12:18 Ýene haýwanam diýjeksiň... | |
ÝENE HAÝWANAM DIÝJEKSIŇ...
Hekaýalar
Bu hekaýatlaryň özenini dürli ýyllarda dürli adamlardan eşidip, ýadymda galan, haýwanlar baradaky täsin wakalar düzýär. Özlerem toslanmadyk anyk wakalar. Käteler haýwanlara «dili, agzy, aňy ýok» jandaram diýýäs weli... BERREÇINI GÖRENDE... Öňräki döwürde berreçi lakamy bilen bir adam ýaşap geçipdir. Ol döwürlerde goýunlaryň täze doglan guzulary baganasy üçin ýörite soýulýan eken. Ýokardan görkezme bolansoň, çopanlar ajaly ýetmedik guzulary öldürmäge dözmän, hemişe bu adamy hakyna tutýan ekenler. Onuň berreçi lakamy hem şondan galypdyr. Bir gezek şol adam oba gelip, bir adamyň öýüne sowulýar. Gör-ä bu bolýan ýagdaýy! Ol howla girende, ýatakda duran guzuly goýun zaryn mäläp, ýaşajyk guzusynyň daşyndan aýlanyberse nätjek. Ony garşylap duran öý eýesi ýatak tarapa seredenini duýman galýar. Onda berreçi: —Ýatakda guzuly goýun bardyr, bilmedim nämesindendigini, soýmak üçin gelmän, ýöne şeýle gelsemem, guzuly goýunlar meni görseler şeýdiberýärler — diýipdir. HOŞLAŞYK PURSADY Atan awçy bilen bolup geçen bu wakany onuň agtygyndan eşitdim. Atan awçy ömrüni Gaplaňgyr, Akjagaýa sebitlerinde mal yzynda çopançylyk edip geçiripdir. Özem bütin ömrüne elguşdyr tazy bilen aw edipdir. Adatça, awçylar elguşy gojaly berse, olary erkinlige goýberýän ekenler. Atan awçy bolsa eldekileşdiren elguşlaryny iki-üç ýyl awa salansoň, galan ömründe erkinligiň hözirini görüp ýaşasyn diýip, olary ugruna goýberýän eken. Bir gezegem Atan awçy gyşyň ahyrynda ýanyny ýere berýär. Baharyň başynda bolsa, belli-külli düşege baglanýar. Bir günem Atan awçynyň erkinlige goýberen guşlary bir wagtky öwrenişen öýlerine yzly-yzyna gelmäge başlaýarlar. Özlerem Atan awçynyň ýatan öýüniň daşyndan aýlanyşyp, şoňa golaý gonýarlar. Atan awçy dowar öldürip, täzeje etden olary naharlap goýbermegi ogullaryna sargaýar. Elguşlar garynlaryny doýransoňlaram, gitmek islemeýärler. Şol gün daňdanam Atan awçy birden gaýralap jan berýär. Goja awçynyň jesedi salnan tabyt öýden ugranda, guşlaram ala-goh bolup,.onuň yzyna düşýärler. Soňam dolanyp gelmeýärler. GYRGY Küren obanyň ortasynda iliň sylagly ýaşulularynyň biriniň ep-esli ýeri tutup duran derek bagy bardy. Ýyldyz sanjarlybolup duran belen derekleriň biriniň depesinde niredendir bir ýerlerden gelip, gyrgy höwürtge gurundy. Obadaşlary ýaşulynyň ýanyna üýşüp geldiler-de, ony ýok etmegi maslahat berdiler. «Towuklaryň jüýjesi bolsa-da, ýaşajyk owlak-guzy bolsa-da, aýap durmaz, gyrgy gyrgydyr» diýdiler. Goja göwnemedi. «Meni penalap gelipdir,şoňa degmäň» diýdi. «Şondan bir zyýan ýetse, meniň özüm töläp bereýin» diýdi. Ýazyň ahyrynda, tomsuň başynda gyrgylar öňküdenem köpeldi. Gojanyň obadaşlaryna beren wadasyny eşiden ýaly, gyrgylar obanyň jüýjesine, towugyna, owlagyna-guzusyna, birjigem zyýan etmediler. Gyrgylaryň peýdasy güýz gelende, hasam äşgär boldy. Obanyň ap-ak bolup bişen jöwenlerine serçedir gargalaryň birem gelmäge het edip bilmedi. Goja obadaşlaryna gyrgylar sebäpli bir zadam töläp bermeli bolmady. GELJEGINI ILKI DUÝUP... Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda bir bende günäsiz ýerden tut-ha-tutlugyň azabyny çekmeli bolýar. «Halk duşmany» diýlip, on ýyllap sowuk Sibirde bolmaly edilýär. On ýyl diýlende, nesibesi dogduk diýaryna çekýär. Yzynda ýaňy gunanlykdan saýlanan aty galýar. Özüniňem taýlykdan bir gözi kör eken. Taý wagty harmana baranda, zyňlan daş atanlykda bir gözüne degipdir. Şol alamat bolmanda, eýesi ony on ýyldan soňra tanamalam däl. Gör-ä bu bolýan ýagdaýy! Ol bendilikden boşap, otla, maşyna münüp, on gün diýlende, Köneürgenje gelýär. Günem ep-esli aşak sallanypdyr. Obasyna ýetmek üçinem, ýene 30 kilometr töweregi ýol aşmaly. Bende: «Kimiňkä myhman bolsamkam?» diýip oýlanyp durka, özüne tarap ýetip gelýän aty görýär. Görse, şol ýekegöz! Onýança yzyndan kowguçylar gelýär. — Bilmedik näme bolanyny. Heserlän ýaly boldy-da, tanapyny üzüp, gala tarap tutduryp gaýdyberdi — diýip, kowguçylar aýdýarlar. Ol adam on ýyldan soň eýesiniň geljegini duýup, bir menzil öňünden çykyp garşylan atyna münüp, öýüne ugrapdyr. DUÝGUR Geçen uruş ýyllarynda okoşnik (ýaba goşulýan kultiwator — Ş. A.) bilen gowaçalaryň hatar aralaryny bejermekde işlän gojalaryň biri şeýle bir zady gürrüň berdi. «Urşa at ugratmaly» diýlensoň işçi ýabylary urşa ugradyp, jyns atlary alyp galypdyrlar. Onsoň bialaç orak-döwek, sürüm işlerinde hem jyns atlary ulanmaly bolupdyr. Bir ýylam obadan ep-esli uzaklykdaky düzlüge ýap çekip, täze ýer açylypdyr. Gowaça ekipdirler. Tarp ýeriň gowaçasy gününi sanap ösüpdir. Ýabylar bilen sürlüp ekilenem bolsa, hatar aralaryny bejermeli bolanda, okoşnige jyns atlary goşmaly bolupdyr. Hatar aralaryny bejerip ýörkäler, at birden durupdyr. Öňe ýöremek islemändir. Gamçy bilen gatyrak çawlanansoň, janawar, gowaçanyň iki hatar gapdalyna geçip ýöräp başlapdyr. Atyň eýesi, bar güýji bilen okoşnigi aşak basypdyr. Seredip görse okoşnige ilişip, adamyň gapyrga süňki çykypdyr. Janawar birwagtlardan galan mazary duýup, şony basmajak bolup duran bolsa nätjek. MÄHREM SÖZ Obaly ýigitleriň biri mal lukmanyny çagyryp, öýde saklap oturan sagdyn düýesine sanjym etdirmekçi boldy. Düýäniň dodaklaryndan tutup, butnatman saklap bolýanyny bilmänsoň, düýäni ýoluň gyrasyndaky beton sütüne uzyn gaýyş urgan bilen saramaga durdy. Düýe janawar näme etjek bolýanlaryna düşünmän, gözüni elek-çelek etdi. Ýöne soňuna garaşdy. Haçan-da mal lukmany eli sanjym enjamly oňa golaýlaşandan, bir dyzynda ýüpüň ähli gatlaňlaryny edil uşlyp üzen ýaly gyryp taşlady. Gözüni agdaryp, agzyny köpürjikledip, ümdüzine tutdurdy. Eýesi ýol bilen gaçyp barýan düýesiniň yzyndan ýetip bilmejegini bilip, gapdalynda duran «Žigulisine» atlandy. Ozup geçip, öňüne maşyny kesertdi. Düýe maşyny omzy bilen kakanda, maşyn tas gapdala agypdy. Omzy bilen kakanyna hem kanagat etmän, düýe maşyna tarap yzky aýagynamsalgap goýberdi welin, maşynyň öň tarapyndaky çyralarynyň biri kül-pagyş boldy. Hemişe juda ýuwaş hasaplap ýören düýeleriniň beýle guduz açanyna akyl ýetirip bilmedik öý eýesi gaharyna öýde galan aýalyna jaň etdi. — Tiz gel. Iniňem goşany alyp gaýtsyn, düýäni dynçlajak. Aýaly inisiniň maşyny bilen gelse-de, ýany goşasyz geldi. Düýäniň öňünden dolap, ýanyna bardy: — Hä, maýam göwnüňe degdilermi? Sagylýan wagtyňam boldy. Ýör, öýe gideli. Aýaly ýaňyja hem agzyny hatap ýaly açyp, adamlara hüjüm edip duran düýäniň sagrysyny sypalap, öýe tarap alyp gaýtdy. Şöhrat ABDYÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |