16:20 Nowaýydan, Pyragydan | |
NOWAÝYDAN, PYRAGYDAN
Goşgular
![]() Eýa dostlar söýlemişem, Nowaýydan, Pyragydan, Dünýe seýil çaglamyşam, Nowaýy deý, Pyragy deý. Birje many añlamyşam, Nowaýydan, Pyragydan, Bagrym para, daglamyşam, Nowaýy deý, Pyragy deý, Parça dessan baglamyşam, Nowaýydan, Pyragydan. Ownaýamyñ garry dünýe, säheriñ bar, öýle ýokdur, Çyn ärlerde gadyr bardyr, öz wagtynda duýma ýokdur; Hazynañda munça akyl, neçüýn oña uýma ýokdur, Bu ummandan many susdum, dünýe senden doýma ýokdur - diýip, säher aglamyşam, Nowaýy deý, Pyragy deý. Bir naýynsap bulap biler, bu ullakan dünýäni hem, Bir är ömri şugla saçar, ömür sönmez gün ýalydyr, Dostuñ agzyny alartdyñ, iki dünýe günälidir, Iki ynsany dost etmek, bir şahyryñ ykbalydyr, Şu gün ony añlamyşam, Nowaýydan, Pyragydan. Abdalyñ jindesin geýdim, serimde müñ hyýal birle, Adawatdan daşa gaçdym, awara men sowal birle, Diýdiler: "Bir nusga duşdum, bu ömürde dowam bile, Çuñ manyny kitap açdym, tur ýeriñden togap eýle", Içinden dür baglamyşam, Nowaýydan, Pyragydan. Perhat kimin yşga düşsem, gara daglar ýol berermi, Aşyklara arman dünýe, dat eliñden ýalbarar men, Budur Hakdan perman dünýe, ezýet çekip çalarar men, Bu ummana suwsamyşam, ussatlara gol berer men, Ömrüm boýy sygynmyşym, Nowaýyga, Pyragyga. Toýly ÖWEZOW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |