11:24 Milletiň Lideri Gahryman Arkadagymyz | |
MILLETIŇ LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZ
Halkyň, ýurduň Lideri bolmak nämäni aňladýar? Çünki bu wezipe-de däldir, at hem däldir, munuň özi ynama, umumy gymmatlyklara we maksatlara bolan umumy garaýşa ygrarlylyga esaslanan milli jebisligiň ýüze çykmasydyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň baş gymmatlygynyň adamdygyny, ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň maksadynyň bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny gazanmakdan ybaratdygyny yglan etdi. Milli Liderimiz şu maksat ugrunda hem ösüşiň täze gözýetimlerini açyp, ýollarymyzy möhüm üstünliklere hem-de beýik işlere besläp, Türkmenistany ynamly öňe alyp barýar. Iň batyrgaý pikirler we giň gerimli özgertmeler, iri möçberli taslamalar hem-de toplumlaýyn maksatnamalar halkymyz, onuň mynasyp geljegi baradaky aladalardan gelip çykýar, şol özgertmelerdir maksatnamalaryň, taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzy ösüşiň köp ölçegleri boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarýar, onuň halkara abraýyny artdyrýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan bu düýpli işleriň merkezinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasly hyzmaty, düýpli jogapkärçiligi, strategik çözgütleri kabul etmekde erki we yzygiderliligi, parasatlylygy we öňden görüjiligi, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça milli Liderimiziň ýadawsyz işleri durýar. Lider bolmak — ynamly, güýçli, maksada okgunly şahsyýetiň diňe bir çagyrmak bilen däl, eýsem, öz ähli tagallalaryny we tejribesini netije gazanmaga sarp etmäge zerur bolan ugurlary döretmek bilen nusga bolup durýan hereketi amala aşyryp bilmegidir. Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynyň rowaçlanmagynyň, çagalarymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine şunuň ýaly ýadawsyz işleri alyp barmagyň nusgasyny milli Liderimizde görüp, türkmenistanlylar Milli Lideriniň ähli başlangyçlaryny goldamak hem-de onuň öňe sürýän maksatlarynyň töweregine jebisleşmek bilen döredijilikli zähmete ruhlanýarlar. Hut halka daýanmak ykdysadyýetde we ýurdumyzyň durmuş ulgamynda ägirt uly üstünlikleri gazanmagyň esasy hem-de aýgytly şerti bolup durýar Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerini milli Liderimiziň ýakynda welaýatlar boýunça amala aşyran iş saparlary hem tassyklaýar. Şol saparlaryň barşynda Milli Liderimiziň hut özi ýerlerde özgertmeleriň we maksatnamalaýyn çäreleriň ilerledilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz kärendeçiler, maldarlar, obada zähmet çekýän beýleki adamlar hem-de talyp ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň durmuşy, işleri, häzirki aladalary we geljekdäki meýilnamalary bilen giňişleýin gyzyklandy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň adamlaryň arzuw-isleglerine, maksatlaryna hem-de gyzyklanmalaryna inçelik bilen üns berýändigine şaýatlyk edýär. Ýerden oýlanyşykly peýdalanyp bilýän ýer eýeleriniň täze neslini kemala getirmek obasenagat toplumynda özgertmeleriň üstünlige beslenmeginiň esasy şertidir diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Bu şert işiň beýleki ugurlaryna-da degişlidir. Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň daýanjy bolmak bilen bir wagtda, onuň hakyky, ýagny iňňän giň mümkinçiliklerini açyp, ildeşlerimizde öz ykballaryna hem-de Watanymyzyň ykbalyna düşünjeli we jogapkärli garamaga itergi berip, ukyp-başarnyklaryna pugta ynamy döredýär. Ýurdumyzyň durmuşyndaky köp sanly wakalaryň her biri, goý, ol täze durmuş we senagat desgalarynyň açylmagy ýa-da düýbüniň tutulmagy, sebit hem-de halkara ähmiýetli uly energetika, ulag, senagat taslamalarynyň ulanmaga berilmegi, ynsanperwer ulgamda — ylym we bilim, medeniýet, sport ugurlarynda özgertmeler bolsun, şol wakalaryň her biri ýurdumyzyň depginli ösüşiniň gerimini hem-de onuň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär. Halkymyzyň durmuşynda adaty ýörelgeleriň — onuň kalbynyň, özboluşlylygynyň, ahlak ugurlarynyň we taryhy mirasynyň häzirki günüň täzelikleri hem-de ýokary tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy hem yza dolanuwsyz öňe hereket etmegimiziň ugruny emele getirýär. Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete, ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kuwwatly senagat önümçilikli ýurda öwürmek baradaky wezipäni öňde goýup, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini hem-de bilim ulgamyndan başlap, ykdysadyýetimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ugurlara ählumumy sanlylaşdyrmagy ornaşdyrmagy möhüm şert hökmünde kesgitledi. Bu işler hem nesillerimiziň geljegi baradaky pikirlerden ugur alýar. Häzirki ýaş nesilleriň ertir iň döwrebap tehnologiýalara we ygtyýarlyklara eýe bolup, netijeli we özüne ýeterlik ykdysady toplumlary, kuwwatly ylmy-tehniki mümkinçiligi, durmuş taýdan goragly jemgyýeti bolan hem-de ösüş derejesi boýunça dünýäniň ösen döwletlerinden pesde bolmadyk kuwwatly ýurdy öz ellerine almagy üçin kuwwatly binýat döredilýär. Ýöne, giň gerimli bu işlerde, esasy zat — bularyň ählisiniň biziň topragymyzda ýaşaýan adamlaryň bähbidi we abadançylygy üçin amala aşyrylýanlygyndadyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny we ruhy ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamasy täzeçilligi, öňde goýlan wezipeleriň giň gerimliligi, batyrgaýlygy, ählitaraplaýyn döredijilikli çemeleşmesi we şunuň bilen birlikde, onuň durmuşa geçirilmegi üçin serişdeleri tapmagyň iş ýüzündäki esaslandyrmasy bilen tapawutlanýar. Türkmenistan abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň belentliklerine tarap maksada okgunly hereket edýär hem-de bu hereketlere Milli Liderimiziň işjeň, özgerdiji güýç-kuwwaty, halkymyzyň jebisligini we ruhuny ýüze çykarýan Liderligi güýçli itergi berýär. Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow alyp barýan işleri bilen ýol görkezýäniň dälde, şol ýollary çekýäniň hem-de bu işde jogapkärçiligi we zähmeti, kynçylyklary ilkinji bolup öz üstüne alýanyň, şeýle-de strategiýasyny oýlap düzýäniň Lideridigini görkezýär. Milli Liderimiz ýolbaşçylyk edip ugrukdyrmak bilen birlikde, guraýar, jebisleşdirýär hem-de pikirdeşleriň uly toparyna — tutuş ýurdumyza baştutanlyk etmeginde işleýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň hereketi ýyl-ýyldan täze depginlere eýe bolýar. Ol hereket maddy, ruhy, syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlaryny döretmegiň üznüksiz işlerinde jemlenip, ýurdumyzyň ösüşinde hil taýdan üýtgeşmeleri, halkymyzyň döwrüň islegine laýyk barha artýan abadançylygyny üpjün edýär. Akmyrat ANNADAÝANJOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |