14:25

Nesil aladasy

Категория: Medisina | Просмотров: 516 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tatar Üýşmekow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
-1
1 Gurban  
24
Öň puluň hümmeti bardy zatlar arzandy. Indi puluň hümmeti ýok zatlar gymmat.

0
2 amanmyradownamehribon  
328
bir maşgala 2-3 perzendem ýeterlik .her maşgalada ondan ,bäşden çaga barmyşynam diýeýli birinjiden aýal maşgala un gaty kun yagdaý şolary gozlejek diýip ozune seredip bilmez ana onsan okjesi kirden yaňa jaýryk açyp giden,saçlary daralman ,ýuwulman ýören kirli aýallar.çagalaryňym arassaçylygy ýene enä bagly.oýiň arassaçylygam .aýal gorgüli haýsy birine ýetsin. yenede biş düşi diýdi. bolýa kirlije bolup ulalyp ulalansoň ozleri arasalanar diyseň. cagada tertibine okuwuny sähel unusden düşurseň bolany gundeliginde pes bahalar hatarlanar.
çagalykdan saýlanansoňa göwnüne yetäýmegem aňsat däldir 10 çagaň.

1
3 Gumlygelin  
8
Mähriban juda beýle-de däldir uýam.Aýal maşgalañ özüne seretmegi çaga sanyna bagly däl.Ol aýalyñ galjañlygna,işeññirligne bagly.Özüni oñarmajak aýal bir çaga bilenem oñaranok.12 çagaly daýzam bar.Oñ ýaly arassa hem ykjam aýal seýrekdir...

1
4 Gumlygelin  
8
Ene süýdüni yzak wagtlap emen çagalaryñ sagdyn bolýany hakykat.
Gynansagym ýaş gelinleñ köpüsi çagasyny özünden iýmitlendirmegi kyn görýä ýa-da olañ döwrebap bolasy gelýä.Ene süýdi gözbaşyny mähirden alýa.Şoñ üçinem"Süýdüm ýok"-diýip,gaýynlarna,ýoldaşyna emeli süýt daşatýan gelinlerde şol mähir ýetmezçilik edýän bolmaly.

1
5 Gumlygelin  
8
Oglum häzirki döwürde geñem bolsa üç ýaşaýança ene süýdi bilen iýmitlendi.Ýeke gat ýuka köýnekli doñaklykda gezse-de Hudaýa şükür griplemän gezip bilýär.Ony ene süýdünin gudraty hasap edýän.

0
6 braun634  
@gumlygelin, @haweran, bärde yene-de bir zat bar. Galyñ mes heleyler göwüslerini dikgije saklajak bolubam çagalaryny emdirenoklar. Gönümelligimi bagyşlañ, myzaýyk etmäñ welin, emdirmek dagy näme, jynsy agzasyny ter saklajak diýip garnyndaky çagasyny garyndan kesdirip doguryanlaram az dal indi

1
7 Gumlygelin  
8
Ene bolan wagtymyz ene süýdi özümizden önüp durka mahabatly emeli çaga iýmitlerine ýykgyn edişimiz ýaly dermsn meselesinde-de şeýle.Saglygmyzda çala kemçilik bolsa derrew Hudaý tarapyn berlen öt-çöplermizi basgylap lukmana,dermanhana ylgaýas.
Derman barada ýene özümden mysal getiresim gelýär.Bagrymda agyr sarygetirmeden galan kemçilik bar.Şonuñ biynjalyk eden mahaly lukmana görünseñ bolmanda 5-10 mln(k.p)-lyk derman almaly.Emma zirk(barbaris),itburun(şipownik)ikisinden çaý demläp bir aýlap içseñ bejergisi pul düşäp aljak dermanlarmyzdan has peýdaly bolýa.

0
8 Gumlygelin  
8
@braun dogry aýtýañyz.

0
9 Gumlygelin  
8
Häzirki döwürde nesil öndürmek edil ýyladyşhanada emeli usulda gök-önüm ýetişdiren ýaly.Çaga ene göwresinde galandan däri-dermanlary,emeli witaminleri giñden ulanyp başlamaly.
Ýene-de şükür edeliñ her-hili,birhili nesillermiz köpelip dursa.Nesil öndürmekden boýun gaçyrsalaram edip biljek zadymyz ýok...

0
10 braun634  
@gumlygelin, men Amerikada ýaşaýan. Bärde - Nýu Ýorkda birmahal adamsyny, çagalaryny taşlap gelip ýeke ýaşap ýören türkmen aýallar bar. Ýa bolmasa durmuşyñ hözirini görüp yaşajak diýip asla çaga dograsy gelmeýän aýallaram bar. Garaz giñdir dünýä geñdir dünýä diýleni. Ýöne yaşaýşyñ bu formasy adatça amerikan durmuşyna mahsus. Ýeke ýaşamaga ymtylýanlar barada şu saýtda-da bir makala okapdym amerikan durmuşyndan mysal getirilen. Umuman şular ýaly adamzadyñ öz-özünden daşlaşmagy siwilizleşmekdir diýip düşünýänler az däl. Biribardan dilegim bular ýaly zat bir ata watanymyza ýaýramasyn. Bärde görenem eşdenem biz bolaly.

0
11 amanmyradownamehribon  
328
Aý ýok men pikirimi düşündirip bilmändrin öýdýän.men umuman nesil öndirmeli däl diýmedimä ýa çagalara nan bermeli diymedim.
men cagaň 2 ýada 3 ya 4
bolsun sagdyn pikirli sagdyn düşunjeli bilimli sowatly nesli kemala getirmeli dijek boldum. borla.

0
12 Hаwеrаn  
245
Yok, biziñem siziñ pikiriñize garşy gitmek ýaly pikirimiz ýok. umuman öZ pikirimi aýtdym. )

0
13 Hаwеrаn  
245
6-7 çaga edip edil hazirki dowurde yetişiksiz günde galanyñdan (adamda öñ näme ömür bar) 1-2 çaga edip, bar ünsüñi, bar gazanjyñy şolara siñdireniñ gowymyka diýýän menem. Pikirdeşlik bilen bir hatarda öz pikirimiz b.n deñ gelmeýän pikirlere-de takatlylyk görkezmek gerek )

0
14 Hаwеrаn  
245
لبنSüýt. Allatagala: «Tagamy üýtgemedik süýt derýalary»  we «Içýänler üçin ýokumly tagam - täze süýt bilen»  diýip, Gurhanda aýtdy. Pygamberimiz: «Alla kimi süýtden gandyran bolsa, onuň şükranasy üçin: «Eý Allam, bu süýdi bize bereketli et we bu nygmaty artdyr» diýip, doga etsin». Meniň özüm-ä tagamlaryň we şeraplaryň içinde şondan gowusyny bilemok» diýdi. Muny Abu Dawut we Termezi Ibn Apbasa salgylanyp gürrüň berdi.
Ibn Apbas hem Resulallanyň süýt içmegi halaýandygyny aýtdy. Süýdüň düzüminde suw, ýag we peýnir bolup, bularyň içinde peýnirli süýt sowuk-çygly tebigatly, agyr iýmitleriň biridir. Ýagly süýt oňat täsirli bolup, süňňe ýakymlydyr. Suwly süýt gyzgyn-çygly bolup, tebigatyňy ýumşadyjydyr. Geçi emjeginden sorulyp içilen süýt iň ýokumly süýtdir. Uýan we tagamy üýtgän süýtler bolsa ýakymsyzdyr. Şonuň üçinem Allatagala Gurhanda: «tagamy üýtgemedik süýt» diýip beýan etdi. Göwrelilik mütdeti ynsanyňka barabar bolan islendik haýwanyň süýdi adama ýaramsyzdyr. Gowy süýt iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar, bedeniňi arassalaýar, ynsan tohumyny we damjalaryny artdyrýar, jynsy joşgunyňy heýjana salýar. Waswasy keselini bejermäge peýda berýär, beýniň işjeňligini artdyrýar. Süýt käteler içiňi geçirip, içde ýel döredýär. Ony aşa köp peýdalansaň büre-bit ýaly zatlaryň döremegine sebäp bolýar. Süýde şeker garyp içseň, reňkiňi nurlandyrýar, deridäki gotur-gijilewük ýaly dertleri ýok edýär. Ýatkeşligiňi berkitmek üçinem süýt içmelidir.

0
15 Hаwеrаn  
245
Aşgazana ýaramsyz süýtler içegelerde dykyn döredýär. Emma düýe süýdünde munuň ýaly zelel ýokdur. Şonuň üçinem sarysuw keselini bejermek üçin diňe düýe süýdi ulanylýar.
Enesiň aýtmagyna görä, ukl taýpasyndan bir näçe adam aşgazan-içege agyrysyndan ejir çekip, Medinä – Pygamberimiziň ýanyna gelipdirler. Pygamberimiz olara düýe süýdüni we peşewini içmegi tabşyrypdyr. Şeýdip olar şypa tapyp, gutulypdyrlar hem-de Pygamberimiziň çopanyndan bu zatlary içgin öwrenipdirler. Olara sataşan bu dert sarysuw keselidir. Sarysuw keseliniň döremegine agzalary sökýän sowuk madda sebäp bolýar. Ol kem-kemden ösýär. Sarysuw keseli etli sarysuw (لحمي), suwly sarysuw (مائي) we deprek sarysuw (طبلي) görnüşinde bolýar. Deprek sarysuw diýýänimiz, onuň garny edil deprek ýaly çişýär we garnyna kakyp görseň hem, edil depregiňki ýaly sesler eşdilýär. Düýe süýdünde sarysuw keselini aýryjy, ýumşadyjy, akdyryjy we iç geçiriji täsir köp, sebäbi düýe maly esasan ýowşan, çopantelpek, ýakymlyja ýaly otlar we sarysuw keselini bejermäge ukyply beýleki ösümlikler bilen iýmitlenýär.
Katadanyň Enese salgylanyp aýdan hadysynda, abraýly kowumdan bolan birnäçe adam Pygamberimiziň ýanyna gelip: «Biz şähere geldik welin, garnymyz çişip, ulalyberdi» diýipdir. Şonda Pygamberimiz olara düýe süýdüni içmekligi ündäpdir. Ýaňky aýdan şypamyz bu derdi bejermek üçin iň oňady we iň peýdalysydyr. Edil şu kesele şunuň ýaly täsir edýän başga derman ýok. Nygtamaly zatlaryň biri, bu keseliň bir özi ýüze çykman, ol bagra-da uly zyýan berýär. Ynsan iýip-içýän suwdur tagamynyň ýerine düýe süýdi bilen iýmitlense, ähli babatda tiz şypa tapar. Özi hem bu melhem synalyp görlendir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]