22:59

Yşkyma hat / hekaýa

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 222 | Добавил: Moderator | Теги: Bibigül Ýagşymädowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025
Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025
Ertir / hekaýa - 04.01.2025

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Geldimyrat  
1596
Sýužeti "kyýamata goýlan goşga" meňzeýän gowuja nowella .) Gyzyklanyp okadyk. Ýöne "yşkym" sözi kän gaýtalanýan ýaly. Är-aýalyň bir-birine "keýwany", "kakasy" diýip köneçe ýüzlenmesi hem ýasama ýaly bolup görünýär. Adyny " "Yşkyma iberilmedik hat" diýseň hasam ýerine düşjek ýaly. Bu meniň pikirimçe şeýle. Galamyň ýiti bolsun!

0
2 yagsymadowabibi  
1850
Salam Geldimyrat aga. "Kowalap" ar aljak bolýaňyz öýdýän. :)
"Kyýamata goýlan goşgy" bilen bu hekaýan arasynda ýer bn gök ýaly tapawut bardyr agam. Munda durmuşa çykmadyk gyzyň içki duýgulary beýan edilýär hem hakyky duýgynyň hatda kän ýyllar geçse-de öçmejekdigi we ş.m öňe sürülýär. Siziň goşguňyzda aýaly bar erkek goňşy gelne duýgulanýar, emma özüne erk edip basyp ýatyrýar. "Keýwany, kakasy" sözlerini mena ýoldaşym bilen ulanýas, diýmek biz könelişen adamlar ekenik, bilip goýarys indi:;)) Hekaýa ady aslynda "Ugradylmadyk hat"dy, ýöne gazete iberemde "Yşkyma hat" diýip üýtgedipdirler, mazmunynam birhilek "redaktirlapdirler" (Şu gazet, žurnallaryň işgärleri her tarapa çekip, täzeden ýasap, saçymy agardýalar köplenç. ;)

0
3 sawyerlostthomas  
1894
Hekaýa erbet däl. Galamyňyz ýiti bolsun! (Bu döwürde galam bilen hekaýa ýazylmajakdygy köre mälimdir welin, öňden gelýän däbe görä, diýen bolaýdym. (Klawiaturaňyz hiç haçan döwülmesin!" diýäýsemmikäm?))

Birje düzediş girizmekçi. Türkmen dilinde "yşk" sözi bar. Ýöne gowy görýän adamyňa (zenan-erkek tapawudy ýok) "Yşkym" diýip ýüzlenilmeýär. Munyňyz gös-göni türk dilinden göçürip almak bolýar. Olarda "Aşkım" diýilýär, sebäbi leksikalarynda bar. Emma bizde ýokdur.
Gaýrat edip, ene dilimizi dogry ulanmaga çalşalyň!

0
4 yagsymadowabibi  
1850
Düzedişiňiz üçin sag boluň. Ýöne "Yşk" sözi bolup, yşkym sözi bolmandyr diýsek ýalňyşarsyňyz. "Türkmen diliniň sözlügi"(1993ý) kitabynda "yşkym" sözüne düşündiriş hem berilýär. Galyberse-de, Mähri hatyn, Mollanepesiň we sm goşgularynda bu söze gabat gelinýär.Türklerde bardygyny bilýärin, ýöne göçürendirin diýip pikir edemok. Eger siziň diýeniňiz bilen türk dilinden alnan hasap etseňizem, Alynma söz bolar, Ene dilimiziň grammatikasynda Alynma sözler dili baýlaşdyryjy ,,gural" hasap edilýär. Eger bulam size ýeterlik bolmasa, kada, kanun, düzgün diýen zatlardan çykyp ýazmasaň ýazyjy bolmarsyn, erkin ýazyjy bolmak üçin "Çäkden çykmaly" diýip pikir edýän. Galyberse-de ynsanyň ýüreginde ýer alan adamy ol islendigiçe atlandyryp biler, isle fransuzça, isle iňlisçe, isle ümlük bilen... Hekaýa durmuşdan alnan hakyky bolmaly, hyýaly bolsada hakykatdan daş düşmeli däl.

0
5 sawyerlostthomas  
1894
Siz ýalňyşýaňyz öýdýän.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi ilkinji gezek 1962-nji ýylda çapdan çykdy.

Ikinji gezegem 2 (iki) tomluk bolup (daşy ýaşyl reňkli) 2016-njy ýylda neşir edildi.

1993-nji ýylda "Türkmen diliniň sözlügi" diýip kitap çykmady. Çykan bolsa, subut ediň, men ýalňyşandygymy boýun alaýyn.

Galan bellikler bilen ylalaşýan. Söýýänini her kim her hili atlandyryp biler, işimiz ýok. Esasy zat, iki sany meňzeş dili biri-biri bilen garym-gatym etmeseler bolýar.

0
6 yagsymadowabibi  
1850
1962 ýyldaky neşiri okaň onda,
Yşk sözüne düşündiriş berilýär, Soňam formalary diýip aşakdakylar getirilýär: yşkym, yşka, Yşkyma... we ş.m. Şul kitaby diýjekdim, neşir edilen ýylyny ýalňyşypdyryn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]