21:29 «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» | |
«BAŞARSAŇ GÖWNÜŇI SERGIN SAKLAGYN...»
Goşgular
![]() Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn, Şübhä basdyrmagyn göwün galaňy. “Bir oňat kişidir” diýip çaklagyn Nätanyş adamyň berse salamy. Gidibergin içi bilen syrgynyň, Hasyrdanyp geçir säher çagyňy. Ýöne mahal-mahal barlap durgunyň Goltugyňda garpyz bary ýoguny. Akgöwünli üçin şudur iň kyny, Köpbilmişler ynamyny talarlar. Ýüwürse aýagyna salarlar syny, Uçsa ganat kakyşyny sanarlar. Geçip barýas bir-birege höwrüge, Eşidýäris köpbilmişiň gülmesin. Şonuň üçin diň sal käwagt böwrüňe, Goltugyňy barla garpyz bolmasyn. Namart adamlaryň kadasy-da berk, Hala ahmal biliň, hala çyn biliň. Gowy tarapyňy goltugyňa berip, Ahmal ýeriň bilen baglarlar diliň. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |