12:36 Erkek dogan / hekaýa | |
ERKEK DOGAN
Hekaýalar
Maşyndan düşen başy gyrawlap duran gunduz telpekli, altyn dişli epeý pyýada maşynyň işigini gulplady, daşyndan aýlanyp, ýeke-ýeke işiklerini çekip gördi. Soňam maşynyň dogrusyndaky beýleki jaýlardan horaşaja görünýän jaýa tarap ugrady. Girensoň agaç aýmançanyň işigini ýapyp, ilgençegini ildirdi. Bu öýden girip-çykýanlaryň hemmesi - aksakal goja bilen garry kempir daşardaky sekiniň üstünde öňleri çäýnekli otyrdy. Epeý pyýada olara garşy ýöneldi. Iki elläp salamlaşdy. Garrylar onuň kimligini anyklaman hal-ahwai soraşdylar. Epeý pyýada tanalýan eždadyny aýdyp, özüni tanadarman boldy: - Amanly diýýärler, Mätgurban seýsiň agtygy. Şeýle diýenden garry kempir ot gysymlan ýaly boldy: - Şeýlemi asyl. Sen Ýazmyradyň oglusyň. (Amanly baş atdy). Keşimem etdim-ow özi. Damar çekýä-dä. Kempir aglamyşlap ugrady: - Boýuňa döneýin, ýürek ýagym. Naçar doganyny yzarlap gelen-dä bi. Wah, doganym ekeniň-ow, süňk hossarym ekeniň-ow. Meňzä-äpjik dursuň Ýazmyrat jana. Kempir öýe ylgap gitdi. Tizden per düşekçe bilen per ýassyklaryň ikisini göterip geldi. Ýene gitdi. Ak ýaglyk bilen bir halta nabat getirdi. Şol arada hem gözýaşyna erk edip bilmän sakyrdap ýördi. - Tur ahyry, aksakal senem. Nädip otyrsyň, ýalňyz doganymdan galan ýeke damar yzarlap gelende. Öwezi çagyr. Çebişleriň birini ýykdyr. Şol arada kempir goňşy howla gygyrdy: - Aýu, Patma, gel bäri. Ýa Jereni goýber. Aýdýadym-a saňa, prontda ölen ýalňyz doganymdan bir çaga galypdy diýip. Şol yzarlap gelipdir. Geliň ahyry. Aksakal janly soýdurmak üçin Öwez atly goňşusyny çagyrmaga ugrady. Goňşy gelin Patma gelip, erkek adam bilen elleşip görüşmek aýal maşgala üçin gelşiksizem bolsa Bike ejäniň göwni diýip elleşip görüşdi. Bike eje hem aglaýardy, hem iki-baka elewreýärdi: - Ýazmyrat janyň edil özi-dä. Tüweleme diýeweriň, jan doganlar. Ýeke damardyr. Hudaýym pudagyny müň etsin. Garran çagynda doganyny yzarlap gelipdir-dä. Tizara Peleň aganyň howlusynda ibirt-zibirt artdy. Goňşulary üýşüp geldi. Öwez çebşiň etini kersene salyp meýdan ojagyň gapdalynda goýdy. Derisini çöwrüp basylgy sazagyň üstüne oklap goýberdi. Bike ejäniň ökjesi ýeňläpdi. Täze gyňajyny daňynmaga hem wagt tapypdyr. Meýdandaky agaç sekiniň düşegi giňeldilipdir. Peleň aga bir zat diýende Bike eje ondan hem buýsanjyny gizläp durmady. Geňräk sözler bilen degşen boldy: - Indi sesiňi ýuwaşat, aksakgal. Bir wagtky bäw batman dara alnan gyrnak ýok saňa indi. Hudaýa şükür, hossary gelendir illeriň. Saňa horlatmaz. Amanly ondan-mundan gürrüň uran bolup otyrdy. Öňüne gelen zatlardan sygnaýardy. Kämahal bolsa köp wagtlardan bäri ýerinden gozganmandygy bildirip duran, bassyrmanyň aşagyndaky köne maşyna göz gytagyny aýlaýardy. Peleň aga gowrulan bagyr-öýkeniň ýagyna çörek basyp oturşyna: - Çişlik iýjegem bolsaň çekinme - diýdi. - Aý, sizde çişlik gazan bilen syh ýokdur, ýogsam-a... - O zatlar-a ýokdur. Başga bir emel edäýmeseň... - Aý, durubersin-le. Amanly çebşiň gapyrgalaryny kitirdedip çeýneýärdi, agzyny şapbyldadyp sorýardy. Bike eje onuň çäýnegini sowatman, täzeläp getirýärdi. Amanly gowurmadan garnyny gözäp, gezmelemäge çykdy. Mellegiň içine göz aýlady. Erikleriň diňe ikisinden özgesi gurapdyr. Hatar derekleriň orta bilinden ýokarsy gurap, aşakdan körpeläp, şaha çykarypdyr. Tamdyryň gapdalyndaky kül depe bolup gidipdir. Mellegiň tör tarapyndaky dikilen agylyň bir bölegi düýbi çüýräp ýykylypdyr. Jaýyň diwarlaryndan bölek-bölek gopan ýerleri bir wagtky agardylan diwarda gözüňe basylyp dur. Içgin sunlan adama şu görnüş mellege gözegçilik etmäge öýde gaýratly kişiniň ýokdugyny aýdyp durdy. Onuň ýanyna gelen Peleň aga gürrüň gozgady: - Biziňkem bir oňşuk-da, inim. Iki garry bolup biri-birimiziň ýüzümize bakyp otyrys. Bile dogan bolmasagam daşgynrak inilerimiz bar. Olar öz ýanyna aljak bolýarlar. Ýöne ýene öz tünegimizden örenimiz ýagşy ýaly. Garrasaň hemme zat özüňe ýagy boljak ekeni. Hälem töwerekden goňşular gelýär. Şolar odun-çöpümize,mal-gara kömek edýär. Doganyň-a şu ýyl gyşdan bäri ýaranok. Demgysma heläk edýär. Meni ýeke goýup doktora gitmänem kyn görýär. Amanly geplemedi. Ähem-ühem eden boldy-da goýdy. Gezmeläp öýe golaýlaşan Amanlynyň ýanyna Bike eje-de geldi: - Öňki "Gyzyl goşçy" kolhazyndaky daşyň ýüzüne ähli gelmedikler bilen birlikde Ýazmyrat janyň hem adyny ýazypmyşlar. Eşidip agladym. Senem görensiň ony? Bike eje jogaba-da garaşman,ýene dowam etdi: - Geleniňe görä, gelnimi, bärki doganjyklarymy hem alyp gelseň, gowy boljak ekeni. Indi ýeke gelseň öýkelärin. Özüňi görmesemem Aşgabatdamyş diýip eşitdim. Uly adammyş diýip esidip begenip otyryn. Bir gelip-gitsin diýip öten-geçenden habaram iberýän. Ýakyna göçüp gelen bolsaň, Sapar taksise aýdyp menem günin baryp gaýdaryn, erkäm. Ýatyp gaýdaýyn diýsem köramançylyk gursun. Yzyň ot aljak ýaly bolup dur. Ýogsamam men näme aýtjak bolup durdum-a häli?! Wiý, howwa börek etdireýinmi ýa palowy gowy görýäňmi? - Haýsy tiz bolsa, şony edäýiň. Men gaýtmaly. - Wiý, ýatyp gitjek dälmi bu gün? - Gaýtmasam boljak däl. Işim şeýle. - Onda tijeniň diýeýin men. Ýüzüňi garaňka tutmaz ýaly. ...Ýazmyrat bilen Bike süýtdeş dogandy. Bir atadan bir eneden diňe şol ikisidi. Ýazmyrat hamyla gelnini taşlap urşa gitdi. Onuň şol gidişi gidiş boldy. Ýeke gelni bilen galan garrylar hem dilleşen ýaly bir gyşda ikisem jahandan gitdiler. Ýalňyz galan hamyla gelin doganlarynyňka bardy. Ol doganlarynyňkyda iki gyş oturdy. Ýazmyratdan öldi habary gelensoň doganlary ony Aşgabada bir ýere durmuşa çykaryp goýberdiler. Amanly şondaky Ýazmyratdan galan ogul bolmaly. Bike eje doganyndan galan bir ogluň baryny eşitse-de, sataşyp görmändi. Diňe adyny eşidipdi... Amanly güýmeň-samaň edip, bassyrmanyň aşagyndaky maşynyň ýanyna bardy. O ýerini, bu ýerini synlady. Peleň aga sorag berdi: - Maşyn näme kemis tapyp galdy? - Aý, şunuň pylan tüýsli kemsini bilemok. Sürmäge göz bolmady. Şol durdy galdy. Başga sürmäge adamam ýok. Ind-ä o ýeri, bu ýeri çüýräbem başlapdyr munuň. - Soraýan ýokmy? - Soraýan-a baram welin, aý bir haýyr gören maşynym onsoň durubersin diýýän. Amanly maşynyň kopotyny açyp, hereketlendirijisini, eglip astyny synlady: - Motoram altynyňky ekeni - diýdi. Bike eje Peleň agany çete çekip gulagyna bir zatlar pysyrdady. Soňam Öweziň ýanyna baryp ýaşmagyndan çykaran düwünçegini çözdi. Oňa pul uzatdy: - Öwez jan, dükana ylgap gelmeseň boljak däl. Häliden huşumdan çykypdyr. Şol awulyk suwdan getirip ber. Içýän bolsa çekinip oturmasyn. Tizara gatyga çykarylan börek orta geldi. Gaýtadan el ýuwup, saçak başyna geçdiler. Amanly agza oňaýly, dykyz börekleri eliniň badyna aňry oklaýardy. Tizara çüýşe hem getirilip ortada goýuldy. Amanly agzyndaky böregini ýuwutman gepledi: - Men rulda. Içmek bolmaýar. Birini maşyna ataýyň. Ýolda bir ýerlerde birine hödür etmeli dagy bolsam... Töwür galdyrylansoň, Amanly ýola düşermen boldy. Bike eje doganlaryma diýip aňry-bäri düwlen düwünçegi Amanla berdi. Amanly sesini çykarman gidende gaty abraýly bolmalydy welin emedi-dä. Habaryny aýdyp gitmegi dogry tapan bolarly. Ugrajak wagty şeýle diýdi: - Sizde bir sürülmän duran maşyn bar diýip eşidip gelipdim. Satar hyýally bolsaňyz bahalaşaýjakdym. Ýaşuly satarly däl ýaly ekeni. Bolýa, sag oturyň. Ýaman ýeri, bu gürrüňi ugratmaga gelip duran goňşularam eşitdi. Maşyn tizligini artdyryp, barha daşlaşdy. Bike eje içigip aglamaga başlady. Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |