21:02 Kakamyň synaglary / hekaýa | |
KAKANYŇ SYNAGLARY
Hekaýalar
Ýaşym ýaňybir on altyda bolsa-da, mekdepden gelen dessime kakamyň iş taýýarlap goýýan häsiýeti maňa ýaranokdy. Özem, şol iňňirdäp ýörüşi. "Ata iňňirdisiz bolmaz” diýip aýdylany rast eken. Sebäbi meniň kakamam hut şeýledi. "Ýatyp iý diýseň bulara, işýakmaz, nekgende diýerler size. Biz ýaş wagtymyz öz çöregimizi özümiz tapyp iýerdik. Zähmet çekmeli, ogullar, zähmet...” Jigim ikimiz hoşumyza gelmese-de, özümize tabşyrylan işleri etmeli bolýardyk, etmesek ýa göwnejaý ýerine ýetirmesek hem biz üçin ýene-de kakamyň ýokardaky ýaly manydaky sözlerini eşitmekden agyr jeza ýokdy. Mekdepden gelen dessimize kakamyň gamaşyp duran ýüzi bizi garşylardy: - Batyr, tuduň şahasynda orak asyp goýandyryn. Çöregiňi iýip çyk-da, ilerki atyza oraga düş. Jigiň bilen ikiňiz agşama çenli şony gutarjak boluň. Süýji deriňiz çykýança işläň bakaly. Men işden gelip hökman yzyňyzy barlaryn... Kakamyň aýdanlaryny diňläp durşuma ejemiň ýüzüne naýynjar seretdim, jigim ikimiz ejemi özümize "aklawjy” tutunjak bolýardyk. Ejem, el ýuwulýandan akýan dury suwa elini ýuwup durşuna kakama ýüzlendi: - Aýu, kakasy, häli howa yssy ahyry. Azyrak salkyn düşübersin, onsoň çykarlarda işe... Kakam eşitmegem islemeýän diýen terzde, çaltlyk bilen ädimläp gaýyş sumkasyny aldy-da, howlukmaçlyk bilen awtoulagyna münüp ötägitdi. Galdyk, jigim bilen mölerşip... Ýakar-ýakmaz gäwişäp, dişlän çöreklerimizem gereginden has uzak çeýnedik. Ýöne, kakamyň işden gelip eden işimizi görüp, "synag aljakdygy” welin hemişekisi ýaly bogazyma tegek bolup, işdämi kesdi. Gaharyma jigime azgyryldym: "çaltrak iýde çyk, men-ä gitdim”. Jigimem yzymdan oragyny süýräp atyza bardy. Güniň tygy edil ýakyp barmaýanam bolsa, ýalkym saçyp durdy. Mekge gulpakly otlary ormak kynrak düşýänem bolsa, güýjümiziň ýetdiginden haýdap başladyk. Oran otlarymyzy has düýbünden gyzyl gumyny çykaryp orjak bolup, oragyň ujyny ýere sokup çekmelidi. Sebäbi, edil düýbüne orak salmaga ýaltanyp, ýüzleý ot oran gezeklerimiz kakamdan kän temmi alypdyk. Oran baldaklarymyzy nyzama duran esgerler ýaly, des-deň hatarlap ýatyryp goýmalydyk. Şeýdip orup barşymyza, egnimize geýen ak köýneklerimize ýer şaryndaky döwletleriň kartasy aýry-aýrylykda çyzylan ýaly, bölek-bölek bolup şor deriň çyzyklary çykyp gidýärdi. Elimiz ýadan wagty birsalym oturýan "dynç alyşymyzda” "Çekseň zähmet, ýagar rähnet” diýip nakylam suňşurýan "akyllysumak” jigime gaharym gelýärdi: - Nämesi rähnet bolýarmyşynaý, çörege zar bolup edemizoga şu işleri. Näme kakamyň gazanjy ýetmeýändir öýdýäňmi, şu işleri ýörüte işçi tutup etdiräýmelä şol. Men-ä, düşünip bilýän däldirin, näme sebäpden kakam bizi şeýle gynaýarka?! Altynjy synpyň okuwçysy bolan jigim egnini gysýardy-da, erksiz ýylgyryp, ýene-de oragyna ýapyşýardy. Öýümiziň gapdalyndaky kiçeňräk meýdana ekilen birsyrdyrgyn oturan mekgeleriň düýbi ýykylandan soň, gulpaklaryny aýratyn, mekgelerini aýratyn çöpläp çykmalydy. Kakamyň aýtmagyna görä, mekgäniň gulpagy köp kesellere emmişin, mekgesem witaminlere baýmyş. Men-ä, muňa känbir düşünip barmasamam, elimiň ugruna görä, mekgedir gulpak çöpleýärdim. Kakam gelip, oran mekgelerimize, ýygan "hasylymyza” baha berensoň ynjalýardyk. Agşama çenli "sütünimiz süýnüp” öýe girýän jigim ikimiz mekdepde tabşyrylan öý işlerimizem şondan soň etmelidik. Kakam bolsa, gündeliklerimizi barlap, ähli sapaklardan sorag berip, ýene-de "synag alardy”. Garaz, şeýdip kakamyň synaglary surnukdyrýardy. Ertesi günem, mekdepden gelen dessime işigimiziň agzynda köplenç geýýän ak köýneginiň ýeňini çyzgap, ýüzi seýrek ýylgyrýan kakam garşylady: - Geldiňmi Batyr, jigiňem alda goňşularyň pagta ýygymyna kömek etmegä gidiň. Agşama çenli iki bolup elli kilodan az ýygaýmaň. Goňşudan soraryn. Zähmet bilen adam özüni terbiýelände kämil bolýandyr, gara zähmet çekmedik adamdan alymam bolmaz adamam. Aslynda adamy haýwandan tapawutlandyrýan zat zähmetdir... Çagalyk döwrümizde kakamyň biz üçin günde synag tapyp bilşine haýran galardyk, bir gün mal baksak, beýleki gün ulag bejerderdi, agaçdan pildir-paltanyň sapyny ýasamaklygy öwredenem, söwüt çapmaklygy, geçi bakmaklygy öwredenem kakamyň şol synaglary bolupdy... ...Ondan bäri kän ýyllar geçdi. Görüp otursam, kakamyň şol synaglary durmuş mekdebine taýýarlyk eken, özem mugallymam, synag alýanam eziz kakaň däl-de, "ýüz görüp, gapyrga syrmaýan” durmuş eken. Jigim ikimiz ýokary okuw mekdebine girende-de, arzuw edýän kärimizde işlänimizde hem ençeme zähmet çekip, "müzzermäni” bilmedik. Sebäbi, biz eýýäm kakamyň synaglaryndan geçen uçurymlardyk ahyryn.... | |
|
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |