10:00

Näz eýleýip, mestan basyp gelen gyz

NÄZ EÝLEÝIP MESTAN BASYP GELEN GYZ

■ «Talyp gözeli-2019» bäslejiginiñ ýeñijisi Ogulbagt Koçiýewa bilen söhbetdeşlik

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň ara­syn­da «Talyp gözeli — 2019» atly gözellik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Çekeleşikli ýagdaýda öz ukyp-başarnygyny görkezen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň I ýyl talyby Ogulbagt Koçiýewa bäsleşigiň Baş baýragyna mynasyp boldy. Biz hem ýeňiji bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Ogulbagt, ilki bilen gazanan üstünligiňiz gutly bolsun!

— Sag bo­luň! Ber­ka­rar döw­le­timiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz: «Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda mukaddeslik hökmünde kämilleşdirip gelýän milli ýörelgeleridir» diýip belleýär. Hakykatdan hem, gadymy döwürlerden bäri halkymyz gelingyzlara uly hormat goýup, olaryň sarpasyny belent tutup, ar-namysyny mydama gorap gelipdirler. Şol döwürde özüniň akyl-paýhasly, ýokary adamkärçilikli, ahlakly, merdana we edermen häsiýetleri bilen öçmejek yz galdyran zenanlarymyz bolan Tumarşa, Altynjan hatyn, Mähri hatyn, Güljemal han ýaly beýik şahslara häzirki wagtda aýratyn hormat goýulýar.

— Bäsleşigiň geçiş tertibi hakynda «Nesil» gazetiniň okyjylaryna gürrüň beräýseňiz?

— Bäs­le­şige ada­lat­ly emin­le­riň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan talyp gözelleri gatnaşdylar. Bäsleşige gyzlar diýseň taýýarlykly gelipdirler. Bäsleşigiň ilkinji şertinde eziz Wa­ta­ny­my­zy wasp et­mek üçin 5 minut wagt berildi. Berlen wagtyň içinde men 11 bent goşgy bilen ýurdumyzy hemmetaraplaýyn wasp etdim. Goşgyny uniwersitetimiziň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy Şähribossan Geldimämmedowa ýazyp berdi. Size, mümkin bolsa, onuň bir bendini aýdyp bereýin:

Türkmene bagyş edip mizemez bagty,
Gurup berdiň ajap döwri, ajap çag.
Başyňyz dik bolsun, ýoluňyz ýagty,
Biz Size minnetdar, eziz Arkadag!

Soňra 2-nji şerti ýerine ýetirmek üçin 10 minut wagt berildi, onda Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaşy uz barmaklarym bilen inçejik kesip berdim. 3-nji şertinde bolsa milli lybaslarymyzy mahabatlandyrdym. Bu bäsleşige taýýarlyk görmegime uly ýardam beren uniwersitetimiziň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maksatmyrat Nurgeldiýewe we fakultetimiziň Zenanlar guramasynyň ýolbaşçysy Maral Ataýewa köp sagbolsun aýdýaryn.

— Milli lybaslary geýeniňizde, esasan, haýsy reňki saýladyňyz?

— Ha­ly­pa­la­ry­myň mas­la­hat bermeginde ýaşyl reňki saýladyk. Çünki ýaşyl reňk has gözel görünýär. Şol se­bäp­li hem ata Wa­ta­ny­my­zyň, ene topragymyzyň ýaşyl ýaýlasy, ýaşyl baýdagy bu gün has owadan, gözel görnüp, hemmäni özüne maýyl edýär.

— «Talyp gözeli — 2019» gözellik bäsleşiginiň jemi jemlenmänkä, sizde ýeňerin diýen ynam barmydy?

— Wah, mul­t­film gah­ry­man­la­ry ýaly «Şa gyzy» bolasy gelmeýän gyz barmy näme?! Ýöne men edil ýeňiji bolaryn-a öýtmändim. Taýýarlyk döwrüne başlan günlerim arzuwymy ejeme aýdypdym. Ejemem: «Bilmedim-dä, gyzym. Talyp bolmak arzuwyň-ha hasyl boldy, hany çyndan arzuw et, belki, bulam bolar!» diýipdi. Ejemiň şol sözleri hem meniň ýeňiş gazanmagyma goldaw boldy.

— Onda bu ýeňşiňiz Halkara zenanlar gününe sowgat bolupdyr diýsegem boljak-da?!

— Ha­wa, bu ýeň­şim me­niň şatlygymy goşalandyrdy. Bu şatlygymy meniň bilen bir hatarda maşgalam, dogan-garyndaşlarym we talyp deň-duşlarym paýlaşdy. Bulardan başgada, bäsleşik talyp gözelleriň biri-biri bilen ýakyndan tanyşmagyna hem uly mümkinçilik döretdi. Bu-da meniň tanyşlarymyň, joralarymyň sanynyň artmagyna getirdi.

— Ogulbagt, ýene bir gezek gazanan ýeňşiňiz bilen gutlaýaryn. Goý, üstünlikleriňiziň dowamy dowamat bolsun! Beren gürrüňleriňiz üçin köp-köp sag boluň!

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Baýgeldi ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

# “Nesil” gazeti, 12.03.2019 ý.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 429 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýgeldi Çaryýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Baýgeldi Çaryýew  
Minnetdar, admin!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]