22:02 Ertir / hekaýa | |
ERTIR
Hekaýalar
- Ertir okaryn-deý – diýdim-de, kitabyň gatyny ýapdym. Ukym gelip, gözlerimiň öňi dumana duwlandy. Şeýdibem uklapdyryn. Daň säher bilen aşhanada ýören ejemiň sesine oýandym: - Daňatar, gyw oglum, tur indi ýatma, işiňe gijä galarsyň. Üstüňe gün dogrup ýatmaga aýyp bolar, balam. – Ejemiň bişiren heýgeneginiň datly ysyna delmuryp, ýatakhanamdan galanymam şol welin okuwçy jigimiň içýakgyç gülküsi bilen bile diýen ýaly çykan şüweleňli sesi eşidildi: - Ady Daňatar bolsa-da, özi daň ýatar bu ogluň eje. Böwregi böküp duran bezzat jigim bilen ýaňkalaşmaga wagtymyň ýokdugyny bilip, howul-hara ýuwundym-da, iş eşiklerimi geýnip, gapydan atylyp çykanymda, yzymdan ejemiň sesi eşidildi: - Torbaňa ertirlik salandyryn balam, işiňe baryp garbanaýarsyň... "Wah, eje, ejem bolýaň-da. Uly adam bolsamam meniň aladymy edip ýörşüň. Ir tur diýip käýemegiň ýerine maňa dözmezçilik edýäň-dä, ýöne men hökman ertir ir turaryn, nesip bolsa” içki pikirlerime gümra bolup barşyma awtobus duralgasyna ýetenimem duýmandyryn. Iş ýerime gelip, kürsümde oturanymam şoldy welin, bu günki okamaly we ýazmaly resminamalarymy getirdiler. Birdenem kompýuteriň ýanynda "Bir hepdede etmeli işlerimiň meýilnamasy” diýip ýazan ýazgylaryma gözüm düşdi. Muny ýazyp, gözüme edil dürtüläýjek ýerde ýelimläp goýanyma eýýäm üç aý bolupdyr. Emma, ýazylan işleň birinem etmändirin. "Bäh, bu hat-peteklerden ýaňa, öz-özümi ösdürmäge, galam ýalyjak edip özümi ýonup durmaga elimem degenok” Özümi aklamak üçin tapan delilime içimden begendim. Ýöne kimiň öňünde özümi aklap otyryn ýa-da kime özüm barasynda hasap berýänime düşünmedim, has dogursy bu barada oýlanmaga wagtymam ýok. "Adamlaryň dürli meselelerinden ýaňa özüme elim degenok-da, ertir başlaryn bu işlere ýene-de", içimden bir sesjagaz maňa kömege ýetişdi, göwnüm bu günlikçe giňän ýaly boldy. Uludan dem alyp, kagyzlary birýana süýşürdimde, ejemiň taýýarlan kökesini iýip, bir bulgur çaýjagaz içdim. Ýene-de, hälki kagyza gözüm düşäýmezmi. Adaty endigim boýunça, elime alyp okap başladym: "Bir hepdede bitirmeli işlerim: Adamlary has ünsli diňlemegi, synlamagy we mylaýym gürleşmegi öwrenmeli. Irden sagat 6:00-da turmaly we ylgamaly. (stadionyň daşyndan bir gezek) Ejeme hökman günde bir gezek "Sag bol” diýmeli. (özem ýürekden) Arkamy göni tutmany we kürsümde dik oturmagy öwrenmeli. Iňlis dilinden günde 10 söz ýat tutmaly.” "Bäh, şu gün-ä şulaň hiçisinem etmändirin, aý ertirden başlarynda” diýip oturşyma kürsüde arkamy göni tutup oturdym. Ýaý ýaly bolup duran oňurgalarym dikelip, süňňüm ýeňlän ýaly boldy. "Bäh, adam bedeniniň ýagdaýam her kimiň özüne bagly bolýandygy çyn-ow” diýip pikirlenip oturşyma, gapydan gelen işgär dostuma alaryldym: - Maksat, näme mamaňlara gelen ýaly seň bolşuň. Gapyny zat kakyp, onsoň girilýändirä how, başga bir işgäriň otagyna girilende. - Bagyşla dost, gaty howlukýadym-da. Maňa gaty zerur karz pul gerekdi-dä welin, ertire çenli... Gysgançlykdanmy ýa yzyna gaýtarmaz diýip pikir etdimmi, näme üçindir Maksadyň sözüniň yzyny diňlemegem islemedim: - Ýok Maksat, mende-de pul ýok, bilýäň-ä, özüm ýakynda ýokary okuw jaýyny gutaryp geldim. Şoň üçinem mende pul näme işlesin, zat näme işlesin... Öz ýanymdan tapan çykalgama begendim. Ýüzüme gynanç gatyşykly öýkeli nazar bilen seredip, zat diýmän çykyp giden Maksadyň yzyndan seredip oturşyma "Dogry-da walla, men näme köçeden pul tapýanmy? Başga işgärlerden alar-da” diýip oýlandym. Birdenem elimdäki ýazgyma gözüm düşdi: "Adamlary has ünsli diňlemegi, synlamagy we mylaýym gürleşmegi öwrenmeli”. Bäh, men öz kemçiligimi bilýänem welin, näme üçindir düzedip bilemok. Belki, ýaňky kärdeşim pula gaty mätäç bolandyr, şonuň üçin sorandyr. Men diňe özümi oýlamagym we gysgançlygym netijesinde onuň sözlerini soňuna çenli diňlemegem islemedim-dä”. Atylyp otagymdan çykanymam şoldy welin, edaramyzyň hasapçysy öňümden pete-pet geldi: - Bagyşlaň, gelneje Maksady gören dälsiňiz? - Hä, Maksat Meredowiçmi?. Şumat çykyp gitdi, bu gün gyzjagazynyň doglan güni eken welin şonuň sargan gurjagyna 30 manat ýetmändir, şonuň üçin men oňa karz soran puluny berdim welin begenjine ylgap diýen ýaly gitdi. Adamyňky bir çigit ýaly göwündä... Hasapçy gelnejäniň soňky sözlerini diňläp durman, iş otagyma girip, içinden ýapdym-da, çöküme düşüp oturşyma atamyň sözleri ýadyma düşdi "Oglum, bilýäňmi näme men şu "g" harpyndan gelýän häsiýetlerden gaty kösendim: gysgançlyk, gahar, gödeklik, gopbamsylyk. Tutuş ömrümde diňe şu "g” harpyndan zyýan çekdim. Sen bir meniň hatamy gaýtalaýma”. Bir ýyl mundan öň bakyýete göç eýlän atama hyýalymda ýüzlendim: "atajan, menem öz häsiýetlerimiň "g”-laryny aýyrmagyň üstünde işleýän welin, hiç oňaramokda”. Soňam, uludan demimi alyp, özümi dürsedim-de: Elimdäki bellik kagyzymy duran ýerine täzeden ýelimledim: "Aý ertirden başlap adamy ünsli diňlemegi we mylaýym gürleşmegi öwrenerindä”... Uzakly gün iş kagyzlaryna dümtünip, adwokatlyk işimiň hysyrdylary bilen günüň nädip ýaşanynam duýmandyryn. Ynsanlaryň durmuşynyň dürli meseleleri, durmuş ummanynyň tolkunlarynyň daşgynlary we gaýtgynlary, adam ykballarynyň garaşylmadyk öwrümleri, kanunyň bular boýunça gelýän çözgütleri... Aýyň entäk ortalarydygyna garamazdan, bu aýdaky iş meýilnamamyzy artykmajy bilen ýerine ýetirendigime göz ýetirip, begendim. Diýmek, ýolbaşçylarymyz tarapyndan bu aýda-da "sag bolsun” aljak adwokat men bolaryn, nesip bolsa. Içki tolgunjymy gizläp bilmän ýylgyryp, öýümiziň işigine baranymam bilmändirin. Maşgala agzalarymyzyň myhmançylyga gidendigi ýadyma düşüp, ýeke özüm agşamlyk edindim-de, birsalym telewizora tomaşa etdim. Soňam ýerime geçip, düýnki goýan iňlis dili kitabymyň ýatalganyň üstünde çaşyp çatan ýerinden elime aldym. Dogrusy, bu kitaby düýnem däl-de, dükandan alanyma iki aý dagy bolup barýardy. Emma, günde onlap söz ýatlamaga beýle-de dursun, birki sözlem okap, çalak-çulak gaýtalap, hetjikläp öňki ýerinde goýýardym. "...Ýok, şu günä men hökman ýatlaýmaly". Oturan ýerimde galam bilen kagyz aldym-da, täze okan sözlerimiň onusyny ýazdym, soňam birnäçe sapar gaýtaladym. Emma, el telefonyma gelen jaň meniň ýarym sagat çemesi wagtymy aldy. Soňam, elime alan kagyzymy ýüzümiň üstünde goýdum-da, kimedir birine hasabat berip, uka gidipdirin: - Ertir okaryn, ýatlaryn, hökman... Ertir... Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. | |
|
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |