12:04

"Ne işiñ bar Nohurda..." / reportaž

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 377 | Добавил: Haweran | Теги: Anna Paýtyk | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 11
0
1 Gumlygelin0700  
1545
Bu makala diýýä. Ýöne okañda goşgy bolup okalýa. Ýa meñ başym çaşgyn ýa bu ýazgy başyñy çaşyrýa :))

0
2 Haweran  
411
Nohur obasynyñ we nohurlylaryñ jemgyýetçilik gurluşy, zähmet şertleri öwrenilmäge mynasyp. Ruslar ilki gelende (Patyşa Russiýasy döwründe) türkmenleriñ nohurly taýpasynda gul zähmetiniñ ýokdugyny, asla adam zähmetiniñ eksplutatirlenmändigini haýran galmak bilen synlapdyrlar. Sebäbi adamlar jaý gurmaly bolanda-da, gyşa odundyr ot taýýarlamaly bolanda-da, hatda ýer depip ekin ekmeli bolanda-da, şol işi edilýäniñ garyndaş-doganlary we ýakyn gatnaşýanlary üýşüp eder eken. Günde ýowar bolup ýörensoñ, olar her gün diýen ýaly bir garyndaşyñ gapysynda iýip-içip ýörüpdirler. Şeýle ýörelge ýañy-ýañylaram - biz çagakagam bardy. Meselem, atamyzyñ bagynda ülje ýetişdigi hemme dogany, doganoglany, ogly-gyzy, gelni, agtygy şol ýere jemlenmelidi we ýygymy tasdan bir aýa çekýän ülje ýygyşlygy (yzyndan beýleki miweler ýetişip, güýzde nar sowulýança dowam edýär) bolup geçýärdi.
Günüñ ahyrynda Sumbaryñ suwuna bent basylyp alnan suwly yabyñ gyrasyndaky tapjanda, dagdan agajynyñ saýasynda dogan-garyndaş üýşüp unaş içilen, belke we halwan kaçy iýilen... günleriñ süýji ýatlamasyny dünýäniñ hiç bir lezzetine bermerin. Nahar iýişliklerde ulular ylgap ýörenje çagalarynyñ - ýagny biziñ - geljekde haýsy gyzy haýsy oglana çatmalydygynyñ gürrüñini ederdiler.
Hut şolar ýaly garyndaşara ýowarlardyr arkalaşmalar, ulularyñ geljegimize gönükdiren ýagşy umytlardan doly etsem-petsemleri hem nohurlylary NOHURLY edýän iñ esasy aýratynlyklar eken. Indi beýle ýowarlar ýok. Döwür üýtgedi (Bagyñda ýetişen üljäñi özüñ ýygmaly. Ýygasyñ gelmese, kilosyny 2 manada ýygyp berýän günlükçiler bar).
Her kim bir ýerden çykdy. Kiçijikkä "ulalanda ony muña, muny oña bermeli" edilen deñ-duş doganoglanlaryñam hersi bir derede mekan tutdy. Oglanlaryñ içinde ulularyñ aýdyşy ýaly tertipde durmuş guranlaram boldy, durmuş gurjak gyzyny başgarak ýerden alanlaram boldy. Indi görüp otursak, ulularyñ geljegimize gönükdiren şeýle etsem-petsemleri o diýen erbedem däl eken. Adam başy toýly-ýasly. Törüñe gelin edip geçireniñ ýagşy günde, ýaman günde garylyp-gatylyşynda özüñkiden ýa kese ýerden alynan geliniñ tapawudy bildirýär duruberýär. Käbirleriñize tireparazlyk ýaly bolubam eşdilip biler welin, "nohurlyñ itine öýlen welin, özüñkiden al, başga ýerden alma" diýip ündeýän tapylman duranok. Beýle diýmegiñ özi türkmeniñ başga tire-taýpadan bolan garyndaşlarymyza bolan ýigrenji däl-de, türkmeniñ törüne geçirjek gelin-gyzyny her ýeten ýerden alybermeýändigini, özünki bilen il bolsa, kyn günüñde-de bir jan-bir ten bolup durjakdygyny bilip durandygy üçin diýýändigini añladýar.
Onsoñam bir dogana nirden gelin alynanda-da, ondan kiçilerine-de şol gelniñ alynan ýerinden aljak bolmaly. Şeýdilende gelinleriñem agzy bir bolýar. Belkäm, şonuñ üçindir nohurlylarda köplenç "garşy" edilýär, ýa iki gyz dogan iki erkek dogana berilýär. Ahyrynda kysmat çözýär bu zatlary. Oña dawam ýok. Ýöne şeýdilýän maşgalalaryñ başgalardan has agzybirdigini, aýrylyşma ýaly "keselleriñ" nol derejede diýen ýaly gabat gelýändigini menem göre-göre gelýärin. Şonuñ üçinem öz tiräñden, garyndaşyñdan başga ýere gyz bermezlik diñe nohurlylarda däl, teke garyndaşlarda-da, ahally magtym garyndaşlarda-da, daşoguzly igdir garyndaşlarda-da köp duş gelinýär. Hatda käbir ýüzi bekiräk ulular ýat ýerden gyz dilenmäge gelinse, "ganjygymyz bar ýerde köpegimizem bar" (ýagny gyzymyzy özümizde bermäge ýerimiz bar diýen manyda) diýip, azgyrylyp goýbermänem hiç zatça görmeýär. Elbetde, men bu ýerde ýagdaýa umumy baha bermäge synanyşýaryn. Ýekeleýin alanda, bu ýörelgä amal etmekde öte geçilen ýerlerem bolandyr, ýaşlaryñ sözi diñlenmän, olaryñ närazylygyna bakman, geljekki ykballarynyñ köýdürilen ýerlerem az bolan däldir. Ýöne türkmençilik babatda alanda-da, yslam babatda alanda-da zorluk bilen alyp-bermek oñlanylmaýar.
Ýene bir zat: meselem ýaş gyz söýen oglanynyñ yzyna düşüp Balkandan Daşoguza gitdi diýeli, ýa Lebapdan Ahala geldi diýeli, wagtyñ geçmegi bilen ýat ýere düşen naçar dogan-garyndaşlarynyñ didaryny küýsäp başlaýar, iñ bolmanda (şolardan hernäçe doýgun bolup gelenem bolsa) toýda-ýasda ylgap dogan-garyndaşynyñ üstüne ýetmek isleýär. Emma aradaşlyk, düşen ýeriñe baglylyk hemmelere beýle şerti gyradeñ bermeýär. Şeýdibem uly umyt bilen gurlan maşgala sowuklyk düşýär.

0
3 Haweran  
411
Munuñ tapawudyny şeýle düşündirjek bolaýyn:
Gyzylarbada ýolum düşse, ol ýerdäki doganoglanymyñ öýüne barsam, öz öýmüze baran ýaly barýan, arkaýyn ýatýanam-turýanam, iyibem-içýän. Hiç hili çekinip duramok. Sebäbi onuñ aýaly-da başga bir doganoglanym. Gep edilen hyzmatda däl, onuñ öz doganyñ ýaly ýanyñda oturyp, hal-ahwalyñy, eneñ-atañy sorap bilýänliginde. Emma Nebitdaga barsam welin, ol ýerdäki doganoglanymyñ öýüne birem sowlamok, gelip-gidenimi bilse, görünmän gaýdanyma göwün eder diýip, jañam edemok, gelip-gidenmem aýdamok. Sebäbi onuñ aýaly başga ýerden, ýogsa barsañ, onuñam gaşyny çytmajagyny bilip dursyñ. Ýöne garyndaşyñ aýaly-da garyndaş bolsa, özüñi birem myhman ýaly duýmaýan ekeniñ. Talypkam daýylarmyñ biri mydam "ýegen, çaltrak özümiziñkilerden birini al-da öýlensene" diýip iñirdärdi. Menem "nämüçin" diýsem, ol "öýüñe barañda şortikli arkaýyn gezip bilerim ýaly" diýip gülerdi.
Gep hyzmatda, myhman alnyşyñda däl. Ikitaraplaýyn garyndaşlygyñ türkmeni biri-birinden daşlaşdyrmaýan şular ýaly täsin we inçe göze görünmeýän artykmaçlyklary bar.
Bir garynda ýatan doganyñam bolanda gyz alşyp-berişmeseñ wagtyñ geçmegi bilen garyndaşlyk gatnaşygyñ ýitmek bilen bolýar.

* * *

Makala boýunça gyzyklanyp gördüm welin, dogrudanam, şeýle komsomol toýy bolan eken, ýöne ondan öñ aýdym-sazly şeýle toý bolmandygy üçin uly il geñ görüpdir. Bu awtoryñ aýdyşy ýaly "yzagalaklygyñ" alamaty däl, halkyñ tebigatyna, terbiýesine çapraz gelendigi üçin şeýle bolupdyr.
1966-njy ýyldan bäri tegelek 57 ýyl geçipdir. Emma awtoryñ "ýene bolmagyny umyt eden toýlary ýaly" toýlar henizem Garawulda, Nohurda bolanok. Asyl-ha bu obalar aýdym-sazly, arakly-şeraply toýlary känbir halap baranoklar. Ýöne biziñ obalarymyz (Kürüždeý, Tutlygala, Hojagala, Könekesir) beýle däl, biziñkiler bulara görä döwrebap, toýlarymyz aýdym-sazly, içjege-de näçe içse arak-şerap berilýär. Belkäm, şonuñ üçindir Garawul, Nohur, Könegümmez obalarynyñ nohurlylary biziñ obalarymyzy "jülgeçiler" diýip käte gep-sözlerinde äsgermezlik etjek bolýandyklaryny añşyrmak kyn däl. Garawul, Nohur obalarynyñ dini, däp-dessury dogry tutuşlaryna berekella diýäýmeli. Ýañy birküç ýyl öñem Goçmyrat ahunyñ üstünden 150 ýyl geçen medresesiniñ gümmeziniñ ýarsy ýykyk halda duran binasy bardy. Diýmek, nätselerem, Anna Kowus ýalylar näçe goşga gygyrsalaram, sowet ideologiýasy hökmüni doly ýöredip bilmändir. Ýogsam bolmasa, şol wagtky hökümet "komsomol toýuny" adamlaryñ añyna zoraýakdan guýjak bolup, geçip barýan Berdi Kerbabaýewi hem toýa sowup, halky özüne çekjek bolupdyr. Makaladaky ýaşlar barada aýdamok, ýöne makalanyñ ündewine, maksadyna, leksikasyna siñe syn edýäñ welin, ýaşlary ene-atanyñ aýdanyny etmezlige çagyrýan inçe çagyryş bar. Ýazylan döwrüne mahsus edebiýat. Oña-da dogry düşünmeli. Ýöne nohurlaryñ beýle ýörelgesiniñ, adatynyñ "çüýrük" däldigini wagt görkeze-görkeze gelýär... Bu zatlary aýtmak bilen men umuman söýgi diýip, ýaş gyzlara ýat ýerlere çykyp gitmezligini isläýärin. Söýgi garnyña çörek berenok, owadanlygy-da ezip içip bolmaýar. Hemme zat wagtlaýyn. Ýanyp duran hakyky söýgi diýilýänem belli bir wagtdan soñ sönýär...
Her kim öz bagtyny öz obasyndan, öz dogan-garyndaşlarynyñ arasyndan gözlemeli. Reportaždaky Oguljeren Ataýewa öz obasyndaky halan ýigidine barypdyr, hernä obasyndan çykmandyr. Soñky ýaş gyzlarymyz iñ bolmanda şonuñ düşünjesinde öz obasyndan ýigidini saýlasa gowy bolar. Elbetde, ahyrky netije ýene ýaşlaryñ özüne düşýär. Biziñki aýtmak, akyl öwretmek däl. Şu aýdýanlarymyñ dogrudygyny eýýäm başyndan geçirenlerem bilýändir, indi görjegi öñündelerem biljegine ynanýaryn.

* * *

Makalanyñ "Ne işiñ bar Nohurda..." diýen adynyñ hem aýratyn hekaýatynyñ bardygyny eşitmek meñ üçin gyzykly boldy, Siziñ üçinem gyzykly bolsa gerek. Muny maña ýokarky makalanyñ gahrymanlary barada gyzykly gürrüñleri beren Geldimyrat aga (Seýidow) aýdyp berdi.
Biri Nohurdan eşek ogurlapdyr. Ol ogurlan eşegini Arçmana getirip satjak bolupdyr. Eşek ogrusy eşegini öwüpdir: "Bu eşek daýaw eşekdir, bedew atdan kem däldir, mundan gitseñ Gökdepä-de ýetirer, Akdepä-de!.." Eşek bahaladýanam "Nohura-da ýetirermi?!." diýipdir. Ogry murtuny müñküldedip, gözüni hem gyrp-gyrp edip: "Ne işiñ bar Nohurda, üstüñe gar ýagdyryp..." diýip jogap beripdir.

0
4 Gumlygelin0700  
1545
Reportaždan teswirler has gyzykly. Adaglamak, garşa almak beýleki tirelerde hem ýörgünli. Öz ejem-kakam hem iki doganyñ çagasy we garşa edilen. Kä wagt ejem bilen aýal doganym ýeññe-baldyz bolup gaýynlaryndan göwnüniñ galan ýerini aýdaýsalar oñ diýeni muña ýaramazdy. Şoñ üçin hem öz ýanymdan beýle nikany hiç wagt unamazdym. Emma ýagdaý gyzza-gyzzam geläýsse welin, özüñki kesekiden has tapawutly bolýan eken.

0
5 Gumlygelin0700  
1545
Internetde nohur obalaryndan alnan suratlara syn edeñde goç kelleli mazarystanlyk bar. Mazarlara goýulýan goç kellesiniñ manysy nämekä?

0
6 Haweran  
411
Özüñki bilen alyş-beriş etmegiñ artykmaçlygynyñ diniñ taryhynda-da mysallary az däl: Dört Çaryýarlaryñ dördüsi hem Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) ýakyn garyndaşy, hut şolar hem pygamberiñ yzyny mynasyp şekilde dowam etdiripdirler:
Birinji iki halyf Ebu Bekir, Omar Muhammet pygamberiñ gaýynatasy, Osmandyr Aly hem giýewi.
Şeýle gudaçylyk gatnaşygy açylmazdan öñ Hezreti Ebu Bekir bilen pygamberimiziñ (s.a.w) añyrsy sekizinji arka atalary Kabda birleşýär. Pygamberimize öñdenem daşgynrak garyndaşlygy Hezreti Omar şol sanda Hezreti Alynyñ Patma bilen nikasyndan dünýä inen gyzy Ümmi Gülsümiñ hem adamsy bolup, pygamberimiziñ agtygynyñ adamsy bolmak bagty miýesser eden adam.
Pygamber bilen atalary Abdymennaf bin Kusaýda birikýän Hezreti Osman hem pygamberimiziñ iki gyzyny alypdyr. Şeýle-de pygamberimiziñ hakyky doganoglany Hezreti Aly hem onuñ Patma gyzyna öýlenipdir.
Bular diñe dört çaryýarlaryñ pygamberimize birnäçe tarapdan baglanyşýan garyndaşlyk gatnaşyklarynyñ bir mysaly. Olaryñ beýleki ogul-gyzlary hem diñe biri-birlerine (ýakyn sahabalara we ýakyn garyndaş-doganlaryna) alyş-beriş edilen, alan aýallary hem şeýle.
Eger ýokardaky reportažda aýdylyşy ýaly garyndaşa adaglamak, alyş-beriş etmek zyýanly bolsa, "çüýrük" bolsa, nohurlylar hem şol ýoldan gidermidi? Bul ýoluñ peýdasy bolmasa zyýany ýok.

0
7 Haweran  
411
"Goç – parahatlyk, rahatlyk söýüjiligiň, oňşukly ýaşamagyň simwoly.
Goç simwoly täze ruhy ideologik ölçeg hökmünde halkyň ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna geçdi. Türkmeniň etnografiýasyna degişli halylar, palaslar, dürli ajaýyp, özge bir halkyňka-da meňzemeýän keçeleri, torbalary ýöne bir hojalyk predmetleri däldir. Olar ruhy hojalygyň sypatlarydyr. Çünki olaryň ýüzündäki nagyşlar, şekiller milletimiziň ruhy-ideologik gymmatlyklaryny, onuň ýaşaýşa, dünýä, tebigata garaýyşlaryny özünde jemleýän hem sungat eserleri, hem ruhy-ideologik hadysalardyr. Köçelerdäki, türkmen howlularyndaky tamdyrlaryň ýüzündäki, hatda öňki mazarlaryň başujundaky goç şahynyň şekili, derwezeleriň üstündäki şahlar türkmen ruhunyň haýsy, nähili aýratynlygyny aňladýar?! Munuň özi türkmeniň nesil, rysgal, döwletlilik barada sözleýän özboluşly dili, aňlatmalar hem yşaratlar dilidir.
Goç, goýun – nesil tükeniksizliginiň simwoly. Klassyky edebiýatymyzdaky goç ýigit, goç ogul obrazlary şol aňlatmalaryň edebiýata geçen görnüşidir. Edebiýatymyzyň simwolikasynda «goýun» hatda imanyň aňladylmasyna öwrülipdir.
(Osman Ödäýew / "Oñonlar").

* * *

Simwolikada goç diñe ýokardaky añladylanlardanam has artygrak many ýüklenýär. Özüne hemme taraplaýyn göwni ýetýän we il-gün tarapdan göwni ýetilýän ýigide goç ýigit diýilýändir. ("Döwlet gonsa goç ýigidiň başyna...", "Goç ýigitler myhmanynda bellidir", "Goç ýigitler zen geñeşin añlamaz", "Goç ýigitler il üstünde, Namys bilen ar gerekdir", "Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda, Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir"/Magtymguly). ("Magrupy, bilgeniň söýle, Goç ýigitniň waspyn eýle"/Magrupy).
("Begler, meniň goç gardaşym gidipdir..."/"Hüýrlukga-Hemra" dessanyndan).
"Her bir ene-ata öz çagasynyň-oglanjygynyň goç ýigit bolup ýetişmegini isläpdir". (Gurbanjemal Ylýasowa).

* * *

Garagoýunlylaryñ we akgoýunlylaryñ baýdagyndaky goçuñ şekiliniñ bardygyny-ha hemmeler bilýändir. Häzir nohurlylaryñ bahar(ly) tiresi aslyny garagoýunlylaryñ baharly tiresine baglanyşdyrýar. Baýram hanyñ hem garagoýunlylaryñ baharly tiresinden bolandygyny bilmeýän ýokdur. Taryh ylymlarynyñ kandidaty Orazpolat Ekäýewiñ köplenç öz familiýasynyñ yzyna Baharly (Ekäýew-Baharly) adynyñ tirkemeginiñ manysy hem şundan gelip çykýar.

* * *

Türkmen taryhçysy Jumadurdy Annaorazow "Ermeni topragynda türkmen yzlary" makalasynda garagoýunly türkmenlerde "goç" unwanynyñ bolandygyny ýazýar:
"Ermenileriň Arske şäherinde Ahladyň 1384-nji ýýlda wepat bolan türkmen emiri Hydyr şa begiň gubury hem ýerleşýär. Guburyň üstünde dikilen daşyň ýüzünde "Bu gubur Goç Emir Jelaleddin Hydyr şa beg ibn Goçak Türkmeniňki» diýlip ýazylypdyr. Taryhçy Mirhondyň ýazmagyna görä Hydyr şa beg mongollaryň galyndysy Üweýis Soltanyň ýapjasy eken. Hatda Üweyis soltan Jelaýyr oňa üýtgeşik dereje bolan "Goç" unwanyny  hem beripdir. Bu barada Mirhond şeýle ýazýar: "Soltan Hylatyň [Ahlat] hökümdary Hydyr şa örän seýrek dakylýan "Goç" unwanyny berdi.
"Goç" unwany Garagoýunlylarda seýrek gabat gelýär, tersine Akgoýunlylarda bu dereje giñ ýaýrapdyr".

0
8 Haweran  
411
* * *

Mazarystanlyklarda daşdan edilen goç şahynyñ figurasy ýa-da gönüden-göni başagajyñ ujuna dikilýän goç şahydyr dag tekesiniñ şahyny belli bir mana ýa-da belli bir rowaýata baglap goýaýmak kyn. Taryhda islendik simwola, taryh bilen baglanyşykly rowaýata, edebiýatda edebi tapynda birinji gezek pylan halkda bolupdyr diýer ýaly däl. Meselem, Leýli-Mežnun bilen baglanyşykly rowaýatlarda munuñ anyk mysalyny görüp bolýar. Taryhçylar Leýlidir Mežnunyñ Muhammetden pygamberden sähel öñräk ýaşap geçen şahslardygyny subut etselerem, bularyñ dillere dessan bolan söýgüsiniñ rowaýatlaryny yzarlap görýäñ welin, hatda Leýliniñ taryhy kökleri Adam atanyñ How eneden öñki aýaly Lilit hakdaky ýewreý rowaýatlaryna hem baryp diräberýär. Hut şol Lilitli rowaýat hem biziñ halklarymyzyñ arasyndaky Al, Albassy ýaly ynançlaryñ gözbaşyny düzýär. Leýli-Mežnunly rowaýatlaryñ añyrsy-bärsi ýok. Onuñ añyrsy Adam ataly döwre baryp direýär. Şonuñ üçin ony belli bir döwürde ýaşap geçen taryhy şahslara baglap goýaýmak gaty kyn.
Şahly meselede hem şeýle. Muña garamazdan il arasynda aýdylýan şeýle gürrüñ bar, muña meñ özüm-ä rowaýatam diýip biljek däl, sebäp rowaýatlara hem ynanjym ýabygorly bolansoñ, taryhy delilsiz gürrüñe asla-da ynanyp bilmeýärin. Ýöne hakykatyñ hatyrasyna aýdyp geçmänem bolmaz:
Isgender Zülkarnaýyn (Ikişahly) ýurt basyp alansoñ yzyna gaýdanda ýaraly esgerlerini goýup gidýän eken. Nohurlylaryñ hem şol ýaraly galdyrylan dokuz eşekli ýaraly esgerden ýaýrandygyny aýdýan gürrüñ bardyr. Ynha, şol esgerler hem özleriniñ Ikişahly Isgenderden galanlardygyny añlatmak üçin mazarlarynyñ başyna goç şahlaryny dikerlermiş.
Goç şahy simwolyny bular ýaly gürrüñe baglardan has çuñ görýärin. Sebäbi bu simwol diñe nohurlylarda däl, tutuş türkmen halkynda bar: aýal-gyzlaryñ ýakasyndaky nagyşda, keçe nagşynda, namazlykda, tamdyryñ tüsseçykarynyñ ýokarsynda, gaty kän ýerde...
Üns berseñiz, bu şah Oguz hanyñ soñky çekilen suratyndaky telpeginiñ daşyna aýlanan halkada hem bardyr (Oguz hanyñ Isgender Zülkarnaýyn bilen bir adam bolandygy hakdaky çaklamalar aýry gürrüñiñ temasy).
Mazarystanlyklarda goýlan goç simwolyna soñky wagtlarda alymlar Wengriýada, Slowakiýada, Mongoliýada, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Hakasiýada, Azerbaýjanda, Türkiýede, Türkmenistanda umuman türki halklaryñ ýaşan islendik ýurdunda gabat gelýär. Meselem, Nahçewan awtonom respublikasynda (Nahçewanyñ adyna üns beriñ, Nohur sözüne ýakyndyr, şeýle-de Azerbaýjanda Nohur obasynyñ we Nohur dagynyñ hem bardygyny aýtmak gerek) mazar daşlarynyñ aglaba bölegini goç simwoly düzýär.
Nahçewandaky mazarystanlyklarda gabat gelýän goç simwollary hakda gyzyklanmak isleýän saýtda öñ berlen azerbaýjan alymy Fahretdin Saparlyýewiñ "Nahçewanda daşdan ýasalan goç we goýun heýkelleri" makalasyna seredip biler.
Meniñ pikirimçe nohurlylaryñ oñony goç bolupdyr. Şondan hem biziñ jemgyýetçilik durmuşymyzda goç şahyna hemme ýerde gabat gelip bolýar. Hatda öñler öýüñ bosaganyñ ýokarsynda-da goç şahy goýlardy. Gapysyna şeýle goç şahlaryny asyp goýýan öýler ýañy-ýañylaram bardy, indi kem-kemden seýrekleşip barýar.
W.Basilowyñ "Yslamda keramatlylar kulty" kitabynda goç şahy we simwoly barada gyzykly maglumatlar bar. Kitaby häzir tapmadym. Tapsam, şondaky maglumatlary goýaryn.

0
9 Gumlygelin0700  
1545
Sag boluñ!

0
10 Şirhan  
49
Mmm-bäh...

0
11 sylapberdimuhamov  
1428
Nohur iline baryp görmek arzuwym bar. Dostuma aýtdym, nesibeli gün dag ýodalaryna werziş bolmadyk aýaklarym ol keremli topraklara degse, örän şat bolardym. Belki iň gowy şygrymy ol ýerde ýazaryn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]