18:42

Paýhas damjalary

PAÝHAS DAMJALARY

• Arykdan suw akar, daýhana Huda bakar.
• Ir gelen sakada oturar, giç gelen - ýakada.
• Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz - rehnet.
• Suw atadyr, ýer - ene.
• Suwly ýer - gül, suwsuz ýer - çöl.
• Ýer görki - suw, suw görki - guw.
• Balygyñ diriligi suw bilen.
• Damja suwdan tal çykar.
• Döwletliniñ ýerinden ýap geçer.
• Ýagmyr bilen ýer gögär.
• Akan aryk akar eken, bakan döwlet bakar eken.
• Töwekgeliñ suwy daga ýörär.
• Tereñ suwlar bulanmaz.
• Alnyñdan akan suwuñ gadyry ýok.
• Ýeriñi bejermeseñ, aç galarsyñ, ýabyñy arçamasañ, puç galarsyñ.
• Ekiniñ hemdemi, ýeriñ melhemi.
• Suwsana suw bermeseñ, çölde Hydyr neýlesin?
• Suw akan ýerine, bagt bakan ýerine.
• Suw boýuny ýetirer, dökün hasyl getirer.
• Suw - zer, suwçy - zergär.

# edebiýatwesungat_2005
Категория: Sözler | Просмотров: 475 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]