Sekizinji synpy tamamlap, tomus dynç alşyna çykan dessime elime sygyr taýagyny tutdyrdylar. "Padyman gyz” diýip, synpdaşym Näzigiň içýakgyç gülşüni diýsene. Howa, bakanymda näme hojalygymyzyň sygyrlaryny, barybir täze okuw ýylynda okuwa baranymyzda men Näzikden köp goşgy aýdaryn, köp hekaýadyr, rowaýatlary ýatlaryn, mugallymlardanam "Berekellany” ondan köp alaryn. Näzigiň goňşumyz bolaýşyny diýsene, onuň görüpdini, öýüniň kölegesinde oturyyyp çaý süzüp, meni günde irden sygyrlarym bilen öri meýdana gök gözleri bilen ugradýandygyndan bilýänä. Ýogsa-da, maşgalamyz barada aýtmandyryn, meniň oglan jigim bolmansoň, körpeje gyz jigimem täzeje sygryň süýdüni içensoň, ejem bilen kakam sygyrlarymyzy bakmagy maňa ynanypdylar. Ýöne, men welin bu käri känbir halap baramokdym, öýümiziň ümsümje künjüne geçip kitap okamagy gowy görýärdim, "hany uzyyyyn gün kitap okap otyrsadym, hiç kim meniň adymy tutmasady...” diýip içimden arzuw ederdim. Emma, arzuw arzuw bolýa-da, hemişe başa barybam duranokdy. Akja matadan ejemiň dikip beren haltajygyna bir döwüm çörek bilen mekdep kitaphanasyndan ýa-da obamyzyň garrylaryndan "nesýesine” alan kitaplarymyň birini salardym-da, "nirdesiň öri meýdanlyk” diýip, garaja köwşümi gumluk ýola basyp ugrardym. Şeýdip, biziň gündelik kerwenimiziň başyny dört sany sygyrlarymyz çekerdi, yzyndanam ak haltasyny arkasyndan asyp barýan, edil kündügiň reňki ýaly garaja ýüzlerinde dişi bilen gözleri agarýan, iki örüm gulpaklaryna alaja dakylan men we Ýolbars atly berdaşly, ak garyň reňkindäki tüýleri hüžžerip duran, kiçiräk gölä meňzeýän itimiz. Howa, howa sygyrlarymyzy obamyzdan alysrak ýerdäki öri meýdanlara äkidip bakmaly bolansoň, kakam özüniň çopan itini maňa tabşyrypdy, has takygy meni Ýolbarsa ynanypdy. Menem onuň bilen tiz öwrenişdim, ünsli seredip otursam, itlerem edil ynsanlar ýaly mähre mätäç, duýgur, hamrak we ýürekdeş jandar bolýan ekenler. Sygyrlarymyzy bugdaýlary ýygnalyp alynan öri meýdanlyga goýberip, tummuk kesekleriniň ýa-da ýylgynlaryň ulyraklarynyň biriniň kölegesinde aýbogdaşymy gurup, "işdämenlik bilen” kitap okaýardym. Köplenç bolsa, okaýan kitaplarymyň göwnüme ýakan ýerlerini ýa-da dessan okanymda goşgularyny aýdym edip, Ýolbarsa aýdyp berýärdim. Ýolbarsam edil meniň sözlerime düşünýän ýaly, demini alan çaýyň meňzeýän mele gözlerini gyrpman maňa seredip, sarsman oturýardy. Eger-de, kitabyň ahyry begençli waka bilen gutarsa, meniň ýylgyryp okaýandygymdan bilipmi ýa manysyna çyndanam düşünipmi, bilmedim, Ýolbarsym çontuk guýrugyny o ýana, bu ýana bulaýlap oýun edýärdi. Aşyk-magşuklaryň aýra düşýän ýa-da çeper eserlerdäki başga ýasly ýerini okap bersem welin, göwresini ýere berip ýatardy-da, iki öň aýagynyň arasyna kellesini goýup, burnuny aşak bakdyryp, gözleri bilen topraga seredip pikirlenerdi. Hat-da, käbir kitaplary okanymyzda söýgüli gahrymanymyz aradan çykaýsa dagy meniň aglanymy görüp, Ýolbarsyňam gözleri nemlenerdi. Ýolbars ikimiziň çopançylyk edýän jokrama tomus günleriniň birinde bakyp gelýän sygyrlarymyz suwsyzlyga çydaman obadaşlarymyzyň arasynda çuňňur hasaplanýan Döwdan ýabyň suwundan ganmak üçin indiler. Sygyrlaryňam ýagdaýyna düşündim: jöwzaly günüň aşagynda garyn "haltasyna” salmaga iýmit çöplejek bolup jigirdek bolupdylar. Sygyrlarymyz aşa yssy bolan günleri öňlerem Döwdan ýapdan suw içýärdiler, emma meniň bilegim ýaly dillerini sallaşyp-sallaşyp "şolpuldap” içip bolansoňlar, gyra çekilip, kellelerini oba gidýän uly ýola gönükdirip, öýümize baka yrgyldaşyp başlaýardylar. Emma bu gün welin ähli sygyrlarymdan eý görýänim bolan ýaňy şahjagazy çykyp başlan, alaja gölejigim, meniň işip beren boýunbagymy sallap suwa girip başlady. Beýleki üç sygyrym eýýäm ýabyň raýşyna çykyp, gäwişäp maňa seredip, ýarpy-ýalta ýabyň boýundaky gamyşdyr suwotylardan çeýneşen bolup durdylar. Emma alaja gölämiň suwly ýabyň beter ortasyna tarap bat almagy, suwuň akymynyň bolsa towlanyp-towlanyp akyp durmagy meni aljyratdy. Men öň çuňňur ýaba suwada düşüp görmändim-dä. Diňe öýümiziň gapdalyndaky kiçijik salma jigilerim bilen suwa düşüp görüpdim, ol salmanyň suwam zordan meniň dyzyma ýetýärdi. Ýöne "Döwdan ýabyň suwy örboýyna iki sany seni dikligine goýsalaram boýladar öýdemok, gaty çuňňur” diýip Mergen mirap baýakyda kakamyň ýanyna gelende gürrüp beripdi. Ýabyň ini bolsa takmynan bäş alty metr ýaly bardy. Elimdaki sygyr çybygyny kenara zyňyp, arkamdaky çörek haltamy çözüp içindäki ,"Gül-Senuber” dessanynyň suwa ezilmeginden ätiýaç edip, haltany kenardaky ullakan ýylgynyň üstüne pyzyp goýberdim. Gölämiň eýýäm diňe kellesi görünýärdi, onuň düşen halyndan çykalga gözläp daş-töweregime seretdim, emma delde berjek yns-jyns ýokdy. Galyberse-de, göläm suwa gidaýse, kakamyň maňa käýejegi ikuçsyzdy, onuň "bir göläni suwdan çykaryp bilmediňmi?” diýip durka görünjek hyrsyz ýüzi göz öňüme geldi. Ahyram köýnegimi ýokary çekip, girdim gölämiň yzyndan suwa, ilki onuň guýrugyndan çekip yzyna çykarjak boldum, emma içigaragalmyş jölpüldäp duran guýrugam elimden sypdy. Birdenem ýabyň sag aýagymy ätläp, basanymam şoldy welin, gitdim suwuň düýbüne palçyldap. Aýgymy basjak ýerime ölçermän basypdyryn welin ýabyň kenaryndan eýýam oýtak bolup gidýän düýbüne giden bolsam nätjek. Agzyma sygdygyndan suw ýuwutdym, gulaklarym şaňlap, gözleirme suw girip başlady, şol wagtam birden suwda ýüzüp bilmeýänim ýadyma düşüp ahmyr etdim. Sebäbi, çyndanam men ýüzüp bilemokdym, dogrusy ýüzmegi öwreneýin diýen pikir kellämede gelmändir. Kellemiň güňläp, ýüregimiň çalt urýan urgusy özüme eşidilip başlandy, gözlerimi açdym welin suwuň düýbünde çalymtyl toprakdan başga hiç zat görünmedi. Birdenem erbet howa ýetmän, howpurgap başladym, aýaklarymdyr ellerimi çalt-çaltdan galgadyp ýokary, suwuň ýüzüne çykmaga dyrjaşdym, emma ýapyşara hiç zat ýokdy. Gözlerim garaňkyrap, gulaklarym hiç zat eşitmän başlady, el-aýaklarymyň ysgyny gaçdy, men şu ýerde ömrümiň gutaranyny azajyk duýup ýetişdim... Emma, birden garnymdan bir güýli zat gop berdi-de suwuň ýüzüne pagşyldadyp meniň hereketsiz, emma aňymy ýitirmedik göwrämi çykardy, hys-hyslap dem alşyndan, göwresiniň kiçi zatdygyndan onuň adam däldigini duýup ýatyrdym, "halasgärim” arkamdan itekläp gelşine kenara tarap meniň ysgynsyz bedenimi itekledi, soňam köýneklerimi ilteşdirip, süýräp suwuň gyrasyna çykaryp barýanyny duýýardym, emma ellerim we aýaklarym gaty ýadandanmy, gorkudanmy ýa umytsyzlykdanmy bilmedim, hereketlendirmäge mejalym ýokdy. Lokur palçygyň ysy burnuma urdy, ýabyň gyrasynda ýatanymy görüp ýatsamam, näme üçindir ýerimden turup, öz halasgärimi görüp bilemokdym, entegem daş-töweregim çalymtyl reňkde görünýärdi, tutuş dünýä ümürli howa bürenen ýalydy. Gulagyma sygyrlarymyň molamasy eşidilen ýaly boldy, eý Allam men diri öýdýän?.. Men ölmändirin... Ýatan ýerimde Ýolbarsyň tüýüniň we lokur palçygyň garyşyk ysy burnuma urdy. Ýüzümi Ýolbars ýalaýardy, onuň janygyp üýrmesi diýsene.... Uuuuw, wahf-wahf... ol kömege çagyrýardy, onuň bu äheňinde "kömek ediiiiiiiň!” diýen many bardy. Dumanlygyň içinden Ýolbarsyň öl-myžžyk bolup, üstüne ýagyş ýagan leýlisaç ýaly bolup sal-sal sallanyp, başujymda oturan göwresini saýgardym. Ol yzaly uwlap, hyňranyp, kömege adam çagyrýardy ahyry, näme üçin adamlar oňa düşünenoklarka, eşidenoklarka?... Ýüzümden şalpyldalyp ýalaýan Ýolbars arasynda eňegini ýokary tutup, oba tarapa seredip sesiniň ýetdiginden uwlap, hyňranýardy. Birdenem agzyma gelen suwlar dökülip gitdi, içim suwdan dolupdyr oguşýa... Ýeňlän ýaly boldum, kellämi az-kem dikelip oturdym, meniň sag elimi kenaryň palçygyna diräp galanymy gören Ýolbars guýrugyny çalt-çaltdan bulaýlap, daşymdam perwana deý aýlanyp başlady. Asyl meni suwdan çykaran Ýolbars bolsa nätjek, onuň suwuň gyrasyndaky lokur palçyga yz ýasan aýak yzlaryna we özümiň süýrülip çykarylan göwrämiň yzyna seredip, Ýolbarsyň tüýlerinden, kirpiklerinden suwlary akyp duran kellesini gujaklap bagyryp aglapdyryn. Özem uzyn sesim bilen silkinip-silkinip agladym. Ýabyň aňry çetinde agy sese geň galyp, bir gulagyny gymyldadyp, gäwişäp duran alaja göläm bolsa, edip hiç zat bolmadyk ýaly suwa salkynlap çykan bedenini ýalpyldadyp bize geň galyp seredýärdi.
biz ýaşdaş obalylaryň sygyr bakmadygy ýok bolsa gerek. Ol nä bakmak. Uly ýaşly oglaryňam sygyryny gaýtardyk. Olarda käte taýak hem iýerdik. Häzir öz çagalaryma geň galýan, özümden mysal alaýyn. Oglum onbäş ýaşap geçdi welin sygyr taýak eline alandäldir. Şa günde ýaşaýar. Aý-näme ene- atasy getirip durda. Awtoryň belleýşi ýaly, şol döwür gyzlaram mal bakýardy. Asla indikiler "şapbyk" dadyp görmese näme. Indi iliň çagasyny uran özüň bolma
Salam, dogry aýdýaňyz. Käte pikirlenýän welin bizi zähmet bilen terbiýelediler, biz çagalarymyzy nädip terbiýelemeli? diýip sorag berýän öz-özüme. Şäher ýerinde ýaşasaň mal-gara ýok, çagalaryň güýmenjesem telefon. Kitaby mejbury, höwessiz okaýarlar. Mekdebe mejbury gidýäler. Garaz çaga terbiýelemek iň kyn işleriň biri eken.
Ýañy jigilerim geldi welin, biri 2-nji klasda okaýan oglunyñ sapaklaryña taýynlan diýseñ, "uff, ýene haramzada okuwmy..." diýip hüñürdeýändigini aýdýar. Güljegiñi, aglajagyñy bileñok soñky çagalaryñ bolşuna. A meniñem şoñ bilen ýaşytdaş oglum arada: "Kaka, adam ölende telefony kime galýaraý?" diýipdi :) Ondan ulusyny bolsa zibil dökmäge ugradañda her gezek 3-4 sapar gaýtalatdyrmasa gidenok, çörek almaga ugradañda hem şeýle. Başga ýumuşlary buýurmagyñ-a gürrüñinem etmeli däl :)
* * *
Ulularymyz "işýakmaz, ýalta" diýip hernäçe iñirdeseler-de, az iş edilmeýän eken: entek mekdep okuwçysykak "ekin ekdik, ýer depdik, ot orduk, eşekde ýa arabada suw daşadyk, jagyrdañ çöpledik, daş ýygdyk, dagda mal bakdyk, odun-çyrpy getirdik, jeññellerden böwürslen ýygdyk, şo işlerden sypynyp kitabam okadyk, medeni-sport ýaryşlaryna-da gatnaşdyk, oba klubyna gelýän hindi kinolaryny we öýlerde ýañy ýaýrap başlan wideomagnitofonlarda görkezilýän uruşjañly amerikan-ýapon kinofilmlerini görmäge-de ýetişdik we obanyñ beýleki hysyrdylaryny diýseñ-ä, indikilere erteki bolup eşdilýär... Gaýtam iñirdäp başlasañ ejeleri arkasynda durup "hawa, indi sen şu zatlary edeniñ bilen çagalaryñ etmäge borçlumy?" diýýär.
* * *
Dogrudanam her döwrüñ özüne mahsus ýaşaýyş-durmuşy bolýar. Biz köplenç geçmişiñ adamy taplaýan klassyky formalaryny mazamlaýarys we muña häzirki çagalarymyzyñ uýgunlaşyp biljeginiñ-bilmejeginiñ pikirini edemzok. Beýdenimizden şu günki günüñ talaplaryna laýyk gelýän zähmet we dynç alyş formalaryny işläp düzmegiñ gamyny iýmeli. Sözüme delil: ikisi-de eline kitap tytdursañ ýeke sahypasyny-da okanok, emma kompýuterde şu saýtdan gyzyklyja bir zat goýup berseñ, soñuna çenli okaýarlar. Sosial mediýa (Youtube, Tiktok, Telegram we ş.m.) çagalarymyzy terbiýelemek üçin ymgyr giñ mümkinçilikleri hödürleýär, elbetde ulanyp başarana. Ýöne bu aýdýanlarym ýekebara adamyñ başarjak işi däl, döwlet derejesinde goldanmaly, edilmeli işler. Ahlak-terbiýe we medeni gymmatlyklarymyzy, şu günüñ talaplaryna we tehnologiýasyna kybap getirmeli. Durmuşa we häzirki çagalarymyzyñ tizligine aýak goşup bilmeýän biziñ özümiz, olar däl.
Salam Moderator aga. Siziň soňky teswiriňiz barada birnäçe gün pikirlendim, dogry diýýäňiz. Biz ýagny ene-atalar yzagalak, häzirkizaman terbiýe serişdelerini işläp düzmeli. Ýakynda 7-8 ýaşly gyzjagaz hammam otagyndaky pol ýuwulýan serişdä suw bn reňk (kraska) garyp içipdir, emma ejesi wagtynda ýetişip, "Tiz kömek" çagyrýar we birnäçe günden özüne gelen gyzjagazdan sebäbini soranlarynda Youtube sahypasynda şeýle wideony görüp, özüniňem gaýtalasy gelendigini beýan edýär. (Ýada çagalary, ýetginjekleri suiside alyp barýan, birek-birege duşmançylykly pikirleri oýarýan oýunlar, wideolar, kanallar bar..) A bizde şulara garşy Anti... Hiç zat ýok. Barlaram çagalaryň dili bilen aýdylanda "görmek gyzykly däl". Siz, Moderator aga, edebiýat boýunça şeýle gowy saýty döredipsiňiz (munuň üçinem möjegiň ýüregini iýen bolmaly diýaýmeli size, sebäbi hemme kişi samahyllamany başarýa, ýöne hereket etmeli ýerinde tormoz berýäler.) Belki, türkmen çagalary üçin terbiýeleýji, şol bir wagtda-da gyzykly wideolar, eserler, aýdymlar jemlenen kanalmy, saýtmy ş.m bir zat döretseňiz, tölegli bolsa-da höwes bilen görerdiler. Hem geljegimiz barada uly iş etdigiňiz bolardy. Döwlet tarapyndan alada edilmeli diýýäniňizem dogry, ahlak, edep, sylag, hormat, geljegine umyt barada (gyzykly) multfilmler, kinofilmler, wideo rolikler bizde gynansagam azlyk edýär. Teatrlara barsaňam şol bir içgysgynç (biz üçin içgysgynç, onsoň çagalar nämä höweslensin) sahnalar.
Her näme diýseňizem, men-ä gyz çagalaryň meýdana mal bakmaga gitmegini oňlamyzok. Dogry, menem 1990-njy ýyllaryň çagasy. Çagakam çopandym. 6-7 ýaşymda elime taýak tutdurdylar. Şol döwür obamyzda mekdep okuwçysy gyzlaram goýun-sygyr bakardylar. Meýdanam obadan uzagrakda. Käbir bet niýetli, zandyýaman, haramzada ýaş oglanlar mal bakýan çopan gyzjagazlaryň başyny aýlaýardylar, gynansagam, olaryň arasynda güýç ulanyp, öz bet matlabyna ýetýänem bardy. Garaz, biabraýçylyk kän bolmasa-da, bolup durýardy. Şonuň üçin, mümkin boldugyça, gyz çaga mazaly ýetişýänçä, eje-kakasynyň gözüniň alnynda bolsa gowy bormyka diýip pikir edýän men-ä. Töwerek-daşda manýak az däl. :(
Salam Moderator aga. Oglunyz eýýämden miras dawasyna başlapdyr onda :)) Menem uluja oglum 2-nji klas welin, käteler nädip çemeleşjegiňi bilip bolanok. Käte mugallymlar, käte okuwçylar bilen düşünişmezlikleri bolýar. Kakasy "özüňe degseler ur, ýöne taýak iýäýme, erkek bol " diýýär, menem "uruşma jan oglum, uruş-sögüş bilen ýol alyp bolmaz" diýýän, bu çagada kimi diňlejegini bilenok. Näme arzuwyň bar diýseňem "Dünýädäki hemme mekdepler ýapylsady" diýýär. Kelläň boş bolar diýseňem traktor sürerinda diýýär. Telefon alyp beriň diýibem kopilka edindi, günde teňňe salýar, tapanjasyny oklaýar. Telefonam alyp beresimiz gelenok, entek çaga. Şu çaga psihologiýasy, dogry terbiýelemegiň ýollary barada türkmen jemgyýetimize mahsus eserler ýazylsa gowy bolardy. Şeýle eserlere edebiýatymyz garyp. "Bogatyý papa, bednyý papa" ýaly kitaplar biziň jemgyýetimize, mentalitetimize dogry gelenokmyka diýýän.
Biz-ä okuwçy wagtymyz kakamyzdan gorkunjymyza okaýardyk. Her hepdäň bazar güni "Gündelik görüşme" günidi. Şonda bäşligiň az bolsa, üçlik bolsa "türkmen şapbatdan" dadardyk birki sanysyny. Özem otag otap, pagta ýygyp, mal bakyp gelip, agşam nahardan soň öý iş etmäge wagt galýardy. Häzir çagalarymyzy urmaga beýlede dursun, gaty geplämegede dözemizok. Ýa biz gowşak, ýa çaga terbiýelemegiň ýollaryny bilemizok. Öňem bir alymyň aýdyşy ýaly "Ilki özüňi terbiýele, çagaň saňa seredip terbiýe alar" diýen bolup özümizem çagamyzam aklan bolup ýörüs.
Döwdanýap diýlende öz etrabymyz göz öňüme gelip gitdi. Etrabyň, iň uly daýhan birleşigi bolan Magtymguly daýhan birleşigini, Bereket, Durdy Gylyç, Yzmykşir ýaly daýhan birleşiklerini suwarýan Döwdanýap şu günlerem dolup akanda çagalara, hatda käbir ýagdaýda ululara-da howp howp döredýär. Ýöne şol ýap dolup akyp dursa hasyl bol bolýar. ýöne çaga terbiýesinde öwüt-nesihat bilen bile zähmet terbiýesini utgaşdyryp bolsa gelejekde öz başyny çarap biljek, durmuşda kösençlik görmejek nesili kemala getirýäris. Bu barada çynlakaý, gaty çynlakaý çemeleşmeli. menem ýaşlygymda malam bakdym, pagtada ýygdym, kakamyň ýanynda gurluşyk işlerine kömekleşdim. Öz çagalarymada öýde öz ýaşlaryna görä ýumuş paýlaýan, agşamygam netijesini barlaýan. Ejeleri "sen gatyrak daraýaň, ýüregiň awanokmy" diýip gatyrgatnagam bolýar. Men "biz haçana çenli bularyň ýanynda, goý öwrenip goýsunlar, peýdasy degmese, zyýany degmez diýýän".
Salam Bibigül men siziň hekaýalaryňyzy "Daşoguz habarlarynda" okaýardym. ýöne obadaşdygymyzy bilemokdym. käte-käte menem çykyş edýärdim welaýat gazetinde. häzeirem seýregräk görünýän. umuman Göroglydan (Tagtadan) köp ýazyjy-şahyrlar çykan, häzirem şolaryň ýolunyň ýöredilýänine begenýän.
Kyssaçy salam. Mümkin bolsa siziñ hekaýalaryñyzy hem okarys? Döwletmyrat diýen biriniñ bolgusyz ýazgylaryndan dynyp ýañy bir gowy hekaýalary okarmykak diýdik we Bibigül gelnejäniñ hekaýalaryny okadyk, ýöne gynansak-da ol hem bizi begendirip bilmedi. Goşgulary-da gowşak, hekaýalary-da. Asla hekaýalaryna hekaýa hem diýer ýaly däl.
Her kim öz amal depderini özi ýazýar. Menem özüm üçin ýazýan. Dogry entek ýazyjylyga çynlakaý çemeleşemok, ýazmak maňa ýaraýar (hobbi), şoň üçin ýazýan, "öwrenje ýazyjy". Belligiňiz we okanyňyz üçin sag boluň, nesip bolsa has kämilleşeris. Puşkiniñem eserleri köp adama ýaramandyr (şahyryň aýdyşy ýaly, hemmä ýarar ýaly pul bolup bilmen).
Gelneje depderleri bulaşdyrypsyñ. Amal depderi ayry, dõredijilik depderi ayry yazylyar :) Birinjisini biz yazyp bilemzok, yörite yazyanlar bar, ikinjisine jogapkärçilikli çemeleşseñizem bor. Yarayany üçin yazmaly däl. Õzüñ üçin däl, il-gün üçin yazmaly, şonuñ üçinem çynlakay çemeleşmän yazmak - özüñe hyýanat, okyja we il-güne garşy jenayat. Yazyjylyk oyun edilip meşgullanmaly iş däl. Ýazmak hobbi däl, ykbal... Ykbalyny döredijilige baglanlaryñ eserleri puldan gymmat.
Heý o depderleri bulaşdyryp bolarmy?! Amal depderini içindäki garany birine ýokdurjak bolýanlar, öz-ä hiç zat oňarman bir zat etjek bolýanlaryňam aýagyndan asyljak bolýanlar üçin ýatlatdym. Azap bilen düşündiripsiňizem;)) Meniň näme üçin, kim üçin, nähili ýazýanymam öz işim, size eserlerim ýakmasa okamaň. Jenaýat Kodeksimiziň 10-njy maddasynda ýazylandyr jenaýat diýip nämä aýdylýany, ýüregiň söýen işini etmek jenaýat bolanok gynansagam. Çingiz Aýtmatowyň "Adamlara ýüregiňi kän açma, akdygyny görseler içine tüýkürerler" diýip ýazany dogry öýdýän.
Demirgazykly jigim. Teswiriňe emosional jogap ýazanym üçin aýyplaşmaweriň. Aslynda, adamyň göwnüne degmek islamokdym. Öz göwnüme degseler nähili agyr duýgular bolýar, başgalaram şeýledir diýip oýlaýan. Siziňem gepiňizde jan ýok däl. Ýöne, men näme üçin şu wagt ýazmaga çynlakaý çemeleşomak, düşündireýin. Birinjiden, edebiýat meň üçin mukaddes meýdan. Muňa çynlakaý girmek üçin, kämillik derejäň ýokary bolmaly, bilimden başgada paýhasyň çuň bolmaly, ile berer ýaly zadyň ýetik bolmaly. (Entek özüme beýle derejede göwnüm ýetenok, şoň üçin ýazýan zatlarymyň köpüsi musur çelege girýär). Edil namaz okamak üçin belli bir şertleri ýitirmek lazym bolşy ýaly (kalbyň päk, haramdan daşda we ş.m) Ikinjiden, siziň diýşiňiz ýaly ykbalyny baglamak üçin ykbalyňy, ömrüň sagatlaryňy, bagryňy, derdiňi, şatlygyňy şu käre bagyş etmeli (Berdi Kerbaba bir oturanda 24 sagat, Beki Seýtek 18 sagat... iş oturgyjyndan turman işläp bilipdirler...) Şu wagta biriniň gelni (adamym, çagalar, gaýyn ata, gaýyn ene... öýüň içki aladalary köplenç gelniň boýnuna düşýär türkmençilikde) hökmünde şeýdip işlemäge mümkinçiligim ýok. Ýazýan zatlarymam nahar bişirip durkam, ýa tabak ýuwup ýörkäm gelen pikirleri işden boş wagtym aralygynda ýazýan. Galyberse-de, 3-4 aýlyk bäbejigimem bar. (Pygamberimiziň atdaşy Muhammetjan geldi:)) Galyberse-de, başga sebäplerem köp, hemmesini sanap oturmaýyn. Şoň üçin, häzirki wagtda öwreniji ýazyjy, geljekde Siziň diýşiňiz ýaly ykbalymy baglaryn diýen maksadym bar. Alla ýol berse, il-günümiz halasa-goldasa, elbetde.
Demirgazykly salam! menem näler hekaýalarymy goýjak bolýan goýup bilemok. Şonuň üçin ýardam edäýseň gowy goljak. diňe kommentariýa ýazmak bilen çäklenýän.
Biz eserlerini saýtda okyjylara ýetirmek isleýänlere elmydama elektron salgymyzy ýazyp geldik. Talap edilýän düzgünleri hem okap tanyşansyñyz. Eger isleseñiz, siz hem ugradyp bilersiñiz.
Salam Moderator! Näme üçin bu saýtda awtoryň özüniň öz eserini özi goýar ýaly edip bolanok? Bu siziň goýan düzgüniňizmi ýa orslardan kireýine alnan kitapcy.ru saýtynyň düzgünimi? Kommentariýalaram size ugratmaly, siz makullasaňyz, onsoň goýulýar?! Bu nähili bolýar-aý? Diýdimzorlukdan tapawudy ýok.
Waleýkimsalam. Hawa, diýdimzorlygam bolýan ýaly (bu siziñ öz görüş penjiräñiz). Ýöne biziñ hyzmat edip bilşimiz - özümizçe nahar bişirişimiz we okyjylary hezzetleýşimiz şular ýalyrak-da. Bar bolup bilşimiz, bar elimizden gelýäni şu. Başgarak görnüşde hyzmat edip bilýän, üýtgeşigräk "tagam bişirip" mürähet etjekler bar bolsa, il-halkymyza artykmaçlyk etmez. Biziñ üçinem hiç hili päsgelçiligi ýok, başgalara-da bolar öýdemzok.
salgy bilenem, düzgünler bilenem tanyşdym. ýöne şol düzgünleri ýerine ýetirişimde ýalňyşlyk bar öýdýän. iki-üç gezek synanyşdym. bolmandan soň "aý bolýa, gazetde çykanlaryny okabersinler, saýt bize başartjak zat däl öýdýän" diýip goýdum-da. ýöne saýtda hekaýalarymy goýup, agzalaryň pikirlerini bilesim-ä gelýär. bir gün goýaryn-da.
Hekaýany okadym, Hekaýa gahrymanyň adyndan beýan edilýär. Obada bolup geçen waka. Birtopar bellikler edesim geldi. Käbir sebäplere görä, ýazmazlygy müwessa bildim. Ýöne ýekeje bellik: eseriň diline üns bermeli ýerini aýdasym geldi. Meselem: Dumanlygyň içinden Ýolbarsyň öl-myžžyk bokup, üstüne ýagyş ýagan leýlisaç ýaly bolup sal-sal sallanyp, başujumda oturan göwresini saýgardym. Ýokarky bir sözlemde iki ýerde "bolup" sözi gaýtalanyp, sözlemiň çeperçiligini gaçyrýar. Şeýle hem suwa ezilen Ýolbarsyň ýagyşda sal-sal bolup duran leýlisaça meňzedilmegi o diýen jüpüne düşmändir. Hiç bolmanda leýlisaç ýagyş ýaganda sal-sal däl-de seçelenip ýa-da tar-tar bolup durýan bolmagy mümkin. Awtora hormat goýmak bilen üstünlikler arzuw edýän.
Salam ýaşuly. (Ýazyş stiliňizden ýaşuly adamsyňyz diýip oýladym.) Bellikleriňiz hem wagt ýitirip okanyňyz üçin sag boluň. Geljekde kämilleşeris. Bu waka aslynda hut öz başymdan geçen. Şo döwürdäki kärende ýerimiziň golaýyndaky zeýkeşiň boýunda leýlisaçlar bardy(ugruna seredilmänsoň sallam-sajak bolşup, ýabanylaşyp giden...) Ana şolar ýagyş ýaganda köplenç aşak bölekleri palçyk bn garyşyp sal-sal, birhilek daralmadyk kirli saçlar ýaly bolup oturardylar. Olaryň mölterşip, garalyp oturyşlary gorkunçdy käte. Şäher ýerindäki owadanlanýan, ýörüte dermanlanýan, mör-möjeklerden goralýan leýlisaçlar bolsa ýagyş ýaganda tar-tar, owadanja bolup oturýalar. Garaz, sal-sallygy ýa tar-tarlygy leýlisaça baglymyka ýa:))
Wepadar köpegiňiziň laýa bulaşan tüýleri we sal-sal saçly leýlisaçlar bu eýýäm özi bir başga kyssa diýeni bolupdyr. Herhal, size üstünlik, hemem kämilleşmek arzuw edýän. Näme-de bolsa kyssaçynyň dogry belleýşi ýaly güýçli ýazyjylaryň dünýä gelen topragyndan bolsaňyz elbetde güýçli ýazaýmaly siz. Uly-uly eserleriňize garaşýarys. P.S Ýaşym barada özümi ýaşuly diýip biljek däl :)...
Salam "kyssaçy" ýa-da Kemal aga. Men diňe ugradyp berdim, goýan Moderator ekemize minnetdarlyk aýdaýyň:)) Gowy ýazypsyňyz, durmuşda bolýan waka janlanýar. Başga-da eserleriňiz bolsa ugradyň, saýta geçirerin. Hiç hilek kynçylygy ýok.
men ähli hekaýalarymy durmuşda bolan we bolup biläýjek wakalaryň esasynda ýazýan. siziň ýazyşyňyzda hem öz stilime meňzeşlikler bar. mysal üçin siz Döwdan obasy diýip hakyky öz obaňyzy alypsyňyz men bolsam hekaýalarymda Aksaraý, Bedirkent, Atalyk diýen obalaryň (Görogly etrabynyň çägindäki obalaryň) atlaryny ulandym. özüm bolsam etrap merkezinde ýaşaýan. siz hekaýaňyzdaky wakany öz durmuşyňyzda bolan waka bilen baglanyşdyrýarsyňyz. mende-de gös göni öz durmuşyma, ýakynlarymyň we tanyşlarymyň durmuşyna degişli hekaýalar bar.
Çaga terbiýesini bir ene-ata hökmünde iň esasy wezipe hasaplaýaryn. Çagalarymyza maşgala, ojak, ahlak, halal zähmet düşünjelerini öwredip bilmek esasy meselemikä diýýän. Biz hem öz döwrümizde Döwdanýaba kän suwa düşdik, bugdaýy ýygnalan bugdaý atyzlarynda kän mal bakdyk. Bedirkentden Aksaraýa ýa-da Göroglydan Ýylgynla az pyýada ýöremedik. Emma biziň döwrümiz başgady häzirki döwür tehnologiýa döwüri. Biz çagalarymyzyň telefon, internet ulanmalaryna elbetde çäklendirme getirmeli emma peýdaly ulanmalaryny öwretmeli. Biz olary ertirki çagdaş tehnologiýanyň ösen döwrüne laýyk kämil, sowatly, ähli tehnologiýadan (telefon, internet, elektronik enjamlar we ş.m) baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmeleri üçin göreşmeli. Geljegimiz nähilli üýtgeýär, Starlink kosmos internet maksatly hemralar toplumy, telekeçi Ilon Mask, emeli aň we ş.m.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]