00:35 Ene / hekaýa | |
ENE
Hekaýalar
Uzakly gün gazy gazyp ýaňyja öýüniň bosagasyndan ätlän ene dyzlaryny tutup, reňki öçen ketenisi az-kem çekişdirip ýere çökdi. Irdenki bir bölek zagaradan soň duz datmany üçin bolsa gerek bedeninde ysgyn-mydary ýokdy. Lagşan sanaja dönen göwresini az-kem gyşardyp, kepbäniň içki diwaryna arkasyny diräp, uludan dem aldy. Gasyn atan damarlak ellerini aýaklaryna zordan diýen ýaly ýetirip, gyralary laý bilen jäheklenen ädiklerini çykardy. Iki gulagynyň öňünden rejeli örülip, arkasyna goýberilen çal saçlarynyň üstünden daňynan gyňajyny düzetdi. Gyňajam edil enäň ýüreginiň derdi ýaly könedi, eleşandy, reňkem garamtyl gyzyldy. Gara öýüň ýyrtylan ugundan kürsäp girýän şemalyň badyna birnäçe günden bäri gazan garasyny görmedik ojakdan küliň gögümtik çaňy göterildi. Öýüň içinde meňki bolsun diýere zat ýokdy: un salynýan ganaryň boşanyna bir aý çemesi boldy, jöwen bilen mekgänem döwekde döwüp, un etmelidi: bu dänelerem bir gowawuç galdy. Ene hyk-çoklap, ýöredi-de ojagyň başynda duran ýassygy galdyrdy: soňam onuň astyndaky gyrmyzy reňkli horjuny howlukman eline aldy. Söýgüli ýaryndan ýadigarlik galan goşa bilezigi sap kümüşden bolup, gyzyl çaýylandygy üçin enäniň ellerine agram berdi: olary gaçyrmajak bolýan ýaly gysymläp. ysgaşdyryp, bagryna basdy. Nury öçügsirän goýun gözlerinden gaýdan ýaşlar enäniň ýürek derdini dile getirtdi: - Wah, söýgüli ýarym Meredim, dünýeden ir gitdiňle, yzyňda galdyran goşa ogluňam gorap bilmedim, bagyşla... Uruş diýen näletsiňen bela gursun, gujagymdan gül balalarymy sogrup aldyla...Dadymy kime diýeýin, ýalňyz naçaram ene menem... – bilezikleri gujaklap oturşyna, agyrysyna çydamaýan adam ýaly iki eplenip ýatyşyna, ene agzyna ýassygy berip bagyrdy. Perzent aýralygynyň awusy onuň kebzeleriniň götererinden gaty uly dert ahyry. Ýöne, pelek rehm etmedi: adam başy daşdan gaty ekeni, ene-de bassyr iki ýyldyr uruş ýyllarynyň alawynda gowrulan bagra döndi: aglamakdan ýaňa gözlerinde ýaş galmady. Ýöne, ene goňşy-golamyň, özi ýaly ýeke galan naçarlaryň ýanynda diňe ýylgyryp geplärdi: mert bolmagy, gaýrata galmagy, kynçylyga çydamagy ündärdi. Il gözüne görnüp aglamaklygy bolsa türkmen zenanlaryna gelişmeýän kiçilik, ejizlik, bigaýratlyk hasap etdi. Şoň üçin enäniň gözýaşlaryny içine agtyklaryna niýetlenip goýlan, goşa oglunyň bäbek mahaly geýen eşikleri salnyp dikilen ýassyklar özüne siňdirmeli boldy. Urşy oýlap tapana okalýan ene näletleri zeper eden bolanda, bu wagta çenli erbet adamlar ýer ýüzünde bolmazdy. Zarlap, zarlap, ýürek perýadyny egisen ene gyzaran gözlerini süpürdi-de, goşa bilezigi köne esgä orap, ýaňyja çykaran köwşüni howlukmaçlyk bilen geýip, daşa çykdy. Howanyň sowuklygyndan ýaňa, öz elleri bilen deriden tiken içmeginiň içinde-de enäniň hor eginleri sandyrady. Eňekleri diýeni etmän, şakyrdaşyp, birnäçe gündür idili duz datmadyk saralan dişleri biri-birine alaçsyz sürtülýärdi. Galyň garyň üstünden kynlyk bilen ädimläp barýan enäniň aýaklary myžžyk boldy: sebäbi onuň köwşem könelmekden ýaňa ýamalmadyk ýeri galmandy. Ýöne, häzirki ýagdaýda enä bu zatlar kär etmedi: ol aýagyndan geçip duran yzgary, aýazy duýmady. Watançylyk urşuna zat ugradylýan oba dükanynyň gapdalyndaky çadyra gelen ene elindäki goşa bilezigi köne depdere bellik edip oturan gözi äýnekli, maýyp obadaşyna uzatdy: - Şularam ýeňiş üçin harç edilsin, gidenler sag-aman gelse boldy... - Ene, siz näme edýärsiňiz ahyry? Açlykdan ýykylmajak bolup, zoraýakdan ýerde duranyňy görüp durun ahyry. Aýagyňdaky köwşüňem, egniňdäki köýnegiňem şemala ýyrtyljak bolup durka gymmatly şaýyňy urşa bererlermi. Ene, menem sizi oýlap diýýän, bulary satyňda galla alyň, un alyň. Enäniň gahary gelmekden ýaňa elleri sandyrady, bu gezek gözýaşlar aňa boýun bolman, okara gözlerden paýrap akdy: - Sen, han ogul, ýaz diýleni ýaz, al diýleni al. Derek ýaly ogullarym uruş odunyň içinde biziň namysymyzy gorap, gapak döşlerini topraga berýärkä, olaryň näme iýýäni belli dälkä, men nädip nahar iýeýin, diňe meniň çagalarym däl, urşa giden her bir türkmen ogly gaýdyp gelmezden biz näme üçin täze eşik geýmelimişik?... - ene gepläp bilmän, agras dymdy. Nämedir bir zat onuň bogazyna tegek boldy-da, artyk ýeke sözem diýdirmedi. Äýnekli ýetginjegem başga söz gaçyrmady: derrew ene baradaky maglumatlary bellik depderçesine ýazdy-da, goşa bilezigi ölçäp, daşyna ,,Ähli zat ýeňiş üçin!” diýlip ýazylan ganara usulluk bilen saldy. Birdenem enäniň nirä gidenini görjek bolup, ylgap daşary çykdy. Emma, garaňky gatlyşan wagty uzyn sykylyk çalyp, sygyrýan ýakymsyz şemal öwsüp duran ýalazy meýdandan başga görüp bilen zady bolmady. Howa, ýetginjek şol günden soň enäni hem hiç wagt görmedi. Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. | |
|
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |