21:10 Garry enem Nowbaharyň ýagty ýadygärligine | |
GARRY ENEM NOWBAHARYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE
Goşgular
![]() Goja ýaşda käte garry enemiň, Gulagymda ýaňlanyp dur hekgedi. Öwrenipdik haýyr näme, şer näme, Ýyllar muny üstümize ýükledi. Diňläp ertekisin uzak gijeler, Elmydam şeýle bor öýtdük – agtyklar. Asyl burmuş beýle däl eken başda, Altmyş-ýetmiş ýaşda indi saltyklar. Misli ol iň soňky ertekiçidi, Soň duşmadym hekget aýdyp berene. Wah, garry enemiň ertekilerin, Meňzetdim ummanyň lagly-dürüne. Döwli-döwsüz aýdyp beriň erteki, Galmak üçin agtyklaryň ýadynda. Göwnüme bolmasa, ýaşap ýör enem, Gadym ertekileň beýanatynda. 16.06.2024. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |