02:39 Meýdan güli | |
![]() MEÝDAN GÜLI Meýdan güli, Eýjejigim, ezizim, Yranyp oturyşyñ adam ýaly-la. Birden bolup galdym seniñ ýesiriñ, Takdyr getirendir seniñ ýanyña, Joşy gaýdyp gaýa kimin gomlaryñ, Elwan läle jöwzalara dözülen. Ýagty jahan atly doýmaz-dolmazyñ, Bir ýerinde nagyş bolduñ gözüme. Heñ ýaly çeýe sen, roýuñ dury, Ejiz diýmeklige dillerim barmaz. Dumana tutsa-da heserler seri, Ömrüñi ýolmaga ellerim barmaz. Watan diýlen bu meýdanyñ göwsünden, Çüwdürim deý çogup çykan kamat sen. Bizar bolan doñaklaryñ döwşünden, Senden özge alamaty näm etsin. Pyrlanýar bu dünýe ýazlardan ýaza, Aýdymdan aýdyma barýar durnalar. Bary öwrülmezmi gyzyksyz zada, Köñülde heññamlar oýun gurmasa. Boz ysyndan doýmadym diýp datlanym, Bir gün duýup galar köñül berenmi. Bilmen ömrüñ niresinde ýatlaryn, Saña sataşanmy, seni görenmi. Belki, bu ýerlere çekmez nesibim, Hoş gal! Kabul eýle salam ýollasam. ...Meýdan güli, Eýjejigim, ezizim, Ýalñyz dogan ýaly mähriban-la sen! Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |