17:34

Muhammet pygamber -20: romanyň dowamy

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 279 | Добавил: Moderator | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Балканов  
1505
Öwezdurdy Nepesowyň "Muhammet pygamber" romanyna syn:

Bismillähi er-Rahman er-Rahym.
Romanyň 20-nji bölüminiň dowamy Kurany-kerimiň 96-njy süresiniň ("Alak"--Gan lagtasy) 3-nji aýatyny epigramma getirýär. Şonda "Eý, Muhammet!--diýip Allatagala Pygamberine ýüzlenende, awtor (Ö.Nepesow) Resulullahyň ismi-şerifini--hormatly adyny ýaý içinde s.a.w. abrewiaturasyny getiripdir. S.a.w.--salallowu we selem goşulmasy
(Oňa Allanyň ýalkawy we salamy bolsun) Kurany-kerimiň beýleki sürelerinde "Eý, Muhammet!" bilen başlanýan aýatlarynyň hiç birinde-de getirilenok. Pygamberimiziň adyna we mübärek tahalluslaryna "s.a.w." goşundysyny dileg edip, diňe ynsanlar aýdýarlar.
(Goý, Alla (t.t.) awtoryň bu säwliginiň günäsini geçäýedi).

"Daşa-işige diňe synja kylmak üçin çykaýmasa..." Daş we işik bir manyly, tirkeşik sözler bolsa, Pygamberimiz (s.a.w.) synja almak üçin (uýat agzalaryny arassalamak niýeti) işikden has uzagraga--hajathana giderdi. Awtor synja (ybadata degişli däl) bilen täretiň-tehäretiň (ybadata degişli) ýerini çalyşmaýan bolsa ne ýagşy.
Allatagala öz dosty, Habibullah--Muhammet pygammeriň (s.a.w.) ýanyna Jebraýyl perişdäni diňe ezýet berip, gorkuzmak üçin ugradýarmyka?!
"Çünki, göwnüne bolmasa, indi ol ynsan çagasy bolman, Hakyň bir bölegine öwrülen ýalydy" - bu pikir bilen Pygambere men-menlik aralaşan-a däldir-dä, ýa ol (s.a.w.) Alla (t.t.) şirk ýetirmegiň alamatymyka?
Pygamberimiziň (s.a.w.) isimleri: Resulullah, Habibullah, Nebiullah we ş.m. aýra ýazylman, bile ýazylýar.
Her bir taryhy eser çap berilmezden öň, taryhçy-hünärmen bilen maslahatlaşylsa has göwnejaý bolardy, Pygamberimize (s.a.w.) degişli eserlere bolsa has aýratyn üns berilmeli.

0
2 Балканов  
1505
Gadyrly redaksiýa we okyjylar! Men "epigraf" sözüni "epigramma" bilen çalşypdyryn, epigraf bolmaly.
Günemi ötmegiňizi haýyş edýärin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]