23:03 Ýaraly ýüregiň owazy | |
![]() ÝARALY ÝÜREGIŇ OWAZY Ýürekde ot goýan perizat keşbiň, Ýakymly garaýşyň, owadan näziň, Siller eýgermejek ýalynly yşgym, Biperwaýluk bilen sowadan özüň. Saňa diýer ýaly sözem galmady, Duýgularym hazan ýele sowrulan. Ýürek ajy dymyp, gözlem aglady, Yhlasym gar ýaly güle öwrülen. Ýetim oglanjyk deý mäledi ýürek, Oňa döze bilmän ýagyşlar dymdy. Saňa sag bol aýdýan nällete derek, Hiç zada gerekmez bagyşla indi. Sag bol, serwi boýlym, perizat melek, Minnetdar yşk bilen telbe eýlediň. Birje pursat edip meni janserek, Aýralyk peýkamyn kalba çüýlediň. Sylapberdi Muhamow. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |