17:15 Başga tarapyndan seret... / hekaýa | |
BAŞGA TARAPYNDAN SERET...
Hekaýalar
Bäş-alty köçeden düzülip, tüýnüklerinden tüsse çykaryp duran kiçiräk türkmen obalarynyň biriniň gyrasyndaky ýodadan gelşine ýadaw aýaklaryny tutan ýaşuly uzoboýy hatar agaçlaryň aşagyndaky kötükleriň birine "çökdi’: "Wah-wah garrapdyrynam, ýaşlykdaky güýç-gaýrat galmady indi”... Öz-özi bilen gürleşen ýaşuly gapdalyndaky agajyň şahalaryna seretdi: maýdaja ýapraklaryndan we göni ýüp ýaly syryklaryndan bu agajyň üljedigini saýgaran ýaşuly içini gepletdi: "bah bu ýyl näme miwe bermedikä bu... bir üljesem ýok. Ýazda gelen sowuk bar şahalarynyň güllerini gyraýdymyka..?” Sapar aga elindäki tut agajyndan bejerlen hasasyna seredip, ýene-de üljäniň diňe ýaprak bolup duran agajyna bakyp, nebsegaryjylyk bilen ulydan dem aldy. Howanyň petişliginden ýaňa maňlaýyndaky derini eliniň tersi bilen süpürip, ýodajygyň aňry başyndan göterilen tozanjyga äňetdi. Tozanjyk barha ulalyp, at aýaklarynyň sesleri eşidildi. Sapar aga nury gidişen gözlerini süzüp, özüne ýakynlaşan atly ýigidi tanady: bu ýigit obasyndaky medresäniň täze gelen mugallym-domullasydy: - Salam Sapar aga, nämä gama batyp otyrsyňyz? Ýene-de, ogluňyzy alada edýäňizmi? - Howa oglum, dagy näme. Kimi alada edeýin başga. Bilýäňä, şu yssy howada oglum ýat iliň çölünde, düzünde okuw diýip şol gidip oturşy. Indi birnäçe ýyldyr diňe hat ýazmak bilen oňaýýar, obamyza gelmesinem goýdy, wah ýeke dikrarym. Aglap-aglap gözlerim ýolunda galdy. Gelse-de bar ýüki kitaplary, iki düýe kitap bilen gelip, üç düýe kitap bilen yzyna gidýär, iliň çagalary ýaly söwda-satyk edip, baýap ýörse-de gynanjak däl welin. Ýaşlygy boş geçip barýarda oglumyň, başda okuwa goýbermesem boljak eken. Domulla, sen maňa düşünmersiň, gowsy ýoluň bilen boluber... Kepje eňeklerinden sallanşyp gaýdan sakalyny sypalan Sapar aga hasasynyň ujyna seredip dymdy. Onuň damarlary çykyşyp, hamy sallanyp ugran elleri sandyran ýaly boldy, ,,gar sepinen” gaşlary aşak sallandy. Mugallym ýigit donunyň syýyny çekip, atdan böküp düşdi-de, ýaşulynyň edil öňüne geçip çöküne düşüp oturdy. - Sapar aga, men şu oba gelenime bir ýyldan ötdi, ýöne siziň şool gündeki bolşuňyz: obanyň demirgazyk ýodasyna çykyp, şol puşman edip, hüňňürdäp, gargynyp oturşyňyz. Siz ogluňyzyň bolşuny, pikirlerini, durmuşyny indi üýtgedip bilmersiňiz, sebäbi ol eýýäm uly adam. Siz diňe öz pikirleriňizi üýtgedip bilersiňiz. Gel şeýle edeli, Sapar aga: Siz ogluňyzy günde şu ýere çykyp ýatlanyňyzda, onuň ýat ýurduň çölünde däl-de, salkynjak medreselerinde sapak alyp ýörendigini, şägirleriniň oňa hyzmat edýändigini, Allahyň kelamlaryny we dünýewi ylmyň hazynalaryny ýüregine siňdirip ýörendigini, geljekde bolsa onuň ylymly-bilimli alym bolup, obamyza gaýdyp geljekdiginiň, obadaşlarymyzyň "elifden şermende” adamlaryna, ýaş çagalaryna harp öwredip, bilimli etjekdiginiň, netijede "Pylanyň çagasy” diýip Sapar aga, siziň, howa-howa hut siziň abraýyňyzy galdyryp, adyňyzy müdimileşdirjekdiginiň pikirini ediň. Inşallah, şonda ýüregiňizem ynjalar, kalbyňyzam, ogluňyzam rahat bolar... Ýaş domullanyň aýdan sözleriniň jany bar... Ogly barada aýdylan tolgundyryjy sözlerden ýaňa ýaş aýlanan gözlerine nur çaýylyp, hökgeren arkasy dikelen ýaly boldy: - Dogurdanam, bu mümkinmi, eýsem... Ýaşulynyň elinden tekge berip, oturan töňňesinden turzan domulla oňa eli bilen agajyň beýle tarapyna geçmegi gözleri bilen yşarat etdi. Goýy saýasynda salkynlan ülje agajynyň beýleki tarapyna geçip, elini kölegeledip sereden Sapar aga gözlerine ynanmady: Sapar aganyň hälki oturan tarapyndaky "ýalaňaç” şahalaryny asmana uzadyp oturan agaçda gyzyl üljeler güjeňleşip otyrdylar. Olar göni şahalaryň uzyn tallarynda jaýlaşyp, şeýlebir nyzamly ýerleşipdirler welin kimdir biri ýörüte monjuk düzen ýaly olary düzüp gidendir diýip pikir etdirýärdi. - Elbetde, Sapar aga, bu mümkin. Siz diňeje bu ýagdaýyň başga tarapyna geçip, seredip göräýmeli... Entegem, ýarymynda üljeler sallanşyp, ýarymynda miwesi bolmadyk goja agaja äňedip duran Sapar aga samyrdady: - Bah, başga tarapyna geçip diýsene... Ençeme adamlara syrdaş bolan agaç "myhmanlarynyň” sözlerini makullaýan ýaşy agras başlaryny atyp, iki ýana yrandy... Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. | |
|
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |