13:41

Osmanlyda kyn senet: Ýalynjañ bolmak

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 281 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Zöhre  
1396
Döwür, durmuş haýsy jemgyýetde, haýsy halkda bolanda-da şobir heñde gaýtalanyp duran zat eken. Ýanyçarlarlykdan çykanlaryñ soñ kofehana açýandyklary geñ däl. Häzirem kafe-bar we şuña meñzeş ýerleri ýöredýänleriñ köpüsi öñ harby we hukuk goraýjy edaralarda işläp çykanlar ýa häzirem işläp ýörenler.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Gadymy Rimde hem öňki gladiatorlar meýhanadyr garbanyşhana ýaly nokatjyklary açyp ýöredýär ekenler. Muňa bir düşündiriş bar: beýle ýerleri işletmek üçin teni kän awan, köp darkaşlary gören, onça-munça gan-pyçakly gowgalara-da äwmeýän adam bolmak gerekdi

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Umuman, "esnafa" zähmetkeş diýmek belli bir derejede ýalňyş bolmasa-da, bular manydaş sözler-ä däl. Esnaf - hyzmat ediş dükanlaryny (bölek söwda, dellek, ädikçi, tikinçi, et üweýji, çörek satyjy... garaz, ýüzlerçe görnüşli hyzmatlar) ýöredýän adamlar, ownuk buržuaziýa. Olar iri buržuaziýa (maýadarlar) ýaly mart maýa (kapitala) daýanyp däl-de, özleriniň gol güýjüne daýanyp, işlerini ýöredýärler. Şoňa görä-de, iri täjirler bilen deňäniňde olar zähmetkeş. Emma özleriniň kiçijik maýasy we kiçijik biznesi bar bolany üçin, has aşaky synplar (hakyna tutma işçiler, günlükçiler, hammallar, batraklar, özleriniň kömekçi işçileri, garaz, proletarlar) bilen deňelende olar zähmetkeş däl. Onsoňam: almaz pýuresi? Alma pýuresi bolmaly dälmi?

0
4 Haweran  
411
"Ýañylsak-da ýalynjañ-a bolmadyk" diýilýär Kakajan Ataýewiñ bir rubagysynda...

* * *

"Gorkut ata" eposynyñ "Bamsy Birek" boýunda Bamsy begiñ yzynda galan aýalyny aljak bolup, her bokdan gaýtmaýan Ýalançy ogly Ýalynjañ ýalynjañlar ü.n iñ gowy nusgalyk keşp bolsa gerek.

* * *

Adam tebigatynyñ täsindigini.
Garaz bir ýol bilen - hakyna tutubam bolsa, özüni öwdürmek, aýdanyny makullatmak üçin ýaranjaña, ýallakça mätäçlik duýýar-da...

0
5 Shapak_A9602  
1502
Mejbury ýalynjaňlyk: maşgalada agzybirligi saklamak üçin aýallar ýanýoldaşyna islese-islemeselerem ýalynjaňlyk etmeli bolýar.

0
6 Nurdan  
100
"Ýaranjañ adamyñ dilinde baly, ýüreginde zäheri bardyr".
M.W.Lomonosow.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]