12:18 "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." | |
"ŞEÝLEMIDI AHYRYNDA ETJEGIÑ..."
Goşgular
![]() Göroglyny, Gyraty ul-ulus beýle halda görmesin, gideliň, meni bir dagyň gowagyna eltip taşlaň. Göroglynyň aýdany Şeýlemidi ahyrynda etjegiň, Görogly deý dörän batyra, heňňam?! Kime wepa berdi, häzire çenli, Aslynda ýasalşy şeýle-dä dünýäň. Munda Türkmen bolsa Göroglam bolar, Aýt, bagşy, gijäni daňdana sap-da. Ýöne Göroglyny öldürmäweri, Aýtmawer, batyryň ölümi hakda. Ady şugla bolup äleme dolan, Hiç-haçan şuglasy öçmän gitmeli. Öldürmäge Görogly dek ärleri, Heňňamyňam dişi ötmän gitmeli. Beýle ejiz halda görmek ne elhenç, Göroglyny, Gyraty. Indi gurdy gündiz uwlar Hüňkaryň, Gaýdandan soň beýik äriň gaýraty. Il-gün beýle halda görmesin ony, Barybir, barybir ynanyp bilmez. Ejizlejek Göroglymy?! Aý, goý-a, Ol ärler ölmeýär, Indi hem ölmez. Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||