07:54 Ilkinji hekaýam / hekaýa | |
ILKINJI HEKAÝAM
Hekaýalar
Gazetde ilkinji hekaýam çykan güni şeýlebir gaýşardym welin heý goýaýyň. Dünýäde özümden akylly, bilimdar adam ýokdur diýip pikir etdimmi ýa hemmeden öňdengörüji bolandyryn öýtdimmi bilmedim, ýöne köçedäki ähli jemende, ähli halaýyk maňa seredýän ýaly uniwersitete gaýşaryp ýöräp gidenim welin ýadymda. Hatda, has akylly ýazyja meňzejek bolup äýnegem dakynyp, elime bu günki sapaklara dahylly bolmadyk kitaplaram petdeläp alypdym. Garaz, tutuş ýer şary öz okunyň daşynda däl-de, meniň daşymda aýlanýan ýaly boldy. Ýöne, uniwersitete bardymam welin, meşhur ýazyjydygym barasyndaky pikirler sebäpli, al-asmanda uçup ýören göwün guşum pessaýlap ýere düşen ýaly boldy. Sebäbi, sapak başlamagyna irrägem bolsa talyp deň-duşlarymyň hersi bir zat bilen başagaýdy, kimsi kitap okaýardy, kimsi depder göçürýärdi. Maňa welin üns berýänem ýokdy. Ýylgyran ýüzümiň nury gaçan ýaly köwşümiň ujuna seredip ýerime geçip oturdym. Ilkinji hekaýamyň çykany bilen gutlarlar öýdüp, kiçijek tamakinçilik bilen kursdaşlaryma täzeden birlaý seredip çykdym. Emma netije ýok. Bah, hiç kim okamadymyka meň hekaýamy? Ýa bular meni sapagyň soňunda gutlajaklarmyka? Nämede bolsa men öňki bolşumdan has agraslanyp, äýnegimi burnumyň ujyna süýşüribirägeden assyrynlyk bilen elimdäki kitaplarymyň birini okajak boldum. Ýok, bolmady. Gözlerim kitapda bolsa-da, aňyma ýeke sözem girmedi. Ýene-de, başymy galdyryp synp otagynda oturan talyplara göz aýlap başladym. Han-ha, aňyrky hatarda Şöhrat otyr, özem nämedir bir zada güýmenip, dümtünýär. Bah, başga wagta "Sokrat” lakamyny alyp, metbugatda çap edilen her bir täze eser barada jedel edip, gowur baryny turzardyň welin, bu günä sendenem ses çykanok. Al kakmyş, ýa okamadylarmyka? Bärsinde Göwher gazet okaýar, bah şu gyzam irden turup çaý içmese içmez welin, gazet satylýan dükana ylgaýar. Şonda-da, meniň hekaýamy okamadymyka? Aý ýok, okandyrlar, meniň hekaýam ajaýyp, gaýtalanmajak sungat eseri bolansoň bular haýran galmakdan ýaňa aýdara söz tapanokdyrlar. Aý, nämede bolsa meniň bu eserim çuňňur mazmunly, many gatlagy arynyň öýjügi ýaly öwrüm-öwrüm bolansoň, bular düşünenem däldirler. Ha-ha, ine men nähili beýik ýazyjy. Gaz ýaly boýnumy yzyma öwrüp, yzky hatarlardanam maňa üns berýän talybyň ýokdugyny görüp geň galdym. Bah, ana Merdan, şolam iň ökde talyplaryň biri. Şola hökman okandyr meň hekaýamy. Yzyma bakyp, Merdanyň ýüzüne çiňňerildim. Möle gözlerimi alardyp, äýnegiň aşagyndan irikgä bolup garaşyp oturanyma Merdan seretmedimi ýa umuman üns bermedimi, öňüne goýan kompýuterinde bir zatlar ýazmak bilen başagaý. Bah, olam okana meňzänok. Ýogsam, hökman gutlardy. Aý, sapak başlansyn, belki mugallym okandyr, belki şol gutlar. Sapagam başlandy, mugallymam geldi, ýöne meniň hekaýam barasynda ýekeje gürrüňem gozgalmady. Gulaklarymy gerip garaşanym bolmady. Garaz, mugallymyň gürrüňlerini diňläp oturşyma, hyýalymda Çehowmy, Lermontowmy, Dikkensmi ýa B.Kerbaba, K.Kulyýewmi garaz şolaryň ýanynda oturyn, ynha olar bilen gürrüňleşip uçýan howa şarynda ýer ýüzüni gezim edip ýörüs, birdenem batly ýel gelip, howa şaryny uzaklara uçuryp başlady. Garaşylman durka turan şemalyň badyna uzaklara uçup gidäýmesin diýen niýet bilen, howa şaryny elimi uzadyp tutjak boldumda ýumuk gözlerimi açmanmy? Gözlerimi açyp seretsem, sapakda oturan ýerimden elimi kelemenledip howada bir zat tutjak bolup durun. Ýaş ýüreklerinde gülki gaýnap duran talyplar mähellesi berlendir bir pakyrda. Elimi asmana gerip, ýerimden galyp, äm-säm bolup durşuma dört gat äýnegiň astyndaky gyzaran gözleriniň nazaryny maňa gezän Bagtyýar mugallymyň sesi bar ham-hyýallarymy uçurdy: - Nämä eliňi galdyrýaň Nazarowa, sapaga taýýarlanyp gelipsiň öýdýän. Gel, gel çekinme. Çyk orta, howa aýdyber, geçilen sapak barasynda näme zatlar okadyň. Gulagymyz sende. - Mugallym, men neme diýjekdim, men... - Eliňi galdyrdyň ahyryn, gel arkaýyn çekinme. Wah, sapaga taýýarlanmak nirede, men nirede? "Üýtgeşik” hekaýasy çap edilen ,,beýik” ýazyjy hökmünde bu günki geçiljek sapaklaryň hiçisini okamandym ahyry. Hekaýam çap edilen gazeti gujaklap, tutuş gije şol hekaýamy hetjikläp, gaýtalap-gaýtalap okap, ýatlapdyrynam. Ýöne, sapagy bilemokda. Onda-da, mugallyma garşy çykanyň peýdasy ýokdy. Birdenem, "meşhur” ýazyjy hökmünde özümi ele aldym-da, äýnegimi yza süýşürip, özümden has agras keşbe girip, orta çykdym. Hemişe ýylgyryp durýan ýüzümi hem çytypdym şonda, sebäbi meniň pikirimçe hakyky ýazyjylar agras bolmaly ahyry. Bu bolşumy görüp, Toýly ýaly wäşi talyplardana pyňkyrşanam tapyldy. Ine-de, meni nägile nazary bilen garşylaýan mugallymyň agras ýüzüni gören tutuş synpyň içi dym-dyrslyk boldy. Birdenem geçilen sapagyň ýerine, düýnki çap edilen hekaýam, ondaky öňe sürülýän pikirler barasynda gürrüň berip başladym. Kursdaşlarymden ses çykmady, hatda göwnüm üçin öwenem tapylmady, döwenem. Ýöne, Bagtyýar mugallym welin öz pikirini aýdypdy: - Nazarowa, sen gowsy sapakda gözüňi ýumup oturma, hekaýanam azyrak ýazaý... Özüň üçinem, özgeler üçinem peýdaly bolar... Ýene-de, tutuş deň-duşlarym gyzyl-gyran gülüşdiler. Ýoldaşlarymyň göwni üçin çala ýylgyryp, bazardan gaýdan öküz ýaly ýüzümi sallap, ýerime geçdim. Iki örüm saçym bolsa hemmeden utanýan ýaly, ýüzümden öň partanyň aşagyna gizlendi. Elimdäki döwere getiren ruçkamy, gaýym gysyp oturşyma gulagyma biriniň sesi gelen ýaly boldy: - Gynanma, gowy ýazypsyň. Ýazyber, öz göwün islegiňe, arzuwlaryňa garşy gelýän bolsa hiç kimi diňleme... Yzyma gaňrylyp seretsem hiç kim ýok, gapdalymda oturýan talypdanam ses-seda çykana meňzänok. Belki, bu meniň kalbymyň sesidir. Howa, kalbymyň sesi eken, özümiň sesim ekeni. Şol günden bärem ýazmagy goýmadym, ýöne beýik ýazyjylar ýaly akylly görünjek bolmany we başgalardan öwgä garaşmagy welin hemişelik goýdum. Ýöne mugallymyň maslahatyny almanyma ökünjegimi ýa kalbymyň sesini diňläp ýalňyşandygymy bolsa, elbetde wagt görkezer. Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. | |
|
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||