19:54 Nauşnik ulanmagyň zyýany | |
NAUŞNIK ULANMAGYŇ ZYÝANY
Ata-babalarymyz "Eşiden deň bolmaz gören göz bilen" diýipdirler. Muňa garamazdan gulaklarymyz biziň iň gymmatly synalarmyzdyr. Hernäçe eşidilenleri ähtibarsyz saýsak-da, eşidiş organlarymyz işlemese nähili boljakdygyny göz öňümize hem getiresimiz gelmeýär. Şeýle bolsa-da gulaklarymyzy aýamazdan aýdym-sazy gaty diňlemekden ýa-da nauşnikleri dynuwsyz ulanmakdan hiç birimiziň el çekesimiz geläýenok. Köplenç oňaýlylyk üçin oýlap tapylan nauşnikleri gije ýatanymyzda hem gulagymyzdan aýyrmagy unudýan halatlarymyz az däl. Geliň nauşnikleriň gulagymyza zyýany barada öwreneliň. Nauşnikde uzak wagtlap aýdym diňlemek ukubymyza zeper ýetirip, gulak bilen bagly näsazlyklaryň döremegine getirip biler. «Inwitro» lukmançylyk kompaniýasynyň hünärmenleri munuň gulakda gut dykysynyň emele gelmegine getirip, infeksiýa töwekgelçiligini ýokarlandyryp biljekdigini-de anyklapdyrlar. Nauşnik ulanylanda erkek adamlaryň eşidiş näsazlyklaryna köp duçar bolýandygyny we bu töwekgelçiligiň ýaşyň ulalmagy bilen ýokarlanýandygyny görkezýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) görkezmelerine laýyklykda, hünärmenler aýdym-sazyň güýçlülik derejesini 85 desibelden geçirmezligi we şeýle güýçlülik derejesinde aýdym-sazy günde 60-80 minutdan köp diňlemezligi maslahat berýärler. Ähli zadyň özümize peýdaly taraplaryny ulanyp zyýanyndan goranmak biziň öz elimizde. Gulagymyzy aýalyň! Serdar TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |