21:27 Takdyr | |
TAKDYR
Goşgular
![]() "Belki şeýle bolmak takdyrda bardyr" Diýip, gara gözleriňi ýaşlama. Takdyr biz ikimiz sygardan dardyr, Takdyr däldir urulmaklyk daşlara. Bagtyna öwrülýär adamyň erki, Egrelip ösmegin, eý, meniň şaham. Şor suwly käsäni saňa kim berdi Süýjülik suwuna teşnekä dahan. Gazlaryň sürüsi geçer sallanyp, Ýellenen gabagyň ýelpär giderler. Durmuşa wepaly bolanda anyk Ysgynsyz pikirler selpär giderler. Güýçli däl, akylly bolany üçin Tebigat adama ynanýar şeksiz. Tükenmez utanja goýarsyň meni Ýazlaryň öňünden gözýaşly çyksaň. Aý bize egnini deňlär ýene-de Gör, kölüň üstüne ýyldyzlar ýagdy. Ýaňy ýylgyranda garry ene deý Agladyp ýörmegem bolarmy bagty?! Men beýle takdyra bermerin seni, Şatlykdan demimiz tutulsyn gitsin. Döwülen küýze deý zyňarys ony, Goý, bagtyň ornuna aglasyn ýatsyn. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |