09:13 Milli Liderimiziň atalyk kitaplary we ýaşlar terbiýesi | |
MILLI LIDERIMIZIÑ ATALYK KITAPLARY we ÝAŞLAR TERBIÝESI
Milli Liderimiz ”Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Ömrümiň manysy” ýaly kitaplaryny sowgat etmek bilen tutuş türkmen halkyna bahasyna ýetip bolmajak serpaý ýapdy. Bu eserleriň ählisiniň süňňünde Milli Lidermiziň ideýasynyň Magtymguly Pyragynyň öňe süren garaýyşlary, dürdäne pikirleri, nakyla öwrülen setirleri bilen sazlaşýandygyny duýmak bolýar. Ata-babalarymyz ”Zer gadryny zergär biler” diýipdirler. Magtymguly atamyzyň hem şeýle derejelere ýetirilmeginde, onuň dünýä halklaryna tanadylmagynda edilen ägirt uly işleriň özeninde, ýurdumyzda abraý-mertebesiniň belende galdyrylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallalary ýatyr. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynda akyldar şahyryň şygyrlarynyň uly orun tutýandygy sözümiziň aýdyň mysalydyr. Bu eserlerde beýikligiň beýiklige tüýs ýürekden çykýan buýsanjyny, sarpasyny duýmak bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny okanyňda Hormatly Ýazyjynyň edebiýatymyzdan, halk döredijiginden, Magtymguly Pyragynyň eserlerinden çuňňur habarlydygy duýulýar. Beýiklere diňe beýik bolan düşünýär. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň derejesini belende götermeginde hem şeýle hikmet ýatyr. Milli Liderimiziň eserleri akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi çeşme bolup hyzmat eden goşgularynyň many-mazmuny bilen baglanyşanda nesillere watansöýüjilik, halallyk, ygrarlylyk, zähmetsöýerlik, sabyrlylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, wepalylyk ýaly milli terbiýeleri bermekde ähmiýeti has ýokary derejelere göterilýär. Il-halkyna gymmaty asyrlar aşsa-da egsilmejek ajaýyp kitaplary peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Liderine jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýärin. Döwet galamyňyzyň ujy ýiti bolsun, Gahryman Arkadagymyz! Güljan ŞAHAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň koreý dili hünäriniň 4-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |