21:24 «Ýene seni ýada salyp erikler...» | |
«ÝENE SENI ÝADA SALYP ERIKLER...»
Goşgular
Ýene seni ýada salyp erikler Başa gülli ýaglygyny orandy. Bilmen, senden öwrenipmi, görüpmi, Elin suwa sokup otyr toraňňy. Baglar gijelige syçradyp ýagty, Ýaşyl tütün bolanynda heserden. Erik güllänini dünýäniň bagty, Hemem öz myradyň saýar gezerdiň. Adamyň birgeňsi häsiýeti bar, Ýazyksyz bir zada öwrülip käte, Mähri siňen adamlary ýatlaýar, Birçak gören düýşi düşýän deý ýada. Bu baharda ýene seni ýatlaýan, Güllän agaç deýin, günäsiz gül deý, Gije sansyz şemlerini otlaýar, Gündizi geýinýär bu dogduk ülke. Seniň bagtlydygňa ynanjym hakdyr, Ony siller almaz, ýyldyrym urmaz. Men bu gün yşk edip, bahara bakdym, Başymy sypady: "Boýnuňy burma!" Ine, onsoň şuny ýüregim syzdy, Sen bagtly bolmanam bilermiň heý-de, Ýogsa, bu toraňňy aýdym aýtmazdy, Ýogsa, bu erikler çogmazdy beýle. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |