär. Ýene-de bir guwandyryjy zat — türkmen telewideniýesinde Bozagan Amanow täze aýdym-saz toparyny döredipdir. (Men ony tanamok, konserwatoriýada mugallym bolup işleýär diýdiler). Şol toparda türkmeniň bagşyçylyk ýollarynyň tas ýiteňkirlänleri täzeden dikeldilýär. Bu toparyň ýaş bagşylaiy änew ýolundan, ärsary ýolundan, Mary, Lebap, Balkan, Daşoguz, Ahal ýollarynda hem-de türkmen bagşyçylyk äleminde uly yz galdyranlaryň ýollaryndan şeýle bir ussatlyk bilen aýdym aýdýarlar welin, türkmeniň bu beýik sungatynyň hiç haçan öçmejegine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Begenjiňden gözüňe ýaş aýlanyňy duýman galýarsyň...
Men bir zady halamokdym, ol hem türkmen bagşy aýal-gyzlarynyň jukguldap, aýdymy bokurdagynda gaýnadyp aýtjak bolmagy. Men:?“Jukguldy diýlen zat erkek adama mahsusdyr. Gurbannazar, men-ä aýal maşgala jukguldy ediberse, göwnüme bolmasa, şol aýdymyň üstünden gülünýän ýaly bolup görünýär” — diýerdim. Gurbannazar bu pikirim bilen ylalaşýardy.
Jukguldy, bokurdagyňdan gaýnadyp çykaryp aýtmak, seredip otursam, dünýäde üç-dört halkyň aýdym aýdyş usuly eken. Olar: tuwalylar, garagalpaklar, burýatlar, Bu halklaryň geçmişde biz bilen nähili gatnaşykda bolanyna sungaty öwrenijiler hem üns berseler, aýdymy bokurdakda gaýnadyp aýtmakda şu halklaryň nähili arabaglanyşygynyň barlygyny bilmek juda gyzykly bolardy.
Gurbannazar:
— Şu pikiriň goldanmaga mynasyp — diýerdi. Gurbannazaryň saz älemindäki gözýetimi juda giňdi. Hindi, rus, ermeni sazlaryny gowy görerdi. Eline dutar alyp, şolaryň aýdymlaryna hiňlenerdi. Bir gezek dostumyz Baýram Amangeldiýewiň ekiz inileri Hydyr bilen Ylýas Oba hojalyk institutyny tamamlany sebäpli çakylyk etdiler. Hydyr bilen Ylýas şol çakylykda magnitofona Gurbannazaryň goşgularyny ýazdylar. Men şonda Gurbannazaryň sazandasy bolup, oňa bir-iki sany hindi aýdymlarynyň owazyny aýdyp bermegi haýyş edipdim, Gurbannazar goşgy okady, men ýanynda saz çaldym. Aýratyn dutar çalyp hezil beren köşili daýhan, ýaş sazanda Aýdogdy Amanmämmetdi. Obada ady Allow diýlip tutulýardy. Ine, indi seredip otursak, şol ýazgylardan başga, Gurbannazaryň kän bir sesiniň magnitofona geçirilen ýeri ýok ekenem. Gör, nähili bolýar?! Adam ýaşap ýörkä bu zatlar, daş-töweregindäki adamlar müdimilik ýaly, emma...

GURBANNAZAR EZIZOW WE NURY HALMÄMMEDOW

Gurbannazar Nury Halmämmedow bilen dostdy. Bularyň ikisi hem türkmeniň zehinleri, taýsyz ýigitlerdendi. Her haýsy bir gaýanyň şiridi. Gurbannazar Nurynyň sazlaryna uly hormat goýardy. Onuň “Nar agajyny” Glinkanyň “Nar agajyndan” has ýokarda goýardy. Bu hakykatdanam şeýle. Şol w agtlar Nury Halmämmedow Türkmenistanyň iň belli hem -de söýgüli kompozitorydy. Gurbannazar bilen Nury Halmämmet “Görogly” operasyny döretmek üçin ikisi onuň üstünde işläp başlapdylar. Bu operany döretmek üçin Medeniýet ministrligi bilen şertnama baglaşandyklary ýa-da baglaşmandyklary barada men hiç zat bilemok, ýöne Gurbannazaryň şol operanyň librettosyny ýazanlygyny bilýärin, men ony Gurbannazaryň özi bilen bile okapdym, şol libretto soň şahyryň “ Saýlanan eserlerin iň ” “Çykmadyk kitabym” atly ikinji tomuna girizilipdir. Şu operadan bir sazy Sahy Jepbarowa diňletdiler, bagşy şol aýdymy Nury bilen Gurbannazara aýdyp berip, aýdymyň sazy bilen sözleriniň şowly bolup çykanlygyna begenipdir. Şol aýdymyň sazyny gökdepeli meşhur aýdymçy Öwezmyrat Babaýew Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmeniň gerçek ýigitlerine döredilen goşga goşup aýdýar. Aýdym gowy bolup çykypdyr. Nurynyň ol sazyna “Görogly” şadessanyndan hem aýdym bar. Men
Nurydan:
— Siziň ýazýan operaňyz entek çykanok welin, ýöne ondaky sazlara eýýäm aýdym aýdýarlar — diýenimde, ol:
— Bu gelejekde şol opera ýazylan sazyň boljakdygynyň şaýady — diýip jogap berdi. Ýalňyşmaýan bolsam, Nury Gurbannazaryň sözlerine ilkinji bolup saz düzüpdi, şol saz bir kinofilmde aýtdyrylyp, tiz wagtdan meşhur aýdyma öwrüldi:
... Ýagyşy ýaraşar ýaýlaň ýazyna,
Gerçekler bendidir aşyk gyzyna.
Sesin goşup dutar, gyjak sazyna,
Saýrar illerimiň şirin dilleri...

Bu aýdym häzir hem nusgalyk. Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar hökman dost bolaýmalydylar, olaryň sungata, edebiýata, saza, umuman, dünýägaraýyşlary köp halatlarda gabat gelýärdi. Nury bilen Gurbannazaryň häsiýetleri biri-birinden tapaw utlam bolsa, sungat barada, türkmeniň ykbaly barada söhbet edilende olaryň pikirleri bir ýerden çykýardy, bir ýerde-de birleşýärdi. Olar şeýle bir dostdy welin, kä halatlarda bulary gowy tanamaýan adam daşyndan seredip, käbir hereketlerine haýran galýardylar.
Bir gezek Gurbannazarlaryň howlusynda tapçanyň üstünde Nury Halmämmet bilen Gurbannazar küşt oýnaýardylar. (Olaryň howlusynyň demirgazyk tarapynda şol wagt talyp, häzir alym Gurbangeldi Geldiýew ýaşaýardy). Bularyň küşt oýnaýşyna syn etmek diýseň gyzyklydy. Gurbannazar Nurydan asgynrakdy, Nury küştde ökde, her gezek Gurbannazary utup:
— Ynha, beýik kompozitoryň ediberişi — diýip, Gurbannazara degerdi.
Gurbannazar bolsa:
— Ine, häzir türkmeniň beýik şahyrynyň türkmeniň ýönekeýje kompozitorynyň petigulysyny berşine seret... — diýip, ýene oýna başlaýar. Gurbannazar ýene-de utulýar, emma degişmesini goýanok:
— Eh, sen, saz düzüşiňem küşt oýnaýşyň ýaly bolaýmaly ahyry, sen bar zehiniňi küşte berip, saz düzmäni goýduň-la, soňky ýazýan sazlaryň itiň uwlaýşy ýaly, olardanam bir saz bolarmy? Şeýle dälmi, Derýa?
Men:
— Şu ýerde öz pikirimi aýtmakdan saklanýaryn. Ýöne men size bir hakykaty aýdaýyn. Siz entek hakyky ökdäni göreňzok.
— Kim ol?!
— Men barkam, eýse başga kim bolup biler?! Küşte gezek gelende, men-ä ikiňizem kül-peýekun edermikäm öýdýärin — diýip, ikisine garşy küşt düzüp oýnajak bolýaryn, ýöne olaryň ikisem eýýäm küşt oýnaslary gelenok-da, bir-birlerine has beter degip başlaýarlar:
— Baý-baý-ow, meniň sazlarymy bütin dünýä diňläp ýör, türkmen halky ýaşadygyça meni— Nury Halmämmedi hiç wagt unutmazlar, men ölerin, meniň sazym baky ýaşar, ha-ha-ha!!!
— Seniň sazyňy sen dirikäň hiç kim diňlänok, öleňden soň-a woobşe hiç kime gerek bolmaz, a meniň goşgym welin, elmydama, adamzat dünýäde ýaşasa, ýaşar, ha-ha-ha!!!
Şular ýaly degişmäni diňe ägirtler edip bilýän bolmaga çemeli.
Şu ýerde Tolstoýyň bolşy ýadyma düşýär. M.Gorkiý öz ýatlam asynda Tolstoýyň ýanyna barşyny beýan edýär. Şonda Tolstoý öwünmek öwünipdir:
— Men senden güýçli.
Gorkiý Tolstoýyň bu öwünmesine geň galandygyny, onuň beýikdiginiň aýdylmanda-da aýandygyny aýdýar. Ýöne beýik läheňlerem käteler öwünmek isleýän ekenler. Nury Halmämmet bilen Gurbannazar Ezizowyň aýnap aýdan sözlerine dogry düşünmek gerek, ony kesä çekmeli däl.
Şu ýerde bir duýgymy beýan edeýin. Belki ýalňyşýandyryn, belki, hakykatdyr: küştde üýtgeşik bir güýç bar. Adam küşt oýnanda, näme üçindir, hökman öwünmek isleýär. Meniň özüm-ä şeýle. Eger durmuşda ähli öwünen ýerlerimi bir ýana, küşt başyndaky öwünmelerimi bir ýana goýsak, onda küşt başyndaky öwünmelerim bütin ömrüme öwünmelerimden bäş-on esse artyk gelsin gerek. Dünýä grossmeýsterleri Kasparow, Fişer dagy küşt tagtasynyň öňünde öwünmegiň lezzetiniň üýtgeşik bolýandygyny boýun alypdyrlar.
Rast, grossm eýsterler öw ünýär, onsoň özgeleriň hem öwünjekdigi hak.
Şu ýerde Gurbannazaryň küşt barada aýdan pikiri ýadyma düşýär. 0l: “Küşt oýny türkmen halkynyň içinde juda meşhur, bu oýny oýnamaýan türkmen az-azdyr welin, näme üçindir türkmenleriň arasyndan halkara grossmeýsterler çykyberenok” — diýerdi. Türkmeniň düzzüm oýnunyň özi köp zatdan habar berýär ahyryn. Görüp otursak, halkara ussatlygy almak üçin diňe bir seniň ussatlygyň ýeterlik däl ekeni, şu zatlaram Moskwada çözülýän ekeni.
Nury ýygy-ýygydan Moskwa giderdi, döreden eserlerini şol ýerde orkestre geçirerdi, köpräk eglenäýse, Gurbannazar:
— Be, Derýa, Nuryny ýürek küýseýär-le, ýaman köp eglendi-le, ol-a bu gezek bizi ýatlaýanam däldir-le, kellesi saza bir gitse, hemme zady ýadyndan çykaraýýar ol — diýerdi.
Günleriň birinde Gurbannazar maňa telefon edip, Nurynyň gelendigini, şolara gyjagym bilen barmalydygymy aýtdy. Men Nurulara bardym. Nury Halmämmedowyň 11-nji mikroraýonda ussahanasy bardy, onuň jaýynda gowy pianino bardy, stoluň tekjeleriniň üsti notalardan, kartlardan doludy, kart aýtdyrylýandan Raweliň “Balero” diýen sazy eşidilip durdy, bu karty Gurbannazar goýdurýandyr, sebäbi ol şu sazy gaty gowy görerdi.
Gurbannazar bilen Nury ikisem küşde gyzyp oturan ekenler. Menem salamlaşanymdan soň:
— Hany, oglanlar, küşdi bir aýyrsaňyzlaň, hezil edip bir saz diňläýeliň — diýdim.
Gurbannazar bu teklibi makullady. Men gyjagymy alyp gelmändim, Nuiynyň ýanynda gyjak çalyp oturmak meniň üçin birhiliräkdi.
Gurbannazaryň haýyşy boýunça Nury “Dutaryň owazy” diýen sazyny pianinonyň başyna geçip, şeýle bir çaldy welin, häzire çenli gulagymdan gidenok. Soň-soňlar Gurbannazar bilen Nurynyň sazlary barada ikiçäk köp gürrüň edipdik, ol dutarda, men gyjakda Nurynyň täze döreden sazlaryny çaljak bolýardyk.
— Umuman, saz, kompozitorçylyk sungaty, Gurbannazar, meniň pikirimçe, XX asyryň 50-nji ýyllaryndan başlap juda ösdi. Edil XIX asyr rus edebiýatynda birbada diýen ýaly Puşkin, Lermontow, Gogol, Nekrasow, Tolstoý, Çehow, Dostoýewskiý dagynyň döreýşi ýaly, türkmen kompozitorlaryna XX asyr düşdi. Hany, sanap göreliň: Aşyr Kulyýew, Nury Sary, Weli Muhadow, Daňatar Öwezow, Durdy Nurymow, Çary Nurymow, Hydyr Allanurow, Orazgylyç Gurbannyýazow, Nury Halmämmedow, Rejep Rejebow, Daňatar Hydyrow, Baýramdurdy Hudaýnazarow - şularyň hersi bir halkyň saz taryhynda bir asyry bezäp biljek ahyry...
— Şuny dogry aýdýaň, Derýa, XX asyrda türkmenler kompozitorlara baý, muňa diňe guwanmak gerek, ýazyjylarymyz, dramaturglarymyz hem şu kompozitorlarymyz ýaly, döräberse bolmaýarmy, türkmen dramaturglary ýok diýen ýaly, ine, men bir drama ýazaryn welin, onsoň görersiň.
Seredip otursam , ol eýýäm şol wagtlar “Nesiller poemasynyň” pikirini edip ýörse nätjek?!
Adam biri-birine öwrenişip gidýär eken. Bir-Iki gün duşmasak, ýürekler biri-birini küýseýändir-dä, bir ýerden telefon eder-de, degişip: “Näme, şeýdip komsomol diýip ýörjekmi, bizem, meždu proçem, komsomol ýaşyndan çykam zok, komsomol baýragyna dalaşjak bolýaryn, şonuň üçin seniň komsomollaryň arasynda goşgy okasym gelýär, hany. gurna-da — diýer... Ýene-de bir gün jaň eder, özem iňlis dilinde degişer:
— Haw ýu mani? (Puluň barmy?)
Menem nemes dilinde:
— Ya, ýa, ýa, zer gut, ýawol, (hawa, hawa, gaty gowy, bolýar) — diýip, ýadyma düşen sözler bilen jogap berýärin, bolmasa, ikimizem iňlis ýa-da nemes dilinde gürläp bilemzogam.
— Onda, ýarym sagatdan barýaryn, garaş maňa — diýer.
Men bolsa garaşyp oturandyryn, ol gelmez, öz ýanymdan öýkelän bolýaryn, ertesi ýüzüniň ugruna meniň işime sowlar:
— Düýn maňa garaşdyňmy?
— Hawa, garaşdym.
— A men seni aldadym— diýerdi-de, yzyndan gülüp goýbärdi:
— Sen meni bilýäň ahyry, seniň ýanyňa gelýärkäm pylany duşdy, “ýör-ýör” diýip goýmady, göwnüne degip bilmedim-dä, bolýar, men şu gün siziň hyzmatyňyzda, ýoldaş komsomol.
Gadyrly okyjy, men Gurbannazar bilen eden söhbetdeşliklerimiň yzygiderliligini saklap bilmeýänimüçin ötünç soraýaryn, ýöne men ýadyma düşýän zatlary hiç hili ýoýman, bolşy ýaly gürrüň berjek bolýaryn, şonuň üçin bada-bat ýadyma düşen zatlary hem ýüzümiň ugruna ýazyberýärin. Komsomolly gürrüňime ýene-de öwrülip gelerin.
Gurbannazar okuwyny tamamlandan soň goşun gullugyna gitdi, menem 1965-nji ýylda goşun gullugyna gitdim. Şeýdip, indiki duşuşygymyz iki ýyldan soň boldy. Gurbannazar Samarkant şäherinde tankçy bolup gulluk edipdir. Goşun gullugy barada bir topar gürrüňler bererdi, şolaryň birini aýdyp bereýin:
Gurbannazara komandiri goşmaça tabşyryk berýär, kazarmanyň garşysyndaky agaçlara hek çalmaly diýip buýrulýar.
— Men elime reňklenilýän aldym, bir bedre heki suw bilen garyp, agaçlaryň ýanyna baryp, hek çaljak boldum, emma agaçlara öňki çalnan hekler şeýle bir arassa hem gowudy, hatda men olaryň üstünden ýene-de hek çalmaga dözmedim. Şeýdibem, bu tabşyryk maňa has aňsat boldy — diýip, agaçiaryň aşagynda kölegeiäp oturyberdim. Birdenkä komandiriň: “Ezizow, ко mne!” diýen buýrugyny eşidip, onuň ýanyna baryp: “Ýoldaş komandir, siziň buýrugyňyzy ýerine ýetirdim” diýenimde, ol maňa: “Ezizow, sen agaçlara ýekeje saparam hek çalmadyň ahyry, men äpişgeden saňa syn edip, seredip durdum ahyryn” diýdi. Men: “Ýoldaş komandir, men siziň äpişgeden seredip oturanyňyzy näbileýin” diýenimden soň komandir ýumşady hem-de maňa: “Ah, wy poety, zabawnyý narod...” diýip S. Ýeseniniň goşgusyndan bir setiri okap goýberdi.
Umuman, degişmek, ýomak atmak, anekdot aýtmak Gurbannazara mahsus zatdy. Degişmäge, birine degmäge, onuň häsiýetine görä bir zatlar tapyp gürrüň bermäge ussatdy. Ahmet Gurbannepesowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Öwlüýäguly Möwlamowyň, Kakabaý Gurbanmyradowyň ýatlaryna düşýän bolsa, olar hem meniň ýatlamalarymyň üstüni doldurarlar.
Gurbannazar öz döwürdeş galamdaşlary barada haýsam bolsa bir hadysa bilen baglanyşdyryp, olaryň şol pursatda özlerini alyp baryşlaryna bir degişme dörederdi. Meselem, Beki Seýtäkow bilen Mämmet Seýidowy duele çykaran bolýar. Olar pistoletde atyşmaly, şonda sekundant duelçileri ýaraşdyrjak bolup, Beki Seýtäkowa ýüzlenýär:
— Jenap Seýtäkow, atyşmany goýaýsaňyz nähili bolar, ýaraşmaga mümkinçilik bar, onsoňam siz pistoletiň öňünde durmakdan gorkaňzokmy?
— Ýok, ýok, gorkamok, Mämmediň daňdan atjak oky maňa degmez, arkaýyn bolaýyň, daňdan onuň eli bir ýerde duranog-a, men arkaýyn atyşjak, ha-ha-ha.
Sekundant şol teklip bilen Mämmede ýüzlenende, ol: “А -how, Ýaşulular Sowetiniň başlygy Beki pistoleti atjak bolsa bir gözüni ýummaly bolar-a, beýlekisi bolsa öňem görenok, ha-ha-ha.
— Gurbannazar, bu zatlary Beki aga ýa-da
Mämmet eşitse, gaty görmezlermi? — diýsem, ol:
“Men ilki olaryň özlerine aýdyp berýärin-ä, hezil edip diňleýärler” — diýdi.
Ýene-de bir degişmede Aşgabady nemesler basyp alan edýär-de, şolaryň öňünde şahyrlaryň bolşuny suratlandyrýar. Ýene-de Mämmet Seýidow baradakysy ýadyma düşýär.
Mämmet Seýit nemes ofiserleriniň ştabynda dellekçi bolup işleýär. Bir gün duşmanlaryň sakgalyny syryp otyrka, Mämmet aga ol maňlaýy garanyň ýüzüniň persalasyny çykarýar.
Ýüzi päkiniň derdinden gara gan bolup otyrka, jaýa türkmen partizanlary girýär. Mämmet: “Ine, görýäňizmi, gerçekler, men şu ýerde-de bularyň ganyny içip oturandyryn” — diýýär.
Gurbannazar özüne-de degip gülerdi. 0l käwagtlar az-owlak sakawlardy. Onsoň sakawlar barada anekdot aýdyp başlar: Iki sany sakaw paýapylyň üstünde duşup, biri-birine ýol berýär, biri beýlekisine:
— S-s-sen g-g-g-geç — diýýär.
Beýlekisi:
— Ý-ý-ý-ýok, s-s-sen g-g-g-geç — dýýär.
Şonda ol biri:
— S-s-sen n-n-n-näme ü-ü-ü-ü-üçin m-m-m-meniň a-a-a-agzyma ö-ö-ö-öýkünýäň? — diýip, ony paýapylyň üstünden itekläp goýberýär, ol bolsa suwagaçyp:
— M-m-m-men ý-ý-ý-ýüzüp b-b-b-bilemok a-a-ahyryn, m-m-men g-g-g-g-gark b-b-b-b-bolýan — diýip gygyrýar.
Paýapylyň üstündäki bolsa:
— S-s-serediň-ä m-m-m-muňa, g-g-g-g-gark b-b-b-b-bolýaram w-w-w-welin, ö-ö-öýkünmesini g-g-g-g-goýanok — diýýär.
Ýa-da, paraşýutly bir sakaw samolýotdan bökjek bolanda oňa instruktor alta çenli sanap paraşýutyň halkasyny çekgin diýip tabşyrýar. Ýaňky sakaw samolýotdan böküp, öňem gorkaklygyna sakawlaýan görgüli, beýle howa belentligini görüp hasam gorkupdyr hem-de sanap başlapdyr: b-b-b-bir, i-i-i-iki, ü-ü-ü-ü-üç, garaz, b-b-b-bäş diýende, ýere patlap düşýär-de, a-a-alty diýip paraşýutyň halkasyny çekip goýberýär.
Ýa-da: “Täzesini eşitdim, diňläň” — diýer.Tokaýyň içinde haýwanlar aljyraňňy ýagdaýda her haýsy bir tarapa ylgap barýarlar, tilki towşany saklap: - Bu nä boluş? Nirä, nämeden gaçyp barýarsyňyz? — diýende, towşan:
— Gaçaweri, tilki jan, gaçaweri!
— Hä, näme boldy, näme üçin gaçaýyn?
— Aýynyň aňkasy aşypdyrmy, nämemi, bilmedik welin, ol kimiň gulagy üç bolsa olary goparyp taşlaýarmyş.
— A biz näme üçin gaçmaly? Biziň gulagymyz
iki ahyry.
— Wah, tilkii jan, ol ilki soguryp, soň sanaýar ahyryn!
Onsoň başlanar gürrüňler:
— Eşitdiňizmi, Çary Aşyryň maşynynyň tekerleriniň ogurlanyşyny?
Çary Aşyryň GAZ-21 kysymly “Wolga” maşyny bardy. Ol, köplenç, ony howlynyň içinde goýup gidiberýän eken. Bir gün ir bilen maşyna münüp otlap gitjek bolanda, maşyn ýerinden gozganman dur diýýär. Çykyp seretse, dört tekerini hem ogurlap gidipdirler. Ýerine bolsa kerpiç goýupdyrlar. Çary Aşyr bu wakany uçastkowoý milisä habar berýär. Milise ýaş türkmen ýigidi eken. 0l Çary aga bir topar biderek soraglar berip, ýüregine düşüpdir. Ahyram: “Tekerleriňiziň ogurlananyny kimden görýäňiz?” — diýip soranda, Çary aga: “Hydyr Derýadan görýän” — diýip jogap beripdir.
Hydyr Derýa, Towşan Esenowa, Çary Aşyr, Kaýum Taňrygulyýew dagy hemmesi goňşy bolup, bir jaýda ýaşaýardylar.
— Näme üçin Hydyr Derýaýewden görýäňiz? Kim ol? — diýip soraýan milisäniň ady belli türkmen ýazyjysyny bilmeýändigine Çary aganyň gahary gelip:
— Şondan başga adam däldir, ol öňem on ýyl türmede oturyp geldi, hökman şony sorag edip görüň — diýipdir.
Ana, saňa gerek bolsa, ýaňky milise biziň ady belli ýazyjymyz Hydyr Derýany üç günläp sorag edip ýörse nätjek?
Soň Hydyr aga Çary aga: “Goý, how, şu oýnuňy, “Itiň oýnam bolsa, göläň çynydyr” diýipdirler. Ýaňky milise, men-ä aňyrda duraýyn, öz ene-atasynam tanaýandyr öýdemok” — diýipdir.
Ine, görseňiz, biziň ýaşlarymyzyň arasynda öz halkynyň belli adamlaryny tanaýşy, ýöne, Hudaýa şükür, olar köp däl.
Garaz, “Dile geldi, bile geldi” diýipdirler. Birki agyz Märranet Seýit bilen Beki aga barada gürrüň bereýin.
Mämmet agany iň soňky gezek, 1979-80-nji ýyllaryň tomsy bolsa gerek, görüpdim. Uniwersitetiň gaýybana bölümine okuwa girmek üçin abiturientler dokumentlerini tabşyrýardylar. Dokument alşygyň iň soňky günüdi, wagt agşamlap barýardy, bir seretsem, uniwersitetiň howlusynda Mämmet Seýit alakjap ýören eken. Men kabinetimden çykyp, Mämmet aga bilen salamlaşdym. Ondan näme kömek gerekdigini, bu wagtlar uniwersitetde näme işläp ýörenligini soradym. Ol maňa: “Derýa, sataşanyň gowy bolaýdy, sen kömek edäýmeseň, meniň-ä bu zatlardan başym çykanok. Häzir uniwersitetde ne rektor, ne-de prorektor bar, gyzym Bäherdenden gelip, dokumentlerini tabşyryp bilmän otyr, bir sprawka ýetenok, özem şu gün dokument alşygyň iň soňky güni, ertir sprawkany getirerin, şu gün dokument alaýyň diýip haýyş edýän welin, hiç kim maňa gulak asanog-a” — diýdi.
Bu gezek Mämmet aga öňki degişmesi bilen “Ýaşulular Sowetiniň başlygy” diýmedi. Onuň keýpi ýokdy. Göwnüne gaty deglipdir. Gaty nebsim agyrdy, türkmençilik, musulmançylyk edip, kömek etmegi makul bildim.
— Bolýar, Mämmet aga — diýip, men onuň öňüne düşüp, gapysy ýapylan dokument kabul ediş jaýyny açdyryp, jogapkärçiligi öz üstüme alyp, dokumentleri kabul etdirdim. Men şol wagt partkomuň sekretarydym. Mämmet aga köşeşen ýaly bolup, sag bolsun aýdyp gaýtdy, ýöne şol wagtky öýke welin göwnünden çykmaýan ýaly bolup göründi.
Beki Seýtäkow barada Gurbannazar we beýleki galamdaşlary onuň pulunyň kändigini, ýöne sowmany gowy görmeýändigini aýdýardylar.
1969-njy ýyldan 1970-nji ýyla geçilende Bitaraplyk aýynyň 31-ini — Täze ýyl gijesini Gurbannazar maňa bile geçireli diýdi. Özem dört adam bolýandygymyzy: sen, men, Beki Seýtäkow we Nargylyç Hojageldiýewdi öýdýän, hiç ýadyma

düşenok, aýtdy. Her haýsym yz on manatdan çykarmaly, men razylaşdym, Gurbannazar bilen ýygnalan pula azyk aldyk, şonda Gurbannazar maňa: “Ýa, walla, Beki aga-da biziň bilen deň çykaraýýar-aý puly, men dagy şonuň ýerine bolsam, 25 manady oklap goýberjek” diýipdi. Täze 1970-nji ýyly gowy garşyladyk, Beki aganyň ýanynda bir owadan, juda owadan rus zenany bardy, bularyň bolup oturyşyna daşyndan guwanýardym.

1970-nji ýyllarda Moskwada türkmen edebiýatynyň günleri geçirildi. Şoňa Gurbannazar, Annaberdi Agabaýew, Beki Seýtäkow, ýene-de birnäçe şahyr-ýazyjylar gidipdirler.
Gaýdyşyn Domodedowo aeroportunda Gurbannazar, Annaberdi hemmesi restoranda samolýota münmezden ozal, mäkäm oturýarlar. Emma samolýot howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli uçmaýar. Bular ýene-de bir gezek restorana barýarlar we barja pullaryny sowup, ýekeje manatsyz galýarlar. Samolýot bolsa, ýene-de uçmaýar. Olaryň wagt geçirmek üçin restorana baraslary gelýär, barasyň gelende näme?! Pul ýok, puly kimden almaly — Beki agadan almaly. Annaberdi: “Ýok, ýok, men karz pul sorajak däl, kim sorasa şol sorasyn” — diýýär. Gurbannazary delegat edinip, Beki aganyň ýanyna iberýärler. Gurbannazar Beki aganyň ýanyna baryp: “Beki aga, maňa 20 manat karz pul beriň, Aşgabada baranymdan gaýtaryp bererin” — diýýär. Beki aga: “Gurbannazar, saňa gerek bolsa onuň gürrüňi bolmaz, ine, 20 manat” — diýip, iki sany gyzyl onlugy çykaryp berýär. Bu ýagdaýa syn edip oturan şahyrlar heýjanelek bilen Gurbannazaryň uly iş bitirenine begenýärler.
— Ertesi Aşgabada gelip işe baranymda göni Beki aganyň kabinetine baryp, düýnki karz alan pulumy “Taňry ýalkasyn” bilen yzyna gaýtardym. Beki aga ýigrimi manady eline alyp, gowy synlap: “Be, Gurbannazar, şindem karzyny gaýtarýan gowy adamlar bar-how” diýdi — diýip, Gurbannazar gürrüň berýärdi. Megerem, Beki agadan karz pul alyp, gaýtaryp bermeýänler köp bolandyr-da.
Gurbannazar öz döwürdeş şahyr-ýazyjylary, hudožnikleri bilen oturyp-turuşmany gowy görerdi. Hudožniklerden onuň gowy görýänleri Durdy Baýramow, Mämmet Mämmedow, Stanislaw Babikow, Çary Amangeldi, Tokar Tugur dagydy. Tokar Tugur bilen Gurbannazaryň garyndaşlygy hem bardy: olar bajadylar. Tokaryň döredijiligi türkmen üçin entek düşnüksizdi.
— Tokar, saňa kyn bolaýmasa, bu ajaýyp eserleriňi türkmen köpçüligine ýetirmek, düşündirmek.
— Men şu stilde işlemäni gowy görýärin. Onsoňam, oňa düşünmek her adamyň özüne, intellekt derejesine bagly ahyry.
— Onyň dogry, Tokar, ýöne eklenç üçinem bir zatlar döretmeli borsuň. Entek türkmen halkymyzyň arasynda mesenatlar döränok, döredijilikli, ukyply adamlara maliýe kömegini eder ýaly.
— Dogry, Gurbannazar, ýöne entek seniň eklenç üçin ýazan goşgyňy men-ä okap göremok, bolsa bir-iki sanysyny okap bersene, diňläli.
— Eh, sen, bir zat aýdyp goýberýäň! Aý, men, ýöne diýäýdim-le. Ynha, Kerim Gurbannepesow maňa: “Gurbannazar, hemme goşgularyňy şedewr etjek bolup ýörmezler, arasynda gowşagrak goşgularyň bolanynyň zyýany ýokdur, onsoňam, çagalaram-a eklemelidir. Hany biziň aramyzda uly baýlyk barmy? Tükenmez baýlygyň bolsa, işiň aňrybaş goşgy döredip ýörmeli...” diýdi. Görýärmiň, Kerim aga-da diýse diýýär weli, ýöne özi gowşak goşgy ýazanog-a.
Men ýaňy-ýakynda Tokaryň ussahanasyna baryp, onuň bilen başdan geçirenlerimizi ýatlap köp oturdyk. Şonda men oňa: “Gazanç üçin iş ýazaňokmy? Gurbannazaryň aýdanlary ýadyňdamy?” — diýenimde, ol: “Hawa-la, her gün diýen ýaly ýadyma düşýär, ýöne seredip otursaň, şol jedellerden bäri 25 ýyl geçipdir, emma şol ýyllarda (meniň sungat ýoluna ýaňy başlan ýyllarym) Gurbannazaryň aýdan “gazanç üçin” diýen sözleri doly manysynda heniz-henizlerem dowam edip gidip otyr. “Gazanç üçin” iş ýazmasaň hor bolarsyň diýip, kärdeşlerimem, Orsýetdäki kärdeş dostlarymam , dünýä belli sungat öwrenijilerem henize çenli: “Tokar, bazar üçin iş ýaz” — diýen sözleri gaýtalap gelýärler. Olar: “Tokar, seniň işiňi diňe sungata gaty gowy düşünýän baý kolleksionerler ýa-da muzeý alyp biler” diýýärler. Men bolsa “içki sesimi” diňläp görýärin, Gurbannazar bilen eden gürrüňlerimizi ýadyma salyp: “Heý, bu gudratly käriňe ikilik edip bolarmy?!” diýip, onuň “Serpaý” kitabyny elime alanymy duýman galýaryn — diýip maňa gürrüň berdi.
Ykbal meni hudožnikler bilen has ýakyn bolar ýaly etdi. Men alty aýa ýeter-ýetmez wagt Hudožnikler Fondunyň başlygy bolup işledim. Ady belli hudožnikler bilen ýakyn aragatnaşykda boldum.
Gurbannazar diýerdi:
— Birnäçe sungat işgärlerini, artistleri, sazandalary, belli adamlary daşyndan tanap, olary sahnada, kinoekranda görüp ýörenden gowusy ýokdur, olar bilen ýakyn tanyşsaň, seniň bular baradaky öňki pikirleriň gabat gelmeýär-de, onsoň sen juda gynanýarsyň.
Gurbannazaryň şu diýenleri, hakykatdanam, dogry eken. Men, gadyrly okyjy, geljekde Halyl Kulyýew barada hem, hudožnikler barada hem, uniwersitetiň durmuşy barada hem ýazaryn, sebäbi uniwersitetden gömükli-gömükli döwlet işgärleri ýetişdi, okyjylary olaryň uniwersitetdäki durmuşy, dünýägaraýşy gyzyklandyrar öýdýärin.

DÖWÜR HAKDAKY PIKIRLER

Gürrüňler, söhbetdeşlikler, jedeller nähili gowy eken. Hruşýow döwründe sowet adamlary 80-nji ýyllarda kommunizmde ýaşarlar diýip, padioda, telewizorda günde gygyryp durdular. Biz şol wagtlar uniwersitetiň 4-nji kursunyň talyplarydyk. Okuwdan soň Gurbannazar bilen 1-nji parkyň aşak ýanynda täze bir kafe açylypdy, şoňa baryp gara kofaniň başynda (kofe içmek Aşgabat ýaşlarynyň arasynda ýaňy ýaýrap başlapdy) ýaňky 80-nji ýyllarda boljak kommunizm barada gürrüň açýardyk:
— Sen şu diýilýän zatlara ynanýarmyň?
— Hawa, ynanýan, ine, kommunizm bolar, bizem şol wagtlar 40 ýaşlarymyzda, tüýs wagtymyz, bolar bir hezillik.
— Eh, sen, özüň rus edebiýatçysy bolup, Dostoýewskiniň aýdanyny bileňok, ol näme diýýär:
“Geljekdäki bagtly durmuş üçin, biz bu günki durmuşy ýatdan çykaryp, adamlara geljekde gowy ýaşarsyňyz diýip, olaryň her günki aladasyny etmäň!”, ýene-de “Geljekdäki bagtly durmuş şu günki çaganyň ýekeje damja gözýaşyna-da degýän däldir” diýýär. Zat okaňyzok-how, siz bir okarlar ahyry.
Dogry, men bu aýdylan jümläni bilemokdym, şol wagt dogrusyny aýtsam, manysyna-da düşünip baramokdym, ýöne Gurbannazar sypaýy adamdy. Ol söhbetdeşiniň ýaramaz ýagdaýa düşenini aňsa, şolbada gürrüňi başga ýana sowar goýbärdi.
Kafeniň içinde türkmenden diňe ikimizdik, beýleki oturanlar başga milletleriň wekilleridi. Gurbannazar muňa şol bada:
— Görýärmiň, Derýa, biziň türkmenlerimizem şeýdip oturyp bilýärler-ä, näme üçindir, olar şunuň ýaly ýerlere az gelýärler. Gyzlar barada-ha, gürrüň edip oturasy işem ýok.
— Aý, biziň türkm enlerim iziň häsiýeti şeýleräk-dä, aýyp görýärler.
— Hawa-la, ejelerine, aýallaryna köne köýnek geýdirip, köçe süpürtmäni aýyp görenoklar, şunuň ýaly ýerlerde oturmany bolsa aýyp görýärler. Bu zatlardan haçan saplanarkak?
— Saplanarys, Gurbannazar, saplanarys, arada Mäti Kösäýew bilen Hojaberdi Hanowyň bir gürrüňini eşitdim, şony aýdyp bereýin.
(Gurbannazar Hojaberdi Hanowy has gowy görerdi). 1950-nji ýyllarda türkmen filologiýasynda Marynyň bir obasyndan iki sany gyz okaýan eken. Bular gaty gowy okaýan ekenler. Ýöne bedenterbiýe sapagyna şol gyzlar türkmen köýneginde gelýän ekenler. Bedenterbiýe mugallymy (türkmen däl bolmaly) bu gyzlara sport eşiginde sapaga gelmelidiklerini ençeme gezek aýdypdyr. Emma gyzlar utanyp, ýene-de şol milli köýnekleri bilen sport meýdançasyna gelipdirler. Şonda mugallym: “Indiki gezek sport eşiginde gelmeseňiz, sapaga goýbermerin” — diýipdir. Şondan soň gyzlar indiki sapaklaryna sport eşiginde gelýärler. Bulary sport eşiginde ilkinji gezek gören bir kursdaş oglan bälçiräp: “Waý, bu gyzlara serediň-ow, waý bularyň figurasyny dagy...” diýenden soň, şol gyzlar sapakdan çykyp, umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, zatlaryny ýygnaşdyryp, wokzaldan göni öýlerine gaýdypdyrlar, öwrülibem, okuwa gelmändirler. Ýeri, muňa näme diýjek?!
— Näme diýeýin? 0l gyzlaryň päkligine, arassalygyna hiç zat diýip bolmaz, ýöne bir näkese jogap berip bilmändiklerine welin, men haýran.
Biz kafeden çykyp, parkyň aşak tarapyndan Ýazyjylar Soýuzyna tarap ýöräberdik. Parkyň içindäki tomusky restoranda birnäçe adam otyrdy.
Men:
— Gurbannazar, seret şu taýyk, ine, şu parkyň içinde 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soň ýaşadyk, özem faner jaý salyp berdiler, ýaman köp adam ýaşaýardy, her milletden bardy, şu ýerden geçenimde şol ýadyma düşýär, indi gürrüň bersem hiç kim ynananogam.
— A sen gürrüňem berme, ynanmasalar...
Gurbannazara ýaňky gyzlaryň boluşlary täsiretdi öýdýän, kän gürlemedi.
Talyp ýyllaryny adamyň durmuşynda iň gowy ýyllary diýip hasap edýärin. Olar ýyldyrym deý geçdiler. Talyplyk ýyllary uniwersitetiň çeper höwesjeňlerine gatnaşyp, gyjak çalýardym. Biziň ýolbaşçymyz Annageldi Jülgäýewdi. Şol döwür gyjak bilen pianinony goşup, çeper höwesjeňleriň arasynda çalmak juda täsirlidi. 0l maňa gyjagy pianino bilen goşup çalmagy öwredipdi. Men günleriň birinde telewideniýede çykyş edipdim. Şondan soň köp wagt geçmänkä, bir gün Gurbannazar bilen haly fabriginiň deňinden geçip barýardyk. Arakesme wagty bolansoň, haly fabriginiň gelin-gyzlary daşarda üýşüp duran eken. Gurbannazar ikimiz bularyň ýanyndan geçip barýarkak, gyzlaryň arasyndan: “Hanha, arada telewizorda gyjak çalan oglan barýar-la” diýen ses eşidildi. Beýleki biri: “Haýsysy-la, haýsysy?”. “Anha, şar gara saçlysy!” — diýip, beýlekisi jogap berdi.
Men Gurbannazara seretdim, ol hem maňa:
— Baý-bow, indi şahyrçylygy taşlap, bir gyjak çalyp telewizorda çykyş etmesem, dünýäden armanly öterin. Sered-ä muňa, gyzlar şahyry tananoklar, bu sazandany welin tanaýarlar, ýeri, näme diýip, näme aýtjak?!
Gurbannazar okuwy gutarandan soň, uniwersitete ýygy-ýygydan gelýärdi. Men komsorg bolanymdan soň, edebi agşamlar geçirýärdim. Bu agşamlara Gurbannazar Ezizowyň:

Sag bol ene mekan,
Süýt emen ýerim.
Aglama, ene jan,
Gaýdyp gelerin...

— diýen goşgusyna oýun goýlardy, uniwersitetiň talyplary Gurbannazar Ezizowy, Halyl Kulyýewi, Annaberdi Agabaýewi, Nazar Gullaýewi, Begmyrat Ussaýewi, Orazmyrat Gurdowy, ýene-de birnäçe şahyrlary ýygy-ýygydan çagyryp durmagymy menden haýyş ederdiler. Gurbannazar talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlaryna baryp, öz täze goşgulaiyny okap bermegi gowy görerdi.
0l, umuman, toý bolsun, ýönekeýje oturylyşyk bolsun, hökman goşgy okaman gaýtmazdy. Onuň goşgusyny özi ýaly hiç kim okap bilmezdi, onuň özboluşly okaýşy bardy. Birnäçe şahyrlar öz goşgusyny okanlarynda Gurbannazaryň okaýşyna meňzetjek bolardylar, emma ol bärden gaýdýardy.
Gurbannazaryň goşgularynda sow et şahyrlaryna mahsus däl zatlar bar diýip Balyş Öwezowyň bir dokladynda aýdylypdy.

...Men nirä barýanymy bilip bilemok,
Siz açyň gapyňyz, men size barýan...

Gurbannazar muňa känbir ünsem berip durmazdy. Dogram etdi. 1970-nji ýyllaryň öň ýanynda Leniniň doglan gününiň ýüz ýyllygy diýip, bar adamlaryň ünsüni şol senä çekdiler. Hemme zat Lenin barada, seminar bolsun, ýygnak bolsun, konsert bolsun, hökman Lenin bilen başlamaly, Lenin bilenem gutarmaly. Menem komsorg bolanym üçin bu zatlaryň arasynda. Bir giin Gurbannazar:
"Ýeri, Derýa, Leniniň ýubileýine taýýarlyk görýäňizmi?” diýdi.

— Hawa, görýäris.
— A sen 1970-nji ýylyň 22-nji aprelinde bulgury galdyranyňda näme diýip göterjek? Leniniň saglygy üçinmi? Bolýar, gorkmasaň, men saňa Lenin barada bir anekdot aýdyp bereýin. Fransuz ýigidinden sorapdyrlar:
— Sen özüň ýaş, alan aýalyň bolsa senden 40 ýaş uly, näme üçin beýtdiň? Onda ol:
— Men bäş-on ýyl bu aýal bilen ýaşaryn, soň bu öler, maňa hemme baýlygy galar, şonuň üçin öýlendim.
Iňlis ýigidinden sorapdyrlar:
— Sen näme üçin beýtdiň, özüňden 45 ýaş uly aýala öýlendiň?
— Onun ençeme zawody, fabrigi, banklarynda köp puly bar. Men 5-10 ýyl ýaşaşaryn, soň aýalym öler, baýlygy maňa galar.
Sowet ýigidinden sorapdyrlar:
— Sen näme üçin özüňden 50 ýaş uly aýala öýlendiň?
— Meniň aýalym Lenini görüpdir — diýip, jogap beripdir.
Munuň ýaly anekdotlary, onda-da şol döwür, her kim aýdyp bilmezdi.
Gurbannazaryň kakasy Eziz aga fronta gatnaşyp, nemesleriň konslagerinde bolýar. Onuň çöregi bitin eken. Sag-aman öýüne dolanyp gelýär. Ýöne öz öýünde arkaýyn ýaşadanoklar. Gurbannazar gürrüň berýärdi: — NKWD diýip bir edara bardyr-ow, şular kakamy sorag edip ýürege düşdüler. Tä 1958-nji ýyla çenli her ýyl 3-4 gezek dagy öýe gelip gidýärdiler. Men bu ýagdaýy görüp, olara çydap bilmän: “Ýene-de bir gezek gelip, kakama azar berseňiz, menden gaty görmäň” diýip itekleşdirip, howludan kowup goýberdim. Megerem, meniň bu hereketlerim täsir etdimi ýa-da döwür üýtgedimi, ýöne hälkiler gaýdyp biziň howlymyza gelmedi.
Men Gurbannazaryň gaty sypaýy adamdygyny bilenimden soň, şolary nähili edip kowandygyny hiç göz öňüne getirip bilemok. Ýöne hakykat hakykatlygyna galýar. Gurbannazaryň ýaňkylary kowşuny Eziz aga gürrüň berýärdi. Eziz aga (ol adyny Eziz däl-de, näme üçindir, Aziz diýlip tutulsa, gowy görerdi) Gurbannazara elmydam “Kürräm” diýip ýüzlenerdi. Men Eziz aganyň Gurbannazara öz adyny tutup ýüzlenenini görmedim.
Eziz aga Gurbannazaryň ölümi juda ýokuş degdi. Bir gezek öýlerine barsam, öňünde magnitofon, Gurbannazaryň sesi ýaňlanyp dur, şol biziň ýazan ýazgylarymyz. Meni görüp, näçe mertlik etjek bolsa-da, bolmady, gözýaşy ýüzüni ýuwup durdy. Men köp oturyp bilmedim, gürrüňem edip bilmedik, ýöne wagtal-wagtal Eziz aga “Wah, Kürräm. Wah, Kürräm” diýip uludan dem alýardy. Gurbannazardan soň olam köp ýaşamady, aradan çykdy, bu dünýäň adalatsyzlygyna pelekden närazy bolup gitdimikä diýýärin. Goý, onuň ruhy meni bagyşlasyn. Adam-adama, dogan-dogana, dost-dosta, är-aýal biri-birine öwrenişip, saz ýaşap ýörenlerinde olaryň biri birdenkä aradan sogrulyp gitse, beýlekisi hem kän ýaşap bilmez eken. Muňa Eziz aganyň ölümi hem güwä geçýär.
Gurbannazar maňa: “Derýa, sen bilýärmiň, men gonamçylyga adam jaýlamaga ilkinji gezek seniň ejeň ýogalanda bardym, ikinji gezek seniň agaň Baýramguly ýogalanda, indi bolsa ýygy- ýygydan gatnap durus. Ýogsa-da, Derýa, ölenimizden soňky barjak öwlüýämiz-hä bir ekeni” — diýipdi.

DOST WASPY

Şu ýerde men Gurbannazaryň “Dost waspy” diýen goşgusyny doly getirjek, munuňam bir sebäbi bar. Gurbannazaryň şu goşgusyny men hiç wagt özüniň okap berenini eşitmedim, onsoňam, şu goşgy Gurbannazar ýaňy gonamçylyga ilkinji gezek bardym diýen döwründe ýazylypdyr. Gurbannazar bu dünýäden öteninden soň, şu goşgy meni talantly ýazyjy hem hudožnik (dünýäde seýrek duşýan zat) Juma Hudaýgulyýew bilen dostlaşdyrdy. Bir oturylyşykda Gurbannazar Ezizow barada, onuň döredijiligi barada gürrüň gitdi, şonda oturanlaryň biri şu goşgyny ýatdan okady:

Uzyn gije uly öýüň iç-daşy,
Ýüregiňi gyýyp barýan agydy.
Ertesi gün, gün guşluga galanda,
Mazarlyga äkitdiler tabydy.

Dört gerçegiň gerdeninde şo tabyt,
Dört tigir üstünde barýan ýalydy.
Ne bir ynjaýardy, ne bir sarsýardy,
0l howada uçup barýan ýalydy.

Ýöne nämüçindir şol dört gerçegiň,
Birine bu tabyt düşýärdi agyr.
Gözüne der girip, haşlaýardy ol,
Äpet egin bolsa, bolupdyr ýagyr.

Kömege gelene ýaýkaýar başyn,
Guran goluna hem berenok dynjy.
Gussa-ünji hemmeleri maýyrdy,
Ony hasam maýyrypdy şol ünji.

Ýadanlaň ýerini yzkylar tutýar,
Ýadan bedenlere güýz ýeli urýar.
Ses eşdildi: “Wah, bu gerçek iň söwer
Dostun mazarlyga äkidip barýar”.

... Her näme diýsegem, ölýär adamlar,
Yzda eser galýar. Galýar saz, mukam.
Ýöne bizi şeýle ünji-gam bilen
Gerdeninde göterjekler barmykan?

Ana, şol okan ýigit Juma Hudaýgulyýewdi. Şu goşgudaky hadysalar we gömüşler maňa juda ýakyn, juda tanyşdy.
Gurbannazar soňky döwürlerde ilerik gatnamany gowy görerdi, Garadamak öwlüýäsiniň ýanyndaky suw skwažinasynyň buz ýaly suwy bardy, Gurbannazar şu ýerde bolmany gowy görerdi. Ol ýere tomus aýlary sypynsak Baýramguly Amangeldiýewiň “GAZ-21” kysymly maşynyna münüp barardyk. Soň Baýramguly ikimiz bu skwažina “Gurbannazaryň skwažinasy” diýip at dakdyk. “Nirä gidýäs?”— “Gurbannazaryň skwažinasyna gitdik” — diýip, Baýramgulynyň “ВВ- ВБ” döwlet belgili “Wolga” maşynyna Gurbannazar ikimiz münüp, üç bolup gidiberýäs. Şol ýerde Gurbannazar daglara syn ederdi, şol ýeriň daş- töweregi, hakykatdanam, gözeldi. Gurbannazaryňky ýaly Hakdan içenlik barka, şunuň kysmy gözellikleriň arasynda ýaşap, şahyr bolmanam bir gör! Şu ýeriniň gömüşi, ot-çöpi, daş-töweregi men barada, biz barada goşgy ýaz diýip duran ýalydy.

Men, men diýip, daga köňül bagladym,
Seni görüp kiçiligme agladym, —
Boýumy boýuňa deňän halatym,
Toba edip öňüňde çökerin, daglar...

Şu goşgynyň şu ýerleriň täsiri bilen ýazylan bolmagy mümkin. Gurbannazar soň gonamçylyga tarap seredip, Magtymgulynyň:

...Mazarystana bar, otur, pikir eýle,
Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup...

— diýen setirlerini ýatlady-da:
— Be, ýazyp bilipdir-how — diýdi. Baýramguly Gurbannazar şular ýaly göwniçökgün boluberende:
— Hany, ýörüň, gaýtdyk, boldy indi, oturyp bildik-le — diýip, maşyny otlardy.
Haýran galaýmaly, Baýramgulynyň öňden bir zady duýýan ýaly häsiýeti bardy. Gurbannazar dünýäden ötensoň, yzysüre uniwersitetiň talyplaryny Tejene pagta ýygmaga äkitdiler. Şonda niredendir bir ýerden Baýramguly agasy Saparguly bilen meni wokzala ugratmaga geldiler. Şonda Baýramguly maňa:
— Derýa, özüňi aýap saklajak bolaweri, saglygyňa seret, sag-aman gaýdyp gel! — diýip ugratdy.
Yzýany meni Tejenden “Tiz kömek” maşyny bilen zordan Aşgabada - keselhana getirip, operasiýa etdiler.
Gurbannazary öli saklanýan ýerden alyp gaýdanlaryň biri Baýramgulydy. Onuň gürrüň berşine görä, ilkinji ok Gurbannazara degip, şol ok hem sürüjini alypdyr. Gurbannazar edil sürüjiniň yz ýanyndaky ýerde oturan bolmagy mümkin diýip aýdýar.
Tokar, Baýramguly, Amangeldi — bular elmydam Gurbannazaryň ýanyndaky adamlardy. Tokar bir ýerde Gurbannazar goşgy okasa, şol ýerdedi, zaldan birinden ses çykaýsa halamazdy, baryp: “Goşgy diňlemejek bolsaňyz, işiňiz ýok şu ýerde” diýerdi.
Gurbannazaryň özi hem goşgy okanda dym-dyrslyk bolsa, gowy görerdi, biri gäwüşäp otursa-da, okamany bes ederdi. Dogrusy, Gurbannazar goşgy okanda başga zada güýmenmek çetindi, onuň goşgy okaýşy özüne tabyn ederdi. Toý bolsun, oturylyşyk bolsun, hökman goşgy okap bererdi. Gurbannazaryň şu häsiýeti onuň ýaş şägirtlerinden Atamyrat Atabaýewde-de bar. 0l şol döwrüň ýaş şahyrlaryndan Ahmet Gurbannepesowy bellärdi. Ahmet bilen meni Gurbannazar tanyşdyrdy. Men komsomol komitetinde sekretar bolup ýörkäm, rus edebiýatyndan sapak bererdim. Günleriň birinde meniň kabinetime Gurbannazar geldi, ýanynda ýaş oglan.
— Derýa, ine, şu adam häzirki zaman türkmen poeziýasynyň iň gömükli wekili, senem şundan rus edebiýaty boýunça zaçýot almaly.
Ol biri bilen tanyş edende tanyş edýän adamsyny degşip diýen ýaly, öwüp arşa çykarardy. Şondan soň Ahmet bilen gatnaşygym yz has ysnyşykly bolup, soň dostluga öwrüldi. Bilmedim, 1970-nji ýa-da 71-nji ýyllarda, Soltanmyrat, Ahmet, Gurbannazar Gäwers düzlügine işlemäge gitdiler. 1 -2 aýlap şol ýerde bolup geldiler, şol döwür barada Ahmet ýa-da Soltanmyrat ýazar öýdýärin, ýöne şol ýerleriň täsiri astynda şu goşgy döredimikä diýýärin:

... Säherem dumanlap örän uzakdan,
Bärik, sähra tarap ädýärdi ädim...

Gurbannazar obany gördümi, muny men, dogrusyny aýtsam , Annaberdi Agabaýewiň “Ezizowyň emri bilen” diýen kitabyndan bilip galdym.
Inim Işanguly Ataýew öýlenende şo taýyk toýa bardyk, Gurbannazar meniň mehinlidigimi, ine, şonda bilip galdy. Men muny ýöne ýere ýatlamok, şol döwürde Gurbannazaryň, Halylyň, Annaberdiniň daşyna üýşýänleriň niredenligi hiç hili rol oýnanokdy. Esasy zat — seniň päk döredijiligiň, ynsanperwerligiň, edebiýata, sungata, galyberse-de, türkmen halkynyň ykbalyna seredişiňdi. Annaberdi rast aýdýar, tireparazlyk pes, nadan, gözýetimi dar adamlara mahsus, olar üçin bolsa biziň aramyzda оrun ýokdy.

MEHINDE

Indi oba, toýa barşymyzy gürrüň bereýin. Toýa Gurbannazar, Ahmet, Tokar, Baýramguly, Aman Annagurbanow dagy bilen iki maşyn bolup gitdik. Bizi diýseň gowy garşyladylar. Aýratyn mal soýdular. “Derýanyň şahyr dostlary Aşgabatdan gelipdirler” — diýip, obanyň adamlary geldiler durdular. Agşam toýda hormatly ýerde oturtdylar. Bagşy aýdyrn aýdýardy, biziň obamyzyň däbi boýunça oturan her topar pul ýygnap, bagşa aýdym aýtmagy buýrardy. Pul ýygnaýan jarçy her kimiň adyny tutup: “Gurbannazar şahyr, Aşgabatdan gelen myhman, toýuňda gaýtsyn!”, “Ahmet, Tokar, Gurbannazar, toýuňyzda gaýtsyn!”, “Baýramguly toýuňda gaýtsyn!” diýip ýaltanman gygyryp aýdýardy. Bu zatlary Gurbannazar, Ahmet, Baýramguly, Aşyr Bäşimow dagy öň görmän ekenler. Olar bu däbi gowy görüp hem-de toýuň tertipli geçýändigini görüp, juda geň galdylar. Gurbannazaryň goşgy okasy gelýärdi, men onuň ýüzünden bilip durdum, ýöne nätjek, oba toýunda goşgy okamak däbi entek omaşyp baranokdy, şonuň üçin biz ertesi myhmanlar bilen mehinliniň ilerisindäki skwažinanyň ýanyndaky tutlaryň arasynda mal soýup, dürli nygmatlar bişirip şeýle bir oturdyk welin, şu günki güne çenli ýatdan çykanok. Bir aýdyp geçmeli zat: şu ýerde Ahmedem, Gurbannazaram, Aşyr Bäşimowam orta çykyp tans etdiler. Şularyň hemmesi “Ömrümizde birinji gezek tans etdik” diýip aýtdylar. Men bolsa: “Tans edişiňizden belli-le, birinji gezek edýändigiňiz” diýenimde, Gurbannazar bilen Ahmet:
— Bolmanda-da biz siz ýaly edip bilmeris, Ýaşulular Sowetiniň başlygy — diýdiler.
Ahmet şu toýuň eden täsiri barada bir goşgy ýazaryn diýdi, Gurbannazar bolsa: “Bizem ony gelip, ýene-de şu ýerde okarys” diýdi, Emma soň baryp bilmedik.

GURBANNAZAR HAÇAN IŞLEÝÄR?

Gurbannazar köpçülikde bolm agy gowy görerdi. Olaryň öýleriniň gapysy mydam açykdy. Myhmany güler ýüz bilen garşylaýardylar, özem ir bolsun, giç bolsun, gijäňýary bolsun, nirede bolsak-da, “Ýörüň, Gurbannazarlara” diýlip gaýdyberilýändir. Elbetde, bu öýüň döwletliliginiň alamatydy. “Kakylmadyk gapy gursun” diýerdi şahyr. Men, diňe men däl, hemmämizem Gurbannazaryň haçan ýazyp, haçan pozýanyny bilip bilmezdik, gabat gelemzokdyk, “Haçan ýazýarka?” diýerdik.
Men bir gezek ir bilen Gurbannazarlaryň öýlerine bardym, öňümden Hally gelneje çykdy. Gurbannazary sorasam: “Ýok” diýdi. Yzyma öwrülenimem şoldy welin, birdenkä içerden Gurbannazar çykdy. “Kil munda!” diýen degişmesi bilen gygyrdy. Hally gelneje ýüzüni aşak saldy-da:
“Ynha-da, Derýa, meni kyn ýagdaýda goýýar-da,
öz-ä kim gelse-de, goýberme, men işläp otyryn” diýýär. Birnäçe adama “ýok” diýip goýberdim. Indem, ynha bolşy, menden bir aýyp görmäweri” — diýdi. Ine, şonda ömrümde ilkinji gezek Gurbannazaryň iş üstünde oturanyna gabat geldim.

Dowamy bar...
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 676 | Добавил: Gurban | Теги: Derýa Baýramgulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]