16:43 Meñzetmeseñ bolýar arwahdyr jyna | |
MEÑZETMESEÑ BOLÝAR ARWAHDYR JYNA
(edebi ýañsylama) "...Güm bolsun setirlem, It kimin çyñsap." Ýagmyr Pirgulyýew. "Sowet edebiýaty", N-2, 1985-nji ýyl. Isle - begen, Isle - gynan Party ýok. Ýazan setirleriñ duzy ýok, duzy. Onuñ Aly Hezretleri Poeziýa, Harpygyñy saýlap, söýýändir uzy. Isle - ite meñzet, Isle - pişige. Okyjyñ göwnüni bilmänsiñ awlap. Gitdiler şo bada ýüreklerimizden, Doñuz deý horkuldap, Pişik deý mawlap. Isle - ýene-de ýaz, Isle - nokat goý. Ol seniñ öz işiñ Okyjyñ çyny. Beýik Poeziýany - Ynsan aýdymyn Meñzetmeseñ bolýar arwahdyr jyna. Öwezgeldi MÄTEROW, Murgap raýony. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |