12:41 Gündelikde galanlar -30/ dowamy | |
13.04.2019.
Ýatlamalar
Kompozitor Gurbandurdy Çaryýew bilen telefonda gepleşdik. Şu agşam 10-yň ýarynda telewideniýede ol hakda gepleşik gidýär. Işlän döwri başdan geçiren birnäçe gülküli wakalaryň gürrüňini etdi. Ol saz uçilişesini tamamlandan soň Marynyň sazçylyk uçilişesine işe iberipdirler. O ýerdenem goşun gullugyna çagyrylypdyr. Gullukdan soň öýüne barýar. Görme-görşe diýip, Aşgabada gaýdýar. Respublikan halk döredijilik öýünde işleýän tanşy Ýalkap Ýazmämmediň ýanyna gelipdir. O ýerde-de ýaş kompozitor Baýram Hudaýnazarow, Gylyç dagy işleýän eken. – Baýramyň adynyň men Tolikdigini bilýän. Baýram Hudaýnazarow diýilýäni şo bolsa nätjek. Başda meni aýdym ýazmaga höwes döredenem Baýramyň aýdymlarydy. Şoňky ýaly şowly aýdymlary döretmegiň arzuwyndadym. Onuň Gara Seýitliýewiň sözlerine, Gara Seýitli şol wagtlar medeniýet ministridi, döreden aýdymlary gaty meşhurdy. Baýramyň bir gezek Gara Seýitliniň yzyndan «Gara» diýip, gygyranyny hem eşitdim. Başlygymyz Allanazar aga Rejebowa, il içinde ýörgünli ady Baý agady, oňa-da Baý diýip ýüzlenenini birnäçe sapar eşitdim. Hawa, onsoň görme-görşe gelemde, daş çykaly diýip Medeniýet ministrliginiň köçä çykýan gapysynyň öňünde durkak (edara ministrlik bilen goňşudy) aňyrdan ministrligiň kadrlar bölüminiň müdiri Nutdy Nurmyradow gelip, biziň bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Ýaşuly saz sungaty bilen meşgul ýaşlaryň hemmesini tanaýardy. Çary Nurymowa çenli okuwa ýerleşdirip gaýdan Nutdy Nurmyradowdy. Hawa, onsoň, ol meniň bilen gyzyklandy. – Sen nirede? – diýip sorady. – Öz iberen ýeriňizde, Maryda – diýsem, – Sen şu ýerde işlemeli. Häzir men Baý aga jaň edip aýdaryn. Bar ýanyna – diýdi. Şeýdibem men halk döredijilik öýünde hormeýstr bolup işe başladym. Baý aga ýagdaýymy aýtdym, ol maňa bir hepde rugsat berdi. Ýogsam ol «Häzirden işe başla» diýip dur. Öýe baryp kakama «Meni Medeniýet ministrligine işe aldylar» diýip aýtdym weli, ol asla ynanmady. «Pohuňy iýmesene. ministrlik seni başyňa ýapsynmy?» diýdi. Işe başladym. Toligiň hem Baýram Hudaýnazarowdygyny şonda bilip galdym. Baý aga halk döredijilik öýleriniň arasynda öňdebaryjy kollektiwlere sowgat gowşurdy. Çärjewden gelen Aman Orazlyýew hem ýanymda otyr. Ol onuň adyny tutup sowgadyny aýtdy. Aman aňşyrmansoň «näme?» diýdi. Baý aganyň maňňyldap burny bilen geplemesi bardy. Men Amana «Sowgadyň müň manat. Ýuwmaly» diýdim. «Hemmesini ýuwarys» diýip begendi. Baý aga oňa derek sowgat berdi. Men muny oňa degşip aýdypdym. Baý aga sazlaryň içinde «Sen-sen» diýen halk sazyny gaty gowy görýärdi. Ony häzirki zaman saz gurallary üçin täzeden işletjek bolup birki sany kompozitor teklip edilipdir weli, onuň göwnüne ýaramandyr. Men onsoň muny Nury Halmämmede aýtdym. Olam razylyk berdi. Men Nuryny Baý aganyň huzuryna getirdim. Nury ondan «nähiliräk edeýin?» diýip sorady. Menem «Baý aga, özüň hiňlenip beräý» diýdim. Olam «bom-bomi, bom-bomi» edip gülkiňi tutduryjy äheň bilen aýtdy. Nury onuň bu bolşuna gülkisini saklap bilmedi. Ol gülüp-ýykylyp ýatyr. Bir günem Baýram, Ýalkap dagy işden ir gitjek bolup, Baý aganyň gitmegine garaşdylar. Menem bildirmän baryp Baý aganyň kabinetine girdim. Mahal-mahalam Baý aganyň iliňkä meňzemeýän burnuny çekmesini edýän. Gapydakylar muny eşidip otyrlar. Özlerem gyssanýarlar. Ahyry Baýram çydaman «Men-ä rugsat sorajak» diýip, gapyny açdy welin, Baý aganyň oturgyjynda men otyryn. «Wah, içigara» diýip gülüşmek gülüşdiler. Baýram Hudaýnazarow bir gezek komandirowka gidende sowgat diýip, Baý aga ala-mula göz äýnegini getirdi. Baý aga äýnegi dakynyp: – Gelişýämi? – diýdi. Baýramam: – Gelişýä, Baý aga! – diýdi. Gelişme nirede?! Baý aganyň ýüzi gotur-a! Büdür-südür! Bir gezegem Ýolaman Nurymow täze ýazan saz eserini getiripdir-de, diňlenişige goýjak. Ol gapydan girse, Baý aga oňa kän ýüz bermändir. Yzyna dolandy. Bizem gyzyklanyp soradyk weli, ol näme diýýär: – Ýüzüni onluk kaloşyň ýüzi ýaly edip otyr – diýdi. Bir gezegem edaranyň üýşmeleňinde tost aýtmaly boldy. Menem ýerimden turup: – Alla nazar salyp, ýalkap berse, montujak mürrük gylyjy göterip, tekäni soýup, baýram etse bor – diýdim. Allanazar aga hem, Ýalkap hem, Monton aga hem, Mürrük hem, Gylyç hem, Teke-de, Baýram-da edaramyzyň işgärleri! Bir gezek Baý aga Moskwa ýygnaga gidip geldi. Edara işgärlerini ýygnap, şol ýygnakda goýlan wezipeler dogrusynda ýygnak etdi. Ol gürrüňinde zol-zol «haos» sözüni gaýtalaýar. Ýygnak gutardy. Men ýerimden galdym-da, «Baý aga, haos diýýäniňe düşünmedim. O diýdigiň näme bolýar?» diýip soradym. Ol: – Men näbileýin. Menem o taýda eşitdim – diýdi. Baý aganyň gyzyny Taňryguly Tagan ogluna alýar. Toýa çagyrmaly adamlara çakylyk etmegi maňa taýşyrdylar. Ministrlikde işleýän Aşyr Mämiliýewiň ýanyna baryp: – Baý aga gyzyny Taňryguly Taganyň ogluna ........... – diýdim. Gelip, Baýrama aýtsam: – Aşyr Mämili bilen Baý aga ikisi baj-a! – diýdi. Soň bir diňlenişikde meňem aýdymym bardy. Onda Aşyr Mämili «Gurban, şol toý çakylygyňy Baý aga-da aýdyp ber. Bir däl, üç aýdymyňy hem kabul eder» – diýdi. Işgärimiz Polina Babaýewany Baý aganyň orunbasarlygyna bellediler. Şo wagtlar maňa kompozitorlaryň aýdymlarynyň kitapçasyny toplamagy tabşyrdylar. Kitapça çykdy. Polina Baý aganyň ýanynda: «Kitabyň redaktory Gurbandurdy Çaryýew gollanma öz aýdymlaryny ýerleşdirip, Çary Babaýewiň ýekeje aýdymynam almandyr» diýip, arz edipdir. Menem oňa «Men-ä şonda ýekeje aýdymym hem ýok. Çary Babanyň iki aýdymy ýerleşdirildi» diýip düşündirdim. Muny men Çary Baba gürrüň berdim. «Zyýany ýok. Agşam men ony gowy edip ..... » diýdi. Soň eşidip otursam, Polina Çary Babaýewiň aýaly bolsa nätjek! «Gijeler» aýdymy diňlenişikde kabul edildi. Munuň üçin maňa gonorar diýip 60 manat berdiler. Goşgynyň awtory Ýalkap, Baýram, Gylyç dagymyz 1-nji parka baryp, aýdymy gowy edip ýuwduk. Ertir daň bilen Gylyç aga bir taý köwüşli geldi, ol öýüne ýetip bilmän parkda uzyn oturgyçda ýatyp galypdyr. Bir taý köwşünem itmi näme, belli däl, äkidipdir. Baýram ýerde oty gujaklap ýatypdyr. Ýalkap öz öýümdir diýip baryp birini öýden çykaryp kowup, şonuň öýünde ýatyp galypdyr. Kelle gaty agyr. Baýrama men «Pohmel etmesek boljak däl». Pohmele karz pul sorasam, «Ozalam menden 30 manat aldyň-a» diýdi. Şahyr Hudaýguly Allamyrady halk döredijilik öýünde işlemäge men getirdim. Oglanlar bolup piwo içip otyr. Soň ol biziň ýanymyza geldi-de: «Oglanlar, sizem medeniýet adamlary ekeniňiz. Siziň ýanyňyzda piwo içäýeýin» – diýdi. Hudaýguly Allamyrat bilen şo ýerde tanyşdyk. «Kitaphanada işleýädim. «Içýäň» diýip, işden boşatdylar» – diýdi. Men ondan ýazmak-pozmak bilen arasynyň nähilidigini soradym. Ertesi Hudaýguly geldi. Baý aganyň ýanyna saldym. Onuň eline bäş sahypalyk tekst berdi. Ertesi getirdi. Baý aga ony okap, edarada redaktor işgär ýokdy, redaktor diýip işe aldy. Hudaýgulyň ilkinji aýdymy «Bahar aýdymy». Onuň sazyny men ýazdym. Ýöne ol aýdylmady. Soň onuň bilen «Asyl söýgä uýmakdanmy» diýen aýdymy ýazdyk. Baýram Hudaýnazarow onuň sözlerine «Ak, ak, ak sen, ak derýam» aýdymyny, Şamämmet Bäşimow «Akja kepderini» ýazdy. 14.04.2019. Agşam Kakabaý Ataýew jaň etdi. Atadurdy Gurbanowyň ýogalandygyny aýtdy. «Men mundan habarym ýok» diýdim. Düýn onuň ýedisi kiçi oglunyň öýünde bellenilipdir. Kompozitor Gurbandurdy Çaryýew SSSR-iň halk artisti, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, kompozitor Weli Muhadowyň okuwçysy. Weli Muhadowiç ýogalanda, megerem 2005 – 2006-njy ýyllar bolmaly, Gurban onuň jaýlanyşyna gatnaşypdyr. Aýaly Adygül gelneje: “Gurban seni gaty gowy görýärdi. Halypaň bilen hoşlaş” – diýdi diýýar. Halypanyň ýanyna girdik. Meniň ýanymda işleýän mekdebimizde 15 ýyllap orunbasar bolan pianinoçy Apbas hem bar. «Razy bol, halypa!» diýdim. Rakdan ýogaldy. Weli Muhadowiçiň howlusynda gowy iti bardy. Ol ony gaty gowy görýärdi. Şoňa gaty gynandy. Maňa «Bir gowy türkmen itini tapyp ber!» diýdi. Menem obada agama aýtdym. Agam tagtabazarly çopanlardan gowuja bir güjügi berdi. Men ony Weli Muhadowiçe getirip berdim. Güjügi Weli Muhadowiçem, Adygül gelneje-de gowy gördüler. Ýöne iki aý töwereginden soň olam ölüpdir. Bir gün barsam, Adygül gelneje aglap duran eken. «Näme aglaýaňyz?» diýsem, «Şumat güjügi jaýlap geldik. Öldi» diýdi. – Näme bilen naharladyňyz? – diýip soradym. – Ýumşak zatlar. Kolbasa berýärdim – diýdi. – Bermeli däl eken. Beren zatlaryňyz it üçin zyýanly – diýdim. Süňk gaýnadyp beren bolsaňyz bolardy – diýdim. – Wah, aýtmaly ekeniň-dä! – diýip gynandy. Weli Muhadowiçiň öňki gowy görýän iti ýogalanda ol: – Ilki erik agajy gurady. Soň itim öldi – diýdi. Weli Muhadowiç itini käwagt erik agajyna daňýardy. Erigiň aşagyna siýýärdi. Siýdik hem agajyň köküni guradýar. Erigiň guranynyň sebäbini hem oňa aýdypdym. Weli Muhadowiç başda Türkiýä meni hem ibermek niýeti bardy. Soň onuň özi gitdi. «Gurban, bagyşla!» diýdi. Özi o ýerde birnäçe ýyl işländen soň, o ýerde ogly Serdar galdy. Ol häzir şo ýerde professor. Annameret Durdymämmedow bilen gürleşenimizde (13.04.2019 ý) ol obada Durdymuhammet Nuralyýewler bilen goňşulykda – 10-15 metr ara goňşulykda ýaşandyklaryny aýtdy. Ýa Çukurda, ýa-da Jejirsde. Nuraly aganyň aýaly öldi. Hiç kim oňa seretmedi. Özi käriz gazýardy. Ejem nahar bişirende hiç wagt goňşokarany ýatdan çykarmaýardy. Durdymuhammede-de hiç kim seretmedi. Poçtalýon boldy. Gyzylarbada gatnap okady. Nuraly, Nazaraly, Rejebaly doganoglanlar. Baba Rejebaly bilen Muhammetberdi – oňa Aktelpek diýerdiler. Ikisi dogan. Seýdaly baba Rejebalyň ogly. Hudožnik Muhammedow Muhammetberdiň – Aktelpegiň ogly. Nazaralyň aýaly kürtdi. 15.04.2019. Annameret Durdymämmedow: – Durdymuhammediň kakasy Nuraly aga ýogalandan soň, obada oňa hiç kim seretmedi. Gyzylarbatda ýaşaýan Aktelpek – Muhammetberdi, – Köşekberdi agasy oňa eýe çykdy. 7-njini gutaryp, onýyllygy Gyzylarbatda gutardy. Oňa Ogulgözel diýen gyzy alyp berdiler. Ol gelniniň ýanyna barsa-da bolmandyr. Baglanypdyr – diýip gürrüň edýärdiler. Iki ýyldan soň, Ogulgözeliň talak hatysy alyndy. «Ol Garrygala durmuşa çykypdyr» diýdiler. Çaga-çugasy bolupdyr. Durdymuhammet Aşgabatda soňky aýalyna duşdy. Birnäçe çagasy boldy. Soň alym bolup ile çykanda Çukurda illeň Durdy dädesi boldy. Annagurban Aşyr meň ýegenim. Kakamyň aýal dogany Bikejemaldan bolan. Soňky aýaly Kerki tarapdan. Oňa Andreý diýip adyny tutýan eken. Obada onuň tutulýan ady Körpedir. Olar ýedi dogan. Agasy Annamämmediň gyzyny gyzlyk aldy. Annamämmediň aýalynyň ady Annagül bolsa-da, oňa Jüýje diýýärdiler. 18.04.2019. Filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr Ahmet Mämmedow: Dil-edebiýat institutynda işlände institutyň direktory Gyzylgül Hakberdiýewna Kyýasowa ony ýanyna çagyryp Özbegistanyň Prezidentiniň kitabyny türkmen diline geçirmelidigini aýdanda: – Men syýasata goşulamok – diýip, boýun almandyr. Ol: – Bar, gidiber! – diýipdir. Häzir G.Kyýasowa iki institut birleşensoň, halk döredijilik bölüminde esasy işgär bolup işleýär. * * * 1979-njy ýyl bolmagam ahmal, anyk ýadyma düşenok. «Edebiýat we sungat» gazetinde işläp otyrkam, TKP MK-nyň instruktorymy ýa sektor müdirimi, jaň edip, «gelip git» diýdi. «Näme?» diýip sorasam, «Ýazan arzaň bilen bagly» diýdi. «Nähili arza?» diýip, men geň galdym. Bardym. Telegramma arzany okatdy. Onda Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragyna hödürlenýän Nobatguly Rejebowyň şol baýraga mynasyp däldigi hakda aýdylýar. Onuň aşagynda-da «Allaýar Çüriýew» diýip meniň familiýam dur. Men hiç haçan kimdir biriniň üstünden arza ýazan adam däldigimi, bu töhmeti hem meniň adymdan ýazylandygy hakda düşündiriş hatyny ýazdym. MK-nyň propaganda we agitasiýa bölüm müdiriniň orunbasary Kakabaý Ylýasdan bu arzanyň kim ýazandygyny bilmegi haýyş etdim. Soň Kakabaý Ylýasow munuň redaksiýanyň işgäri Şadurdy Çarygulyýewdigini organ işgärleriniň üsti bilen anyklanandygyny maňa ogryn aýtdy. Telegramma glawpoçtadan iberilipdir. Teksti ýazan adamyň poçerki saklanýan eken. Men bir gabat gelemde, muny Nobatgula aýdypdym. 20.04.2019. O gün An. Dur. maňa şeýle bir zady gürrüň berdi: Ol 90-njy ýyllaryň ahyrlary, maşynly agşam aýlanyp ýörkä, bir türkmen gelnini mündüripdir. Gürrüňçilikde ol gelniň kimligini bilýär. Gelin maşynda türkmen köýnegini orus geýmine çalşyp geýipdir. Ol bu ýola nähili düşüşini gürrüň beripdir. Äri narkoman eken. Ol bir gün ony yzyna tirkäp getirip, eýranly bir türkmene berýär. Özem çykyp gidýär. Gelin «Ol meniň ärim» diýipdir. Şonda eýranly birhili bolup, oňa 100 dollar beripdir-de: «Sen şuny özüňe sow. Oňa beräýme» diýip tabşyrypdyr. «Şu ýola düşmegime ärim sebäp boldy» – diýdi. «Üç çagam bar. Köçede türkmen eşikli görseler, gowy däl. Şonuň üçin orus köýnegini geýýän» – diýipdir. * * * «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup köp ýyllar işlän Azat Rahmanow gazetiň baş redaktory Annamyrat Poladowyň çykarýan hokgalarynyň öňüni aljak bolup kän dyrjaşandygyny aýtdy. Arheolog alym Hemra Ýusubowyň makalalarynda gadymy döwrüň şahsyýetlerini türkmen atlary bilen çalyşmalydygyny öwredýän eken. Alym hem makalasyny çykartjak bolup, onuň aýdyşy ýaly edip getirýän eken. Mysal üçin, Mitrodatyň ýerine Myrat diýmeli eken. Azat hem munuň taryhy ýoýmakdygyny düşündirjek bolýan eken. Ahyrsoňy şahsyýetiň türkmen adynyň gapdalynda ýaýyň içinde onuň taryhda ýazylan adyny goýmagyny göwnedýän eken. Ýagny, Myrat (Mitrodat) görnüşde. Şeýle faktlar bir ýa iki däl. Olar şo döwürlerde gaty ýörgünli bolupdyr. * * * Azat ýene bir zat aýtdy: 5-6 ýyl mundan öň akademik Ödek Ödekowyň bir makalasyndan birküç sözlemi alyp, «Komsomolskaýa prawda» gazeti onuň suraty bilen ýerleşdiripdir. Akademigiň şol jümlesinde hytaýlylaryň hem aslynyň türkmenlerdigi aýdylypdyr. Azat Rahman ir wagtlar bir žurnalist ýoldaşynyň öýünde birki gezek bolupdyr. Öý eýesiniň aýaly Azada: «Bu adam siziň tirkeşjek adamyňyz däldir. Erbet adamdyr» diýip, duýduryş beripdir. Şondan soň Azat «onuň bilen arany açdym» diýdi. Kakabaý Ylýasa hem onuň aýaly şeýle diýen eken. «Aýalynyň adamkärçiligi gowudy» diýip, Kakabaý Ylýas aýdýardy. Kakabaý Ylýas işden çykansoň, öňki “dost”onuň bilen gatnaşyk etmändi. Oraz Nepesow hem oňa hemaýat edip, jogapkär bir işe ýerleşdirendigini aýdýardy. Adamkärçiliginiň gaty pesdigini ondan birnäçe gezek eşidipdim. 25.04.2019. Düýn, sagat 6-larda Atajan Tagan jaň etdi. «Saragt galasy» bilen bagly onuň kitabyna ýaramaz syn ýazylypdyr. Uly eserleri çap etmek baradaky komissiýanyň başlygy medeniýet ministri gol çekipdir. Taryh institutyna bardym. Myrat Annanepesiň maňa Gowşut han hakdaky hatyny görkezdim. Gowşut han Hywa hany bilen söweşe girmezinden öňinçä, goşunyň düzüminden gelen Amannyýaz serdara gizlinlikde hat iberýär. Hatda serdaryň özleriniň gyz-gelinlerine, garrylara, çagalara seretmegini soraýar. 1989-njy ýylam bolmagy mümkin, akademiýanyň öňünde akademik bilen gürleşenimizde maňa şeýle gürrüň beripdi: «Men Soýuzyň köp arhiwlerinde oturdym. Men hiç ýerde türkmeniň türkmen taryhyny ýazan ýerine, golýazma gabat gelmedim». Gowşut hanyň Amannyýaz serdara ýazan haty munuň ýeke-täk mysaly. Men bir bölejik haty arhiwden tapdym. Ol belki haýsy arhiwden tapandygyny aýdanam bolmagy ähtimal, ýöne ol meniň ýadymda galmandyr. Akademik şo gürrüňdeşlikde Gökdepe wakalary hakynda-da aýdypdy. Uruşdan soň 5000 müň sany türkmen aýal-gyzynyň Eýrana äkidilendigini hem ilkinji gezek akademikden eşidipdim. Ol şonda «Allaýar, hemme zady hem ýazyp bolanok» diýipdi. Ýöne bu fakt barada ol «Sowet edebiýaty» žurnalyna Gökdepe urşy hakyndaky makalasynda ýazypdy. Şo gürrüňden kän soň men Gowşut hanyň haty hakynda goşgy ýazypdym. Atajan Tagan hem bu hat hakynda öz «40 ýylda ýazylan kitabynda» ýazan eken. Ony men soň okadym. Men Atajan Tagana hat hakynda Myrat Annanepesiň öz agzyndan eşidenimi hem arada oňa aýdypdym. Bir gezek 37-nji ýylda repressirlenen adamlar hakynda kitap çykarjak bolanda – meni hem komissiýaň düzümine girizdiler. Taryh institutynda geçirilen maslahat gutaryp, daş çykanymyzda Myrat Annanepesi ilkinji gezek görşümdi. Onjyk Musaýew meni onuň bilen tanyşdyrypdy. Şonda akademiýanyň wise-prezidenti M. Annanepesow maňa ýüzlenip: «Men, Nury Weliýewiçe (taryh institutynyň direktory N.Atamämmedow – A.Ç.) Allaýar bir insitutlyk iş edýär» diýip aýdýan diýipdi. Atajan Taganyň maňa jaňynyň maksady «Indi nähili hereket etmeli?» diýip, menden maslahat sorajak eken. Telefonda seslerimiz gowy eşidilmedi. Men eşidýän, ol meni eşidenok. «Pikir et, soň maslahatlaşarys» diýdi. Öwez Muhammetberdiýew bilen maslahat etdik. Ol «komissiýanyň başlygynyň ýanyna bile gideli» diýip aýtdy. Taryh institutynda-da direktory bile işleşen oglanym – Baýram Taganow eken. Syny okap, güldüler. «Näme etmeli?» diýsem, «Aý, olaryň arkasy güýçli» diýdiler diýip, Atajan Tagan aýtdy. 25.04.2019. (çarşenbe) Ýaňy garyndaşymyz Nury Töre jaň edip, Döwletgeldiniň (Eke Öwezmyradyň ogly) ýogalandygyny, ertir sagat 11-de çykarýandyklaryny aýtdy. Soň jaň edip, irden 10-da çykarylýandygyny aýtdy. Döwletgeldiniň ýüreginden tutup ýogalypdyr. Hudaýýoludan gelip, wanna girende ýykylypdyr. «Hudaýýoluda bile bolduk. Ýaňy öýe gelemde habar etdiler» diýdi. «Kimiň hudaýýolusy» diýip soramda, ol «Täçmuhammet ýegeniň hudaýýolusy» diýdi. Döwletgeldi, ýalňyşmasam öňňün jaň edip, «Täçmuhammet enesiniň ýylyny berýär. Aýt, diýdi» diýdi. «Nähili ýagdaýlar?» diýip sorasam, «Aý, bizem taýýar adamlar-da» diýdi. Hudaýýola baryp bilmedim. Barsam, görjek ekenim. Howadan boldumy, näme, öýle meňem döşüm agyrjak boldy. Institutdan kitaphana barýançam 4-5 ýerde aýak çekmeli boldum. 26.04.2019. Döwletgeldini irden sagat 10-da soňky ýoluna ugratdyk. Täçmuhammet çykan «Ejemem 25-nji aprel güni ýogaldy. Döwletgeldi bilen ölen güni hem, ýogalan sagatlaram bir» diýdi. Şu gün Orazgülüň ýogalan güni. Aşgabat bilen Gyzylarbadyň çägine 2 km. galanda maşyn heläkçiliginde wepat boldy. Mekan ýegen maşynyň rulunda. Uklan bolarly. Olaryň ýogalan ýerinde belgi goýuldy. Şu gün Orazgül bilen Mekan ýegeniň ýogalanyna göni 20 ýyl doldy. 04.05.2019. Ýaňy şahyr Azat Rahmanow bilen telefonda ondan-mundan gürrüň etdik. «Düýn institutda alymlar geňeşiniň düzümine meni teklip etdiler» diýdim. Şu aýyň 2-sine Türkmenistanyň Halk ýazyjysy adyny alan Döwlet Annamyradowyň 60 ýaş toýuna gatnaşypdyr. Ýubilýaryň adyna dabaraly sözleri aýtmak üçin halk ýazyjylary adyny alan birnäçe adamyň agzalyp, soňundanam «we Atajan Tagan sahnamyza çagyrylýar» diýenden, ýerinden turup sahna ýöneljek bolup duran Atajan Tagan yzyna dolandy diýýär. Atajan Tagan ýaňy ady agzalanlardan has agramly. Munuň şeýledigine söz sungatyna, edebiýata düşünýän adamlar gaty gowy bilýärler. Ýöne şeýle gödeklik nämä gerek boldyka? Ine, türkmen intelligensiýasy diýilýänleriň derejesiniň niçikligini görkezýän ýekeje mysal!!! 06.05.2019. Birki günlükde Mämmet Jepbar ýogalypdyr. Obasy Könegümmetde jaýlanypdyr. 09.05.2019. Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygyny hem telewideniýe arkaly Moskwada dabaraly geçişini görmek miýesser etdi. Ýeňşiň 60 ýyllygy geçirilende men Türkmenistanyň Weteranlar guramasynda jogapkär sekretar bolup işleýärdim. Onuň başlygy Oraz Nepesdi. Biz onuň bilen baýramçylygyň öňüsyrasynda Mary, Daşoguz, Çärjew welaýatlarynda, Balkan, Gyzylarbat, Garrygala – has takygy, Könekesir obasynda bolup gelipdik. Türkmenistanyň weteranlarynyň bäşisini Moskwa, harby parada tomaşa etmek üçin iberipdik. Aga Garajaýew bilen Sapar Begliýew banketde Gorbaçýow bilen bir stolda oturypdyrlar. 100 gram içenden soň Moldawiýadan gelen weteran Gorbaçýowa sögmäge başlapdyr. Ol şo bada hiç zat diýmän ýerinden turup gidipdir. Aşgabatda meniň bilýän uruş weteranymdan Geldi Bäşimow galdy. Aga Garaja 1-2 aýlykda ýogaldy. Düýn Rejep agany telewizorda görkezdiler. Ýöne onuň nirede söweşenini bilemok. 14.05.2019. Ýaňy işgär ýoldaşym Döwlet Ýazkulyýewe Atamyrat Atabaýewiň «Hoşallyk» atly goşgusyna ýazan edebi ýaňsylamany okap berdim. Halady. 18.05.2019. Düýn işe baryp, gol çekmäge baranymda Ýusup Haýydy gördüm. Lifte bile mündük. Institutyň kadrlarynyň başlygy Maýa «Bi meň kakamyň dosty» diýdi. Ol ýaşulyň elinden tutup äkidýär. Men «Ýusup aga ýagdaýlar neneň?» diýip soradym we oňa özümi tanatdym. Ýaşuly garrapdyr. Ýöne özüni saklapdyr. «Men Allaýar Çüriýew» diýdim. Gulagy agyrrak eşidýän eken. Ikinji gezek gaýtalamda ol meniň bilen elleşip görüşdi. «Hä, Allaýar, biz seni şahyr etdik» diýdi. Nähili meni şahyr edipdir, düşünmedim. “Köne golýazma getirdim, direktoryň ýanyna barýan. «Senem gel» diýip galdy. Bu gürrüňler edaranyň liftinde boldy. 27.05.2019. 61 ýaşly inimiz Çaryýar agyr keselden şu gün irden ýogaldy. Ony Änewiň ýanyndaky Magtymguly obasyndaky gonamçylykda jaýladyk. Ýatan ýeriň ýaty bolsun, gardaş! 14.06.2019. 10-njy iýunda neşirýatyň başlygy Nurgeldi jaň edip, kitabymyň signal ekzemplýarynyň gelendigini buşlady. Täze kitabyň ady «Galkynan göwün». Begenjime, barýarkam ýolda ýürek azar berdi. Barybir 2 ekz. kitabymy alyp gaýtdym. Kitabyň tiražy 4,5 müň ekz, uly tiraž. * * * Ýaňy telewizorda Moskwadan «Sudba çeloweka» atly gepleşikde Alybasow bilen söhbetdeşlik boldy. Şonda Alybasow Wasiliý Şukşiniň agtygy Anýanyň mamasynyň Peterburgdaky jaýyny satandygyny aýtdy. «Ony mamasy Lida Şukşinanyň bagyşlandygyny» aýtdy. Biziňem atamyzdan galan jaýymyzy kiçimiz Resul ýykyp, jaý saldy. Ol biziň hemmämizi oba gitmez ýaly, doglan we bolan ýerlerimize nazar aýlamaz... ýaly etdi. Ony mähili bagyşlamaly?!.. 18.06.2019. Oraz Nepes bilen weteranlar guramasynda işlämizde, ol Myrat Garryýewiň ejesiniň nogaý gyzydygyny aýdýardy. Oraz aga Büzmeýin mekdep internatynda okapdyr. Myrat aganyň kakasy Orazguly şol mekdebiň direktory eken. Şahyr Meretguly Garryýew Orazguly aganyň ikinji aýalyndan bolan bolmaly. 25.06.2019. «Hatyra» kitabynyň 234-nji sahypasynda 1925-nji ýylda doglan, gwardiýa rýadowoýy Çaryýew Allaýaryň 25.06.1944-nji ýylda wepat bolanlygy, onuň Witebsk oblastynyň Orşa raýonynyň Wydrisa obasynda 1-nji doganlyk guburynda jaýlananlygy hakda, 233-nji sahypasynda bolsa daýymyz Hudaýberenow Atanyň (Babasadygyň) – 1922-nji ýylda doglan, 1942-nji ýylda çagyrylan, rýadowoý, 1944-nji ýylda wepat bolanlygy, Leningrad oblastynyň Pskow raýonynyň Lopatina obasyndan 200 metr günorta-günbatarda gonamçylykda jaýlananlygy hakda maglumat berlipdir. *** Düýn irden, işe gitmänkäm döşüm agyryp, dawleniýäm galdy, ýürek urşy çaltlaşdy. Dermanlarymy içdim. Merjeni çagyrdym. 22-sine-de edil şeýle boldy. Şonda-da Merjeni çagyrdym. Bolnisada ýatmaly diýen karara geldim. *** 23-ine, dynç alyş güni. «Ahal durmuşy» gazetiniň wýortska edilýän güni bolansoň redaktory Ogulabat Çopanowa žurnalist ýoldaşym we bile işleýän kärdeşim Baýram Sähedowa «geläýiň» diýipdir. Ol meniň 70 ýaşym bilen bagly makala ýazdy we maňa-da 4-5 sany goşgyňy taýýarla, suratly diýip aýdansoň, bile redaksiýa baryp, materialy goýup gaýtdyk. Ondan soň «Watan» gazetiniň redaktorynyň ýanynda bolduk. «Bile gideli» diýensoň, ýoldaş bolmaly boldum. O ýerde-de makala, goşgulary goýup gaýtdyk. * * * Düýn poliklinikada registraturada oturan gyz bilen gürleşip duran akademik Mürrük Ataýewi gördüm. Salamlaşdym. «90-dan soň ýaşamak näme gerek» diýen äheňde gürrüň etdi. Sag gözüniň töweregi ýykylana ýa-da gowy ýumruk degene meňzeýär. O gyz oňa gerekli dermanyň Alyşir Nowaýyda ýerleşýän aptekde bardygyny aýdandan soňam, sorap kän durdy. Zalyň ugrunda gygyrdy. Eli hasaly Mürrük agany näme üçin ony ýaşaýan ýeri bolan Änewden ýeke özüni goýberdilerkä? Atajan Taganyň bir ýazgysynda Mürrük Ataýewiň öz obadaşydygyny ýazan eken. Şonda ol onuň Gazagystanyňam Ylymlar akademiýasynyň akademikdigini ýazypdyr. Türkmenistanda şeýle akademigiň bardygyny ýek-tük bilýän bolaýmasalar, bilýän bardyr öýdemok. Mürrük aga men weteranlar guramasynda işlänimde, edara gelýärdi. Şonda ol özüniň Aşgabat raýonynyň milisiýasynda, ýaş wagtlary işländigini aýdypdy. * * * Şu gün öýlän sagat 3-lerde «Düwmejik» hususy kärhanasyndan «Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy» aýdymlar kitabymyň signal ekzemplýaryny alyp gaýtdym. Kitap göwnüme ýarady. Kitabyň daşyndaky dagyň suratyny men özüm düşürdim. Çaryýaryň ýedisini belläp obadan gaýdanymda Kümüşdaşda düşüren suratym. Içinden şony saýlap aldyk. Ýaňy, agşam 11-iň ýarlarynda ýüregim çalt urup, dawleniýäm galyp ýerimdem turdum. Dermanlary içişdirip, özüme gelýänçäm 30-40 minut gerek boldy. Munuň ýaly ýagdaýda ýeke özüň öýde bolmak howsala salýar. Täze aýdymlar kitabyma 50 sany aýdymyň goşgusy we notasy ýerleşdirildi. Şolaryň 7-siniň notasy ýok. 29.06.2019. Ýarygije gören düýşüme 1979-njy ýylyň 27-nji iýulynda rakdan ýogalan garry enem Nowbahar giripdir. Krowatda otyryn. Ol meni mäkäm gujaklap çyny bilen aglady. Olam krowatda otyr. Enem köpden bäri düýşüme girmändi. * * * Irden ýazyjy Atajan Tagan jaň etdi. Inim Çary 27-nji maý güni ýogalypdy, şonuň patasyna gatnaşyp bilmändigi üçin özüni günäli saýyp, ýöne näme üçin baryp bilmändigini Kakajan Açylow Merede aýdandygyny hem aýtdy. – Men aýaksyz, aýagym gaty agyrýar, maşynym ýok. Kakajan bilen bile gideli diýdik, ýöne onuň işleýän hususy firmasynyň gyssagly göçürilmelidigi hakda duýdurylyş berlensoň, göçhä-göç aladasy bilen Kakajanam boş bolup bilmedi – diýdi. Ol Atamyrat Atabaýewiň reanimasiýada ýatandygyny aýtdy. – Gepläp bilenok, aýaklary ýöränok, ýüzi gyşaran. Meň-ä oňa umydym ýok. Bir gowy şahyryň dünýäden gitjegine gynanýan. Öň bir soramaga baramda elimde hasam. “Hasaly ýöräp bilýäniňe şükür et” diýdi. 30.06.2019. Ýaňy, 7-den işlände Aba Gylyçdurdyýew elime jaň etdi. Gulagy eşidenok. Şu gün doglan güni eken – 30-njy uýun. 86 ýaşy dolupdyr. «Garagum» žurnalynyň 6-njy sanyny okapdyr. Men hakda Bägül Annabaýewanyň ýazan makalasy ýerleşdirilen. Aba aga şony okap jaň edýän eken. –Men senden 16 ýaş uly – diýdi. Krasnowodskiniň meduçilişesini birinji goýberilişini tamamladym. Iki ýyl ýaramadym. 1950-nji ýylda okuwa girmek üçin Aşgabada-pedinstituta geldim, pasportymam ýok. Dokument kabul edýän Bakasowa eken. Soň ol Naryman Jumaýewe durmuşa çykdy. Narhozda rektor hem boldy. Kellämde-de özbek gyzlarynyň geýýän tahýasy. Oglanlar geýmeýän eken. Rektor Pygam Azymow. Ýanyna girsem kowdy. Pasport üçin Gazanjyga gitdim. Şasoltan Garajaýewanyň agtygyna duşdum. Onuň bilen Krasnowodskide bile okapdyk. Öýlerine äkitdi. Ejesine aýtdy. Ejesem (Amangül ady – Amanja daýza) doganyna – pasport stoluň başlygymy ýa suduň başlygymy işleýän eken, jaň etdi. Dogluş şahadatnama ýok. Komsomol bildimiň esasynda şo ýerde pasportymy düzetdiler. Geldim Aşgabada. Pygam Azymow «Sen ýuridiçeskä gir» diýip, şoňa dokumentimi tabşyrtdy. Ony şo wagtlar Maşşan Hamzaýewiň eli taýakly kowalap ýören wagty. Elbet Maşşana gahar edip, şo ýerden dilçi bolmasyn diýýändir-dä. Nikolaý Öwezow dagy bilen okadyk. Rus dilini okan eken. Kakasy Aşgabat oblfiniň başlygy. Ýekeje ogly bar. Gurply. Gowy howlulary bardy. Sapaklar rus dilinde geçýärdi. Şaja Batyr soň türkmen diline geçirdi. Roslýakow taryhdan, Geldi Orazowiç Çaryýew filosofiýadan, olam Magtymgulyny geçýärdi. Aba aga 40 minuda golaý öz taryhyny gürrüň berdi. Meni eşidenok. Akademiýaň prezidentiniň familiýasyny aýdýar. Adyny soraýar. Adyny aýtsam eşidenok. Biziň institutymyzyň direktoryny soraýar. Adyny aýdýan, eşidenok. Öýdäkileri Nazar, Serdar diýip çagyrýar. Hiç kim gelenok. «Aý, bolýa-da, çagalar bar wagty jaň ederin-dä» diýdi. Ol şol ýolbaşçylary täze wezipeleri bilen gutlap gaýtjak diýdi. 2.07.2019. Birküç gün howa gaty gyzdy. 28-ne awtobusyň içindäki temperatury görkezýäni 52 gradus boldy diýip, işdeş ýoldaşym (bir kabinetde oturýas) Gülşirin aýtdy. Şu gün howa salkyn. Daşarda 20º gradusy görkezdi. Şu gün Aşyryň türkmen hasaby boýunça ýyly bellenjek. 5-ne obada Çaryýaryň 40-ny bellemäge gitmeli. 12-sine ýene Aşyryň ýylyny ogly Şöhrat bellejek diýdiler. Öz-ä geňräk! 19-na Merediň oglunyň – Mergeniň ýyly bolmaly! 03.07.2019. Edarada 70 ýaşymy bellediler. Dawut Orazsähedow çykyş etdi. Soň Çary Kulyýew, Baýram Sähedow, Täzegül Hapyzowa, Muhammet Emin Hudaýberdi (Owganystan), Aman Geldimyradow, Täzegül Täçmämmedowa, Käbe Borjakowa dagy çykyş edip, ýubilýar hakda gowy sözleri aýtdylar. Täzegül Täçmämmedowa «Allaýar Çüriýew diýlende Çary Kulyýew ýadyňa düşýär. Şonda Görogly bilen Aldar Köse göz öňüňe gelýär» diýip gülüşdirdi. Baýram Sähet bilen Çary maňa ak telpek bilen gyrmyzy don geýdirdiler. Telewideniýe boýdan-başa surata aldy. Gül gowşurdylar. Soň gepleşik üçin Çary Kulyýew meniň aýdymlarym hakynda gürrüň berdi. Men gürledim. Öýde surata düşürdiler. Öýde agtyjagym Turan gelip, saçaga dolangy çöregiň üstünde kellesini goýdy. Surata düşürdim. Bolmady. Operator oglan ony şo durşuna surata düşürdi. Ýatan ýaly etse-de, birsalym kellesini goýandan soň ýerinden turup, ýöräp gitdi. Geň galdyk. Kompozitor Gurban, Çaryny gürledipdirler. Soň Saragt Babaýewi, Atageldi Garýagdyny we beýlekileri surata düşürjek diýdiler. Ýolaman Nurymow-ha ilki «bolýar, soň bilim agyrýar» diýen eken. Gepleşik şu aýda ekrana berilmeli. Gazetlerde hem makalalar, goşgularym gitmeli öz-ä! 4.07.2019. Wladimir Solowýow alyp barýan gepleşiginde («Weçer») suwasty korablynda wepat bolan 14 sany gahrymanyň edermenligi hakda gaty tolgundyryjy gürrüň etdi. Özüm duýman gözümden ýaş syrygdy. 06.07.2019. Düýn oba gidip, Çaryýaryň 40-ny belläp geldik. Düýn «Ahal durmuşy» gazetinde žurnalist Baýram Sähedowyň 70 ýaşym bilen bagly makalasy çap edildi. «Garagum» žurnalynyň 6-njy sanynda Bägül Annabaýewanyň 70 ýaşym bilen bagly gowy makalasy çap edildi. Bägüle jaň edip, sag bol aýtdym. Uly oglum Turan 2016-njy ýylyň 5-nji iýulynda ýogaldy. 6-njy iýulda hem Magtymguly gonamçylygynda jaýladyk. 12.07.2019. Düýn men Sähetmyrat bilen Merkezi arhiwe goşgularymyň golýazmalaryny tabşyrdym. Jahan Gylyjowna Berdiýewa (halk artisti Gylyç Berdiýewiň gyzy) bilen birküç günlükde gürleşipdim. «Getiriň» diýensoň wagt geçirmän äkitdik. «Indiki ýyldan obrabotka başlarys» diýdi. Arhiwimdäki golýazmalar gaty kän – hatlar, suratlar we başga zatlar. «Galanlaryny soň getirerin» diýdim. Jahan Gylyjowna 80-e golaýlandyr diýýän. Ol tüýs hakyky arhiw işgäri eken. Men ony segseninji ýyllaryň ortalaryndan bilýän. Ol şo wagtlaram işleýärdi. Işde Ahmet Mämmet 10 minutlyk maşyn haýyş etdi. Işdeş ýoldaşymyz Şirinjemal Geldiýewanyň zatlaryny äkitmek üçin arhiwiň işgärleri gelen eken. Şolary arhiwe äkitmeli. Ýolda tanyşdyk. – Meňem golýazmalarym kän – diýsem, ýaşuly aýal: – Siziň familiýaňyz näme? – diýdi. Men: – Allaýar Çüriýew – diýdim. – Tanaýan – diýdi. Ol özüni tanatdy. – Sizi tanaýan – diýip, täzeden tanyşdyk. Men ony ilkinji gezek arhiwde görenim ýadyma düşýär. Göwnüme bolmasa, ol daýaw, deştli aýaldy. Indi weli kiçelipdir, çekilipdir. Gürleşmäge mähirli aýal ekeni. «Esger» gazetinde goşgular toplumymy beripdirler. Düýn «Türkmen dili» gazetinde berlen iki goşgym keýpimi bozdy. Irden Azat Rahmanow bilen Annaberdi Goçamanow magazinden meniň ýap-ýaňy çap bolan «Galkynan göwün» atly kitabymy satyn alyp, maňa awtograf ýazdyrdylar. Ugratmak üçin çykanymda, ýylda 10-15 sany student gyz (diller institutyndan, praktika geçýän studentler) otyrlar, men «Men sizi şahyr bilen tanyşdyrjak. Şahyr Azat Rahmanowy tanaýaňyzmy?» diýip sorasam, barysy aňkarylyşyp durlar. Şundanam ýaşlaryň edebiýatymyzy oňly bilmeýändikleri görnüp dur. Çünki Azat indi ýarym asyrdan bäri diňe çagalar üçin goşgy ýazyp gelýär ahyry. Düýn işdeş ýoldaşym Çary Kuly, Baýram Sähet, Sähetmyrat dagy bolup öýde 70 ýaşy belledik. Doglan günüm 15-ne, ýöne belledik. 15.07.219. (duşenbe) Şu gün meniň 70 ýaşym dolýar. Şu gün arhiwimiň köp bölegini Merkezi arhiwe rabşyrjak. Galanlaryny hem nesip bolsa, soň tabşyraryn. Sähetmyrat äkitmäge kömekleşýär. * * * «Altyn asyr» bäsleşiginde berlen 4000 dollaryň bukjasy. 2001, fewral, saklanyp galypdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy özi gowşurdy. «Ýaramaýanyňy eşitdim». Göterýän hasamy görüp: – «Hasa saňa gelşenok. Zyň hasany» – diýdi. Baýrak gowşurylanda men Borodinskide ýerleşýän keselhanada ýatyrdym. Şo ýerde Eneçeper bilen Serdar agşamky täzeliklerden (TW) soň gelip gutlapdylar. 18.07.2019. Şu günler öýden çykar ýaly däl. Gaty yssy. Pesinden 44 diýýärler weli, 45-50 gradus bar. 23.07.2019. Kompozitor Gurbandurdy Çaryýewiň aýtmagyna görä, kompozitor Aman Agajykow bilen garyndaş çykypdyr. Öňki ellinji ýyllaryň ministri bolan Magtym Çaryýewiň aýaly Aman Agajykowyň süýtdeş aýal dogany eken. Magtym Çary bolsa Gurbanyň kakasy, köp ýyllap Baýramalyda kolhoz başlygy bolup işlän Çary Akynyň aýtmagyna görä, olar garyndaş bolmaly. Gurban oňa Magtym kaka diýýän eken. Ine, şol Magtym aganyň aýaly «Aman sizden habar tutýamy?» diýip sorasa, «Hiç wagtam gelenok» diýip jogap beripdir. * * * Bir gezek Nury Halmämmedi, Çary Aşyry hemem Gurban Çaryny peduçilişäniň okuwçylary bilen duşuşyga çagyrypdyrlar. Duşuşykdan soň oturypdyrlar. Şonda Nury bir täze sazyny çalypdyr-da, «Ine, Gurban jan, seniň göçürip alaryň ýaly saz» diýipdir. Gurban birhili boldum diýýär. Ol «Türkmen sährasyny» göz öňünde tutup aýdypdyr. Şonda Gurban «Nury, men «Gijeleri» ýazyp, Soýuzda maslahata goýamda Weli Muhat we beýlekiler bilen özüňem otyrdyň. 1970-nji ýyldy. Sen «Türkmen sährasyny» 1974-nji ýylda «Gaýgysyz Atabaýiň telefilmi surata düşürilende ýazdyň» diýipdir. Soňam «Gijeleri», «Seslen Ukrainany», «Damjalary» çalyp beripdir. Çary Aşyr diňläp, «şun-a aldyň» diýipdir. Ertesi Nury Soýuza gelip, Gurbandan ötünç sorapdyr. * * * – Rejep Allaýary öňe çykaran Çary Nurymow boldy – diýip, Gurban aýtdy. Bir gezek Soýuzda otyrkak, Çaryny «Sungatda at gazanan işgärlige» hödürlendi-de, ýene bir adam, kimi ýanyma goşsamkam - diýip, Çary sorady. «Alyp-ýolup barýan galasy ýok-la» diýip, ol öz adynyň ýanyna Rejep Allaýary goşdy. Ikisem geçdi. Bir hepdedenem Rejep sungat institutyna geçdi. Şeýdip gidiberdi. “Institutyň rektorlygyna kim bolmaly?” diýlip, kandidatura gözlenende Weli Muhat Çary Nurymow bilen Kakajan Ezizowy goýdurmajak bolup Rejep Allaýary hödürledi. Men şonda «Weli aga, ony rektor etseňiz, ilki bilen seni pensiýa ugradar» diýipdim. Soň bu hakykat boldy. Bir gezek onuň öýlerine baramda «Otur – diýdi. – Sen, Gurban, pygamber-ä dälsiň. Aýdan zadyň boldy» – diýip, Weli aga aýdypdyr. Rejep oňa “Weli Muhadowiç, pensiýa gidäýseň” diýipdir. Soň oňa zordan sagat alyp okatmak başartdy. 29.07.2019. Obadakam Kakajan Täçmyrat jaň edip, Atamyrat Atabaýewiň aýaly Bibi Orazdurdyýewanyň telefonyny sorady. Öňki gün ol “Atamyrat ýaraman ýatyr. Baýram Şaly bilen ýagdaýyny sorajak/ diýipdi. «Jaň edýän, Atamyradyň telefony jogap berenok» diýensoň, men Nurgeldiden onuň öýüniň we Bibiniň el telefonyny bildim. Kakajana jaň edip aýtdym. Öýlän şähere öýe gelemsoň Kakajan Baýram bilen Atamyratlara barandyklaryny, “telefony Allaýardan aldyk, kömek etdi” diýip aýdypdyr. “Atamyrat gepläp bilenok, sähel söze-de bozulyp dur” diýip, Kakajan, soň Baýram jaň edip aýtdylar. Şu gün Azat Rahman jaň etdi. Atamyrat žurnalda iki ýyllap goşgularyny saklap bermändir. Men Azada «Özi bilen gürleş» diýemsoň, ol Atamyrada jaň edip aýdypdyr. Şondan soň ýaňy onuň goşgulary žurnalda çykypdyr. Şeýtmek hiç kime-de gelişýän zat däl. 07.08.2019. 1-nji awgustda Kardiologiýa merkezinde damaryma stent goýdular. Operasiýa bir ýarym sagat – sagat 11-den işlände saldylar, sagat 12-de-de reanimasiýa saldylar. 3 sagat bolanymdan soň, palatama – 314-nji palata äkitdiler. Operasiýany Bähram Kadyrow ökdelik bilen etdi. Damarlar gaty bolansoň, bir stent zaýalanypdyr. Indiki operasiýa 20-sine. Operasiýa tölegi 110 mln. manat. Beýlekisinem görüberýäs. Bährama goşgy bagyşladym. Göwnüme ýarady. * * * Birki sagatlykda (agşam, 10-dan soň) Italmaz Nuryýewiň goňşusy dilçi alym Aman Nurmuhammedow jaň edip, Italmazyň körpe oglunyň ýogalandygyny, ertir onuň ýedisiniň geçirilýändigini, muny maňa habar etmegi Italmazyň aýaly ondan haýyş edipdir. Men bolnisadan 5-ne çykandygymy, öýde ýarawsyzdygymy aýtdym. Italmazyň başga bir gyzynyň ýogalanyna entäk iki aý hem geçenok. Ýatan ýerleri ýagty bolsun! R.S. Munuň ýaly agyr zatlar öz başymyzdan hem geçip dur. 09.08.2019. Şu gün «Edebiýat we sungat» gazetinde Begmyrat Ussaýewi ýatlap ýazan «Alym şahyr hakda kelam agyz» atly makalam çap edildi. 1968-nji ýylda uniwersitetde okan döwrümizde Begmyrat Ussaýew bilen düşen suratymyz hem berlipdir. Suratda Gurbanjeren Döwletowa, Bibi Orazdurdyýewa, Atamyrat Atabaýew, Orazguly Annaýew hem men bar. Ýaňy, agşamara ýazyjy Atajan Tagan öýe jaň edip, makalany iki gezek okap çykandygyny aýtdy. Hydyr aga bilen bagly Moskwadaky duşuşyklaryny ýatlady. 6 ýaşly ogly Kemal Hydyr aganyň synyndan çekendigini, Hydyr aganyň «Bu kiçijik kürt näme diýýär» diýşini, onuň süýji alyp bermegini soraýandygyny, soň dükana girip ýekeje «Garagum» şokoladyny alyp berende, çaganyň uly goh edendigini, şonda Hydyr aganyň, uly ýylan bilen kiçi ýylanyň ikisiniň hem ýylan bolýandygyny aýdanyny gürrüň berdi. 37-nji ýyly ýatlap tatarça aýdan adymlaryny aýdyp, gözýaş edendigini hem aýtdy. «Ýaşululary hem ýatlapsyň (Durdy Haldurdy – A.Ç.)» diýdi. 12.08.2019. Howa bulut, salkyn. Irden sagat 5-den tä 9-a çenli ýüregim agyrdy durdy. Şondan soňam az-owlak symyr-symyr agyrýar. Merjeni çagyrdym. Serdarlar obada. Eneçeperler hem obada gurbanlyk edýärler. Pirnazar Stambulda. Jaň edip gutlady. 13.08.2019. (üçünji gün – 07:50) Howa salkyn – daşarda 25 gradus eken. Düýn ýürek agyrdy. Häzir agyry ýok. Daşoguzda duzly tozan döräpdir. Araldan gelýär. Geçen ýyl Aşgabatda-da şeýle boldy. Bu barada metbugatda hiç hili habar berilmeýär. Howa salkyn bolansoň, daş çykyp oturdym. Eli hasaly bir ýaşuly gelýär. Salamlaşdy. Ýa ermeni ýa-da ýewreý. 91 ýaşymda – diýdi. Menem öz ýaşymy aýtdym. Soň goňşymyz týotýe Şura dükana barýan eken. «Týotýe Şura salam» diýsem, «Näme üçin maňa týotýe diýýäň?» diýdi. «Siziň ýaşyňyz ul-a» diýsem, «Seň özüň näçe ýaşyňda?!» diýip sorady. Men «Ýetmiş doldy» diýsem, ol «Men 1934-nji ýylda doglan, 85 ýaşymda» diýdi. Men ondan adamsy dýadýa Wadimiň ýaşyny soradym. Ol «Menden 3 aý öň doglan» diýdi. Pahyrda çaga-çuga ýok. Men oňa «Men Şura diýip ýüzlenäýjek» diýdim. Ol «Hawa, Şura diýiber» diýip degişdi. Ol soň «Garaguma» barýan, näme getirmeli?» diýip, menden sorady. Men hem «Tworog täze bolsa alaýyň» diýip sargyt etdim. 3-däki goňşy gelip gurbanlyk paýlady. Ondan öňinçä Serdar bilen gepleşdim. Çukurýurtda olar. Imran maşgalasy bilen agşam oba barypdyrlar. Şu gün Şyhattara zyýarat edip, şähere ugrajaklar. *** Ýaňky gürrüňini eden ýaşuly adamlarymyzyň biri menden 20 ýaş uly, başga biri 15 ýaş uly. Men hem ýaraman otyryn. Şeýle adamlara gözüň gidýär! * * * Nowaýynyň ýazmagyna görä, (Daşkent, 1970, izd.«Fan», X tom, sah. 119) ýekegapanyň erkegi – koban, urkajysyna – megažin (türkmençe mekejin – A.Ç.) diýilýär. Çagasyna çurpa (türkmençe çülpe bolýan bolmaly, mysal üçin, çülpe çagalar – A.Ç.). Sart dilinde (belki-de, pars dilidir – A.Ç.) tohum atlary hem türkçe atlandyrylýandygy aýdylýar. Mysal üçin, tuboçok, argumok, ýobu we ş.m. Türkler ördegiň erkegini «suny» (ýagny türkmençe sona – A.Ç.), urkaçysyna «burçin» diýip atlandyrylýandygyny, bularyň sart dilinde ýokdugyny ýazýar we ş.m. sözler hakda şol makalada ýazylypdyr. Ýa-da sartlarda uly doganam, kiçi doganam «brozar» sözi bilen aňladylýar. Türkler doganyň ulusyna «aga» diýýär, kiçisine «ini» diýýär – diýip, Nowaýy ýazýar (118 sah.). Türk daýysyna (ejesiniň doganyna) – «Tagoýy» (daýy – A.Ç.), kakasynyň doganyna – «opaga» diýýär, türklerde bu düşünje ýok-da, kakasynyň doganynam, ejeleriniň doganlaryna arapça «am» we «hol» sözleri bilen aňladýandyklaryny belleýär we ş.m. 16.08.2019. Şu gün irden goňşym Aleksandr Aleksandrowiç Ýeskowy gördüm. Ýazyjy, terjimeçi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Şadurdy Çaryýewiň 23-nji iýunda 80 ýaşynda ýogalandygyny aýtdy. 21-nji iýun onuň doglan güni eken. Geçen ýyl aýaly ýogalypdyr. Soňky döwürde ol Prezident arhiwinde Maýa Mollaýewanyň ýolbaşçylygynda işledi. Iki ýyl mundan öň «aýagym gaty agyrýar» diýip, işden çykan eken. Ýeskowyň bölüminde işläpdir. Bir gezek Maýa Mollaýewa meni işe aljak bolýan eken, ýanyna baramda gürleşip oturdyk. Şonda ol Şadurdy Çaryýew hem indi ogly gowy ýerde işleýär. Şoň üçinem işden çykdy diýen ýaly gürrüň edeni ýadymda. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Şadurdy Çaryýew! 21.08.2019. (üçünji gün) Ýetmiş ýaşym 15-nji iýulda doldy. Şonuň üçin «Edebiýat we sungat» gazetine iýun aýynyň başlarynda goşgular toplumyny iberdim. Goşgulara seredýän Nowruz Gurbanmyradow «goşgulary aldym» diýdi. Awgustyň başlarynda jaň etsem «Goşgular redaktorda. Men indi goşgulara seredemok» diýdi. Redaktory Haýdarguly Muhammetmyradowa jaň etsem «Mende siziň goşgularyňyz ýok» diýdi. Ýene Nowruza jaň etdim. «Orunbasara tabşyrdym» diýdi. Orunbasar «Allaýar aga, mende siziň goşgularyňyz ýok» diýensoň, ýene Nowruza jaň edip aýtmaly boldy. Azaryna-da däl. Eger sen goşgulary geçiren bolsaň, kime tabşyran bolsaň özüňe müňkürlik döretmezlik üçin, «Häzir men gürleşip görerin, netijesini aýdaryn» diýen jogaba garaşdym. Beýle jogap bolmansoň, men ol oglanyň bilgeşleýinden goşgulary ýitirip, meniň 70 ýaş keýpimi bozandygyna düşünmäge özi mejbur etdi. Dünýäde ýaramaz gylykly adamlar näçe diýseň bar oguşýan! Men şol goşgulary täzeden iberdim. Ony işdeş ýoldaşymdan haýyş edip, redaktoryň özüne bermeli diýip aýtdym. Häzir men ýarawsyzlygym sebäpli 31-nji awgustdan öýde. Işe çykamok. Şu hepdäniň ahyryna zakaz eden stentlerimiz geler. “Ilki bilen saňa jaň ederin” diýip, Bähram Serdara aýdypdyr. 19.08.2019. Ikinji damara-da stent goýmaly. 23.08.2019. Düýn telewideniýede berilýän «Nastoýaşeýe wremýa» kanalynyň «Aziýa» atly gepleşiginden Gazagystanyň öňki prezidenti, häzir «Ata mekan» partiýasynyň başlygy Nursultan Nazarbaýew partiýanyň ýygnagyndan, onuň çykyşyndan bölekler berildi. Köp çagaly eneleriň agyr ýagdaýy sebäpli protest hökmünde mitinglere gatnaşýandyklaryny tankytlap, şeýle diýdi: «Olar çaga dogranlarynda, näme döwletden soradylarmy?». Döwlete ýolbaşçylyk eden adamyň gürrüňine meňzemedi. «Çaga dogursaňyz dogrupsyňyz-da... Olaryň döwlete gerek ýeri ýok» diýen ýaly manyny okamak bolýar. Meniň pikirimçe, onuň otstawka gitmeginiň esasy sebäbem aýallaryň özlerini jaý bilen, çagalaryny eklemek üçin amatly şertleri talap edip, yzygider köçelere çykmaklary boldy. Çünki şondan öň Astananyň eteginde ýerleşýän wremýankada bir gazak maşgalasynyň bäş sany gyzy ýatyrkalar ýangyn döräp, oduň içinde ýanypdyrlar. Kakalary mehanik, gijeki smenada, ejeleri dokmaçy, olam gijeki smenada ekenler. Şondan soň aýallar köplük bolup köçä çykdylar. Häkimiýetiň aldawyna gitmän, olar şu günki güne çenli öz göreşlerini dowam etdirýärler. Nazarbaýew munuň soňunyň erbetlik bilen gutarjagyny bilip, gorkusyna otstawka berdi. Onuň «Çaga edeniňizde döwlet bilen geňeşdiňizmi?» diýmesi içi ýanan adamyň gürrüňidi. 30.08.2019. 27-sine ikinji damara stend goýuldy. Ony Kardiologiýa merkeziniň kardiology Bähram Allanazarowiç Kadyrow goýdy. Öňküsi ýaly kyn bolmady. 10-yň ýaryna äkitdiler, 11-den 18 minut işlände palata geçirdiler. Hudaýa şükür, özümi duýşum gowy. 29-yna Serdar öýe getirdi. Şu gün aýyň 30-y. 01.09.2019. Şu gün agşam «Ýaňlan, Diýarymyň» jemleýji konsertinde «Gerçek türkmen ogly biz» atly aýdym aýdyldy. Sazy Öwezgeldi Tekäýewiňki, sözleri Allaýar Çüriýewiňki. Men bu aýdymy ilkinji gezek diňledim. Aýdym aýdan aşgabatly ýaş aýdymçy Umyt Tekäýew. Megerem ol Öwezgeldiniň agtygy zady bolmagy ahmal. 03.09.2019. Şu gün Orazgülüň doglan güni bolmaly. Ýaşap ýörenliginde 70 ýaşynda bolmaly. Dükanda aýlanyp ýörkäm, Allanur Çaryýarow jaň edip, Kakabaý Gurbanowyň ýogalandygyny habar berdi. Ýatan ýeriň ýagty bolsun! Şu gün 11-iň ýarynda çykarýarlar. Serdar bilen görüneli, şo ýerdenem Orazgülüň ýatan Garadamak gonamçylygyna baraly diýişdik. Awtobus duralgasynda ýazyjy Atajan Tagany görüp, birsalym oturdym. Kakabaýyň (Kakowyň) ýogalandygyny aýtdym. Kakabaý Ataýewiň eline jaň edip, habarlaşyp bilmedim. Atajan özi hakynda rus dilinde çykan makalany berdi. Onda klassyk Atajan Taganyň döredijiligine degişli maglumatlar bar. «Her ýyl SNG döwletlerinide ýaşaýan edebiýat we sungat işgärlerine baýrak berilýär. Şondan maňa alyp bersene (degişýär). Şo ýerde işleýän türkmen oglanynyň familiýasyny aýtdy. Tanamok. – Soň telefonda aýdaryn. Geçen ýyl Atageldi Garýagda berdiler» – diýdi. - Arada žurnalda işleýän gelnimiz meni podzemkada görüp gujaklap diýen ýaly görüşdi. Menem degşip, «Bir zat soraýyn-la. Men seniň düýşüňe girýänmi?» diýdim. Ol gelnem meniň ýüzümden çalaja öpüp, «It girýär, pişik girýär. Sen gireňok» diýdi. Aýalymam dawleniýeli. Oglumdan gorkýan. Dawleniýesi uly. Daýaw, agyr göwre. Dom peçatda işleýä weli, şoňa maşynly gatnaýa. Ýogsam ol edara iki ädim ýanymyzda. Üç çagasy bar – diýdi. Menden «Dostuňy görýäňmi?» diýip sorady. «Haýsy dostum?» diýip soradym. «Hojageldi Nurmyradowy» diýdi. Atajanyň «dostuň» diýýäniniň sebäbi bar. Bir gezek men oňa 1990-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda plana giren «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi» atly kitabymyň ykbaly bilen baglydy. Ilki Hojageldä syna beripdirler. Syn gowudy. Soň ýene ony täzeden berip, kitap neşirýatyň planyndan çykarylmaly ýagdaýda ýazypdyr. Men onuň bu synyny okadym. Syn meniň arhiwimde. Ýöne günä Hojageldide däl. Muny plandan aýyrmaly eden şo döwürde metbugat komitetine ýolbaşçy bellenen Hudaýberdi Diwangulyýew. Muny men bir zatdan bildim. 2002-nji ýylda Boris Şyhmyradow ýanalanda ony paş etmek üçin Hudaýberdi Diwangulyýewiň telewideniýede çykyşy berildi. Boris Şyhmyradowy gorkunç ýagdaýda görkezmek üçin ol özüniň komitetiň başlygy bolup işlän döwründe onuň kakasy Oraz Şyhmyradowyň özüni öýüne çagyryp gürrüň edenini ýatlady we haçanda görüşenlerinde onuň eliniň gaty sowukdygyny ýaňzytdy we şol gürrüňde soňky döwürde 37-nji ýyl hakda kitaplaryň neşir edilişi, nätakyklygyň gidýänini aýdypmyşyn. Ogly şo wagt Prezident Sowetiniň agzasy. Şo gürrüňden soň meniň kitabym – 37-nji ýyllar hakda gürrüň berýän taryhy oçerklerimiň ýygyndysy plandan aýrylypdy. Hudaýberdiniň bu gürrüňi esassyzdy we ynandyryjy däldi. Onuň özi şeýle häsiýetdäki kitaplary neşir etmegiň tarapdary däl diýen pikir döreýär. Çünki ol şo döwrüň ýolbaşçysyna ýaranmagyň bir ýoludy. Bu geçip giden taryh. Bulary biz olaryň ynsabyna goýalyň. Atajan «Pylany (adyny tutup) Hojageldi bilen meň aramy pozdy?» diýdi. Ýaňky ady tutulana «Ýazýan goşgularyň gowşak» diýen ýaly gürrüň edipdir. «Sen hekaýany gowy ýazýaň. Hekaýa ýaz» diýip, maslahat berdim» diýýär. Ol meniň bu aýdanyma ters düşünipdir. Hojageldini meň garşyma goýdy» diýdi. Kakabaý Gurbany iň soňky ýoluna ugratdyk. Ogluna «Yzy ýarasyn. Gaýrat et!» diýdim. Hoşlaşmaga gelenler – Abdylla Yslam, Agageldi Allanazarow, Nurgeldi Aşyrmämmedow, Akmyrat Hojanyýaz, Annanur Çaryýarow, Annamyrat Poladow... 05.09.2019. Bir žurnalist ýoldaşym şeýle gürrüň berdi: – Hojanepes Meläýewiň ejesini men tapdym. Gumda komandirowkada bolamda, öý eýesiniň aýaly meniň gazetde işleýänimi bilip: «Meňem oglum ýazyjy» diýdi. Anyklasam ol ýazyjy Hojanepes Meläýew eken. Men Aşgabada gelenimden soň Hojanepese ejesiniň diridigini, nirede ýaşaýandygyny habar berdim. Şoňa çenli onuň bu aýal hakda eşiden zady ýok. Şondan soň olar duşuşypdyrlar. Bir gezek Hojanepesi Çärjewde görüpdir. Ýoldaşym Moskwa gidip barýan eken. Olar otly bilen Moskwa gidip, şol otly bilenem yzlaryna gaýdypdyrlar. «Hojanepesiň keýpi ýokdy. Belki-de, bir näsazlyk ýüze çykandyr-da» diýip pikir etdim diýýär. «Ejeň bilen gatnaşyk saklaýaňmy?» diýip sorasa, ol «ýogaldy» diýip jogap beripdir. Şol duşuşykdan soň Hojanepes uzak ýaşamandyr. ... Kakamyrat Ballyýewiň mamasyna Patma diýýärdiler. Arassa kürt aýalydy. Bir gyzynyň adyna Annajemal diýýärdiler – Anna jalaý (lakamy). Gurban diýip biziň goňşymyz aýalyny, çagalaryny taşlap, şoňa öýlendi. 06.09.2019. 3-ne, Kakabaý aganyň ýogalan güni, ony soňky ýoluna ugratmaga baranymda Agageldi Allanazarow «Goşguly kitabyň geldi, aýdymly kitabyňy getir» diýensoň ertesi men, operasiýadan soň ýarawsyz bolsam-da Türkmenistanyň döwlet kitap palatasyna bardym. Palatanyň başlygy Agageldi Allanazarow bilen salamlaşyp, kitaby getirendigimi aýtdym. Agageldi birden ýerinden turup, zowzanaklap başlady. «Bir dokumenti tapamzok. Öz eliňde bolmasa şeýle bolýa-da» diýip, işgärine «Çaý goý» diýdi. Gidiberjekdim weli, «Çaý goý» diýensoň bialaç oturdym. Özi kabulhanasynda duran stoluň çekerlerini çekişdirýärmi, garaz aljyraňňy-da. Men oňa «Agageldi, meň başga-da degmeli ýerlerim bar» diýdim. «Çaý içeli» diýdi. “Çaýy bu gyssagarada içip bolmaz” diýip, onuň bilen hoşlaşyp çykyp gaýtdym. 19.09.2019. Öýleden soň döşüm agyrdy. Bolnisadan çykanymdan bäri agyranokdy. Sagat 3-lerde «Edebiýat we sungatyň» redaktory Haýdara jaň etdim. Makalamyň noýabr aýynda 1 ýyl bäri redaksiýada ýatandygyny, goşgular toplumymyň hem öň iki aýlap, soňam Nowruz Gurbanmyrat diýen bir işgäriň günäsi bilen tapylmandygyny, ikinji gezegem bir aýdan soň iberendigimi aýtdym. Belki, şoňa nerwniçat edendirin, ýüregim agyrdy. 22.09.2019. 1990-njy ýylyň 28-nji martyndaky sanynda «Sowet Türkmenistany» gazeti Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň başlygy Suhan Babaýewiň, Tükmenistan K(b)P MK-nyň sekretary Şaja Batyrowyň BK(B)P MK-nyň sekretary ýoldaş G.M.Malenkowa Aşgabat şäherinde ýer titremesiniň zyýanyny ýok etmegiň barşy hakyndaky hatda Aşgabat şäherinde we onuň töwereginde 50 kilometrlikde radiusda ýerleşen ilatly punktlarda ähli jaýlar ýumruldy we adam pidalarynyň köp bolandygy ýazylypdyr. Ýer titremesi wagtynda jemi 27547 adam (garnizon muňa girmeýär) wepat bolandygy, şol sanda Aşgabat şäherinde 18705 adam, Aşgabat raýonynda 6849 adam, Gökdepe raýonynda 1993 adam heläk bolandygy habar berlipdir. Wepat bolanlaryň arasynda respublikanyň prokurory Gukow, döwlet kontrollygy komitetiniň başlygynyň orunbasary, şäher Sowetiniň başlygy Muhammedow (ady Nagdow bolmaly. Onuň ölümi hakda meniň «Durmuş derýasy» atly oçerkimde hem Ýusup Öwezowyň beren gürrüňi bar – A.Ç.) we beýleki adamlar bar. Agyr ýaralananlar jemi 8430 adam, şol sanda Aşgabat şäherinde 6396 adam, Aşgabat raýonynda 1672 adam, Gökdepe raýonynda 362 adam bolandygy aýdylýar. Agyr ýaralananlardan 7069 adam Bakuwa, Daşkende we respublikanyň oblast merkezlerine äkidilipdir. Şol sanda samolýot bilen 5543 adam we sanitariýa poýezdleri bilen 1526 adam ugradylypdyr. Işçileriň we gullukçylaryň maşgalalarynyň bir bölegi garry adamlar we çagaly aýallar wagtlaýynça Aşgabatdan äkidilipdir. Ýer titremesinden ozal Aşgabadyň ilaty 132 müň adam eken. 20-nji oktýabrdan 5-nji noýabra çenli 69978, şol sanda uly ýaşly 55312 adam (erkekler 19136 adam, aýallar 36176 adam) we 14666 çaga bardygy hem aýdylýar. 24.09.2019. Ýaňy işden Sähetmyrat, soň Çary Kuly jaň etdiler. Akademiýada ÝUNESKO-nyň Türkmenistan boýunça wekili oturýardy. Oňa himiýa ylymlarynyň kandidaty Guwandyk diýýärdiler. Gepimiz alyşýardy. Ýöne ony men 3 ýyla golaý görmändim. Ol irden ýüreginden tutup, basgançakdan ýykylyp, ýogalypdyr. Ýatan ýeriň ýagty bolsun dost! 05.10.2019 29-njy oktýabrdan bäri men bolniçnida. Şu gün internetde biri “Söz ussady Allaýar Çüriýew ýogaldy“ diýip ýazypdyr. “Kitaphanaçy“ saýtynyň adminstratory hernä ýaňky habaryň ýalandygyny paş edip, özüniň Allaýar aganyň işleýän golýazmalar institutyna barandygyny we bu habaryň ýalandygyny aýdypdyr. 06.11.2019 Agşam, şu ýylyň 27-nji maýynda rak keselinden, 61 ýaşynda ýogalan inim Çaryýar düýşüme giripdir. Daňdanlar dawleniýäm galdy –170-de 100. Gyzym Merjeni öýünden gyssagly çagyrmaly boldy. 18.11.2019 Filologiýa ylymlarynyň doktory Gurbandurdy Geldiýewiň we Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň umumy bilim berýän mekdepleriň VIII synpy üçin taýýarlan edebiýatdan okuw kitabyna Syn 1. Ýazar, uslyp, taglym, şadessan... ýaly ulanyşa doly girip bilmedik köp sanly sözler kitapda gabat gelýär. Bu sözler mekdep okuwçylary üçin has hem düşünmesi kyn. Olar halkara terminleri bilen tanyş çagalar, olara ýeňilräk, endik edinilen sözler hödürlenilse ýerine düşerdi. Galyberse-de, häzirki döwürde halkara terminleri ulanylýar ahyry, hut şu kitabyň içnde-de portret, dramaturg, komediýa, klassyky, kinossenarist... ýaly köp sanly sözler ýerlikli ulanylýar. Halk köpçüligi tarapyndan kabul edilmedik sözleri mekdep okuwçylaryna hödürlemek gerek dälmikä diýýäris. Şu ýagdaý barada awtorlar oýlanyp görseler gowy bolardy. 2. Esasy bellikleriň biri-de, okuw kitaby hem hrestomatiýa kitaplary aýratyn neşir edilýärdi. Bu bolsa, elbetde, talaplara laýyk gelýärdi. Çünki örän galyň kitap hil taýdan hem pes bolýar, çagalara kynçylyk döredýär, sahaplary tiz zaýalanýar. Şu barada awtorlar pikirlenip görseler, eserlerden parçalar hrestomatiýa kitabynda ýerleşdirilse, okuwçylar üçin kynçylyk bolmazdy. 3. Kitabyň 53-54-nji sahypalarynda dessanlar hakda söhbet açylýar. Şonda awtorly dessanlar hem-de halky dessanlar garym-gatym berlipdir. Şol ýerde awtorly we awtorsyz halky dessanlar barada çagalara düşnükli dilde gürrüň edilip, hersinden anyk mysallar getirip düşündirilse, göwnejaý bolardy. 4. 72-nji sahypada “Şasenem-Garyp” şadessanlaşma ýoluny geçipdir” diýen pikir gabat gelýär. Beýle pikiri mekdep okuwçylaryna hödürlemek ýerlikli däl. Çünki bu pikir ylmy taýdan esaslandyrylmadyk pikir. Şadessanlaşma diýen termin hem ýok. Mekdep okuwçylary oňa nähili düünmeli. 5. 92-nji sahypadaky “Yşky-söýgi dessanlaryň hemmesinde gyzyň ady başda gelýär” diýen ýöntem sözlem we yz ýanyndaky sözlem aýrylsa, kem bolmasa gerek. Düýpli pikir däl-ä, galyberse-de, “Seýpelmelek – Medhaljemal”, “Warka – Gülşa”, “Perhat – Şirin” dessanlarynda bu ýagdaý bozulýar. “Nejeboglan” dessanynyň adynda bolsa gyzyň ady hem tutulanok.“Hemmesinde” diýip, ynam bilen aýdylmagy ýerliksiz.Ýene-de awtorly we awtory ýitip giden halky dessanlar garyşdyrylyp berilýär. Onda mekdep okuwçysy bulaşar. Şu sahypada “uslyp” sözi “uşlyp” diýip gidipdir. “Uslyp” sözüne entek uly adamlar hem düşünenok.Awtorlar ýene-de bir seredip çyksalar, göwnejaý bolar. 6. 96-njy sahypada Mahmyt Kaşgarly barada dört sahypa nakyllar, bular, elbetde, hrestomatiýa kitaplarynda berilse gowy bolardy. Bu ýerde gysgarak mysallar alynmagy ýeterlik ahyry. Awtorlaryň bu barada oýlanmaklary gerek. 7. 101-nji sahypadaky “Kowusnamadan” alnan birinji, ikinji abzas aýrylsa gowy bolardy, başga mysallar almaly. Mekdep okuwçysyna hödürlärden gödegräk pikirler. Awtorlar oýlanmaly. Mekdep okuwçylaryna hödürlenilýän kitapda ýerleşdirilýän her bir mysalyň terbiýelik ähmiýeti bolmaly, bu setirleri çagalara hödürlemekden saklanmaly. 8. 277-nji sah. Şirinjemal Geldiýewa baradaky ýazgylarda Bitaraplyk aýynda doglan diýlip alnypdyr.Hakas dili hakgas görnüşinde gidipdir. Ylmy işleri bilen eserleri garym-gatym ýagdaýda berlipdir, täzeden seredilse gowy boljak. “Mukaddes Ruhnama we türkmen halkynyň ruhy mirasy” atly kitabyny agzamak zerurmyka?! “Laçyn” powestinde söýgüde gabat gelýän ykbal bulaşyklyklary hakda söhbet açylýar. Elbetde, ýaşlar üçin gyzykly eser, ýöne 8-nji synp okuwçysyna näme berip biler?! Ýazyjynyň başga bir terbiýeçilik ähmiýeti bolan eseri bilen çalşylsa gowy bolarmyka diýýäris.. 9. 285 sah. tallasy – tagallasy bolsa gerek. 10. 293-nji sah. Italmaz Nuryýew halk ýazyjysy adyna eýe boldy, irkiräk ýazylan zatlara täzeden seredip çykmak zerur. 11. 300-nji sah. bir söz örän kän gaýtalanýar, sinonimdeş sözler bilen çalşyrylsa gowy bolsa gerek. 12. 328-nji sah. Isgender Zülkarneýin barada, Aleksandr Makedonskiý taryhy şahsyýet, bu ýerde bulaşdyrma bar, türkmen halky başga şahsyýet hakda pikir ýöredýär, oýlanyp görmeli, okuwçylara hödürlenmeli pikirmikä?! 13. 329-njy sah. Iň soňky abzas – akyldar şahyr Magtymgulynyň çagalara düşnüksiz boljak setirlerini mysal almak gerekmikä?! Awtorlaryň oýlanyp görmekleri gerek. 14. Işiň mazmunynda türkmen halk döredijiligi, türkmen edebi ýazuw ýadygärlikleri, türkmen klassyky edebiýaty, türkmen edebiýaty ýaly görnüşde türkmen sözi gaýtalanyp dur. Halk döredijiligi diýlende-de türkmen halkyna degişlidigi belli ahyry! 15. Iň esasy bellik hem, okuw kitaby öňden Türkmenistanyň Bilim ministrlig tarapyndan tassyklanylan maksatnama laýyk gelýärmikä?! Mysal üçin, okuw maksatnamasynda bir şahyra iki sagat berlen bolsa, mugallym berlen materialy özleşdirip, çagalara düşündirip bilermikä?! Şu ýagdaýlar barada oýlanylyp görülmegi has zerur. 16. Kitapda orfografik, punktuasion ýalňyşlyklar, sözlem näsazlyklary hem gabat gelýär. Şolardan arassalamaly. Awtorlar kitabyň üstünde ýene-de bir gezek täzeden işläp, bellikleri düzedenlerinden soňra kitaby neşire hödürlemek bolar. Gurbanjemal YLÝASOWA, TYA-nyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. Allaýar ÇÜRIÝEW. TYA-nyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. Şu ýerde meni geň galdyrýan bir zat bar: olam ylymlaryň doktorynyň metod termininiň deregine “uslyp“ sözüni ylmy dolanyşyga girizjek bolmagy. Munda onuň näme bähbiniň bardygyna düşünip bilemok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |