08:16 Pakyr sözler | |
PAKYR SÖZLER
■ Hakaýygy bilmedikler merasimi din edindiler. ■ Alla hakda gürleýän köp, ýöne Allany bilýän ýok. ■ Niçiksi ýok bolup bilseñ şonça häkimsiñ, niçiksi bar bolsañ şonça-da ýesirsiñ. ■ Adam ogullary ýok, Idrak ogullary bar. ■ Müşahhasda galma, müjerretlige gowuş. ■ Bedenim jisimdir diýip senediñ barmy? ■ Oýa adam kän, adamkärçiligi oýananlar az. ■ Dok günüñ dokuzym düzüwdir öýtme. ■ Gudraty ejizden gözle, Baýlygy pakyrdan gözle. Ömüri ölümden gözle, Barlygy ýoklukdan gözle. ■ Pakyrlyga ýetmedik pakyrdyr. ■ Dünýäniñ pyssy-pyjurlyklaryny terk et, goý, saña ezeli pähim-paýhas berilsin. ■ Gussanyñ gadryny bil, ýigrenjiñi eý gör. ■ Nedir sowalyñ, odur kemalyñ. ■ Barlyk ýapragyny öwür, kitap hatym bolar. ■ Hakyky durmuşy ölümden taparsyñ. ■ Tasawwuf bilmek däl, gutarmakdyr. ■ Gapy-gapy gezmek gerek däl, ähli myrat sendedir. ■ Berhizsiz beden kirişsiz saz guralydyr. ■ Göz berildi - görülmezi görsün diýip. Aýak berildi - aşylmazy aşsyn diýip. ■ Erbetlik barlygyñ gutaran ýerinde başlaýar. ■ Içinden çykmasañ dünýäni bilibilmersiñ. ■ Pakyrlyk ýaly baýlyk bolmaz, açlyk ýaly iýmit bolmaz. H.Lütfi ŞUŞUD. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |