12:56 Ösüşlerimiziñ binýady | |
ÖSÜŞLERIMIZIÑ BINÝADY
Her bir ýyly taryhy wakalara beslenýän, täze-täze sepgitlere ýetilýän ata Watanymyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkymyza şowlulyk getiren 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyndaky işleriň mundan beýläk hem çalt depgin bilen we durnukly ösmegi üçin möhüm ähmiýetli işleri amala aşyrýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin uly alada edýär. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil, medeniýetli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Alym Arkadagymyzyň 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi Diýarymyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň has-da kuwwatlanmagyna itergi berdi. Sanly bilim ulgamynyň esasy maksady elektron serişdelerini, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Soňky wagtlarda ýurdumyzda berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, kämilleşdirmek maksady bilen, örän uly öňegidişlikler gazanylýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän bilim ojaklary döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi, daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Ýokary okuw mekdeplerimizde bolsa, sanly bilim ulgamyny düýpli ornaşdyrmak boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen elektron kitaplar, okuw gollanmalary döredildi. Kompýuterler bilen üpjün edilen elektron kitaphanalardan peýdalanmagy başarýan ýaşlaryň sany barha artýar. Mundan başga-da, talyplarymyz wideoşekilli gepleşik arkaly beýleki institutlardyr uniwersitetleriň talyplary bilen hem tejribe alyşýarlar. Bu wideogepleşikler diňe bir öz ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň arasynda bolman, eýsem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary bilen hem wideogepleşikler geçirýärler. Bu bolsa öz gezeginde türkmen ýaşlarynyň has kämil, öz hünärine ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Halkara internet olimpiadalarynyň geçirilmegi, oňa gatnaşýan ýaşlaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy Watanymyzda berilýän bilimiň ýokary derejededigini görkezýär. Ýylyň dowamynda Diýarymyzda ylmy konferensiýalaryň, seminarlaryň geçirilmegi, halypa professor-mugallymlar bilen bir hatarda ýaşlaryň ylmy, döredijilik, taslama işleri bilen çykyş etmegi, olaryň ylym-bilime bolan höwesini has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň atalyk aladalaryna jogap edip, biz, ýaş mugallymlar bu ugurda okuwlary ylmy esasda gurap, talyplara berýän bilimimiziň hilini gowulandyrarys. Biziň bilim-ylym ulgamynda alyp barýan işlerimiziň amala aşmagyna uly ýardam berýän hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys. Şirin RAHMANOWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |