20:30

Ozuň täsin jadygöýi -1: Harasat

OZUÑ TÄSIN JADYGÖÝI

I bölüm

HARASAT

Doroty Genri daýysy we Em daýzasy bilen Kanzasdaky obanyň merkezinde ýaşaýardy. Olar daýhandylar. Olaryň üçüsi hem bir otagdan ybarat kiçijik öýde ýaşaýarlar. Otagda dört oturgyç, stol we iki sany krowat bardy. Otagyň iň bir täsin ýeri hem diwaryň ortarasynda kiçijik gapynyň barlygydy. Eger-de siz ony açsaňyz, aşak gidýän başgançak bilen “harasatyň ýerzemini” diýip atlandyrylýan topragyň çuň ýerine baryp bilersiniz. Maşgala bu ýere haçan-da harasat gelip olaryň öýüni ýykanda gelýärdi.
Haçanda Doroty kiçijik öýüň gapysynyň agzynda durup daş-töweregine sereden-de ol sary meýdandan başga hiç zat görmeýärdi. Bu Galaýy odun çapyjy töwerekde jaýlaram, agaçlaram ýokdy, diňe güne ýanan sary otlar bardy. Meýdanyň güýçli güni we şemal Genri daýysynyň we Em daýzasynyň ýaňaklarynyň, gözleriniň reňkini öçüripdi we olary hem sary edip galdyrypdy. Diňe Toto sary däldi. Ol kiçijik garaja güjükdi. Onuň kiçijik ýüzündäki kiçijik garaja gözleri Dorota gülüp bakardy. Toto bilen Doroty iň gowy dostdylar we olar adatça bütin gün bile oýnardylar. Emma bu gün olar oýnamadylar. Olar gapynyň agzynda oturyp adatdakysyndan tutuksy görünýän asmana seredip oturan Genri daýysyna seredýärdiler.
Onuň ýüzi salykdy we haçanda ol demirgazykdan öwüsýän şemalyň iňňildisiňi eşidende ýerinden turdy we şeýle diýdi:
“Bu harasat. Siz ikiňiz ýerzemine gidiň, men bolsa haýwanlara seredeýin”.
Edil şol pursat Toto Dorotynyň elinden böküp ýere düşdi we krowadyň aşagynda gizlendi. Em daýzasy kiçijik gapyny açyp, başgançak bilen ýerzemine düşýänça Doroty güjügine tarap ylgady. Haçanda Doroty ahyry Totony tutanda we daýzasynyň yzy bilen ýerzemine girenden soň, üýtgeşik bir zat boldy.
Güýçli şemal öýi şeýle bir yrgyldatdy welin Doroty pola ýykyldy. Soňra bolsa öý hereket edip başlady we edil howa şary ýaly ýokary galyp başlady. Demirgazykdan we günortadan öwüsýän şemal öýüň duran ýerinde çaknyşdy we ol ýerini harasatyň merkezine öwürdi. Harasatyň merkezindäki howa hereketsizdi emma şemalyň güýçli basyşy kiçijik öýi barha ýokaryk galdyrýardy. Öý harasatyň dik depesine çenli gitdi we edil ýelek ýaly birnäçe mil aňryk gaýyp gitdi. Öýüň içi garaňkydy, daşardaky şemalyň sesi elhençdi, Doroty bolsa öýüň howada asuda gaýyp barýanlygyna geň galýardy. Toto muny halamady we kiçijik gyz ony ellerinde saklap oturdy. Birnäçe sagatdan soň olaryň ikisem şeýle bir ýadadylar welin erbet agyra seretmezden polda uklap galdylar.
Öý ahyry güýçli sarsgyn bilen ýere düşende olar oýandylar. Doroty ýerinden turdy we öýüň indi süýüşmeýändigini duýdy. Öýüň içi indi garaňky däldi. Ol aýak üstüne galdy we gapa tarap ýöredi we ony açdy. Ol daş-töweregine seretdi we onuň gözleri gitdigiçe ulalyp başlady.
Görüp otursa harasat öýi ajaýyp bir ýurdyň ortarasynda goýupdyr. Daş-töwerek dürli reňkdäki gülli göm-gök otlukdy. Owadan guşlar baglarda we gyrymsy agaçlarda aýdym aýdýardylar.
Soňra Doroty baglaryň aralygy bilen özüne tarap gelýän bir topar adamlary gördi. Olaryň üçüsi başyndan aýagyna çenli gök reňk geýinen erkek adamlardy, biri bolsa aýal bolup ol kümüş ýyldyzly ak eşikdedi. Haçanda olar Dorotynyň özlerine tarap seredýändigini bilenlerinde üç sany erkek adam edil gorkan ýaly bolup durdylar. Emma kiçijik aýal Dorotynyň ýanyna geldi we hoş owazy bilen: “Munçkinleriň ýurdyna hoş geldiňiz Beýik Jadygöý. Biz saňa Zalym Jadygöýi öldürip Munçkiniň adamlaryny azat edeniň üçin minnetdardyrys.” diýdi.
Doroty öz eşidýänlerine ynanyp bilmedi. Bu zatlar nämäni aňladýar?
“Siz örän mylakatly, emma bu ýerde bir ýalňyşlyk bar.” diýip ol aýtdy. “Men Jadygöý däl we men entäk durmuşymda ýekeje zadam öldürip göremok.”
“Nähili bolsa-da muny siziň öýüňiz etdi. Serediň!” diýip kiçijik aýal güldi we öýüň bir burçuny görkezdi. Doroty şol tarapa seretdi we öýüň aşagynda galan kümüş boluň iki sany inçejik aýaklary gördi.
“Eý Hudaý! Eý Hudaý!” diýip Doroty gygyrdy. “Öý onuň üstüne gaçandyr! Ýöne ol kim?” diýip Doroty sorady.
“Ol Gündogaryň zalym Jadygöýi diýip men aýtdyma” diýip kiçijik aýal jogap berdi. “Ol hakykatdanam örän elhençdi we zalymdy. Ol bu ajaýyp ýurtda höküm sürdi, Munçkiniň adamlaryny gije-gündiz gul edip ulandy. Häzir bolsa olar azat we saňa örän minnetdardyrlar.”
“Men görýärin.” diýip Doroty aýtdy we bu zatlaryň hakykatdan hem geňdigi barada oýlandy.
“Emma men Munçkinli däl.” diýip ol aýal aýtdy. “Men Demirgazygyň Gowy Jadygöýi.”
“Çynyňmy?” Dorotynyň gözleri ulaldy. “Men hemme Jadygöýler erbetdir öýdýärdim.”
“Ýok, bu uly ýalňyşlyk. Oz Ýurdunda diňe dört sany Jadygöý bar. Olaryň ikisi – Demirgazykda we Günortada ýaşaýanlary - gowy Jadygöýler. Gündogarda we Günbatarda bolsa iki sany zalym Jadygöýler ýaşaýarlar. Edil şu wagt sen olaryň birini öldürdiň, şeýlelikde Oz Ýurdyňda diňe bir sany zalym Jadygöý galdy.”
Şu ýerde Demirgazyk Jadygöýi süzüni böldi we öýüň burçuna seretdi – Munçkinlylar hem şol wagt şol ýerini görkezýärdiler. Ölen Jadygöýiň aýagy gaýyp boldy we ondan bar galan zat bir jübüt kümüş köwüş boldy. Demirgazyk Jadygöýi olary galdyrdy we Dorota berdi. “Bular seniňki. Zalym Jadygöý olara örän guwanardy, sebäbi olaryň jadyly güýji bar. Ýöne welin onuň nähili güýçdigini men bilemok.”
“Sag boluň!” diýip Doroty köwüşleri aldy. “Ýöne men häzir çynym bilen Kanzasdaky öýümize dolanmak isleýärin. Bolmasa meniň Em daýzam alada eder. Maňa öýümize barýan ýoly tapmaga kömek edersiňizmi?”
“Kanzas” diýip Jadygöý pikirlenip aýtdy. “Men beýle ýeriň niredeligini bilmeýänligime ynamly. Meniň bar bilýän zadym, olam Oz Ýurdyňyň çöl bilen gurşalandygy we ony hiç kimiň geçip bilmeýänligi. Mähribanym, sen biz bilen galmaly bolaýmasaň.”
Haçanda Doroty bu zatlary eşidende, onuň gözlerine ýaş aýlandy we ol aglap başlady. Munçkinlylar oňa duýgudaşlyk bildirdiler we özleriniň gök balaklarynyň jübülerinden gök el ýaglyklaryny çykaryp aglap başladylar. Diňe Demirgazyk Jadygöýi aglanokdy. Oňa derek ol haýallyk bilen özüniň ak papagyny çykaryp onuň içine seretdi we okady: “Goý Doroty Zümerret şäherine gitsin.” “Mähribanym, eger-de seniň adyň Doroty bolsa sen Zümerret şäherine gitmeli bolarsyň. Belki-de Oz saňa kömek eder” diýip Jadygöý Dorota usullyk bilen seretdi.
“Ol şäher nirede?” diýip Doroty sorady we göz ýaşlaryny süpürdi.
“Ol edil ýurduň ortarasynda ýerleşýär we Oz atly Beýik Jagygöý tarapyndan dolandyrylýar.”
“Men ol ýere nädip giderin?” diýip kiçijik gyz sorady.
“Sen ýöremeli bolarsyň. Zümerret Şäherine barýan ýol sary kerpiçden edilendir. Şol ýol bilen gitseň azaşmarsyň. Şeýle hem men saňa öz posamy bererin, ol seni görer. Hiç kim Demirgazyk Jadygöýiniň ogşan adamsyna zeper ýetirmäge milt edip bilmez.”
Ol Dorotynyň ýanyna geldi we gyzyn maňlaýyndan ogşady. Posa gyzyñ maňlaýynda ýalpyldap duran yz galdyrdy.
“Işiň şowly bolsun, meniň Mähribanym” diýip Jadygöý aýtdy we gözden gaýyp boldy.

(Dowamy bar)...
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 751 | Добавил: Gurban | Теги: Frank Baum | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]