04:10 Söýgä goýlan wagt / hekaýa | |
SÖÝGÄ GOÝLAN WAGT
Hekaýalar
Olar önden, entek çagalyk ýyllaryndan bir-birini tanaýardylar. Söýgi ýaşaýyşy bakylyga öwren wagty durmuş arzuwlardan doly bolar eken. Soňra ýyllar geçdi, ykbalyň oýnuna gara; gyz onuň dostuna durmuşa çykdy, olam başga bir gyza öýlendi. Bir-birine aşyk bolan, ilkinji günlerinden bäri deň gürsüldeýän ýüreklerine gulak asmaga derek, öz nikaly ýoldaşlarynyň durmuşyna baglanyp, öz durmuşlary bilen ýaşaberdiler. Näçe wagt ötse-de, olaryň ikisiniň-de hakyky duýgulary beýan etmäge bogny ysanokdy. Aýalyň bir ömür bile ýaşaşan ýoldaşy ýogaldy. Erkegiň hem aýaly aýrylypdy. Ine, indem gaty köp ýyllar geçenden soň olar ikiçäk galdylar. Çagalykda yzygiderli seýl eden baglarynda gapdallaşyp otyryşlaryna güýz güni ýapraklaryň tänip gaçyp duruşlaryny synlap, bu ahwaldan aýratyn many agtarýardylar. Şemal zenanyň çalaran zülplerini sypap geçende, ol şunça ýyllardan soň ony hakyky keşbinde görýän ýaly haýran galyp seredýärdi. Zenan uludan dem alyp: — Bilýäňmi, nämüçin biz şunça ýyllar geçenden soň bir-birege gowuşyp bildik — diýip, hemrasyna ýüzlendi.— Çünki biz entek ten duýgularymyz peýda bolmanka bir-biregi söýüpdik. Biz söýüşmegi däl-de bir-birege gowuşmagy arzuw edipdik. Ine, indi biz garradyk, indi bizde öňki yşk höwesi, ýalynly heser ýok. Ýöne bir tarapdan munuň örän gowy bolmagam mümkin. Ol dumyp zenany diňleýärdi. Ol birwagtlar zenanyň nowjuwan gyz wagtyndaky edýän soňsuz arzuwlaryny diňleýşi ýaly edil şu wagtam ony dymyp diňleýärdi. Ol özleriniň ham-hyýalda guran durmuşlary hakda arzuwa çümüşlerini ýatlady, indi bir-birege garaşylyp geçilen bir ömüriň ahyrynda gorky-ürküsiz, aldawsyz ikiçäk galyp biljekdiler. Ähli zady bolşy bolşy ýaly görkezip. Ol ahyry; — Sen mamla— diýip, boýun aldy. — Biz arzuwlardan we hyjuwdan doly tutuş bir ömür ýaşadyk. Emma indi hyjuw-höwesler paýawlap, diňe tämiz yşgymyz galdy. Hem-de bilýäňmi, belki-de şunuň ozi hakyky bagtdyr. Zenanyň roýunda onuň garaýşyna mähir çaýan ýylgyryş peýda boldy. Şu pursat ol şunça şübheden, aýralykdan soň bir-birine gowuşmaklaryny Alla Tagallanyň beýik isleginden gözbaş alýandygyna düşündi. Alla hemme zady bilýärdi, şonuň üçinem ýoluň soňunda olary bir-birine gowşurdy. Gam-gussasyz, puşmansyz, ham-hyýala aldanmadyk ömrüniň soňunda bir-birini tapan iki gartaşan ynsan. Zenan: — Biz ikimiz bir bitewi zadyň iki bölegi, ynha ahyry birleşdik — diýdi. Bir-biregiň ellerinden ýapyşyp oturyşlaryna, şu pursadyň ýönekeýliginden hem ümsümlikden lezzet alyp otyrdylar. Bu wagt ne hyjuw, ne heser bardy, diňe iň gerekli wagty bir-biregi tapyp bilendikleri üçin şükranalyk bardy. Çünki ýeke-täk we hakyky söýgi goh-galmagala, artykmaç sözlere mätäç däl, 02.12.24 Aşgabat. | |
|
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |