09:44

Pelle / fantastiki hekaýa

Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 1199 | Добавил: Нawеran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 2.2/4
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 14
0
1 Zerinaý  
5
dõrediji adamda fantaziya näçe güýçli bolsa şonça-da täsirli eserleri dõretmäge ukyby zyýada bolýar. toslap tapmak, hyýaly pikirlenmeler, gõz õñüne getirmeler durmuş wakalaryny gyzyklandyryp okyja täsirli ýetmegine aýratyn goşant bolýar.

0
2 Mergenowna  
28
Dogrydan-da Hoja name bolduka!? Kelleler şänik ýaly boluberende gorkup soñuna zordan ýetdim.

0
3 Begli666  
4
Şu Detjalyň musulman wersiýasy barada ýekejede eser ýogaý...
Sen az ýatlapsyňda Detçaly. Eger irden Hoja oýanman, Detçal oýanyp, nädip dünýäni basyp alyp bolarka diýip aladalansa men şeýle bir şat bolardym.
Şu hekaýaň gowy tarapy bar. Birinji gow tarapy Hojaň aýaly Selbi öz ärini taşlap gidýär, eger dogry çen tutan bolsam çagalary hem öz ene atasyny taşlap gidýär. Magtymgulyň aýdyşyna görä ahyr zaman gelende her kim öz aladasyny eder, hiç kim ýakynyna kömek etmez. Awtor şol ýagdaýy beripdir. Ikinjidenem hiç zat işlänok, telefon, telewizor we maşynyň puldy. Iň bärkisi awtomadam atanok, bu ýagdaýy awtor hiç hili düşindirenok we dogram edipdir. Sebäbi kelläňde jogapsyz sorag galýar. Netijede ahyrzaman barada bir zat okaňda atmaýan awtomat barada habar gözläp geçýäň.

0
4 Mirrorr  
.Gowy atmosferaly hekaÿa eken. Dilem erbet däl. Ÿöne ylmy-fantastikadygyny jedelli hasaplaÿan. Mistiki-psihologiki diÿilse dogry boljak. Soňraklaryny keserdim. Özüne geleninden soň birinji we ikinji gezek penjirä seredişini birikdirip boljak. Ÿogsam uzak suratlandyrylÿar, dartgynly ÿerlerdäki täsiri gowşap ugraÿar. Kino tamamlanansoň titra seredip oturan ÿaly bolÿaň.
Soňundaky datanam aÿyrmalymyka diÿÿän, Haweran. 3112-nji ÿylda tokly razetkaly telewizorlaryň, pultda açylÿan maşynlaryň ulanyljagy gaty gümana. Muny ÿumor üçin goÿan bolmagyňam mümkin welin hekaÿaň özi agras bolansoň ÿerliksiz görünÿär.

0
5 Mirrorr  
Ol fanatigiň iÿegowalar bilen pikirdeş bolup biljegi nädogry dälmi? Ÿaraga ÿapyşyp bilen fanatik özüniňkiden başga hiç bir doktrinany kabul etmez.
Ÿene bir belligim bar. "Mylkyllap duran beÿni" diÿipsiň welin, beÿni gaty zad-a. Kelläni ÿaryp, ÿülügini sordy diÿseň has eÿmenç ÿaňlanmazmy?
Daşardaky bulam-bujarlygy görüp, gahrymanyň parahat bolup bilşi, çagasynyň gözlegine çykman, arkaÿyn tualede girşi, ÿuwnup-ardynşy, sagadyny dakyşy... soňunda ogluny bagryna basÿan adamyň häsiÿetine çapraz gelenokmy?
Eseriň plÿuslerem kän. Ilkinji nobatda atmosferasy. Ÿöne ulanan her bir detalyny dolylygyna işlemänligi awtoryň tejribesiniň ÿetmeÿändigindenmikä? Entek hekaÿany işläbermeli, gardaşym. Gowulygyna söz ÿok, ÿöne käbir kemçiliklerine wagt geçdigisaÿy özüňem göz ÿetirersiň.
Galamyň ÿiti bolsun.

0
6 Bagabat  
43
Ruslar öz inežnerleri näme ýasasa, ha ulag, ha roýal, ha kompýuter, ha kombaýn, iň soňunda tank ýa-da kalaşnikowyň awtomaty bolup çykýandygy hakynda degişýärler. Türkmenem näme ýazsa, ha fantastika, ha başdan geçirme, ha lirika, ha mistika... tapawudy ýok, barybir durmuşyň, dünýäň manysy hakynda düşnüksiz filosofiki eser bolaýýar öýdýän  tongue

0
7 Begli666  
4
@Bagabat, birniň aýdyşy ýaly okyýjylar iki topara bölünýär; Birinji topar eserde diňe çeper dil gözleýär. Ikinji topar eserde diňe many gözleýär. Sen ýalňyşmasam çeper dil gözleýänlere degişly...

0
8 Mirror  
Aÿ, mena ylalaşyp bilemok şoň bilen. Okyjy okyjy bolÿar. Eser hemmetaraplaÿyn kämil bolmasa, awtor okyjyň ozünden akylly hem gürrüň bermäge okde bolmasa okyjam ony okasy gelmeÿä. Çeper dil üçin diňe lingwistler okar. Ÿöne köçe dilinde gürrüň diňläsiň gelse, daşaryk çyksaňam ÿetik. Şo ÿerde anekdotam kän.

0
9 Shapak_A  
36
Gaty oylandyryjy hekaya. Kyyamat barada oylanyp görmedik adam yok bolsa gerek. O dünyaden we kyyamatdan gorkmaly dal diyyarler welin, nadip gorkmajak???

0
10 Igdir  
14
Şu eserler ýaly fantastik we "Şöhwet" ýaly eserleri ýazmagyňam wagty geldi diýip men öň bir teswirlerimde agzapdym. Bize okamaga we ýazmaga ýoň bolan eserlerden biraz daşlaşyp tragiki elegiki nowella ýaly eserler köp bolsa has gowy bolardy. Wi ýogsa-da @Haweran hany bi Şöhwediň yzy ýoga biggrin

0
11 Dunyagozel  
458
kelle betona degende eýmenç ses etdi. / diýýän ýeri eýmendirýä cry

0
12 Jeyhun  
637
Ýazjak bolsaň Eýäňi tana diýýär...

0
13 Jumjume  
571
Kyýamat gopup adamlar täzeden direldilenlerinde adamlar diñe özlerine gynanarlar,başga hiç kim ýatlaryna düşmez diýen manyly zatlary okamsoñ esli wagt ylalaşyp bilmän gezipdim. Hatda ret edýärdim. Ine bir günem bir wideoroligi gördüm: adamlar dürli ýerlerde we dürli ýagdaýlarda gorkuzylýar,şonda näme bolyandyr öýdyañiz? Söýgülilerde oglan gyzyñ üstünden ätläp käbiri döweläp gaçyp gidýär,kakaly ogulda kakasy ogluny taşlap gaçyp gidýär. Bu ýagdaý 100-lerçe adamda gaýtalanýar. Diýmek ahyrzamanda juda gorkan adamlaram şeýle boljak ekenlerdä

0
14 Jumjume  
571
Şunuñ ýaly wideorolikler aslynda adamlary güldürmek üçin gurnalýanam bolsa,olañ üsti bilen adamlaryñ haýsy ýagdaýlarda özlerini nähili alyp barjakdyklary ýüze çykýar

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]