22:52 Türkmen bedewi - Olimpiýa çempiony / hekaýa | |
TÜRKMEN BEDEWI - OLIMPIÝA ÇEMPIONY
Hekaýalar
1960-njy ýyl... Gadymy Rim şäheriniň ullakan stadiony bu gün mähellesi hyň berýän bazara meňzeýärdi. Adamzat ähliniň sport baýramçylygy - Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýeriniň şowhuny janköýerlerdir türgenleriň sygyrmadyr, elçarpyşmalaryndan, dürli dillerde ýaňlanýan sözlerinden ýaňa al-asmana galypdy. Bu ýerde ýaryşa gatnaşyjy ýurtlaryň belent uçutda şemalyň ugruna erkin parlaýan baýdaklary, ençeme ýyllaryň taýýarlygynda bekän bedenler we aňlar, ýeňenleriň we ýeňilenleriň gözýaşlary, ýetilen we ýetilmedik telwaslar, atygsap duran göwreleriň we ýürekleriň joşgunlary möwç urýardy. Umuman, adamzadyň döreden iň ajaýyp sport baýramçylygy gyzyşypdy. Şowhunly el çarpyşmalardyr, janköýerleriň galmagallarynyň al-asmana göterilýän sesi teblehanada eşidildi. Ýeriň teýinden gelýän ýaly dowam edýän üznüksiz galmagala käte bir gamyşyň ýapragyna meňzeş gulaklaryny çala galdyryp goýberýän Absent üçin bu tanyş ýagdaýdy, adamlaryň beýle boluşlaryna ol eýýam öwrenşipdi. Ençeme ýyllar bäri dowam edip gelýän dünýä ýaryşlarynda, sergilerinde gazanan belent netijeleri, toplan tejribesi onuň kalbyna az-kem rahatlyk bagyş etdi. Ýöne, bu günüň dünýä taryhynda, şeýle-de arassa ganly ahalteke bedewi bolan Absentiň ömri üçinem ýatdan çykmajak gün boljakdygyny onuň duýgur ýüregi syzýardy. Şonuň üçinem yzky aýaklaryndan uzynrak bolan öň aýaklaryny yzygider ýere urup, giň burunlaryny pyrryldadyp, bir ýerde durup bilmedi. Absent gazygynyň daşyndan her aýlananda garaňky gijäni ýatladýan şar-garadan, ýaldyrawuk bedeni, şol gijede dogan Ýaldyraga meňzäp duran maňlaýyndaky ak reňkli ýyldyzyň keşbi beter şöhle saçýan ýaly boldy. Ýaradanyň hut özi onuň maňlaýyna "ýyldyz bolmaklygy” ýörüteläp ýazan ýalydy. Absent hokrandy, kalbyndaky möwjeýän howsala meňzeş duýgyny hiç kim köşeşdirip biljek däldi, onuň ýüregi ümmülmez türkmen sährasyny küýseýän ýalydy. Bedeni bu ýerde bolsa-da, kalby uç-gyraksyz Garagumyň alaňly depelerinde ylgap ýören ýalydy. Absent ynsan gözlerini bakradyp, teblehananyň işigine seredip durdy, ol çapyksuwaryna garaşýardy, ol eýerine oturdygy bes kalbyny gemrip barýan ylham-telwaslaryny öz owadan ýörüşi, taýsyz ylgawy, gadamynyň täsin tilsimleri we beden gözelligi bilen egismekçidi. Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş ýörüşine gatnaşan arassa ganly ahalteke bedewi bolan kakasy Arapdan, ejesi Bakkaradan geçen Absentiň keşbi diýseň owadandy: şar-gara bedeni altyn suwy çaýylan ýaly öwsüp, Gün bilen bäs edýärdi. Onuň uzyn aýaklarynda näz-kereşme bilen uz basyp ýöreýşine gelişýän inçe bili, uzyn sagrysy, göreni beýhuş edip biljek kirpikmen we dury ala gözleri türkmen gyzynyň peýker sypatyny ýatladýardy. Uzyndan gelen berdaşly boýnuny has kuwwatly görkezýän bürgüt bakyşy, güýçli aýaklary we ynsan hulklary: garadangaýtmaz, mert, özdiýenli häsiýetleri türkmen ýigidine meňzeşdi. Türkmen bedewiniň bu meňzeşlikleri "Mal eýesine çekmese şumluk” diýen nakylyň dogrudygyndan habar berýärdi. Emma türkmende bedew haýwan, mal derejesinden has belende galyp, ynsanlaşdyrlan jandar hasap edilýär. Türkmen aga ahalteke bedewini özüniň iň ýakyn dosty, hemrasy, ýow gününde ýoldaşy hasap edýär. Şonuň üçinem Absentde hem öz ata-babalary bolan ahalteke bedewleriniň iň bir naýbaşy häsiýetleri, keşbi jemlenip, ony beter ynsanlaşdyrýardy. Absentiň doglan ýeri ata-babasynyň watany bolan türkmen sährasy bolmasa-da, ol özüniň ata mekanyny ýüreginde göterip, ahalteke bedewiniň belent şöhratyny has hem berkidip, ebedileşdirmek üçin dünýä gelen ýalydy. Türkmen dutarynyň owazyny eşidende gulaklaryny keýerjekledip, dars-dars edip tans oýnamagynyň sebäbini Absent bilenokdy, ol muny ýüreginiň emri bilen, kalbynyň watan küýsegi bilen ýerine ýetirýärdi. Emma, türgenlerdir atşynaslar bu ýagdaýyň sebäbini magat bilýärdiler, sebäbi bedewem edil ynsan mysaly ata ýurdunyň "sesini” on iki süňňi bilen syzýan jandar. Demir gapynyň žygyldap açylanyny eşiden Absent eýesini, has takygy çapyksuwaryny tanap, keýerjekledi. Absentiň öňündäki jamda duran iki dügür ganty gören eýesi bedewiniň sagrysyny gujaklap, şar gara ýalyndan sypady: - Diýmek, iýmensiň-dä, meniň wepalym - Soňam gantlary eline alyp, süpürişdirdi-de atyň agzyna tutdy, bedew kitirdedip özüne äberilen gantlary iýdi. Häliden bäri uçjak guşa meňzäp duran türkmen bedewinden uzaklaşyp bilmän, bu ýagdaýy synlap duran daşary ýurtly bir atşynas geň galyp, çapyksuwara sorag berdi: - Bah, geň bedew eken. Ýaňky gantlary men berenimde iýmedi, ysgamadam. Siz berdiňiz welin hakyt iýäýdi. - Bu ahalteke bedewi jenap. Türkmeniň ahalteke bedewiniň eýesine wepadarlygyny, janyna dözümli mertligini hiç bir söz bilen beýan edip bolmaz. Bu bedewem arassa ahalteke atdyr, şoň üçinem diňe eýesi berse iýmit iýer, galyberse-de eýesi berse-de başga atyň, jandaryň agzyndan galan iýmiti asla iýmez. Sözüňe düşbüligini diýsene munuň, göwnüne degiji söz aýdaýsaň dagy, depip-gapyp, aryny ýerine salýança buýsanjaň başyny egip, aýdanyňy etmez. Onsoň ötünç sorap, ýaraşmak üçin gaty kyn güne galar ýörersiň, aňsat-aňsat ýumşamazam. Mertebesini hemme zatdan ileri tutýarda türkmen bedewleri. - Siz türgenleşdirmek üçin atyňyza berk daramaýarsyňyzda onda? - Dostyňa-da berk darap bolarmy, onsoňam ahalteke bedewi janyny berse berer welin, eýesini hiç haçan taşlamazam, satmazam. Men şonuň üçin Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga türkmen bedewini ýörüte saýladym ahyryn. Absent gürrüňdeşlerine düşünip duran ýaly, çep gulagyny käte bir gymyldadyp diňşirgendi. Atşynas bu bedewi dünýä malyny döküp satyn almaga taýýardygyny aýtmakçydy. Emma, edil şol wagtam atly ýaryşyň başlanýandygy yglan edildi. Absentiň boýnundan gujaklap, gulagyna çawuş kakan çapyksuwar teblehanadan atyny idip çykyp gitdi. Ynhada-da, atly ýaryşlaryň başy başlandy. Bütindünýä Rim Olimpiýadasyna jümle-jahanyň iň bir owadan, berdaşly, mert, şirýürek, saýlantgy bedewleri gatnaşýardy. Çapyksuwar Absent bilen deň hatarda duran bedewleri synlap, birbada aljyrady, emma tiz özüni ele aldy, sebäbi ol dostyna ynanýardy: Absentiň üstündäki ynsanyň ýüregini okap bilijilik ukybyny bilýärdi. ,,Sen ýeňersiň Absent, sen ahalteke bedewi - asman aty, behişt bedewi ahyry, hany dünýäni haýrana goý, ynamyňy, güýjüňi jemle bedewim”. Çapyksuwar teblehanadan çykmazdan öň Absentiň gulagyna pyşyrdan sözlerini, ýene-de bir gezek içinden gaýtalady. Ähli stadion dymdy: Absent ençeme ýyllaryň dowamynda gaýtalap-gaýtalap öwredilip, seýislenip, aňyndaky sungata öwrülen hereketlerine has takygy atly ýörüşe başlady. Atly sportyň konkur görnüşinde dürli päsgelçiliklerden geçilýän bolsa, atly ýörüş ýa-da halkara dilde dressura diýip at alan bu görnüşi görünmeýän päsgelçiliklerden owadan hereketler bilen geçiläýmeli ýalydy. Sportyň bu görnüşinde çapyksuwaryň däl-de, esasan atyň ökdeligine, dürli görnüşli çylşyrymly hereketleri birkemsiz ýerine ýetirip bilşine baha berilýärdi. Türkmeniň ahalteke bedewleri bolsa gadymy Nusaý atlarynyň nesilleri bolup, taryhyň örän çuň gatlaklarynda eldekileşdirilip, ata-babalarynyň gatnaşan söweşlerinde dürli tilsimlere werziş edilendi. Şoň üçinem çapyksuwara Absente baş öwretmek, dürli sport we hereket tilsimleriniň üsti bilen beden we gözellik sazlaşygyny emele getirmek känbir kyn düşmedi. Ýaryş meýdançasyna çykandan ilkinji gadamlaryndan ahalteke bedewiniň ynamly bakyşy, merdemsi ýöreýşi, başyny dik tutup, çeýe bedeni bilen käte göze görünmeýän inçe tilsimli hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip barşy adamlara uly dymyşlyk aralaşdyrdy. Kimseler gözlerine ynanman, Absentiň gözelligine guwansa, kimsi onuň edýän ussat hereketlerine "içini çekýärdiler”. Dogurdanam, Absentde zehin bardy: onuň sportyň bu görnüşindäki hereketlerden ýagny allýurdan allýura geçendäki aýaklarynyň maýyşgak, owadan, birtekiz hereketi diýseň ajaýypdy, sazlaşyklydy. "Üstünde käse goýsaň suwy döküljek däl” diýdirýärdi. Absent jahanda haýsydyr bir at näçe owadan ýöräp bilýän bolsa, ählisini birbada görkezip dynaýjak ýaly hereket edýärdi, bu oňa tebigy taýdanam mümkinçilik berlendigini subutlandyrdy. Ol özüniň aýak hereketleri bilen bir allýurden beýlekä geçende çeýe we sazlaşykly hereket edýärdi, toýnaklary ýalpyldap gidýärdi, aýak basyşy, yza ýöreýşi çaltdy, öňe okdurylýan gara ýalyn ýalydy. Çapyksuwaryň ony bir ýöreýişden beýleki ýöreýişe geçirmek barasyndaky buýruklaryny tomaşaçylaryň hiçisi duýmady, ony diňe at bilen çapyksuwar bilýärdi, daşyndan seredeniňde bu hereketleriň ählisini Absent edil küştdepde tansyndaky hereketler ýaly erkin, okgunly we stadionda ýaňlanýan aýdyma kybapdaş gözel ýerine ýetirýärdi. Absent ilki diňe ýekeje aýagyny birbada göterip, beýleki üç aýagyny hem soňundan alyp, owadan ädim etdi. Soňam boýnuny we guýrugyny deň saklap, merdemsi kellesini öňe uzadyp, yza ýöredi, ilki sag öň aýagy yza serpikdi, soň çep yz aýagy, ondan soň çep sag aýagy bilen sag yz aýaklary gezekleşip hereket edýärdi, onuň hereketleri yza barýan däl-de öňe okdurylyp barýan ynsany ýatlatdy. Absent yzynda gözi bar ýaly arkaýyn hereket etdi, merdemsidi, aýaklarynyň toprakdan göterilişi sazlaşykly suw çüwdürimleriniň öwüşgünlerini ýatladýardy. Çapyksuwaram edil sakyrtga ýapyşan ýaly, onuň arkasynda sarsman we çaý içmäge garaşýan ýaly gaty arkaýyn otyrdy. "Atda wepada bar, sapa-da” diýilmesi şu bolsa gerek, çapyksuwaryň bolşy sapaly dynç alýan, agras ýaşula meňzeýärdi. Ol eýeriň üstünde ynamly oturyp, aýaklaryny çekä sallap, uýandan çala gysymlap aty öz erkine goýberen oguşýa. Yza seretmän, ýöne yza ýörän owadan ýörüşinden soň Absent öňe, ýöne atly sportda "Rys” görnüşi diýip atlandyrylýan ýörüşi bilen sülmüräp başlady. Gara tyllaýy guýruklaryny ykjadyp, aýratyn dabara bilen başlanan bu ýörüşde Absendiň öň sag bilen çep yz aýaklary birbada ýerden göterilip, onsoň çep sag aýagy bilen çep yz aýaklary deňligine ýere düşüp, gezekleşýärdiler. Eý-ho, bu bedewiň jadylydygyny, ýer ýüzüniň iň ökde türgenlerem bu türkmen bedewini görüp doňup galan ýalydylar. Hakyky asman aty, ýa-da grek mifologiýasyndaky ganatly at bolan Pegas bedewi ýere düşüp, bütin adamzada öz başarnyklaryny görkezýän ýalydy. Absentiň dürli tilsimler bilen bezelen haýal we çalt görnüşindäki soňky hereketlerem diýseň ajaýyp boldy. Ol ýöräp barýanam bolsa, aýaklaryny ýerden üzenokdy, edil ýeriň bir garyş üstünden uçup barýana meňzeýärdi. Oňa ganat beklenen ýalydy, ahalteke bedewi edil arşyň belent çüňküne çykan bürgüt mysaly pessaý, birtekiz "uçýardy”. Dünýäniň ähli künjeklerinden gelen ynsanlaryň hiçisinden ses çykanokdy, dym-dyrslykdy, edil gymyldaýsalar behişt bedewini ürkezmeklerinden gorkýan ýalydylar. Ynha, Absent özüniň taryhy çykyşyny tamamlady, birdenem bütin stadion el çarpyşmalardyr öwgüli sözlerden doldy. "Berekella türkmen bedewi, berekella Absent!” Bu sözler çapyksuwar bilen Absent çykyşlaryny gutaransoňam, eminleriň gazanylan netijäni yglan edenlerinde-de şol ýaňlanyp durdy. Sebäbi, eminleriň ählisi biragyzdan Absenti bu günki Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi diýip, kämilligiň belent derejesi hökmünde baha berdiler. Öz şanyna aýdylýan hoşamaý sözlere düşgür bedew gaty begendi, sebäbi bu gün ol tutuş türkmen bedewleriniň, özüniň ata-babalarynyň ählisiniň abraýyny ýer ýüzüne şöhratlandyrdy ahyry. Gadymy Italiýanyň ýerli ilatynyň bu türkmen bedewine guwanyşyny diýseňizläň, olar üçin Absentiň ýanyna gelmek, onuň sagrysyndan sypap görmek uly bagta öwrüldi. Sebäbi, rimlileriň arasynda imperator Kaligulanyň öz bedewini adam hökmünde görüp, ýokary döwlet wezipeleriniň birine belländigi barasynda rowaýat häzirem saklanyp galypdy we atyň gudratly jandardygyna berk ynançlary bardy. Ýatdan çykmajak çykyşyndan soň Absentiň agramy bilen barabar baýlyk hödürläp, onuň satylmagyny soran birnäçe daşary ýurt wekillerine çapyksuwaryň "Dost satylmaýar” diýen ýekeje jogaby hem bu Olimpiýadada türkmen bedewine berlen iň ýokary "medallaryň” biri bolupdy. Absent hem bu gün rowaýaty bedewe aýlandy. Altyn medalyň gowşurylyş dabarasynda çapyksuwar bilen bilelikde hormat münberine çykan türkmen bedewiniň dury gözlerini bulduradyp buýsançly bakyşy ýene-de adamlary jadylady. Sebäbi, bu bakyşda ýeňijiniň geljekde hem ençeme şöhratly ýollary geçjekdigine bolan ynam bardy. Bu bakyş Absentiň ahalteke bedewleriniň beýik başarnyklaryny altyn harplar bilen taryha ýazjakdygynyň subutnamasydy. Bu şeýle hem boldy: Absent 1964-nji we 1968-nji ýyllarda hem Olimpiýa çempiony adyna mynasyp bolan türkmen bedewi hökmünde şöhratly taryhyň altyn sahypasyna ýazyldy. Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. | |
|
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |