12:10

Pygamber tebipçiligi: Syrkawa seretmegiñ düzgünleri

■ IÝGI-IÇGINIŇ SYRKAWA MEJBUR EDILMEZLIGI

«Öz syrkawlaryňyzy nahar iýmäge mejbur etmäň. Alla olary iýdirer we içirer» diýlip, Ukba ibn Amyryň getiren hadysynda aýdylýar.
Süňňüň ýarawsyzlygy, işdäň ýoklugy ýa-da gurbatynyň ejizligi üçin syrkaw nahar küýsemeýär. Her niçik bolsa-da, şol ýagdaýda oňa nahar bermek dürs däldir. Zorluk bilen iýdirilen tagam, tebigatyň öz işini bitirmegini bökdeýär, ony siňdirjek bolup, kesele garşy durmak we ony ýok etmek ukybyny ýitirýär, esasanam bu derdiň möwjän pursaty şeýledir. Agyryň artyklygy zerarly ýüze çykýan bu pursatda, gurbuny saklap biljek we söýget bolup biljek ýakymly iýgi-içgilerden başga zat bermek bolmaýar.
Gül, alma, ýa-da jüýje çorbasy bilen hulkuny kadalaşdyrmak, ýeňil çörek ýa-da ýakymly yslar bilen güýjüni dikeltmek gerek.
Huşuny ýitiren syrkawa mejbury tagam iýdirmek bolar: «Göwresi iýmitden doly syrkawyň işdäsi bolmaýar, iýmit bermek bilen diňe onuň ýaman halyny artdyrarsyň» diýip, Bukrat hekim aýtdy. Ibn Sina: «Güýç berýändigi jähtden seredeniňde iýmit bedeniň dostudyr, maddalygy taýdan seredeniňde bolsa duşmanydyr» diýdi.
«Alla olary iýdirer we içirer» diýen sözüň manysy, «olara iýip-içirýän kimseler kibi sereder, iýip-içmese-de, oňa zelel ýetirtmez» diýmekdir. Pygamberimiz: «Men siziň hiç biriňiz ýaly däl. Men özümi iýdirip-içirýän Hudaýymyň mähri bilen günümi geçirýärin» diýdi.

■ SYRKAWYŇ IŞDÄSI WE IÝESI GELEN ZADYNY BERMEK

Syrkaw soramaga baran Pygamberimiz, onuň iýesi gelýän zady hakda soranda: «Bugdaý çöregi» diýip jogap beripdir. Pygamberimiz: «Kimde bugdaý çöregi bar bolsa, gardaşyna getirip bersin» diýip aýdypdyr. Ol syrkawa işdäsi alýan, iýesi gelýän zadyny iýdirmegiň gerekdigini aýtdy.
Az-kem zeleldigine garamazdan, işdäsi alýan zady iýmek, işdäsi almaýan peýdaly zady iýeninden bähbitlidir. Eger iýesi gelýän zady özüne peýdaly bolsa, oňa ýetesi zat ýok. Näsagyň küýsegi öz halyna gabat gelende, syrkawyň iýesi gelýän za-dyny tebip oňa bermelidir. Bukrat hekim şeýle diýdi: «Azdygyna garamazdan, lezzetli tagam has oňatdyr. Şonuň üçinem iň oňat tagamy saýlamak gerek».

■ KESELI GÜÝJEDÝÄN ZATLARDAN SAKLANMAK

Muhammet ibn Japaryň kakasy, Pygamberimize bir gap hurma beripdir. Bu wagt gyzdyryp ýatan Aly hem hödür edilen hurmadan ýedi sanysyny iýende, Pygamberimiz oňa: «Bes et!» diýipdir.
Sebäbi hurmada gyzgynlyk bolup, ol gyzdyrmaly syrkawlara zyýan berýär, baş agyry, suwsuzlyk ýaly dertleri döredýär. Onuň zyýan bermezligi üçin az iýmek gerek.

■ SORAMAGA GELÝÄNLERIŇ SYRKAWA TAGAM BERMEGI

Ümmi Munzyryň şu zeýilli hadysyny «şugundyr we arpadan taýýarladym» diýen söz bilen öň beripdik.
Öz öýünden biri ýarawsyzlyk tapanda, Pygamberimiz olara bulamak bişirip, içmegi buýurýan eken. «Bulamak gamgyn ýüregi berkider, ýüzüňizdäki hapany süpürip aýryşyňyz ýaly, bu agyryny ýüregiňizden sogrup alar» diýipdir. Bulamak undan, suwdan we ýagdan taýýarlanylýar. Bir syrkawyň nahar iýmeýändigi hakda Pygamberimize aýdanlarynda: «Telbine bişiriň we oňa içiriň» diýipdirler. «Telbine çorbasy syrkawyň ýüregine rahatlyk berýär, gaýgysyny dep edýär» diýilýär.
Telbine çorbasy un, süýt we bal garylyp taýýarlanylýan nahardyr. Onuň reňkiniň aklygy üçin, süýde meňzedilip, «telbine» diýildi. «Telbine» - «leben» (süýt) sözündendir. Ol ýürege rahatlyk berýär, göwnüňi açýar. Gaýgy-gamyň sowuklygy üçin hulkuňy sowadyp, gyzgynlygyňy peseldýär. Bulamak bolsa gyzgynlygy güýjedýär we ösdürýär. Ýürek bolsa aşgazanyň agzydyr.
Äşäniň aýtmagyna görä, Pygamberimiz telbine içmegi buýuryp: «Halamasalaram, ol peýdaly tagam» diýipdir, syrkawlara hem şol nahary beripdir. «Halamasalaram» diýmeginiň sebäbi, syrkawlaryň ony iýesi gelmeýändigi üçindir. Bulamagyň peýdaly häsiýetini sanamak isleseň, ilki bilen arpa suwunyň, esasanam baldagyndan taýýarlanan içginiň peýdasyndan başla. Içiňi arassalar, tiz siňer, ýokumly iýmit bolar, gyzgynka içseň peýdasy köp, täsiri çalt we köp bolar.

■ SYRKAWYŇ BAŞYNY SARAMAK

«Pygamberimiz ýarawsyz wagty, agyryny köşeşdirmek üçin, başyna esgi orap, münbere çykypdyr we Hudaýa öwgi-sena okapdyr» diýip, Ibn Apbas aýtdy. Ýene bir rowaýatda başyna selle oranlygy aýdylýar. Başyňy güýçlendirip, agyry-derdini köşeşdirýändigi üçin, syrkawyň başyny saramak oňat görülýär.

■ EZÝET BERÝÄN ZATLARY SYRMAK

Kagp ibn Ajara şeýle diýdi: Hudaýbiýe söweşi döwründe, gazanyň astyna ot ýakyp durkam Pygamberimiz ýanyma geldi. Ol kellämde gezişip ýören bitleri görüp: «Mör-möjekleriň ezýet berýärmi?» diýende, «Hawa» diýip jogap berdim. Py-gamberimiz maňa saçymy syrdyrmagy tabşyrdy.
Saç syrdyrmak agyryny köşeşdirer, beýni öýjüklerini açar we güýçlendirer.

■ SYRKAWA YSGATMAK. SYRKAWY UKLATMAKDA ÝA KÖŞEŞDIRMEKDE YSGATMAGYŇ PEÝDASY

Derman burundan guýulmaly halaty, ony ysgamak ýa-da guýmak gerek. Pygamberimiziň burnundan derman guýandygyny, Ibn Apbas aýtdy. Tebipler munuň üçin syrkawyň burnu-na we töwereklerine benewşe gülüniň ýagyny ýa-da şoňa meňzeş zatlary sürtmegi buýurdylar.

■ SYRKAWYŇ ENDAMYNY ÝUWMAK

Ygtybarly kitaplarda subut edilen bu mesele hakda, ýarawsyz wagty Pygamberimiziň ýedi meşik suwy üstünden guýmagy buýrandygy aýdylýar. Ol syrkawy rahatlandyryp, gaýgysyny giderýär, güýjüni artdyrýar we ukladýar.

■ SYRKAWYŇ SAGDYN ADAMYŇ ÝANYNA BARMAZLYGY

Abu Hüreýranyň sözlerine görä, Pygamberimiz: «Syrkaw sag adamynyň ýanyna baryp ýörmez» diýip aýtdy. Ol bize heý¬wereli adamlara uzak seretmezligi buýurdy. Buharyda «heýwereli adamdan ýolbarsdan gaçyşy ýaly gaçýandygy» aýdylsa, Pygamberimiziň heýwereli adamyň egninden tutup, jamyň başynda oturdandygy hem-de: «Allanyň ady bilen, oňa ynanyp we töwekgellik edip şu nahary iý» diýendigini, Jabyr rowaýat etdi.
Edil şonuň ýaly hadys ibn Omarda hem gabat gelýär. Ýene şol ýerde şeýle diýilýär:
«Pygamberimiziň ýanyna gelen bir abraýly toparda heýwere keselli biri bar eken. Pygamberimiz onuň ýanyna wekil iberip: «Seniň bilen gaýybana kasam kabul etdik, indi gaýdyber» diýip, aýtmagy tabşyrypdyr.
Pygamberimiziň: «Syrkaw sag adamynyň ýanyna barmaz» diýen sözüne görä, ol ýerde syrkaw adam däl-de, «maly kesellän adam, ony abat malyň eýesiniň ýanyna eltmez» diýen düşünje ýatyr. Bardy-geldi sag mal Hudaýyň takdyry bilen keselläýse, mal eýesiniň göwnünde, bu keseliň şondan ýokaşandygy hakda pikir peýda bolar. Pygamberimiziň: «Duşman we betgüman bolmaň» diýişi ýaly, bu zatlardan gaýra durmaly.

■ KESELLERIŇ WE SYRKAWY SORAMAGYŇ HORMATY

Taňry bendesiniň toba etmegi, dogruçyllygy, günäleriniň dökülmegi we mertebesiniň beýgelmegi üçin ýaradylan iň güýçli sebäp hassalykdyr. Pygamberimiz:
«Ýaraman ýogalan ynsan şehit hasaplanar. Gabyr azabyndan aman bolar. Jennetde goýlan ryzky ýetiriler» diýdi.
Abu Hüreýre we Abu Sagyt Pygamberimiziň: «Musulmana inderilen bela-beter, muşakgatlyk, hassalyk, gaýgy-gam, hatda ony ünjä goýýan alada we barmagyna batan tiken hem onuň günäsini ýuwmak üçin iberilýändir» diýenini aýtdylar.
Pygamberimiz: «Keselinden zeýrenýän musulmana geň galýaryn. Eger ol syrkawlyk üçin nähili sogap berilýändigini bilsedi, tä ýogalýança syrkaw bolup gezmegi halardy»; «Ymmatymyň şehitleriniň köpüsi düşege baglanyp ýogalan adamlardyr. Bolmasa iki hataryň (tarapyň) arasynda öldürilen adamyň niýetini diňe Alla bilýär» diýipdir.
«Gyzgyn körügiň demir posuny aýryşy ýaly, gyzzyrma hem adam ogullarynyň günäsini ýuwýar»;
«Kim Alladan haýyr isleýän bolsa, haýra hem duçar eder» diýdi.
«Resulallaňkydan ýiti agyryny siziň hiç biriňizde görmedim» diýip, Äşe aýtdy.
Pygamberimiz: «Agyr belalara duş bolýanlar pygamberler-dir, soňra salyh-ýagşy adamlar, soňra şolara we şolara meňzeşler. Her bir adam özüniň dine ynanyşyna görä bela-betere duçar ediler. Adam ogly ýer ýüzünde gezip ýörkä, onuň ýalňyşyny ýuwmak üçin bela-beter geler durar», «Alla bir kowumy söýse, ony bela-betere duçar eder, şeýdibem olaryň ähli günälerini döker», «Islendik kesel ýa agyry, hatda eline çümýän tiken we duş bolýan şowsuzlyk – musulmanyň günäsini ýuwmak üçin iberilýär».
«Musulmana duçar bolýan agyry-ezýetiň ählisi, edil daragtlaryň ýapragyny döküşi ýaly, olaryň günäsini dökmek üçindir» diýdi.
Şuňa meňzeş hadyslar örän köpdür.
Pygamberimiz: «Adam oglunyň elinde saglyk bilen imandan başga hiç zat bolmadyk bolsa-da, şol ikisi ýeterlik bolardy» diýdi.
Humaýt ibn Sewr garran çaglarynda: «Öňki sagdyn gözlerim hem indi ikilik edip dur» diýipdir.
Garran pursaty Abyl Aýnadan: «Sen niçik?» diýip soran-la¬rynda, «Adamlaryň ýetmegi arzuwlaýan derdinde» diýip aý-dypdyr.
Omar ibn Teýmiýe: «Meniň damarlarym gatap, ganym goýalan ýalydy. Ertirine we agşamyna doga etmegim olary ýumşatdy. Hudaýymdan meni sagaltmagyny yhlas edip dile-dim. Asyl salamatlyk hem dert eken» diýdi.
Bir eserde: «Eý, gulum, saglyk saňa nebsiňi baglaýar, kesel bolsa seni maňa baglaýar» diýilýär. Ynsan elmydama saglyk dilemelidir. Hudaý onuň maňlaýyna keselbentligi ýazan bolsa, sabyrly we kaýyl bolmaly, şükür etmeli.
Harys Muhasyby: «Bela-beter yhlasly bendeler üçin temmidir. Toba edýänler üçin päkizelik, päkizeler üçin mertebedir» diýdi.
Pygamberimiz: «Syrkawyň halyny soraň, ejir çekýäniň derdini ýeňlediň, oňa teselli beriň», «Hudaýyň haky üçin syrkawyň halyny soran ýa-da doganyna görme-görşe barýan adama perişdeler: «Gör, sen nähili ýagşy adam. Seniň her ädimiň gözel. Sen munuň üçin jennetden jaý edindiň» diýýärler. «Syrkaw soramagyň kämil edebi, eliňizi maňlaýyna goýup, saglygyny soramakdyr» ýa-da «Eliňizi üstüne goýup: «Niçik oýan¬dyň? Niçik ýatdyň?» diýip soramakdyr. «Syrkawyň ýanyna girseňiz, onuň gaýgysyny köşeşdiriň». «Syrkaw soraýan adam jennet ýodasynda ýöreýändir» diýdi.
Enesiň aýtmagyna görä, üç gün geçmese Pygamberimiz syrkaw soramaga gitmez eken. Ol syrkawyň ýanyna girende, elini alnynda goýup: «Gaýgy etme, nesip bolsa bu päklenmekdir» diýer eken.
Abu Hüreýrede: «Üç syrkawyň: gözi agyrýanyň, dişi agyrýanyň we düwürtik (iriňli çiş) çykanyň haly soralmaýar» diýilýär.
Pygamberimiz Omara garap: «Syrkawyň ýanyna barsaň, özüň üçin ýagşy dileg etmegini sora. Çünki, syrkawyň dilegi perişdeleriň dogasy ýalydyr» diýipdir.
Pygamberimiz: «Syrkaw soramaga baranyňyzda, oňa ýagşy sözleri aýdyň. Çünki, perişdeler siziň aýdýan zatlaryňyz bilen ony üpjün edýär we jennet miwelerini ýolup berýär»;
«Syrkaw soramaga baranyňyzda, eger onuň ajaly ýetmedik bolsa, ýedi gezek: «Beýik arşyň eýesi bolan beýik Alladan saňa şypa bermegini soraýaryn» diýseňiz, Alla oňa saglyk bagyşlar» diýdi.
Pygamberimiz syrkaw soramaga baranda ýa-da syrkawlar onuň ýanyna gelende: «Eý Alla, eý bütin ynsanlaryň eýesi, hassalygy gider ýaly we hiç bir dert galmaz ýaly şypa ber. Çünki şypa berýän Sensiň» diýip, doga edipdir.
Syrkawyň özi hem «Fatyha», «Yhlas», «Falak» we «Nas» sürelerini okap, eline çüfläp, ýüzüne sylsa, şypa tapar. Pygamberimiziň özi hem şeýder eken.
Gaýgy-gamdan saplanmak üçin: «Azym (Beýik) we Halym (Mylaýym) bolan bir Alladan başga Hudaý ýokdur. Beýik arşyň eýesi bolan bir Alladan başga Hudaý ýokdur. Asmanlaryň we zeminleriň, şerepli arşyň eýesi bolan bir Alladan başga Hudaý ýokdur» diýip, doga etmeli.
Ýagdaýy soralan wagty: «Agyrym örän erbet» diýmäge, syrkawyň haky bar. Resulallanyň özi hem «Wah, kelläm» diýer eken.
Mümkin boldugyça nägileligiňi we närahatdygyňy ýüze çykarmajak bolmaly. Zeýrençden öňürti «Hudaýa şükür» diý-seň, agyrydan nam-nyşan galmaz.
Syrkawdan tebip çagyrmalydygyny ýa-da däldigini soramaga, onuň maşgalasy haklydyr.
Ýarawsyz wagty Pygamberimiziň ýanyndan çykyp barýan Alydan saglygyny soranlarynda, ol: «Hudaýa şükür, sag-sala-mat oýanýaryn» diýipdir.
Hernäçe agyr hem bolsa, syrkaw adama ölümini dilemek bolýan däldir, diňe dinine we ygtykadyna nogsan ýeter öýdüp gorksa, dilemek dürsdür.
«Ölüm pillesi golaýlanda, Pygamberimiziň ýanyndaky suwly gaba elini sokup, ýüzüni süpürýänini gördüm» diýip, Äşe gürrüň berýär. Pygamberimiz: «Eý Alla, ölüm janhowlun-da ýardam et» diýip, dileýär eken. Ýene-de ol: «Eý, Alla, meni bagyşla, maňa rehim et, meni ýagşyzadalaryň hataryna goş» diýip, doga edipdir.
Şyh Muhýiddin Newewiniň «Ezkar» kitabynda şeýle diýilýär:
«Durmuşa bolan umydyny ýitiren adamlar köpräk Gurhan okasa we Hudaýy ýatlasa gowy bolar. Ol nägilelik, ýaramazçylyk, dawa-jenjel, sögünç, din bilen baglanyşygy bolmadyk meselelerde çekeleşmekden daşda durmaly, ýaşap ýören pursatynyň dünýädäki soňky wagtydygyny ýatlap, soňuny haýyr bilen gutarmagy üçin yhlas etmeli.
Hakykaty ýerine ýetirmäge, amanat zady tabşyrmaga howlukmaly, maşgalasy, çagalary, perzentleri, goňşulary we dost-lary, gatnaşyk edýän ähli adamlary bilen razylaşmaly. Hudaýa şükür etmeli, «rehim eder we günämi öter» diýip, Hudaý hakda ýagşy pikirde bolmaly, Hudaýyň saňa azap bermäge-de, seniň tagatyňa-da mätäç däldigini aňlamaly. Ondan şepagat islemeli, umyt beriji aýatlary we hadyslary, ýagşy adamlaryň eserlerini okamagy soramaly. Ogullaryna ýagşy işi maslahat bermeli, bäş wagt namazy gyşarnyksyz berjaý etmelidigini, haram zatlardan çetleşmegi buýrup, bu meselede geçirimlilik etmeli däldigini, Hudaýyň hukuklaryny äsgermezlik etmegiň, hakyny ödemezligiň bu dünýädäki iň gabahat işdigini duýmaly. Bu ýaramaz hereketleri taşladar ýaly sözleri aýtmaly, «eger şeýtse bela-betere duş boljagyny» aňyna salmalydyr. Syrkawlan pursady we bela-betere duçar bolan mahaly sabyrly bolmalydygyny, özi üçin aglamazlyklaryny maşgalasyna wesýet etse gowy bolar.
Pygamberimiziň bu barada aýdan sözi dogrudyr. «Merhum yzyndakylaryň agy sesinden azap çekýär».
«Meniň azap çekmegime sebäp bolýan, eý, söýgüli dost-ýarlam, häzir boluň» diýmeli. Özüne ýagşy doga etmekleri, jynaza wagty uly ses bilen Gurhan okamazlygy we beýleki zatlary tabşyrmaly. Ölüm jan howly wagty «Bir Alladan başga Hudaý ýokdur» diýen sözi köpräk gaýtalamaly, «eger ýatyp galsam, oýaryň» diýip, töwerekdäki adamlara sargamaly. Pygamberimiz: «Bir Alladan başga Hudaý ýokdur» diýeni soňky sözi bolan adam jennete girer», «Gidip barýan hassaňyzyň ýanynda «Bir Alladan başga Hudaý ýokdur» diýen sözi köp gaýtalaň» diýip aýtdy.
Eger bu sözi aýtmaga mejaly bolmasa, ýanyndaky adamlar ony birahatlandyrmajak bolup, özleri aýdybermelidir. Bir gezek aýdandan soň ony gaýtalamasa, başga söz gürlemezden, diňe şony dowam etmeli. Gözi agaryp gidiberse: «Allanyň ady bilen, Resulallanyň milletine» diýmeli. Her bir adam ol hakda diňe ýagşy zatlary aýtmalydyr.
Pygamberimiz: «Eger (jynaza) gelen bolsaňyz, ýagşy söz-den başga zat diýmäň. Çünki perişdeler siziň aýdýan zatlaryňyza görä, merhumy üpjün (kabul) edýär» diýdi. Rowaýatlara görä, ensarlar merhumyň ýanynda «Bakara» süresini okaýar ekenler.
Ýene bir rowaýatda: «Merhumlaryňyza «Ýasyn» okaň» diýilýär.
Onuň garnynyň üstünde demirden bolan bir zat goýulýar.
Ölüm pursaty golaýlanda Omar ibn Hattap ogluna bakyp: «Ýaňagymy ýere goý» diýipdir. Ogly kakasynyň aýdyşy ýaly edipdir. Ol: «Eý Omar, eý, Omaryň enesi, Hudaý günäňizi geçmese, dat günüňe» diýip, gözýaş döküp aglapdyr, hatda gözýaşyň köplügi üçin, gözi toprak bilen galtaşyp, palçyk bolupdyr.
Ýene bir rowaýatda: «Özi aglapdyr, agysy bilen töwerek-däkileri hem agladypdyr. Ol ýaňky ýaly pursatda: «Gün şöhlesi düşýän ähli zat elimde bolsa-da, bu günüň gorkusyndan sypmak üçin, ählisini pida ederdim» diýipdir. Ol ogluna garap, «Meni içki jaýa (göre) salaňyzda, ýaňagymy topraga degrip goýuň, ýaňagym bilen topragyň arasynda hiç zat bolmasyn» diýipdir. Gyzy Hamsa bakyp: «Ata hakym üçin senden bir zat soraýaryn, maňa agy ses etme, emma gözüňe hakym ýokdur. Merhumda ýok zady ýatlap aglasalar, perişdeler ol merhuma ýigrenç bilen bakar» diýipdir.
Ýogalandan soňra Omary düýşde görüpdirler. Ondan: «Alla saňa näme etdi?» diýip soranlarynda, «Ýagşylyk etdi, eger-de günäleri bagyşlaýan eýämi görmedik bolsam, tasdan arşym elden gidipdi» diýipdir.
Ölüm pursaty ýakynlan Omar ibn Abdyleziz: «Meniň üçin ölümiň ýeňilleşdirilmegini islämok. Musulmanyň bu dünýäde sabyr edip, sogap aljak iň soňky synagy şoldur» diýipdir.
Ony düýşde görenlerinde: «Nähili işler gowy eken?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Günäň geçilmegini Hudaýdan dilemek» diýipdir. Ölüm pursaty ýeten Magaz: «Iň soňunda gelýän söýgüli myhman, pukaralyga duwlanyp gelen ölüm, hoş geldiň. Eý Alla, mundan owal senden gorkýardym, bu gün welin seni isleýärin» diýipdir.
Ölüm hassalygynda ýatan Magrup: «Eger ýogalaýsam, köýnegimi alyp, sadaka ediň. Ýalaňaç bolup dogluşym ýaly, bu dünýäden ýalaňaç bolup gidesim gelýär» diýipdir.
Abu Bekir: «Jüneýdiň ýanynda otyrkam, ol ilki Gurhany hatym etdi, soňra ýene ýetmiş aýat okamaga başlady. Şondan soň ýogaldy» diýdi.
Категория: Medisina | Просмотров: 387 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ymam Zehebi | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]