21:06 Ýarty alma / hekaýa | |
ÝARTY ALMA
Hekaýalar
Bu gün terbiýeçiniň işi özüne ýetik boldy. Çagalar bagynyň kiçi bakja toparyna gatnaýan çagalara täze goşgularyň ençemesini hetjikläp-hetjikläp, edil totugyş ýaly gaýtalap öwretdi. Soňam çagalaryň kiçijik eljagazlaryny emaý bilen sabynlap ýuwan eneke, olara nobatdaky gök önümleri paýlamaga başlady. Hatar gurap oturan çagalar biri-birinden eýjejik, biri birinden görklüdi. Terbiýeçi olara ellerini sabynlap ýwmagyň ähmiýeti, arassaçylygyň ynsan saglygy üçin zerurlygyny düşündirip, olaryň işdämenlik bilen iýip başlan gyzyl almalaryna gözi düşdi. Türkmen topragynyň bereketli holtumyndan dörän gyzyl almalaryň hersi iki goşawyjyňy doldurjakdy, çagalaryň eline zordan sygýardy. Has kiçiräk çagalar kertildedip dişlände almalaryň suwy olaryň ýüzüne pürkülýärdi, çagalar şadyýanlyk bilen bir-birine "jiňňeleşip” gyzyl almalary iýýärdiler. Has horja, naşyja gyzjagaz bolsa ullakan almany dişläp bilmän başagaýdy, ahyry terbiýeçi onuň almasyny elinden aldy-da, ortasyndan ikä bölüp kesip ýarymyny çagajyga berdi, beýleki ýarymyny eline alyp durşuna pikirlendi: "Gel şu ýarym almany agtygyma alyp gideýin, bilnip durasy ýokla, soňam bu çaga ejizje eken, barybir hemmesini iýip bilmez...” Soňam almalary paýlap bolan eneke otagdan çykan dessine, onuň görmekliginden ätiýaç edip, gapa serede-serede hälki ýarym almany kagyza orady-da, ýantorbasyna saldy. Işinden aryp, öýüne gelen terbiýeçi agtygyna köp garaşmaly bolmady. Onuň nowbahar agtyjagy enesiniň işleýän çagalar bagyna däl-de, öýlerine has golaýda ýerleşýän çagalar bagyna gatnaýardy. Kakasynyň awtoulagyndan düşen agtygyny gören terbiýeçi ony gujaklap, bagryna basdy-da, hälki ýarym almany agtygyna bermek üçin ýantorbasyny asyp goýan ýerinden eline alanam şoldy welin, agtygynyň elindäki edil özüniň alyp gaýdanyna meňzäp duran ýarymy kesilen almany görüp ýüzi boz-ýaz boldy: - Şirinjan, näme çagalar bagynda ýarty alma berdilermi?! Soňam öz soragyna özi utanyp, ýantorbasyndan hiç zat çykarman öňki ýerine asdy. Çagalar bagynyň uly bag toparyna gatnaýan Şirin eşiklerini çalşyp duran ýerinden enesine jedirdedi: - Ýok, ene hemme çagalara bir almany tutuşlaýyn berdiler, ýöne maňa enekämiz ýarymyny kesip berdi, sebäbi men toparymyza täze gelen horja, ejizje jorama ýarymyny berdim. Goý, joramam daýawlaşyp, biz ýaly tokarja bolsuna ene... Agtygynyň jykyrdap gülmesi doňup duran terbiýeçini özüne getirdi. Terbiýeçi gaty utandy, ýöne kimden utanandygyny bilmedi: dogruçyl agtygyndanmy, okara ýaly gözlerini tegeläp, ýarym almany günäsiz garaýşy bilen kabul eden çagajykdanmy, öz ynsabyndanmy...? Terbiýeçiniň torbasynda galan ýarym alma welin hiç kime nesip etmedi, ol alma terbiýeçiniň ýüregine yza berip, ,,Çagaň haky --- Taňryň oky” diýen aýtgyny gaýtalaýan ýaly ynjy berdi. Öýündäkileriň, ylaýtada agtyjagynyň görmeginden howatyr eden terbiýeçi ahyry ýarym almany çykaryp zir-zibil oklaýnaýn çelege oklady. Ýöne zyňylan ýarym alma bilen onuň ýüregindäki ynzabyň yzasy ýok bolmady, gaýtam beter güýjäp, terbiýeçiniň kalbyna hiç rahatlyk bermedi... Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. | |
|
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |