16:17 Kesel kesgidi / hekaýa | |
KESEL KESGIDI
Hekaýalar
- Kelläňiz haçandan bäri agyrýar?— Ak ýektaýly lukman gyzyň ýüzlenmesi meni alasarmyk pikirlerimden oýardy. Welaýat merkezindäki ak mermerden salnan hassahananyň keselleri anyklaýyş otagynda ýarym ýumurtga şekilindäki desganyň içinde barlagda bolup, ýaňyja çykyp durşuma, towuk maýasyndan ýaňy dörän jüýje ýaly äm-säm boldum: - Entek golaýda agyryp başlady, edil erbedem däl welin, "keseli bejerenden öňüni alanyň gowy” diýip gaýdyberdim. "Düşündim” diýen äheňde kellesini öňe-yza yran lukman gyz bilen ýanyndaky şepagat uýasy özara maslahatlaşyp birzatlara bellik edýärdiler. Meniň oturan ýerimdäki tekjede lukman gyzyň rejeläp goýan bir tagta kagyzyny yzyndaky depderçesi bilen biygtyýar elime aldym-da, ondaky "kesel kesgidi” diýlen ýerini howlukmaç okadym. Sebäbi, bu ýere gelmegimden hem esasy maksadym hut şu soraga jogap tapmakdy ahyry. Eý-ho, asyl käte gözüm çykaýjak ýaly, başym ýaryljak bolýar diýýärdim welin, kelle beýnimde çiş bolsa nätjek?! Maňlaýyma şagga der indi, aýaklarym sandyrap, erkime boýun bolman başlady. Elimdäki kagyzyň kesel kesgidiniň ýazylan böleginiň içini ýaryp, gözüm bilen giräýjek ýaly hasanaklap barşyma, anyklaýyş otagynyň gapysyndan ylgap diýen ýaly çykdym. Bah, bu nähili boldugy? Indi meniň ömrüm paýawlany çyn boldow. Entek otuzyň onuny ýaňy tegelän juwan ýigit halyma takdyryň burç ýaly ajy oýnuna sataşdym oturyberdim. Hassahananyň al-elwan güller açylyp oturan päkize howlusyna çykanam bolsam howa ýetmeýän ýaly bogazym doldy. Birden möňňürip aglabersem diýdim, emma daş-töweregimdäki adamlardan heder etdim. Aýagymyň astyndaky daşjagazlara ünsem bermän, kesel kesgidi ýazylan kagyzlary elime mäkäm gysyp, ulagyma haýdadym. Sürüjiniň ornuna geçip oturşyma, bokurdagymdan "gujaklap” duran boýunbagymy aýyryp, gapdaldaky oturgyja pazladyp zyňyp goýberdim. Meniň bolşumy görsediňiz , "bu adamdaky ähli şowsuzlyklara hut şu boýun bagy günäkär öýdýän” diýip oýlardyňyz. Gözlerimiň owasy ýaşdan dolupdy, indi ony saklap bilmedim. Awtoulagyň hereketlendirijisine ellerimi ýassanyp, ýüzümi kesekilerden gizläp oturşyma, sessiz möňňürdim. Dogursy, men özümi o diýen ynjyk, gorkak ýa ýüregi ýuka adam hem däl hasap edýärdim. Ölmekdenem o diýen gorkup barmaýan ýalydym, ýa gorkýamykam, bilemok. Emma, ýaşan ömrümde üýtgeşik bir zat etmedigime, özümden soň ýagşy yz galmajakdygyna, hatda gapdal goňşyma hem ýagşylyk edip bilmändigime agladym. Göz öňüne getirip görüň ahyry?! Taryh sahypasynda "Nedir diýen oglan, bir çagaly, ussa, otuz ýaşynda beýni çişinden heläk boldy...” diýen sözler galar. Boldy... Boldy... Başga men barada aýdyp boljak zat ýok, kimler meni ýagşylykda ýatlarka?! Ýöne näme-de bolsa, mert bolmaly, men erkek ahyry. Ejemdir, aýalyma kesel kesgidimi aýtmaly däl diýen karara geldim. Üç ýuwulan ak esgä dönüp oturşyma reňki öçen ýüzümi çep elimiň aýasy bilen süpürip, elimdäki kagyzlary ýyrtara getirdim. Bu kagyzyň daşynda esasy keselim ýazylypdyr, içini dagy açyp okamaga ýürek edip bilerinmi? Ýok, okanyňam peýdasy ýok, beýle keselden gutulýan az bolsa gerek... Içimdäki ses bolsa "häzir jaň et-de, irdenki düşünişmezlik üçin aýalyňdan ötünç sora, bu kesel kesgidi bilen näçe ýaşajagyň belli däl...” diýdi. Pikirlenip durmazdan, el telefonymyň ýaşyl düwmesine basdym. Aýalymyň näzik owazy "sal üstündäki halymy” hasam agyrlaşdyrdy: sesim sandyrap, näsaz radiodan çykýan düşnüksiz aýdym ýaly ýaňlandy: - Näzikjemal, neme irdenki üçin meni bagyşla, aslynda men seniň gaty köp göwnüňe degipdirin, ýersiz ýere-de yrsarapdyryn... Aýalym ýagdaýyma gynanmagyň ýerine, al-petimden aldy: - Kakasy, näme şu gepleri öýe gelende aýdanyňda bolmadymy, çaga aglaýar ahyry. Jaň etmäge tapýan wagtyňa bir seretsene... Gözlerime ýaş aýlap, gulagyma tutup oturan telefonymda çaganyň çyrlaýan sesi alaworradan eşidildi-de, soňam uzyn guguldy peýda boldy. Bäh, buda meni bagyşlajak däl öýdýän. Men şeýle erbet adam bolaýdymmyka? "Ýogsam näme diýsene?” - ýene-de içimdäki ses hüjüme geçdi: "dünýäde at galdyrmak üçin adamlara ýagşylyk etmeli ahyry? Wah, iň bolmanda bir agaç ekmedimä men. Bäh, ruhum bedenimde bolan döwründäki ähli hereketlerim üçinem jogap bermeli bolarmyka, Allajanym... Birdenem geçen aý goňşymyzdan karz alan pulumy, entegem pulum baram bolsa bermän ýörendigim ýadyma düşdi, näme sebäpden şeýdenimi welin bilemok, belki özümde has uzak wagt pul saklanmagyny isländirin, garaz bu etmişim babatda hatda içimdäki sesim hem meni aklamak üçin dadyma ýetişmedi. "Elim gatylykdandyr” belki, aý ýok hakyt menkä günä bolýar, özem bilkastdan edilen. Gysymymdaky döwere getiren telefonymdan dessine ýaşuly goňşymyza jaň edip, şu günüň özünde karzymy gaýtarjakdygymy aýtdym. Aksakal meniň sözlerime diýseň begendi, hatda ynanmajak hem boldy öýdýän. Meniň garaçynymdygyny bilensoň sag bolsun ,,ýagdyryp”, telefony goýdy. Awtoulagymy hassahananyň öňünden aýyrman, gözi ýaşly, kalby dertli, "dünýä bilen hoşlaşyp” näçe wagt oturandygym ýadyma düşenok. Emma, birden awtoulagyň ýarym açyk aýnasyndan hälki lukmanyň tanyş ýüzi göründi. Edil gapdalymda şemala galgan ak halada garaşman durkam gözüm düşendigi üçinmi, "Ezraýyl aga eýýäm geläýdimikä?” diýip tisginip gidenimi özümem duýmandyryn. Lukman elindäki kagyzlary äberip, mylaýym ýylgyryp durşuna, çygjaran gözlerimiň göni içine seredip gepledi: - Ýaş ýigit, näme üçin barlagyňyzyň netijesi görkezilen haty alman, ylgap çykyp gaýtdyňyz? Eliňizdäki bolsa, ýaňky düşen anyklaýyş enjamyňyzyň Düzgünnamasy ahyry, muny bolsa näsaglara bermek bolanok. Sizi ähli ýerden gözläp, köçeden tapaýşymy diýsene... Hydyr ata ýaly dadyma ýetişen lukman meni "suwsyz äkidip, suwsyz getiren” elimdäki haty kakyp diýen aldy-da, öz suratym ýelimlenen haty goluma gysdyryp, hassahananyň gapysyndan ylgap diýen ýaly girip gitdi. Hanasy giňelen gözlerimi baýguşyň garagy ýaly tegeläp oturşyma, elimdäki haty gorky bilen okadym: N.Nedirowyň kesel kesgidi: Çakyza, wagtal-wagtal tutýan görnüşi. Maslahat berilýän bejergiler... Hatyň yzyna okaman, edil garşymdaky jaýlaryň suduryna seredip oturşyma, kellämiň ýaldyrap başlan depe bölegini gaşanymy duýman galdym... Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. | |
|
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |