SÄHRA GÖWENEGI
Türkmen tebigatynda duşýan owadan guşlaryñ biri-de sähra göwenegidir. Olar laçyn-şekilliler otrýadyna, laçynlar maşgalasyna degişlidir. Göwresi kepderiden kiçi, horazynyñ kellesi we guýrugynyñ üsti gögümtil, arkasy meneksiz açyk-çypar, guýrugynyñ aşagy açyk reñkli we ujy gara zolakly. Bedeniniñ uzynlygy 27 ㅡ 33, ganaty 22,3 ㅡ 25 santimetre ýetýär.
Höwürtgeleýän we uçup geçýän guşlaryñ hataryna girýän bu guş deñiz derejesinden 2200 metre çenli beýiklerde, käwagt has pesde (500-600 metr), ýagny düzülüklerde, jarlarda, derýa hanasynyñ kertlerinde duş gelýär. Gür gyrymsy batgalykdan we oba hojalyk ekinlerinden daşda bolýarlar. Az bölegi ýurdumyzda gyşlaýar. Diýarymyzda sähra göwenekleri mart aýynyñ aýagyna ㅡ apreliñ başyna, güýzüne sentýabr ㅡ oktýabr aýlaryna uçup geçýärler. Aprel aýlarynda çölde, dagda we dag eteklerinde, derýalaryñ gum kert kenarynda, harabaçylyklarda, seýrek hinlerde, gök gargalaryñ köne hinlerinde kiçiräk topar bolup ýa-da aýratyn jübüt bolup höwürtgeleýärler. 3-5 ýumurtga goýýarlar. Mör-möjekler, seýregräk ha££yklar, maýda gemrijiler we guşlar bilen iýmitlenýärler.
Olar Türkmenistanyñ çäklerinden daşarda Orta Aziýada, Gündogar Ýewropada, Arabystanda, Afrikada ýaşaýarlar.
Sähra göwenegi ''Ýitmek howpunyñ abanmagyna ýakyn görnüş'' diýip bilermenler tarapyndan bellenilenligi sebäpli, 2008-nji ýyl Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyñ halklara bileleşiginiñ Gyzyl sanawyna (TTBGHB) we 1985-nji, 1999-njy, 2011-nji ýyllar Türkmenistanyñ Gyzyl kitabyna, şeýle hem 2011-nji ýyl Ýitip ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniñ halkara söwdasy baradaky Konwensiýanyñ (inl. GITES) sanawyna girizilendir. Olar Türkmenistanda ähli döwlet tebigy we döwlet tebigy çäkli goraghanalarynda goralýarlar.
Taýýarlan: Öwezgeldi MÄTEROW, Türkmenistanyñ Tebigaty goramak jemgyýetiniñ Mary welaýat bölüminiñ işjeñ agzasy.
07.04.2020.